15:19
Doganlarym

DOGLANLARYM

Gaýgym aladamy deň paýlaşdyňyz,
Syrym bolsa,siz maňa syrdaşdyňyz,
Siz meniň ömrüme many goşduňyz,
Minnetdar men size jan doganlarym!

Siz meniň şatlygym,hem-de bagtym siz,
Başymdaky altyn täjim,tagtym siz,
Durmuşyma şöhle saçýan ýagtym siz,
Minnetdar men size jan doganlarym!

Goldamady dostym,gelse kyn günüm,
Siziň bilen manyly meň her günüm,
Barlygyňyz üçin belentdir göwnüm,
Barlygyňyza minnetdar jan doganlarym!

Biriňiz sagymdyr,biriňiz solum,
Uzadan ýerime ýetip dur golum,
Diýýäňiz siz:"Mydam dogry tut ýoluň"
Goldawyňyza minnetdar jan doganlarym!

Sizler bilen baglydyryn ýürekden,
Begenýärin ýagdaýym sorasaňyz,
Maňa başga hiçbir goldaw gerekdäl!
Doganlarym! "Jigim" diýip dursaňyz!

Aýlara ATAJANOWA

Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: aylaraatajanowa2020 | Теги: Aýlara Atajanowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: