17:25
Bitaraplyk hakda aýdym / hekaýa
BITARAPLYK HAKDA AÝDYM

Şiri bagşyda dörän üýtgeşikligi ilki bilen keýwanysy Gülruh eje aňlady. Içi-daşy bilen, allanäme il bolup ýören şahandaz goja, ynha, birdenkä, dil boldumy-göz boldumy, gaýa-gopuz ýok ýerinden, özüni märekeden yrak saklaýşyna, oýun-gülküden ellibizar, ýeke bolmany çykardy oturyberdi. Kesesinden synlasaň, başyny aşak salyp, ümsüm oturan ýalydyr welin, her daýym dodaklaryny gymyldadyp, öz-özüne bir zatlary «gürrüň berýändir». Onuň näme barada ýol kesýändigini özünden başga hiç kesiň çenläp-çaklajak gümanasy ýok. Dikanlap bir zat sorasaň hem bagşydan wagty bilen jogap almak hyllalla. Misli özüne gönükdirilen sowaly eşitmedik adam hökmünde gulak gabartmasy bolmady. Sowalyňy iki-üç gezek gaýtaladandan soň, bagşy bir «hä» diýýärdi-de, jogap bermekden geçen, gaýtam: «Maňa bir zat diýdiňmi?» diýip, öz boýnuňdan sorag kemendini taşlaýardy. Käte-de tördäki diwara gerilgi guş gölli türkmen halysynyň üstünden asylyp goýlan, daşy gyzyl mahmal gaply gara gazmasyna gabaklaryny galdyryp, pyşyrda berilýärdi.
Şiri bagşy pygamber ýaşyny ýaşap, akgoýun toýuny sowanyndan soň, töweregindäki aý berip oturan adamlara şeýle kelam bilen ýüzlenipdi: «Şu ýaşyma çenli bir diýeniňizi gaýtalatman, göwün söýen aýdymlaryňyzy elimde baryny edip aýdyp berdim. Bildirýän hormat-sylagyňyza Taňryýalkasyn! Sizden o dünýe-bi dünýe razydyryn. Halaýyk, indi siz hem öz bagşyňyzdan öýke-kine etmän, razy boluň! Şu gün gözüňiziň alnynda şu gazmany gabyna salyp, törden asyp goýjakdandyryn. Başlangyjy bolan zadyň ahyry hem bolmaly ahbetin! Şu güni şol diýilýän mütdet diýip bilýän men. Goý, halal hünärim hem öz senet eýesinden razy bolawersin!».
Oturanlar: «Biz ikelläp razydyrys, bagşy senden, iki dünýäň abat bolsun! Özüň hem bizden razy bolawergin!» diýen sözlerden bagşa serpaý ýapdylar. Diňe bagşy- nyň gabat garşysynda aýbogdaşyny gurup oturyşyna, sakgalyny owuçlan Mämmet çopan özge ýodadan at säpjetdi: «Weý-weý, bagşy, muny nädäýdiň, how, hany, bir dem aýak çek, soňky sözüňi aýdardan şindiler irräk bolaýmasyn, haw? Henizler mahmal owazyňdan hantamadyrys özümiz-ä. «Wäh» diýlen ýaly etdiň-le, päheý-de welin. Indi şeýdip bizi her daýym, her daýym ýigitlik çagymyza dolanmak hözirin- den binesip edip oturyberjekmi sen?! Ýo-o-ok, munyňa «hä» diýip bilmeris. Eger sen, şu günden şeýläk, aýdyşyň kimin, agzyňa suw alana dönseň, biziň ne güne düşjekdigimiz dogrusynda pikir edip gördüňmi?
Soňam ol bagşynyň keýwanysyna bakyp, ýylgyryp sözledi:
— Gülruh ýeňňe, bi bagşymyz haçandan bäri lagar düşüp ýörendir beýle? Dek geçen ýekşenbede ogluny öýeren Annam kärizgen bar-a, ana, şolaryň toýunda-da bagşymyzyň şirwan perdä galyşyna, «Ak ýüzli maralymy» kükräp-kükräp aýdyşy- ny synlanymda, «Zaluwatda şindi zehin-de, gujur-da bar, tüweleme» diýip, maýyl bolupdym men-ä».
Gülruh eje degişmä degişme bilen jogap gaýtardy: «Mämmet çopanyň otaryp oturan gepine bakyň-a. Bagşyňyzyň, tüweleme, garrylyk şindiler ýele ýanyndan hem ýol salarly däl».
Märeke her zat diýip bagşa şunça töwella etse-de, onuň elini ýetiren halkasyn- dan ýapyşyşy gaty gaýym bolup çykdy. Gepini gögerden bagşy dutaryny diýen ýerinden asyp goýdy-da, şondan soň, ony her daýym eline alyp tiňňildedenden-ä geçen, asyl şol tarapa oýundan-çyndan göz aýlaýyn hem diýmedi. Göýä diýersiň, bagşyçylyk kesbi onuň üçin ýedi ýat ýaly bolup galyberdi.
Ynha, indi gojany tanar ýaly däl. Oturyp-turup hiç ynjalygy ýok. Gündizler ba- ýaky, käte ýarygijeler hem ýatan düşeginden «öwhüldäp» galyberýär ol. Onsoň, daňdana çenli başy ýassyga galtaşmanjyk geçýär. Ilki-ilkiler eşidiler-eşidilmez burnuna salybrak heň gaçyrýan bolsa, indi aç-açan hiňlenip başlady. Bagşynyň baryp-ha jahyl wagtlary ýüreginden üzüp döreden bir bent goşgusy bardy, ana, ol şony heňe salyp, bogazynda gaýnadyp aýdýardy:
«Bu mekana garry Mürçe diýerler,
Ula-hormat, kiçisini söýerler,
Göbek ganym daman ýerdir bu ýerler,
Gözümiň ak-garasyna döneýin!»

Şu setirleri dilinden dürler edip seçeleýän pursatlary ony synlap görsediňiz. Bagşynyň ýüzi kerkawyň ýalny çawlan altyn ýaly lowurda beslenýärdi. Goýun gözleri töwerek-daşyna şatlyk uçgunlaryny seçeleýşine, erinleri gulaklaryna «salam berýärdi». Sözlände dagy dili asala batyrylyp çykarylan ýaly süp-süýjüdir. «Pylan jandan» başga adyňy tutmaz. Bir söz aýtsaň, oňa «hä» berşi üýtgeşikdir. Uçjak guşa meňzäp galkyjyklap oturandyr özem.
Özge bagşylar çekuwli aýdymlaryň ahyrynda, ýa-da bolmasa, ortasynda dür- li-dümen goşgy setirlerini sanawaç edip diňleýjileriň üstlerinden seçeleýändir welin, Şiri bagşynyňky şol kemal tapdyran dört setiridir. Özem bagşy olary her gezek ýerini bilip şeýle bir labyza eýläp aýdyp goýbär, asyl sen ony ilkinji gezek eşidýän kimin kökerilip galaýarsyň. Bagşynyň sungatynyň ýesirleriniň ýene-de bir bilip galan zady, ol hem, haçan-da, bagşy şol belli dört setirini sanap başladygy onuň: «Menzilime ýetdim, indi buýruberiň, niçiksi nama göwnüňiz küýseýän bol- sa» diýdigidi. Aýdymlaryň şirinden-şirini, belentden-belendi şol sanawaç bogazda bir gaýnanyndan soň, aýdylyp başlanýardy. Aýdym yzyna aýdym buýrular. Ýükçi iner ýalydyr, bagşy mizaýygyny bilmän, diňleýjileriň göwünlerini awlap oturandyr, wagt birçene barýança. Aýtdygyça-da sesi durlanyp, gylawy artar.
Gülruh eje bagşyda dörän üýtgeşikligi aňlanyndan soň, kelamdan göjek ýasap, oňa dikanlap zyňmasa-da, gojanyň indiki göçümlerini sabyrlylyk bilen yzarlap başlady. Ýüregi bolsa şeýle dileg bilen gürsüldedi: «Ahyry haýyr bolsun, hernä!».
* * *
Şol gün asyl Şiri bagşynyň gözlerine çiş kakylana dönäýdi. Enesinden aýry ýatyrylan körpe ýaly, eýlesine-beýlesine agdaryljyrap, karar tapmady. Ine-de, ol ornundan dikeldi. Ellerini söýget edinip, ör turdy. Diwardaky asawajyň ýanyna ba- ryp, onda asylgy duran ýuka çäkmenini alyp, egnine atdy. Kellesindäki ak ýaglygy çözläp, telpegini geýdi. Gapyny gaty seresaplylyk bilen, diňe göwresi sygar ýaly açyp, daş çykdy. Ol muny onuň jyňky çykaýmasyn diýip şeýle edipdi. Ýöne dilsiz gapy, göýä diýersiň, öý eýesiniň gaharyny getirmek isleýän ýaly, wawwasyna basyl- ýan deý zaryn seslendi. Onuň jygyldysy: «Uzak ýola şaýlandyňmy, bagşy?» diýýän ýalydy. Bagşy bir «ýalt» edip yzyna bakdy. Ýaňky göwnünde düşlän sowaly misli Gülruh eje özüne ýollan mysaly, bagşy pyşyrdap sözledi: «Uzaga däl. Çynaryň as- tynda az-kem gezmelejek. Oň bilen kelam agyz gümür-ýamyr etmek meýlim bar».
Ýüzüni sypap geçen salkyn şemal bagşynyň nepesini durlady. Ony haýrana galdyran zat töweregiň owuz süýdüne gaýra dur diýdirýän aýdyňlygy boldy. Bag- şy depesine garady. Dolan Aý dik depä galypdyr. Onuň häzirki görnüşi düňderilip ýatan kireňsiz asmanyň tüýnügi ýaly bolup gözüňe ilýärdi. Göwnüňe bolmasa, şol tüýnükden jümle-jahana kümüş ergini seçelenip duran ýalydy!
Bagşy indi nazaryny çynara aýlady. Asmana paýa bolsam diýýän nazarkerde çynar buýsanç bilen howalanyp dur. Aýyň dik depesinden nur saçýandygyna gara- mazdan, çynaryň saýasy ep-esli meýdany tutup ýatyrdy. Neneň şeýle bolmasyn?! Obanyň uludan-kiçä ilaty jem bolanlygynda hem bu Hydyr gören daragtyň astynda özlerine orun tapyp bilýärdiler ahyryn! Çynaryň şelpe ýapraklary Aýyň şuglasyna batyrylyp çykarylan mysaly «lowurt-lowurt» edişine, gözleriň ak ýagyny iýeýin diýýär. Baryp olary elläp görseň, eliň nura batjagyna birjik-de şübhäň ýok.
Şiri bagşy ellerini arkasyna tutuşyna, assa-ýuwaş ýöräp, çynaryň ýanyna bardy. Onuň men diýen baş-alty adam bolup gujaklaýmaly biline elini ýetirdi. Bagşy häzir näme üçin şeýle edýänligini özi hem bilmän, ony mähir bilen sypalady. Boldumly pudaklaryna birlaý hyrydar nazaryny aýlap çykdy. Bu nazarkerde daragt Şiri bag- şynyň aýdan aýdymlarynyň ählisini diýen ýaly öz süňňüne siňdirip, olary göwher hazynasy edip saklap otyr. Şol aýdymlaryň näçedigini bolsa hat-da bagşynyň özi hem bilenok. Ilkagşamdan «Bissimilla! Ýa, pirim Aşyk Aýdyň, özüňden medet!» diýip başlar aýdyma, onsoň oňa dynuw ýokdur, tä Gün dogar-dogar uçurlaryna çenli ula goýberilen bedewiň bardyr. Şol ýüzin salşyna, joşgunly çaýlar kimin çyrpynar. Diňe toý tutulanda şagalaň eýesiniň gapysynda aýdym aýdaýmasa, galan wagtlar- da ol, ynha, şu belent çynaryň astynda diňleýjileriň gulaklarynyň posuny açýardy. Şiri bagşynyň hyýaly häzir şol hezillikli günlerde at çapýardy.
— Niçiksi hyýaly jylawlap ýörsüň, bagşy? Gije ukyňy terk edip, ýeke özüň da- şarlarda hiňlenip ýörmäň näme?
Keýwanysynyň bu sözleri Şiri bagşyny şol jadyly dünýäden — asmandan ýere düşürdi. Ol açyk bir zat pyşgyrman, «Senem geläýdiňmi, enesi?» diýdi. — Geldim.
— Oňat iş etdiň gelip. Seniň geljegiňi ýüregim syzyp durdy.
— Soňky döwürde özüňi alyp barşyňdaky üýtgeşikligi kemsiz aňşyrsam-da, onuň niçik närsedigini bilip bilmedim. «Ýaşynyň soňunda bagşymyza bir bişeýkellik sataşaýdymyka?» diýip, kelläme howp düşdi. Şol howsala şindem ýakamdan elini goýberenok. Ine, onsoň janymda jan galman, ýanyňa gelip durşum şü. Belkem, şo saňa sataşan «derdiň» nämedigini maňa aýdarsyň?
— Aýdaryn, ony saňa aýtman kime aýdaýyn?! Ýöne irnik ýeri, şony nädip saňa düşündirjegimiň ebeteýini tapman durmasam diý. Şeýle, dil ujundan diýip goýbe- rilmeli zat däl, sözlenilmeli kelam. Gaty üýtgeşik närse ol! Her niçik-de bolsa, kal- bymda parç bolan ýaşyl maýsanyň pyşyrdysyny saňa ýetirjek bolaýyn. Ol dogruda näçe oýlandygymça, şonça-da bikararlyk meni eýerläp münýär. Onsoň janyma ne içerde, ne-de daşarda jaý tapýaryn. Käteler öz-özüm bilen gürleşip şeýle diýýär- dim: «E-e-eý, Şiri bagşy, Şiri bagşy, ömür salyň Hakyň keremi bilen ýetmişe ser ur- dy. Ýenem şol gudratlynyň näçe dem bu gyzygy ýetik dünýäde myhman aljaklygy ýarylmadyk garpyz. Bir hakykat welin aýdyň: kemi galman bişen gawun sen. Haçan sapagyndan tänseň tänibermeli. Agzy dogaly öten Kary işan garyp aýdardy: «Taňry bendesi ölüm ýassygyna baş goýanda geçen ömür menziline nazaryny aýlar. Eden ýagşylygydyr ýamanlygyny mizan terezisinde telläp görer. Ýagşy işine begener, ýamanyna gynanyp, günäsiniň ötülmegini Beýik Biribardan dileg salar. Munuň özi imanlykdan nyşandyr. Şondan binesip bolmajak boluň!». Şükür, şindiler janym sag, başym ýassykda däl. Şeýle-de bolsa, mahal-mahal güli ysgalan ýazlara, gary depelenen gyşlara hyýalymda seýrana çykýaryn. Ol ýerlerde basan yzlarym ak ka- gyzdaky möhür kimin gözlerime basylyp dur. Biri-birine gatyşdyrjak gümanyň ýok. Uly söze tobam bolsun. Öňünden, şeýtanyň alyna gidip, «pylan-pismydan» ekenim men» diýmekden, özüme artykmaç baha kesmekden gaty yrakdyryn. Ýöne öz aň gezligimiň kesişiçe aýtsam, Taňrym tarapyndan berlen senedime ikilik etmändirin. Bolanjamy il-günüme bagyşlapdyryn. Gepiň küle ýeri, etmeli işimi amal edipdi- rin. Galanynam, näme, müddeti geleninde hasap jaýynda seljererler-dä! Hawa, şu wagta çenli şeýle oýlaryň gujagy bossanym bolupdy. Ynha, indi özge bir hikmet, şü, çep gursagymda düşleg edeli bäri, özge jereniň saýýady men!
Özüňem aň edýänsiň-le yşbu hakykaty. Gözlerimiziň alnynda döwür-döwran- lar üýtgäp gidip otyr. Özem, Hudaýa şükür, gowulyga tarap özgerişikler «Sanasaň, sogaby bar» diýleni. Ynha, dillerimiň senasyna öwrülen Garaşsyzlygymyzy alyp göreli. Heý, şeýle bagt alnymyzdan çykar öýdüp pikir-oýumyzda barmydy? Asyl Garaşsyzlyk diýilýän närse bolsa, şu döwletli döwrana çenli arkama-arka öten-ge- çen eždatlarymyzyň gursaklarynda göterip gezen isleg-arzuwlary, ýetilmeli myrat- lary bolsa nätjek! Ol keremli zat öz iliňi, diliňi, türkmençiligiňi ýitirtmän saklaýan, jümle-jahana adyňy zahyr edýän, özüňe mahsus edim-gylymyňy gypynçsyz amal edip ýörmäge ejaza berýän, şondan gelen üýtgeşik närse oguşýan. Garaşsyzlyk — senediňe, özüňe, ýurduňa kalbyňda söýgi besläp, ol dogruda açykdan-açyk dogry sözüňi aýdyp bilmek eken-ä!
Ýadyňdadyr-la, heýem ol huşuňdan çykarmy diý. «Aýdýan aýdymlaryňda dini öwüşginler bar, Hudaýyň adyny tutýarsyň» diýip, ençe ýüregimiň ýagyny siňdirip, kemal tapdyran namalarym il-ulusa ýetmän galanlygy. Şindiki bagşylar ol kysmy howp-hatardan azat. Garaşsyzlyk diýmek, asyl erkin-azatlyk bolup, herki zady öz ornunda goýmak eken-ä! Bu närsäniň gowulyklaryny birme-bir açyp, oňa göz ýeti- rip başlanymyzdan, onuň niçiksi uly zatdygyny akylymyz kesdi. Onsoň ýöne: «Beýle zatlaram adam ogluna miýesser boljak eken-ow» diýip, baş ýaýkaşaýandyrys.Ýöne, halalym, bi gudratdan paýly Garaşsyzlyk diýen zadyň nämedigine doly göz ýetirip bildik diýsek, şindi kän bärden gaýtdygymyz bolar. Oňa doly düşünmek hem-de ol barasynda pikir ýöretmek menli-senlä başartjak zat däl bolaýmasyn diýen oýda men. Munuň üçin aň kesgirligiň gaty aňyrdan berlen bolmaly. Bir zada welin meniň gözüm çuňdan ýetik. Biz owal-ahyr gerek zadymyzy gazandyk! Ine, şu, hiç bir zat bilen gül meňzine kölege saldyryp bolmajak hakykatyň hut özi!
«Dünýäler gowulyga özgerýär» diýip ýörkäk hem öňki şatlygymyzyň üstüne ýene-de bir şatlyk goşuldy. Nakyl edip aýdýarlar-a «Bagtlynyňky goşa geler» diýip. Hut şol diýilýän hem boldy. Üýtgeşik habar diňe bir öz halkymyzy haýrana galdy- ryp, begenje gaplamak bilen çäklenmän, asyl diýýän-ä, bütin dünýäniň ýüzüni bize garatdy oturyberdi! Munuň özi ata-baba görlüp-eşidilen zatmydyr?! Gaty intipis et şuňa: biz özümiziň baky Bitarap döwletdigimizi jar etdik. Oýun-oýunjak zatmydyr bu?! Dünýä ýurtlarynyň ýüz segsen bäşisi, soňra bir ýüz togsan üçüsi saýlap tutan ýolumyzy goldap, ykrar edenden soň, şu zeýilli derejä ýetdik. Bu ykbalyň çüwme- sine bir däl, iki gezek eýe bolduk. Beýle oňynlygy näme bilen deňeşdirip bilersiň? Hiç bir gymmatlyk onuň deňine galyp bilmez! Bu ykrarnamalarda şol dünýä döw- letleriniň bize bolan ynamlaryny, hormatlaryny, dost-doganlyklaryny, ýeri gelende özlerine arka tapynyp biljekdikleri barasyndaky şeksiz delilini görýärin! Şu saýlanyp tutulan ýol tüýs türkmen diýip at göterýän milletiň ruhuna bap gelýän ýörelgäniň baryp ýatanydyr! Özem, ol nesillerimiziň hemişelik gadam urmaly ýoludyr! Dünýäni haýrana galdyryp biljek menzilleri külterlemeli, görlüp-eşidilmedik derejelere eýe bolmaly ýoludyr! Ýene-de bir jan-dilden ten berýän zadym, şu eýe bolnan şaýol özge dünýä halklarynyň hem ezelinde gadam urmaly ýoludyr! Çünki bu ýörelgäniň, syýasatyň aňyrsynda diňe bir türkmen milletiniň hem däl, ähli ynsan balasynyň owal-ahyr hasyl etmeli parzlary ýatyr, maksat-myratlary jemlenen!Ýagty şu günleri, röwşen geljegi ýatyr! Ine, onsoň şu ak guw ýaly arzuwlary köňül atly bossanymda sonarladyp, şeýle hyýala gol berdim: «Eý, Şiri bagşy, saňa zadyň manysyny aňlaman ýören, gapyl galan kişi diýerler. Sen öz-özüňden hoşal bolandan bolup, şu çaka çenli, men etmeli zadymy etdim, jan eýesi gelende amanadyňy birjik-de «wah» diý- män hak eýesine gowşurarlygym bar» diýip, göwnüňi aldap gelipsiň. Seniň amal etmeli parzyň şindi öňde ekeni. Şol bagtdan bipaý galmanyňa, onuň alnyňdan ak Gün bolup parlap çykmagyna halys ýürekden şükranalyk kyl! Özem şu pursatdan başlap, biliňi mäkäm guşa-da, şony amal etmäniň aladasy bilen ýatyp-turgul!».
Gülruh, men şeýle bir aýdym döretmeli, ol öňki aýdan aýdymlarymyň çeni bol- maly däl! Ony şirin heň edip kalplaryna guýan adamlar Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy ähli görki-görmegi, many-mazmuny bilen duýup-syzyp, oňa doly göz ýetirmeli.
Aňryýany bilen düşünip otyryn. Ol altyndan halka goluňy ýetiräýmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Ýöne welin, bu sogap işi amal etmekdäki görjek synaglarym irginsiz gözleglerim meniň birjik-de badyma böwet basmaýar. Gaýtam, meni şol beýik işe bar yhlas, zehinimi bir ýere jemläp, gylawly topulmagyma ruhlandyrýar.
Şeýle aýdymy döredip, ile ýetirmesem, özümden ömrümboýy närza bolaryn. Şeýle-de, şu senedi maňa bagyş eden Biribaryň dergähinde-de günäkär bolup galjaklygymyň birjik-de şeki ýok. Çünki şol maksadymy kemal tapdyrmasam, onda meniň senedimi harladygym bolar. Her niçik günä-ýazyklar ötülse-de, «Şu seniň- ki!» diýlip berlen senede har getireniň ýalkanjakdygyna sähelçe-de umyt bolmaz!
Ynha, halalym, sözüň dogrusyny eşider bolsaň, seniň ýaryň duçar bolan ah- walaty şu kysmydyr. Serimdäki syr edip saklap ýören zadymyň nämedigini eşitdiň gerek? Şol geregimiň gözleginde bolup, indi her demimi şol diýip alýandyryn!
Şondan soň diwardaky asylgy duran dutaryň orny boşap galdy. Ol hak eýesi Şiri bagşynyň golundan düşmedi. Bagşy ol syrdaşybilen wagtyň ir-giçdigine, gündiz-gije- digine garaman, ikiçäklikde geçirdi.Ýüreginden üzüp-üzüp döreden goşgusyna kybap heň agtarýardy. Şol köpüň ýüregini awlap biljek heňiň bahyl agaçda gizlenip ýatan- lygyny magat bilip dur. Şonuň üçin-de, bagşy perdeden-perdelere inip-çykyşyna, şol arzylynyň ugrunda ser-sepil.Ýöne gara gazma — şunça ýyllap iç döküşen syrdaşynyň göwnüne görä bolubermeýärdi. On üç perdäniň arasynda gizlenip ýatan genji-känini senet eýesinden näçe gizlin saklap bilse, onuň şonça keýpi çagdy. Bagşy hem ýan be- rerli däl.«Bermezek Alladan irmezekawçy alarlaryny» edýärdi. Ol diňe bir huşunda däl, hatda ýatanynda hem, düýşünde-de şol geregini gola saljak bolup alabasga galýardy. Ine, sähetli günleriň birinde Şiri bagşy ýanýoldaşyna ýüzlendi:
— Gelinlere, gyz agtyklara aýt, töweregi syryp-süpürsinler. Çynaryň astyna serenjam berip, ikindin uçurlary düşek atsynlar. Oglanlara-da habar ýetir, bakyp oturan goýunlarymyzdan birini halallasynlar. Gelen märekä duz-tagam hödür et- meli bolar-a? Onda-da şunuň ýaly begençli günde! Düşüş Gülruh eje dylym-dylym edip sözledi: — Ahyr tapdyňmy «ýitigiňi», atasy? — Gola saldym şo arzyly guşy!
— Bolaýypdyr. Gözüň aýdyň, bagşy!
— Mübärek sözleriňi aýtmaga howlukma entek. Il-gün neneňsi baha kesýär ýürek owazyma? Onuň ikimizi begenç atyna atarmasy şindi ähli zadyň gülala-gül- lükdigini asla aňlatmaýar.
— Öz göwnüňe jaýlanyň bolar, bagşy. Mundan öň-ä atan okuň nyşanadan pys geçen gezegi bolmandy. Bu sapar hem diňleýjilerden alkyşdan ýapyljak serpaýla- ryň kemlik etmejekdigini ýüregim syzypjyk dur! — Şeýle-de bolsun-da!
— Oba arasyna bu dogruda ýeňilaýak oglanlardan birküç sanysyny çakylykçy ýollaýaly? Munuň özi garaşylmadyk zat-da. Şeýle-şeýle diýip aýtsalar, nämäň-nä- medigi çöp döwlen ýaly bolardy.
— Özüň beled-ä, şu çaka çenli «gel bäri» diýip, adam ogluna aýdymymy diň- leden gezegim bolmandy. Indi hem märeke ýygnap bilmesem, onda bogazyma agram salyp, arrygymy gynap oturanymdan ne peýda?!
* * *
Ikindiniň gara şaly Mürçe obasyny ýuwaş-ýuwaşdan örtdi. Tomus paslynyň bir güni bolany üçin bu wagtlar adamlaryň aglabasy daşardady. Kimler agşamlyk şamynyň başyna geçen bolsa, käbirleri çaý başynda söhbetdeşlik edip otyrdy. Radio diňläp, telewizora tomaşa edip oturanlar-da bardy. Mahlasy, adaty durmuş öz ýörelgesi bilen dowam edip otyrdy. Ine, birdenem dag tarapdan salkynjak şemal öwüsdi. Ol adamlaryň ýüz-gözlerini lezzetli sypamak bilen birlikde gümmürdedip çalynýan dutaryň owazyny hem alyp geldi. Birbada muňa üns beren bolmady. Haçan-da, aram-aram köwsarlap öwüsýän şemal şol şirin heňiň gapdaly bilen öz- lerine tanyş, ýöne köp wagtdan bäri eşitmedik süýji labzy gulaklaryna ýetireninde, bir-biregiň ýüzüne soragly bakyşyp, aňalyp galdylar. Adamlaryň dillerinden şeýle sözler seçelendi:
— Çynaryň astyndan gelýän ýaly-la, bi ses? — Bir-ä Şiri bagşa öýkünip hiňlenýär.
— Tanyş bagşy-sazandalaryndan biri Şiri agalara gonak bolup gelen bolaýmasyn? — Öz-ä indi oň aýdym aýtmaz. Kimkä ol, janlarym? Kim-de bolsa bagşymyzyň hörpünden aýdýan eken-ow!
Garaşylmaýan zat bolup geçdi. Bagşy oslagsyz ýerden «Ak ýüzli maralymy» soňlaýmanka, Şiri halypanyň uly höwes bilen sanaýan şol meşhur bir topbak goş- gusyny gulaga öwrülen obanyň üstünden seçeläp goýberdi. Begençlerini gizläp bilmedik adamlar şeýle dil açdylar:
— Bi, hakyt, Şiri bagşynyň özi ýaly-la, haw?
— Özge kişi o setirleri beýle owazda gaýtalap bilmez!
— Sandygyna üýtgeşik joşgun inen bolmaly Şiri bagşynyň. — Tomaşanyň ulusy indi bolsa gerek?!
Obanyň içindäki Şiri bagşylara eltýän ýol-ýodalarda adamlaryň hümürdileri, gülki sesleri çykyp başlady. Adamlar näme, köp çarşenbäni başyndan geçiren çy- naryň astyna ýygnanan märekeden hoşal bolandygynyň yşaraty hökmünde pür- pudaklaryny adaja yrap, şelpe-ýapraklary bilen «el çarpýardy».
Şiri bagşy ýygnanyşan obadaşlaryna göz aýlap, özi üçin aýgytly pursadyň ge- lendigine kemsiz göz ýetirdi. Ol märekä bu günki tomaşanyň näme sebäbe görä gurlandygyny mälim etjegem bolman, köp wagtlap ýüreginde göterip gezen aý- dymyny aýratyn hyjuwa gaplanyp aýdarman boldy. Muny onuň bogazyny taýly ýola arçap, gara gazmasynyň tarlaryny belentden çekip, owsun atmasyndan hem aňlamak bolýardy.Tamdyranyň üstüne mazaly eglişine, onuň göwresi awuna topul- jak ýolbarsyňky deý bir düýrlenip, bir ýazylýardy. Ine-de, ol gözlerini dik depesine dikdi. Bagşy ötmesi gaty müşgül bolan güzerden geçjek bolanynda, ýagny, sähel salyň gowşak bolsa, içegäňden el üzdürýän aýdyma kement taşlanynda şeýle ed- ýärdi. Oturan märeke hem bagşyda peýda bolan bu ahwalaty kemsiz aňlady. Häzir hemmäniň nazary bagşa dikilip, olar bir pursatlyk dem almalaryny hem unutdylar.
Şiri bagşy elini başyndan aýlap, dutaryň tarlaryna kakyp goýberdi. Gara gazma senet eýesiniň zorundan, turuwbaşdan towşan turşuny edip gümmürdäp başlady. Dumly-duşa syçyrap-syçyrap gidýän owaz şindi diňlenip görlen heň däldi. Gula- ga ýakymlydy, göçgünliden dabaralydy, ruhuňy göterijidi. Her kakuwda ol täzeçe röwüş tapyp, ak gaýma bolup kalplarda gaýmalanýardy. Bagşy şu ýerde ömründe etmedigini etdi. Aýdyma başlamazyndan öňinçä, özüniň şol eý görýän dört setirlik goşgusyny üýtgeşik labyz bilen bir demde, ylla diýersiň, şaglap gelen öýlänçi kimin bogazynda gaýnadyp, märekäniň üstünden eňterip goýberdi. Adamlar lezzetini bilip ýylgyryşdylar. Asyl ony beýdibem aýdyp bolýan eken-ow?! Halalyň bolsun! Öňe omzaşýanlara: «Edýäniň näme?» diýen bolmady. Döw dursun indi bagşynyň öňünde!
Bagşy aýdymyna başlady. Diňleýjiler onuň agzyndan çykýan her bir sözüni, owazyny biri-birlerinden gysganyşyp, gapyp almaga durdular. Häzir olar aýdymy gulaga öwrülip diňläp oturmak bilen çäklenmän, görüň-ä bu gudraty, Şiri bagşy- nyň aýdýan aýdymyny gözleri bilen görüp hem otyrdylar!
...Ana, bu gadymy ýaýlanyň üstünde agaryp täze daň atdy! Ýylaklary dyza ýet- ýän, Hakyň nazaryny aýlan sährasyna bahar düşleg edipdir. Baky sowulmajak ýaz ol! Guş-gumrular bu gözelligiň, erkanalygyň, asudalygyň şanyna heň gaçyrýardy- lar. Adaja şemala baş yraýan müň-de bir görnüşli ter gülleriň melul ediji yslary bu düşlegi jennetiň bir künjüne öwürýär. Säheriň düre meňzeş çyglary gül-gunçalaryň meňizlerinde nur bolup bulduraşýarlar.
Keremi ýetik bu topragyň üstünde kebelekler perwaz urýarlar. Sen ol ak me- leklere gülden-güle gonup ýören perwanalardyr öýtmegin. Olar säheriň şu sergin çagynda halal ojaklara rysk-döwlet paýlap ýören perişdelerdir! Olaryň didarlary ýagty, gollary sahy. Yşbu Diýara düşümli gadamlarynyň dahylly bolýandyklaryn- dan keýpleri çag!
Hol beýlede, sonarlykda mal sürüleri agyp-dönüp ýör. Bökjekleşip oýnaýan owlak-guzular şady-horramlykda.
At göwsüne ýeten selinler, kemsiz boýuny alan çeti-çerkezler, gara baga dö- nen sazaklar, olary aralap erkana gezip ýören düýedir gylýal sürüleri bu mekana tebigylyk nuruny çaýýar.
Gözýetim şapagyň alyndan ynha-ynha ot alarly. Serediň oňa, depeleriň arasyn- dan ýumurtga gaýra dur diýdirjek ak bedew atylyp çykýar! Bahar şemaly onuň ýüz- gözünden sypalaýşyna, ýüpek ýallaryna örüm bolup çolaşýar. Bu oňa hoş ýakýan bolarly. Bedew alma gözlerini talawladyp, burnuny parladýar. Ol parç bolan gök otlukda togalanyşyna, dür damjalara bedenini ýuwýar. Müň-de bir derdiň derma- ny bolan ot-çöpleriň ysy haplap urýar onuň burnuna. Jümle-jahany tisgindirip kişňeýşine, galýar çarpaýa! Munuň bilen hem kanagat tapman, özüni bir gapdala oklabam, täze dogup gelýän ak Güni alnyna alyp, ýüzin salýar! Adaty bedew däl- siň sen. Türkmeniň çüwen ykbalysyň, şabaz bedewim! Çap, atym, çap! Haý, seniň süýnüp barşyňdan aýlanaýyn!
Dogup gelýän Günüň altyn çyrazlary keserip ýatan daglara, deňiz, derýalara, al-ýaşyl öwüsýän baglara, ala meýdanlara düşüp, olary has-da gözel görke getirýär. Ata-babalarymyzyň nazary düşen ol keşplerden mährimiz ganmaz ömür-ömür! Gaýnap akýan çeşme-çaýlar eşret arygydyr Diýarymyň!
Baş ýasan bugdaýly pelleriň aňry çägi gözýetim bilen sepleşip gidýär. Hyrydar göz bilen bakyň oňa. Dokmaňyz başlar kileň «gynyndan çykyşyp», özlerem zybrym bäş hanadan kemal tapypdyrlar. Telpegiňi göge zyňyber, Babadaýhan! Gözüň aý- dyň, yhlasyň ýerine düşüpdir. Nesip etsin özüňe edip-eýläniň! Müň bir jilwä berlip öwüsýän şemal özüne kybap tolkun atdyrýar olary. Güwüş goýuň, berekediň, bag- tyň baş alamaty şol dokmaňyz başlar pyşyrdaşyp bir zatlara sözleýärler. Ýok, olar sözleşenoklar, gulaklara bal bolup damýan hiňlenmä berilýärler. Halallyk hakdaky aýdym gursaklara guýlup dur!
Türkmen asmany çüýşe mysaly dup-dury. Şol gök asmanyň goýnunda ak kepderi aga-ýana ganat kakyp ýör! Ol günbe-günden gözelleşýän, tarpdan Täze zaman oba, şäherleriň ertekilerde waspy ýetirilýän şalaryň köşklerine «gaýra dur» diýdirýän kaşaň ymaratlaryň, il bähbitli desgalaryň, dünýä ülňülerine laýyk gurlan zawod-fabriklaryň ýokarsyndan uçup geçýär. Ak mermerden toý donuny geýen Aşgabadyň üstünden öwrüm edip aýlanýar. Onuň baran ýeri alaýaz. Neneň şeýle bolmasyn?! Ol adaty bir ak kepderimi, näme?! Ol ilimiň baky asuda, erkana, parahat, bagtyýar durmuşa eýe bolmagynyň alamaty hökmünde, ak guşa öwrülip, ganat kakyp ýören Hakykatyň hut özi ahbetin!
Ine-de, ol görenleri haýrana galdyrýan Bitaraplyk binasynyň başyna Bagt gu- şy bolup gonýar: «Az-kem demimi dürsäýin» diýip gonmandyr ol. Başyny belent tutuşyna, öz dilinde nama gaçyrýar-a Ak Kepderi! Onuň owazy golaý-goltumyna ýaýrap oňanok. Ol bir hikmetli närse öwrülip, yklymlara parahatçylyk kelamyny söýleýär. Olara hoşniýetliligi, mähir-muhabbeti, asudalygy, bagtyýarlygy «toýpaý» edip paýlap ýör!
Şu tämiz säher çagynda türkmen zenany tamdyra çörek ýapýar. Bu ajaýyp pursady bir dem gözüňizde surat eýläň. Ana, ol dogup gelýän Güne meňzeş çö- rekleri tamdyrdan çykaryp, üç ýola alnyna togaplaýşyna, düýe ýüňünden dokalan saçagyň üstünde hatarlap goýýar. Gurbany gitdigim, ol ýüzüne bäş penjäniň şekili çekilen, mele-myssyk çörekler ýöne-möne kerem däl, halkymyň eýe bolan dowa- matly bolçulygy!
Adamlaryň ýüzleri ýap-ýagty, gözleri gülüp dur, ruhlary belent! Olar toý toý- laýarlar! Bu uludan tutulan toý döwletli döwrana ýetenligimiziň şanyna tutulýar!
Dünýäniň çar künjünden uzaýan ýollaryň ählisi biziň Diýara alyp gelýär. Diňe bir döwletleri däl, ýürekleri hem birleşdirýän şol ýollar bilen biziň tutumly toýu- myzy toýlaşmaga arzyly gonaklar gelýärler. Çünki indi Türkmenistan döwletimizi jümle-jahan tanaýar! Ösüşlerimize dünýä guwanýar!
Ol göge göterilen ak guşlar nämedir? Baý, olaryň kändigini! Olarmy?! Şu topra- gyň üstünde ötüp-geçen merdana ata-babalarymyzyň şat bolan ruhlary!..
Şiri bagşy amatyny tapyp, aýdyp oturan aýdymynyň täsirini aňlamak üçin diň- leýjileriň ýüzlerine nazaryny aýlaýar. Bu aýdymy diňe bir çynaryň astyndaky adamlar däl, häzir küren oba diňläp oturandyr. Olar hem bagtyýardyrlar. Bagşynyň göwnüne bolmasa, bu aýdym Mürçe obasynyň çäginden çykyp, külli türkmen iline ýaň salyp duran ýaly! Ýok, diňe ol hem däl, göýä, çynar belent başyny asmana direýşine, bu baky ýaňlanjak şöhratly aýdymy bütin dünýä ýaýradyp duran gudrata meňzeýär. Şeýle bolsa, onda jümle-jahanyň halky bu namany hezil edip diňleýändirler. Heý- de, oňa şek bolup bilermi?!
Bu ahwal bagşynyň joşgunyny belent dagdan inýän sile döndürdi. Şiri bagşy şol bady bilenem şirwan perdä galdy...

Döwletmyrat NURYÝEW

#"Garagum" žurnalynyň N° 12-2020 sanyndan alyndy
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 30 | Добавил: Gurgencli | Теги: Döwletmyrat Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: