01:28
Onda durmuş düşbüligi bar
ONDA DURMUŞ DÜŞBÜLIGI BAR

Jon STEÝNBEK
(1902—1968)


Amerikan ýazyjysy Jon Ernst Steýnbek Kaliforniýa ştatynyň Salinas şäherinde dünýä inýär. Ol maşgalanyň ýeke ogly, dört doganyň üçünjisi. Ejesi Oliw (Hemilton) Steýnbek mekdep mugallymy eken, kakasy Jon Ernst Steýnbek bolsa ilki un harazyň dolandyryjysy, biraz wagtdan onuň eýesi bolýar, soňlugy bilen, Montereý okrugynyň gaznaçysy wezipesini eýeleýär. Jonuň edebiýata bolan gyzyklanmasynyň gözbaşynda ene-atasy durýar. Salinas jülgesiniň gaýma salnan ýaly ajaýyp baýyrlary, kenarýaka belentlikleri juwan Steýnbekiň ýadynda mäkäm orun alypdyr-da, soňlugy bilen, dogduk mekanyň şol gözellikleri onuň eserlerine siňipdir. Salinasyň orta mekdebinde okaýarka, Jon iňlis dili we edebiýaty, biologiýa derslerinden has tapawutlanypdyr, mekdebiň diwar gazetini çykarypdyr. 1919-njy ýylda mekdebi tamamlap, Stanford uniwersitetiniň žurnalistika bölümine okuwa girýär, ýöne esasy derslerden ýetişiginiň pes bolanlygy üçin bir ýyldan soň, bu okuw jaýy bilen hoşlaşmaly bolýar. Şondan soňky iki ýylyň dowamynda ol hünär yzyna hünär çalyşýar, Pasifik-Growdaky Deňiz ylmy-barlag nokadynda biologiýany öwrenýär, ahyrda biraz ýol puluny jemländen soň, ýene Stanforda dolanyp gelýär. Uniwersitetiň «Spectator» žurnalynda hekaýadyr şygyrlaryny çap etdirenem bolsa, okuw okap uzak maza tapmaýar. Şeýdibem, uniwersitetiň ýaş ýazyjylara berýän diplomy- ny almak oňa miýesser etmeýär. Ýük gämisine işçi bolup ýerleşen Steýnbek deňiz bilen Nýu-Ýorka barýar. Az salym «New York American» gazetinde işleýär, eýdip-beýdip öz nowellalaryny «ýerlejek» bolýar, ýöne o hem edil ugruna bolubermeýär. Onsoň gaýtadan Kaliforniýa dolan- ýar-da gurluşykçy, žurnalist, deňizçi esger we miwe ýygymçysy bolup görýär, şol bir wagtyň özünde «Bir çanak tylla» («Cup of Gold», 1929) atly ilkinji romanyny ýazýar. Roman XVII asyr iňlis garakçysy, açgözlügi bagtyna badak salýan Henri Morgan barada söhbet açýar. Gijräk awtor öz ilkinji ki- tabyna «ýugrumy ýetmedik zat» diýip baha berýär. «Men eseriň içinde ýetişenem bolsam, ol kejebämi garyşdyrýar» diýip, Steýnbek ýazýar. Yzyndaky ýyl Steýnbek Kerol Henninge öýlenýär we Pasifik-Growda ýerleşen kotteje göçýär, onuň rentasyny bolsa kakasy töläpdir. Steýnbekiň biolog Edward F. Rikets bilen tanşan ýerem Pasifik-Grow. Onuň ähli janly zatlaryň arasyndaky özara baglanyşyga bolan çemeleşmesi ekologiýa degişli soňky nazaryýetlerine gönezlik bolýar we ýazyjynyň garaýyşlarynyň kemala gelmegine çuňňur täsirini ýetirýär. Steýnbekiň «Nätanyş Biribara» («To a God Unknown») romanynda Riketsiň pikirleri duýulýar. Şeýle-de Ýunguň[1] arhetipleri ba- radaky nazaryýet syzylýar, Steýnbek ony Ýunguň okuwçysy Iwlin Reýnolds Ottadan we mifologiýany öwreniji Jozef Kempbel- den öwrenen eken. «Nätanyş Biribara» romany Steýnbekiň kyssaçy hökmünde «bişişmeginde» möhüm «küre» bolanam bolsa, eser düşnüksiz çykypdyr, agyr oka- lypdyr, ne edebiýat tankytçylarynyň hoş sözüni alypdyr, ne-de okyjylaryň. Soňraky — «Tortilýa-Flet mähellesi» («Tortilla Flat», 1935) welin örän geçgin- li, hyrydarly kitaba öwrülýär. Ýazyjynyň şu eserinde ilkinji gezek geografik salgy takyk görkezilýär — Kali- forniýanyň kenarýakasy; ro- manda Montereý aýlagynyň kenarynda seleňläp oturan baýyrlyk- larda ýaşaýan birentek özboluşly adamlar — pula-mala kowalaşmaýanlar, içgä özü- ni aldyranlar we filosoflar suratlandyryl- ýar. Aýry-aýry wakalardan ybarat bolan bu roman, awtoryň başky meýilleşdirişine görä, onuň çagalykdan gowy görýän Ar- tur patyşasy hakyndaky rowaýatlar bilen baglanyşyp gitmeli we «Bir çanak tylla» romany mysaly materializmiň adamkär- çilige ters gelýän häsiýetlerini görkezmeli eken. Steýnbek 1936-njy ýylda durmuşyň derwaýys meselelerine ýüzlenmek bilen, «Şübheli göreşde» («In Dubious Battle») romanyny ýazýar, onuň sözbaşysy iňlis şa- hyry Jon Miltonyň «Ýitirilen jennet» («Pa- radise Lost») epiki poemasyndan susulan syrly alynmadyr. Eserde miwe ýygyjylaryň iş taşlaýyşlarynyň iki sany guramaçysy ba- rada gürrüň berilýär. 1937-nji ýylda Steýn- bekiň iki sany ýönekeý zähmetkeş — Jorj we onuň kemakyl dosty Lenni hakyndaky agyr wakany beýan edýän «Syçanlar we adamlar hakynda» («Of Mice and Men») at- ly powesti çapdan çykýar. Bu iki gahryman hususy tünekli hem mellekli bolmak bara- daky düýbi puç arzuwlarynyň gujagynda meýmireýärler. «Onuň irki kitaplary bilen deňeşdireňde, munda duýgy bilen tebigy- lyk köpräk. Bu powest hakykata has golaý hemtakyk»diýip, 1980-njiýylda ýazyjynyň terjimehalçysy Pol Makkarti belleýär. Ame- rikaly seljeriji Riçard Astro «Syçanlar we adamlar hakynda» powesti «sada adamçy- lyk gymmatlyklaryna gadyr goýmak bilen, olary harsydünýälige we hökmürowanlyga garşy goýýan pastoral»[2] diýip atlandyr- ýar. Bu çenden üýtgeşik powest Steýnbeki amerikan edebiýatynda göze ilýän şahsa öwürýär. Powestiň esasynda Jorj S. Kauf- manyň ýazan sahna eseri 1937-nji ýylda Brodweýde üstünlige eýe bolýar. Steýnbek «Uzyn jülge» («Long Valley», 1938) atly hekaýalar ýygyndysyndan we 1953-nji ýylda aýratyn neşir görnüşinde çykan «Çypar poni» («The Red Pony») po- westinden soň, Beýik çökgünlik döwründe Oklahomadan Kaliforniýa tarap surnukdyryjy ýola düşen Joudslaryň maş- galasynyň sergezdançylygyny beýan edýän «Gazap hoşalary» («The Grapes of Wrath», 1939) atly has meşhur, saldamly romanyny ýaz- ýar. Tebigat, durmuşyň kynçylyklary we iri fermerleriň tozduryjy açgözçü- likleri Joudslaryň maşgalasynyň üs- tüne gara bulut bolup abanýar, ýöne ahyrda, her näme-de bolsa, romanyň gahrymanlary ýagdaýdan (iň bolman- da, pelsepewi manyda) üstün çykýar- lar: olar öz orunlarynyň tutuş adam- zat kowumyny penakärleýän «uly bir ruhdadygyna» göz ýetirýärler. «Gazap hoşalary» az salymyň içinde iň geç- ginli meşhur esere öwrülýär, begençli seslenmelere, 1940-njy ýylyň Pulit- ser baýragyna mynasyp bolýar. Şol bir wagtda roman gyzgyn jedelleri döre- dipdir, awtory kommunistik gurluşy wagyz etmekde, hakykaty ýoýmakda aýyplanlar hem tapylypdyr.
Edebi çekişmelere çekilmekden ga- ça durmak üçin, Steýnbek dosty Ri- kets bilen Kaliforniýa aýlagynyň ke- naryny syryp, zoologik ekspedisiýa ugraýar. Soň bu syýahat onuň «Korte- siň deňzi.Syýahatwegeçirilen barlag- lar hakynda bolgusyz hasabat» («Sea of Cortez. A Leisurely Journal of Travel and Research», 1941) atly kitabynda öz beýanyny tapýar. Munda diňe bir ekspedisiýanyň netijeleri däl, eýsem, Steýnbek bilen Riketsiň arasynda biologiýa, taryh, filosofiýa bilen bagly dürli temalara degişli söhbetler bara- da hem gürrüň berilýär. Şol ýyl, ýagny 1941-nji ýylda Steýnbek başdaş aýaly bilen aýrylyşyp, Gwindolin Konjer di- ýen aýdymçy bilen Nýu-Ýorka gidýär we iki ýyldan soňam oňa öýlenýär-de, olardan iki ogul dünýä inýär.
Steýnbek ikinji jahan urşy döwrün- de habar beriş edaralarynda şeýle-de wagyz-nesihat bölüminde maslahatçy bolup işleýär. Uçarmanlaryň ýankita- by bolmaga mynasyp «Bombalar ýok bolsun» («Bombs Away», 1942) şeýle- de totalitar düzgüniň goşunlarynyň kiçijik şäheri basyp alyşlary (faşist- leriň Norwegiýa çozup girmegi) ba- rada gürrüň berýän «Aý ýaşdy» («The Moon Is Down», 1942) ýaly kitaplary
ýazyjynyň ýeňşe goşandy boldy. Onuň şol temada ýazan adybir sahna eseri hem bar. 1943-nji ýylda ýazyjy «New York Herald Tribune» gazetiniň harby habarçysy bolýar — Londondan, De- mirgazyk Afrikadan, Italiýadan ugra- dylan habarlar soňra «Uruş bolan ça- gy» («Once There Was a War», 1958) diýen at bilen aýratyn kitap görnüşin- de çapdan çykýar.
Steýnbek uruşdan soňky ýazan il- kinji romany «Gaplamalaryň hatary» («Cannery Row», 1945) diýen eserin- de Montereýiň balyk gaplamalary- ny öndürýän zawodynyň golaýynda ýaşaýan, Dok atly biolog alymyň (bu gahrymanyň esasynda Riketsiň keşbi ýatyr) şanyna şüweleň guraýan yk- mandalar toparyny suratlandyrýar. Bu romanda awtoryň owalky syýasy, durmuşy we pelsepewi garaýyşla- ryndan daşlaşýandygy sebäpli, käbir edebi tankytçylar eseri lejiçykan- lykda we suwjuklykda aýyplamaga howlugypdyrlar. «Azaşan awtobus» («The Wayward Bus») allegoriki ro- many we «Dür dänesi» («The Pearl») öwüt-ündewli powesti 1947-nji ýyl- da peýda bolup, ol hem gapma-gar- şylykly seslenmeleri döredýär. My- sal üçin, Riçard Astro şeýle ýazýar: «Steýnbekiň bu kitaplaryndaky dün- ýäni gowulyga özgertmek maksady bilen adamlar arkalaşykly tagalla edip bilerler diýen ynamy... onuň tö- wereginde görýän dünýäsine känbir muwapyk gelmese gerek». Steýn- bek ylham gözleginde fotohabarçy Robert Kapa bilen bilelikde «Inter- national Herald Tribune» gazetiniň tabşyrygy boýunça SSSR-e sapara gidýär, netijede, Kapanyň fotosurat- lary bilen bezelen «Rus gündeligi» («Russian Journal», 1948) peýda bol- ýar. Şol ýyl Rikets awtoulag heläkçili- ginde ýogalýar, Steýnbek bolsa ikin- ji aýaly bilen aýrylyşýar. Yzyndaky ýyl ol Eleýn Skott bilen tanyşýar we 1950-nji ýylda oňa öýlenýär.
Steýnbekiň «Ýalbyrap ýanýan» («Burning Bright») pýesasy on üçünji görkezilişden soň sahnadan düşürilýär, emma 1952-nji ýylda amerikan režissýory Elia Kazan tarapyndan surata düşürilen «Wiwa, Sa- pata!» («Viva Zapata») filminiň edebi ýazgysy welin, Astronyň ýazyşy ýa- ly, «Steýnbekiň 30-njy ýyllardaky iň oňat kitaplaryny ýadyňa salýar». Şol ýyllar ýazyjy Töwratyň Kabyl bilen Habyl hakyndaky rowaýatyndan göz- baş alyp gaýdýan, häzirkizaman alle- goriýasyny ýatladyp duran, ýazyjynyň eje tarapynyň aňyrsyny yzarlaýan wa- kadan täsirlenip ýazylan, Hamiltonla- ryň maşgala rowaýaty bolan «Eremiň gaýrasy» («East of Eden», 1954) atly uly romanynyň üstünde işleýär eken. Amerikan edebi tankytçysy Mark Sko- rer roman «örüsi giň hyýaly oýnamla- ry» bilen tapawutlanýar diýip ýazýar, ýöne bu pikiri hemme tankytçylar goldaberenok.
«Eremiň gaýrasy» romanynyň çy- kan ýyly ekranlaşdyrylan adybir film Steýnbekiň ekranlaşdyrylan eserleri- niň altynjysy boldy. Başga-da «Syçan- lar we adamlar hakynda», «Gazap ho- şalary» we «Tortilýa-Flet mähellesi» ýaly eserleriniň esasynda filmler sura- ta düşürildi.
«Galagoplygymyzyň gyşy» («The Winter of Our Discontent», 1961) ro- many ýazyjynyň soňky iri eseri boldy. Şondan soň Steýnbek, esasan, publisis- tika bilen ýol ýazgylaryny ýazýar. Onuň öz pudel iti bilen ýurda eden gezelenji hakyndaky «Amerikanyň gözleginde Çarli bilen edilen syýahat» («Travels With Charley in Search of Amerika») kitaby, megerem, 60-njy ýyllaryň has jüpüne düşen eseri bolsa gerek. Mun- da Steýnbek akylyňy haýran ediji tizlik bilen ösýän emeli medeniýetden zeý- renip, milletiň tebigy gözelligini be- lende göterýär.
1962-nji ýylda Steýnbek «sypaýy de- gişme we ýiti durmuş düşbüligi bilen utgaşyp gidýän realistik we şahyrana zehini üçin» Edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Steýnbe- ki «häzirkizaman amerikan edebiýa- tynyň ussatlarynyň biri» diýip atlan- dyran Şwed akademiýasynyň agzasy Anders Esterling «ýazyjy mydama kö- senje sezewar edilen, işi oňmadyk we görgi gören adamlaryň ykbaly bilen gyzyklanýar; durmuşyň adaty, ýönekeý
şatlygyny puluň yşgyndaky re- himsizlige hem bihaýalyga gar- şy goýýar» diýip belleýär.
Steýnbek özüniň gysgajyk jogap çy- kyşynda «adamlaryň hatalaryny, ýal- ňyşlyklaryny açyp görkezmeli... we olaryň ruhunyň ýanbermezligini arşa götermeli» diýip, edebiýatçynyň belent borjy barada gürrüň gozgaýar.
Steýnbek Tomas Meloriniň «Arturyň ölümi» atly orta asyr dilinde ýazylan romanyny häzirkizaman diline geçir- ýär — bu onuň kitap ugrundan soňky işi bolýar. Kitap «Şa Arturyň we onuň asylly rysarlarynyň eden işleri» («Acts of King Arthur and His Noble Knights») ady bilen 1976-njy ýylda — ýazyjy ara- dan çykandan soň çap bolýar.
Steýnbek iki gezek, ýagny 1961-nji we 1965-nji ýyllarda beýnä gan inmäni başdan geçirýär. Ol 1968-nji ýylda özü- niň Nýu-Ýorkdaky öýünde ýaýrawly in- farktdan ejir çekip dünýesini täzeleýär.
Steýnbek ýogalandan soň, onuň meşhurlygy pese gaçýar. Edebi tan- kytçylar ony suwjuklykda, öte sa- dalykda, allegoriýa aşa ýykgyn et- meklikde aýyplaýarlar. Riçard Astro: «Steýnbekiň abraýynyň soňky ykbaly barada öňünden pylan diýip bolmaz, ýöne görýän welin, ol edebiýatda, esa- san, Beýik çökgünlik hakyndaky uly romanlaryň awtory hökmünde galjak öýdýän» diýip ýazýar. Steýnbekiň ter- jimehalçysy Pol Makkartiniň pikiriçe: «Steýnbek öňübilen adama, onuň aň- rybaş çydamlylygyna we döredijilik güýjüne ynanýar». Amerikaly edebi- ýaty öwreniji Jeýms Greý terjimehal- çy bilen doly ylalaşýar: «Bu hakykat- çyl suratkeşiň romanlaryndan, sahna eserlerinden, gysga hekaýalaryndan çen tutsaň, onuň adamzadyň öňündä- ki borjuny berjaý etmäge çyny bilen çalyşýandygy görünýär. Meýli, wezi- pesi, temasy bilen tapawutlanýan bu žanrlaryň ählisi adamy şöhratlandyr- ýar... Steýnbek beýleki amerikan ýazy- jylaryndan tapawutlylykda adam ömrüne onuň mertebesine kybap baha bermäge yzygiderli çalyşýar».

ÝEKETÄK UMUDYMYZ — ADAMYŇ ÖZI
(JON STEÝNBEKIŇ NOBEL ÇYKYŞY)


Döredijiligimi şeýle uly sylaga mynasyp görendikleri üçin Şwed akademiýasyna tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Öz sarpa goýýan we hormatlaýan edebiýatçyla- rymyň ençemesiniň bu sylaga meniňkiçe, belki, ondanam artygrak mynasypdygyna ýekeje-de şübhelenmeýärin, ýöne bu begenjimi we buý- sanjymy kemenok. Nobel baýragy alnanda ede- biýatyň özeni we onuň ösüş ugry barada şahsy hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan pikirleriňi beýan etmek owaldan gelýän däp. Ýöne maňa galsa, häzir edebiýaty döredýän adamlaryň belent parzy we borjy hakynda ýatlaşmak has ýerlikli görünýär. Nobel baýragynyň eýesi diýen hormatly at we siziň öňüňizde çykyş et- mäge dörän mümkinçilik dilinden minnetdarlyk sözlerini paýradýan syçan ýaly jygyldamaga däl- de, öz işime we asyrlaryň dowamynda şu iş bilen meşgullanyp gelen beýik hem zehinli adamlaryň işine buýsançdan ýaňa şir kimin arlamaga hö- weslendirýär. Edebiýat adamzadyň zybany ýaly gadymy. Ol adamlara gerek bolany üçin döredi we öz ösüşiniň dowamynda olara hasam zerur- laşdy. Skaldlar,[3] bardlar,[2] ýazyjylar hiç haçanam aýratyn, saýlantgy kasta degişli bolan däldirler. Owal-başdanam olaryň işi, borjy we wezipeleri adamlaryň hajaty bilen kesgitlenip gelindi. Häzir adamzat lapykeçligiň we aljyraňňylygyň darykdyryjy, tukat zamanasyny başdan geçirýär. Şu münberden çykyş eden özümden öňki uly halypa Wilýam Folkner adamyň ruhy baradaky meseläni ikinji derejä süýşüren ählumumy gor- ky barada gürrüň gozgap, indi ýazyjylaryň üns merkezini adamyň içki gapma-garşylykdan ýa- ňa paralanýan ýüreginiň eýeländigini belläpdi. Folkner adamyň güýjüniň nämededigini, ony ejizledýän zadyň haýsydygy her kimseden go- wy bilýärdi. Ol ýazyjynyň döredijiligi gorkynyň özenine düşünmek we ony ýeňmek üçin gerek, ynha, onuň düýp maňzy diýip görkezýärdi. Bu täzelik däl. Ýazyjynyň borjy gadym döwürler- den bäri üýtgewsizligine gelýär. Onuň wezipesi — kemçilikleridir azaşmalary aýan etmek, ga- ra hem howply niýetleri ýüze çykarmak. Şeýtseň olary ýeňip geçip bolar. Ýazyjynyň ýene-de bir wezipesi adamyň ýalana çykaryp bolmajak artykmaçlyklaryny — belent ruhuny, çydamly- lygyny, mertligini, azap çekmäge we söýmäge ukyplylygyny ýüze çykarmakdan we mertebe- lemekden ybaratdyr. Ejizlikdir lapykeçlik bi- len gurulýan tükeniksiz darkaşlar bu — adamy göreşe çagyrýan hem-de onuň kalbynda umyt uçgunlaryny köredýän ýagty alamatlardyr. Ada- myň öz-özüni kämilleşdirmek ukybynyň bardy- gyna durky-ýüregi bilen ynanmaýan ýazyjynyň edebiýatyň golaýyndanam barmaga haky ýok- muka diýýän. Häzirkizaman adamyny holtu- myna alan gorky — biziň fiziki dünýä barada- ky bilimlerimiziň okgunly böküşiniň we olaryň akylly-başly ulanylmazlygynyň netijesidir. Bu böküş biziň başga tüýsli hadysalar hakyndaky düşünjämiziň derejesini ho-ol yzda galdyrdy, ýöne beýle diýildigi agzalan derejeler hiç mahal deňleşmez diýildigi däldir. Olaryň deňleşmegini üpjün etmek — edebiýatyň baş wezipeleriniň biri. Adamzat özüniň uzak hem şöhratly tary- hynyň dowamynda öz tebigy duşmanlary bilen käte gutulgysyz ýok edilmeli kes bilen ýüzbe- ýüz durup gaýduwsyz göreş alyp barmaly boldy. Biziň gutarnykly ýeňşimiziň, megerem, golaýlap ýören häzirki pursadynda göreş meýdanyndan gaçyp gitmeklik samsyklyk hem züwwetdinlik bolar. Alfred Nobeliň terjimehaly bilen gyzyk- lanmagym düşnükli zat. Kitaplara ynansaň, ol ýalňyzlyga we dünýäni unudyp pikirlenmäge ýykgyn edýän adam. Ol döredijilikli hoş niýete- de, weýran ediji ýaramazlyga-da deň derejede ýaramly, emma ynsabyň we paýhasyň delilleri- ne boýun synmaýan iş — partlaýjy maddalary kämilleşdirmek bilen meşgullanypdyr. Nobel öz oýlap tapyşynyň görlüp-eşidilmedik zabunlyga öwrülýändigini görüpdir. Mümkin, ol gözlegleriniň nämeleriň üstünden eltje- gini — zulumyň beleň aljagyny, ömrüň düýbüne palta uruljagyny hem öňünden duýan bolsa gerek. Käbirleri onuň ýagyrnysyna bihaýalygyň tagmasyny basýar, men munuň bilen ylalaşmaýaryn. Meniň pikirimçe, ol goraýjy gapak pisindiräk haýsydyr bir gözegçilik gurluşyny oýlap tapmaň ugrunda elewrän bolsa gerek. Ahyrda-da, gözlegleri ony ýeke-täk ygtybarly gapak — adamyň aňy hem kalby diýen pikiriň üstünden eltipdir. Onuň pikir ýöretmeleriniň zynjyry Nobel baýragynyň niýetlenen maksadynda öz şöhlelenmesini tapaýdy öýdýän. Bu baýrak adam we ony gurşap alan dünýä hakynda bilýänlerimizi baýlaşdyryp hem giňeldip bilenlere, zatlaryň düýp manysyna aralaşmany we ony söz arkaly beýan etmäni başaranlara (edebiýatyň wezipesi hem hut şundan ybarat ahyry) rowa görülýär, beýleki ähli üstünlikleriň gözbaşynda duran barlyşdyrmak, ýaraşdyrmak işine goşant goşanlara gowşuryl- ýar. Nobel ýogalandan soň ýarym asyr hem geçmänkä, adamzat tebigatyň derwezelerini açýan açary öz eline aldym edip, gerdenine agyr ýüki basdy. Şeýdip öňler diňe Biribaryň elinde bolan birgiden güýçlere hökümimizi ýöretmäge başladyk. Ähli janly-jandaryň ömrüne we ölümine, tutuş dünýä emr etmäge hakymyzyň bardygyna öz-özümizi ynandyrdyk — hatda gorkymyzdyr taýýarlyksyzlygymyz hem bizi ýaýdandyrmady. Howp, umyt, saýlamak hukugy — adamda häzir bulaň bary bar. Onuň öz-özüni kämilleşdirmä- ge ukyby barmy ýa ýok, muny barlap görmegiň wagty ýetdi. Biribaryň häkimligini elimize alanymyzdan soň, öňler Onuň özünde görýän parasadymyzy hem üşügimizi indi özümizde görkezmeli borus! Mundan buýana adam — iň gorkunç howp we biziň ýeke-täk umydymyz.

[1]Karl Gustaw Ýung — 1875—1961-nji ýyllarda ýaşap geçen şweýsar psihology we flosofy. «Analitiki psihologiýany» esaslandyryjy.
[2]Pastoral— XIV—XVIII asyr ýewropa edebiýatynda we sungatynda obalylaryň we padymanlaryň asuda, parahat durmuşyny beýan edýän eser.
[3]Gadymy skandinawiýanyň aýdymçy şahyrlary.
[4]Gadymy keltleriň gezende aýdymçy sazandalary.

Taýýarlan: Orazgül GURBANOWA

#"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 64 | Добавил: Gurgencli | Теги: Orazgül Gurbanowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Al, ana seň aýdanyň bolsun, terjimehala geçirdim.

0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Başy terjimehala meňzesede, soňra Jonyň Nobel çykyşy gelýär, terjimehalda oňa meňzeş ýazgylar bolanokdy-da. Onsoň nirä goýjagymy bilmän şu bölüme zyňyp göýberdimdä:).

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yazyjy-şahyrlaryñ we alymlaryñ terjimehaly diyen ayratyn kategoriya bar, Jürjanly.
Birini taryhy şahslarda goyyañ, birini edebi makalalarda

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: