15:13
Kemalyma...

KEMALYMA

Gujagymdan sogrup akja balamy,
Pelek meni goýanynda armana.
Köşegin aldyryp,süýdün seçelän,
Akmaýa deý,küýüm gitdi asmana.

Ummanlary baglan älemgoşardan,
Şonda hakydamda sallançak asdym.
Onda üwräp gaýypdaky balamy,
Hemişe hyýalda bagryma basdym.

Aýdyp ýetişmedik hüwdülerimi,
Ýolladym sabanyñ sergin ýelinden.
Güneşiñ çogundan mähir ýolladym,
Pelek sowursa-da ony elimden.

Hüwdülermi ýelden ýollan ýerimden,
Ahyr bir gün oña sary uçaryn.
Şonda uçgunjygmy hyýalda däl-de,
Hakykat ýurdunda gujak açaryn.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 117 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
9 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Duýgudaşlyk üçin sag boluñ gadyrdanlar.Hiç bir ene"Balam"-diýip aglamaly bolmasyn...Alla öwezine berenine uzak bersin...

0
8 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Haweran sag bol düzedip bereniñe ücin.

Özümize ýalñyşymyzy düzedip bilmek hukugy barka gowudy.(Men ýaly ikilikçi awtorlar üçin)

Uçgunjygmy-*uçgunjygma

0
7 Zyýada   [Mowzuga geç]
Öwez ogluny bersin.Size-de Alla kuwwat bersin.

0
6 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@Haweran kyn görmeseñ goşgyñ soñky iki setirini şunuñ ýaly edip düzedip berseñ hoşal bolardym.

Şonda uçgunjugma hyýalda däl-de,
Hakykat ýurdunda gujak açaryn.

0
5 jumagylyjovao   [Mowzuga geç]
Öwez ogluny bersin...
Öwezine ajaýyp gyzlar bilen goç ogul beren Allaha sansyz şükürler bolsun. Sözüm uly bolsa, tobam bile bolsun, ýöne, ene kalbynda öwezini dolup bolmajak ýitgi bu. Seýle ýagdaýda teselli berjek sözleri tapmagam kyn.

0
4 Mahymm   [Mowzuga geç]
Yzy ýarasyn..

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Bagyr awusy juda aýylganç bolýa... Öwez ogluny bersin...

0
2 ezizh764   [Mowzuga geç]
Öwez ogluny bersin..

0
1 Pegas   [Mowzuga geç]
Öwez ogluny bersin...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: