15:21
Mähriban eje

MÄHRIBAN EJE

Ynsany bina edýän,ÿaşaÿşy döredÿän,ÿyly mähri bilen dünÿäni gurşap alÿan,kalby senaly,dilleri dogaly mähriban enelerdir.Adamyñ gadyr-gymmatyny onuñ ejesine,enesine goÿÿan hormat-sarpasyndan añyp bolarmyka diÿÿän.Kerim šahyryñ:
  Bašyña müñ bela gelermiš agšam,
  Birje sapar agladaÿsañ ejeñi.
Diÿip gaty dogry belläp geçÿär.Bu bolsa mähriban käbelerimiziñ Beýik Allatagalla ýakynlygyndan alamat bolup biler.
Eje! Bu söz nähili mähriban,kalba ganat beriji söz bolup ešdilÿär.Bu sözi nähili edip okanyñda-da šol bir manyny üÿtgöwsizligine jogap berÿär" Eje" sözünde gudratly güÿjiñ,egsilmez söÿginiñ synmaz mährini duÿÿasryñ.
Mähriban Käbäm! Seniñ barlygyñda özümi iñ bagtly ynsanlardandygymy işde,öÿde ÿa-da islendik ÿerde bolanymda-da seniñ mähriñi maña bolan egsilmez güÿç berÿän,söÿgiñi duÿÿan.Sebäbi enäniñ mährini hiç bir zat bilen deñäre esas döreteÿär.
   Ejejan! Käte atamöÿmüze baranymda meni nirede oturtjagyñy bilmän, daşymda hozanak boluşuñy ÿa-da meniñ her bir aÿdÿan gürrüñlerimi diñläp, guwanyp,begenip, mähirden doly gözleriñi güldürip bakañda,maña bolan çäksiz söÿginiñ alamatyny duÿan käbäm . Men bolsa şonda, seniñ söÿgiñe jogap edip,"maña bolan ynamyñy ödäp bildimmikäm?" diÿen soragy gaÿtalaÿan içimden.Bu bolsa seniñ öwüt-ündewleriñ,maña durmuş mekdebi,edep-terbiÿäñ bilen bagly bolan düšünjelerdir.Seniñ zenan mašgalada bolan ähli oñat gylyk-häsiÿetleri bize ÿol ÿörelge edip öwredenligiñdedir.Sen aÿdardyñ" zenan mašgala ,mašgalañ diregi onuñ tugydyr.Hemiše saña geçirimlilik,sadalyk,asyllylyk,arassaçylyk gelišÿändir.Bu häsiÿetler zenan mašgalany bezeÿän häsiÿetler bolmak bilen, edep-terbiÿäniñ özenidir.Baran öÿiñ ody bilen girip,küli bilen çykmalysyñ.Çagalaryñy bolsa elmydama mähir,söÿgi bilen gurşap al,olaryñ diline diñe sen düşünmelisiñ.Çaga terbiÿäni ejeden alÿandyr "diÿerdiň .Ÿene-de maña hemiše diÿÿän sözleriñ" Durmušuñ ÿoly hemiše gowluk bolup durmaz,kynçylykly pursatlarda-da bašyñy belent tut.Hiç wagt sussypeslige ÿol bermegin" diÿÿärsiñ. Šonuñ üçinem, siz meniñ arka daÿanjym,ruhy hemaÿatçymsyñ.
Adamyñ ryhy belent bolanda,almajak galasy,ÿetip bilmejek menzilleri bolmaz ekeni,men muña anyk göz ÿerdim.
Elbetde, kakamjanyñam ,jigilermiñem meni oñat görÿändiklerini duÿÿan ,bilÿänem.Ÿöne meniñ içki dünÿämi gözlerimden okap,ÿürejigiñ bilen duÿup duran senä ahyryn...
Öñde-de biriniñ " gowluklar adamyñ ömrüni uzaldÿar" diÿip aÿdyšy ÿaly,elbetde meniñem saña ömrüñi uzaltjak derejede diñe gowluk eçilip bilÿän bolsadym,onda hemiše seniñ isleÿšiñ ÿaly bolmana çalšardym.
Meniñ ÿekeje arzuwym, hemiše ÿylgyryp gezmegiñ, gowy günlerimize guwanyp ÿašamagyñ,bize elmydama ruhy egsilmejek mähir paÿlap uzak ÿašamagyñ!
  
  Enäñ huzurunda bašyñ egmeli,
  Olary mukaddes saÿmaly hökman.
  Haÿyşym:
mähriban enäñ ÿüregin,
  Hiç haçan,hiç haçan, ynjytman saklañ!

Bilbil KAKABAÝEWA.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 41 | Добавил: Zyýada | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 2.0/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: