15:12
Watana ýüzlenme

WATANA ÝÜZLENME

Aýdylmadyk aýdymlary,
Aýdasym geldi şanyña.
Sözlem ejiz,deñesem-de,
Seni tendäki janyma.

Waspyña hiç söz tapmadym,
Deñäp hanyma-manyma.
Seni sözsüz söýüp ýörmek,
Ozaldan siñdi ganyma.

Ganymda gaýnaýan yşgy,
Perzentlerme miras goýsam.
Şeýdip senli yşgym artsa,
Beýiklik dälmidir eýsem.

Perzentlermiñ hersi meniñ,
Aýdymlarmyñ bir bendidir.
Ene ýüregniñ aýdymy,
Saña beren perzendidir.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: