19:52
Rene Dekart
MEŞHUR ŞAHSYÝETLERIŇ DURMUŞYNDAN

▪DÜNÝÄNIŇ DANALARY

RENE DEKART
(KARTEZIÝ)
(1596 — 1650)


Rene Dekart — fransuz filosofy, matematigi, fizigi we fiziology. Dekarta «Täze filosofiýanyň atasy» diýýärler, çünki ol häzirki zaman rasionalizmini — pikiri aňyň ýeke-täk çeşmesi hasaplaýan akymy başlaýjydyr. Dekartyň filosofiýasynyň özeni biri-birine garaşsyz ruhuň we teniň ykrar edilmeginden ybaratdyr. Onuň pikiriçe, şübhelenmek pikirlenmegiň gümansyz delilidir. Dekart: «Men pikirlenýänmi, diýmek, men diri» diýen netije çykarýar.
Esasy eserleri: «Usulyýet hakda oýlanmalar» (1637), «Ilkinji filosofiýa hakynda metafiziki pikirlenmeler» (1641), «Filosofiýanyň gözbaşy» (1644).
1606-njy ýylyň Pasha baýramçylygyndan soň, Fransiýanyň kiçeňräk şäheri Lýa Fleşiň ir-iýmişli baglarynyň saýasyndaky Ruaýýal kolle- jine täze okuwçy gelýär. Oglanjygyň ady Rene eken. Ony şol wagtlar Bretan parlamentiniň geňeşdary bolup işleýän kakasy Ioahim Dekart goňşy Turen prowinsiýasyndan alyp gelipdi. Rene 1596-njy ýylyň 30-njy martynda goňşy sebitiň Lýae şäherinde dünýä inipdi. Ol ýaňy bir ýaşanda ejesi aradan çykýar.
Dekartyň aýalam, ejesem öýken keselinden ýogalypdyr. Ejesi öýken sowuklamasyndan ýogalansoň, çagasynda-da şeýle ýagdaýyň gaýtalanaýmagy mümkindi. Lukmanlar Rene Korolyň kollejine giren gününden başlap, tä on ýaşaýança şu pikirde bolupdyrlar. On ýylyň dowamynda hiç hili täzelik bolmasa-da Renäniň ýetginjekligi, ýaşlygy, ýigitlik döwri howsalalyrak geçýär. Şübhedir howsala soňabaka Rene üçin hakyky bolaýmaly ýagdaýa öwrülýär. Lýa Fleşiň kolleji Rene Dekartyň bu ýere gelmezinden sähel öňräk iýezuitleriň mezhebi tarapyndan döredilipdi we bu mekdebi Fransiýanyň koroly Genrih IV hut özi ata-babasyndan miras galan Şatonef galasynda açmaklyga razylyk beripdi.
Ençeme ýyllar geçensoň, Dekart öz ýatlamalarynda bu ýerde Ýewropanyň iň gowy professorlarynyň okadandygyny ýazýar. Bu mezhebiň esasy ýörelgesi diýseň ýowuz, tabynlyk taglymatynyň tertip-düzgüni hemmelere degişli. Saglygynyň gowşaklygy üçin Dekarta ýeňillikler berlipdir. Olaryň iň esasysy onuň ýaşamagy we okamagy üçin berlen erkinlikdir. Mysal üçin, hemmeler ukudan turansoňam ony sagat 10-11-lere çenli turuzmandyrlar. Rene aýratyn otagda ýatyp-turupdyr. Gijesine ukusyny birkemsiz alansoň, säheriň asuda çaglary oňa öz erkine döreýän oý-pikirleri bagyş edipdir. Bu ýagdaý Dekartyň endigine öwrülipdir. Dekart hatlarynyň birinde sabanyň asuda çagynda kellesine ähmiýetli we tapylgysyz pikirleriň gelýändigini belläp geçýär. Mundan başga-da, oňa özbaşdak pikir ýöretmä- ge we göwnüniň islän kitabyny okamaga ygtyýar berlipdir. Biz inkwizisiýanyň gadagan hasaplan akyldarlaryndan kimleriň Dekardyň dünýäsinde ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny bilýäris. Olar «skeptikler» — obýektiw dünýä akyl ýetirip boljakdygyny inkär edýän idealistik filosoflar: Ag- rippa, Porta, de Monten, Şarron we beýlekiler. Skeptikler şeýle diýýärler: adamzadyň ähli bilim-düşünjesi doly anyklanmadyk, takyk däl, şonuň üçinem näçe jan çekseňem netije çykma- ýar, olar peýdasyz. Rene bu alymlaryň eserlerini okap, ilkinji nobatda, ähli zatlara şübheli gara- magy, ilki seredäýeňde äşgär, çirksiz bolup gö- rünýän islendik hakykata tankydy nazaryýetden seretmegi öwrenýär.
Dekart kollejde (1606-njy ýyldan 1615-nji ýylyň tomsuna çenli) on ýyla golaý okaýar. Bu ýerde okuw şeýle tertipdedi: çagalar başky ýe- di ýylda diliň ýazuw kadalaryny ýat tutýardy- lar, ritorikany-suhangöýligi, ylahy bilimleri we sholastikany jikme-jik öwrenýärdiler. Latyn dili çuňňur özleşdirilýärdi, okuwyny tamamlaýan- lar latyn awtorlarynyň nusgawy eserlerini asyl nusgasynda okap bilýärdiler. Gadymy rimlileriň dilinde bolsa öz pikirlerini ene dilindäki ýaly be- ýan etmegi başarýardylar. Şeýle-de kollejde ga- dymy grek dili hem öwrenilýärdi, filosofiýanyň üç ýyllyk dersleri geçilýärdi. Birinji okuw ýylyn- da talyplar Aristoteliň logika baradaky eserle- ri bilen tanyşýardylar. Ikinji ýylyň dowamynda fizikadan we matematikadan sapak berilýärdi. Aristoteliň «Metafizikasynyň» öňe sürýän esa- sy pikirleri doly özleşdirilensoň, üç ýyllyk filo- sofiýa dersleri tamamlanýardy. Kolleji tamam- lansoň, Dekart iki ýylyny Parižde, öz gatlagyna degişli ýaşlaryň dünýewi durmuşyna mahsus bolan şowhunly tomaşalarda, oturylyşyklarda, agşamlarda, gezelençlerde geçirýär. Birdenem ol ýitirim bolýar. Deň-duşlary dostunyň nirede- digini tötänden bilip galýarlar. Görüp otursalar, ol birnäçe aýlap Parižiň eteginde, görer gözden daşda gizlenip gezipdir. Rene şol ýerde matema- tikany, gylyçlaşmak sungatyny we at çapmagyň inçe tilsimlerini ele alypdyr.
Ol: «Şübhelenmek akylyň ýeke-täk we ygtybar- ly serişdesi» diýen pikire gelýär. Ol öz gözlegini beýlekileriň gözleginiň tamamlanýan ýerinden başlaýar. Ähli ikirjiňlenmelerden we şübhelenmelerden dynmak üçin olaryň iň soňky çägine baryp ýetmek gerek. Ynha şonda, megerem, nähilidir bir äşgärligiň, daýanç nokadynyň üýtgewsiz berk binýadyň üstünden barylsa gerek. Şol tankydyň eleginden geçirilen materiallaryň üstünde täze ymaraty gurmak mümkindir. Elbetde, bu iş akyl we fiziki güýjüňi iň soňky çäge çenli tijemegi ta- lap edýär. Diýmek, şübhelenmegi ýeňmekden öt- ri keselbentlikden gutuljakdygyňa şübhäňi ýeňip geçmek hökman. Çapyksuwarlyk we gylyçlaşmak sungaty lukmanlaryň gysga bolar diýip çaklan ömri üçin onuň iň möhüm ýeňşini gazanmagyna kömek edýär, ýagny ol öz-özüni, keselbentligini, fiziki taýdan ejizligini ýeňmegi başarýar. Şeýlelik- de, Dekartyň düýbünden täze görnüşli filosofa we tebigat ylymlarynyň synagçysyna — Renatus Kar- teziusa (onuň adynyň latynça nusgasy şeýledir) öwrülmeginiň esasy alamatlary göze ilip ugraýar. Dekart öz öňünde filosofiýany ylmy düşünjäniň sarsmaz binýadynyň üstünden täzeden gurmak wezipesini goýýar. Kollejde okap öwrenen we şol döwrüň filosofiýasynyň derejesini görkezýän bi- limleri ony düýbünden kanagatlandyrmaýar. Ol özünden owalky ähli däplere täzeçe çemeleşmä- ge, ýöne Bekondan tapawutlylykda tejribä däl-de, akyl-paýhasa ýüzlenmäge dyrjaşýar.
Rene matematikany filosofiýany üýtgetmegiň özeni hasaplansoň, ähli yhlasyny şu ugra gönük- dirýär. Ol 1617-nji ýylda Gollandiýanyň goşu- nynda meýletinçileriň hataryna goşulýar. Indi ol ene-atasynyň wezipä ymtylmak hakdaky birsyhly gaýtalaýan gürrüňlerinden halas bolupdy we sy- ýahat etmäge mümkinçilik alypdy. Ýöne meýletin- çi esger harby gulluga sowuk-sala garaýar.
1618-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Dekart Gol- landiýanyň Breda şäherjiginde ýerli fizik we ma- tematik alym I. Bekman bilen tanyşýar. Bu tö- tänleýin duşuşyk olaryň geljekde ençeme ýyllap bilelikde işlemegine mümkinçilik berýär. Özara gatnaşyklaryň çäginde Dekart bilen Bekmanyň arasynda ylmy meseleleriň barlaglary we synag- lary hakynda barha ýaýbaňlanýan pikir alyşma- lar hakykat ýüzünde täzeçe pikirlenmäniň iki ug- runyň döräp başlandygyny aňladýar. Bu täzeçe ýaňlanýan sesler Karteziusyň sholastikanyň berk synagyndan geçen şübhelenmesinden we Bekma- nyň fiziki we matematiki utgaşmasyndan döräpdi.
Gollandiýada bolan döwründe Dekart täze «Uniwersal» ýa-da «Ählumumy matematika» yl- myny döretmek kararyna gelýär. Bu başlangyjyň özeninde gadymy we orta asyrlaryň matematik- leriniň we filosoflarynyň düşünişinden üzül-ke- sil üýtgeşik hereket ýatyr. Onuň Bekmana ýazan hatyndan görnüşi ýaly: «Bu düýpgöter täze ylym, ol täze «jezweliň—sirkulyň» kömegi bilen eliňi aýyrman, bir hereket arkaly çyzylýan çyzyklar bi- len umumy düşünjede ähli meseleleri çözýär».
Täze ylmy döretmegiň esasy serişdesi: mehani- ki gurallar — şarnirli gurnawlar. Dekart olary «sir- kullar—jezweller» diýip atlandyrýar. Ol 1619-njy ýylyň baharynda Gollandiýadan gaýdýar we Frankfurta tarap ýola düşýär. Bu ýerde Ferdinand II imperatorlyga saýlanmagynyň dabarasyna gat- naşýar. Ferdinand II tagta çykansoň, Germaniýada çeh gozgalaňçylarynyň garşysyna göreşmek üçin katolikleriň birleşigi döredilýär. Rene Bawariýa- nyň gersogynyň goşunynyň düzümine girýär we esgerleriň Germaniýanyň serhedindäki gyşky dü- şelgesine gidýär.
Dekart gadymy Ulmda kometalar hakyndaky ylmy çekişmeleriň tüýs gyzgalaňly wagty gelýär. Bu çekişmeleri ýerli gimnaziýanyň rektory I. B. Hebenştraýt bilen inženerçilik mekdebiniň pro- fessory I. Faulhaber ikisi guraýardylar. Dekart olaryň ikisi bilenem içgin tanyşýar. Ol sentýab- ryň aýaklarynda — oktýabryň başlarynda I. Faul- haber bilen yzygiderli duşuşýar we pikir alyşýar. Bu söhbetdeşlikler 1619-1620-nji ýyllaryň ara- lygynda yzygiderli dowam edýär. Nemes inženeri we alymy I. Faulhaber degirmenleriň her hili gör- nüşleriniň hereketlendiriji abzallaryny ep-esli de- rejede kämilleşdirmegiň hötdesinden gelipdi. Bu alym Germaniýada ýasalyp, Gollandiýada önüm- çilikde giňden ulanylýan maşynlary we köpugur- ly hereketlendirijileri taslaýjylaryň biridi. Dekart matematika degişli meseleleriň ählisinde özüniň artykmaç taraplaryny görkezýär. Bekmana du- şanyna bir ýyl dolanda Dekart: «1619-njy ýylyň 10-njy noýabrynda kalbymda ylham oýanyp, do- lup-daşanda men täsin bir ylmyň gözbaşyny aç- dym» diýip belleýär. Şondan göni bir ýyl geçensoň welin, ol eýýäm: «1620-nji ýylyň 11-nji noýabryn- da şol täsin açyşyň özenine düşünip ugradym» di- ýip, ynamly tassyklaýar. Elbetde, bu ýerde gürrü- ňiň analitiki geometriýanyň esaslarynyň açyşlary hakda gidýänligi gürrüňsizdir. Dekart öz öňünde diňe bir teoretiki eserleri ýazmak, has dogrusy, ýazmakdanam ötri olary ilki pikirinde, kellesinde oýlap tapmak wezipesini goýmak bilen çäklen- meýär, ol öz şahsy durmuşyny şeýle oýlanyşykly, ygtybarly seljermeleriň binýadynda gurmak üçin elinden gelenini edýär. Alym ömrüniň iň soňky mi- nutyna çenli heniz Ulmdaka 1619-njy ýylyň 10-njy noýabryndaky täsin açyşyna laýyk usulda gurma- gy başarýar.
Dekart 1620-nji ýylyň gyşyny günorta Çehiýa- nyňharby düşelgelerindegeçirýär. Ýazgelendeçeh protestantlarynyň ýarany Betlen Gabryň garşysy- na göreşýän graf Bukoýyň esgerleriniň hataryn- da Wengriýa ýörişe gidýär. Uruş şowsuz gutarýar. Söweşde graf Bukoý wepat bolýar, Dekart harby gullugy taşlamaly diýen netijä gel- ýär. Wengriýadan Seleziýa gidýär,
o ýerde döwlet emeldarlarynyň Breslawdaky ýygnagyna gatnaşýar. Soň- ra Polşanyň serhetýaka etraplarynyň üstünden Pomeraniýa geçýär. Bu ýerden Baltika deňziniň kenarýakalaryny yzarlap Ştetine aşýar. Ondanam aňyrlygyna Brandenburga we Golşteýne tarap ýola düşýär. Noýabr aýynda ýene-de Gollandiýa dolanyp gelýär. 1622-1623-nji ýyllaryň gyşynda Parižde ýaşaýar. Ol bu wagta çenli, birinjiden-ä, ylmy özgertmegiň umumy taslamasyny düzüp ýetişipdi. Bu taslama: «Hereketiň intellektual usullarynyň garalama mysallarynyň yzygiderli- liginde» öz beýanyny tapypdy we ol öňki ýazan traktatlarynda, ýazgylarynda, ýüze çykýan so- raglaryň düşündirişlerinde we şuňa meňzeşlerde dura-bara anyklaşdyrylyp, takyklanyp belli-külli kesgitlenipdi. Ikinjiden, umumy häsiýetde ylmyň baş maksady we düýp manysy açyk kesgitlenipdi. Tebigata, dünýä düşünmegiň ýollarynda hakykaty gözlemek gerekdi. Hakykat ylmyň, bilimiň özeni hökmünde matematikanyň kanuny boýunça, has takygy, hökmany suratda geometriýanyň mysa- lynda düşündirilmelidi.
Döwürdeşleriniň biri Dekartyň öz ýatlamala- ryna salgylanyp: «Onuň 1619-1620-nji ýylyň gy- şynda tebigatyň syrlary bilen matematikanyň ka- nunlaryny deňeşdirip başlaýşy şol syrlaryň her biriniň açarlarynyň matematikanyň kanunlary- nyň kömegi arkaly açmagyň mümkindigi barada- ky netijä gelendigini görkezýär» diýip ýazypdyr.
Üçünjiden, Dekart esasy ýörelgesi eýýäm doly kesgitlenen täze «matematiki» usulyýetde ylmy özgertmegiň guralyny görýärdi. Bu pikiriň düýp manysy täze dünýägaraýşyň öňe sürýän pikirleri bilen utgaşdyrylyp tapylypdy. Ol ylhamyndan ruh- lanyp, adamzadyň akyl ýetirmek, aňmak-bilmek ukybyny öwrenmegi ösdürmek üçin jan edýär. Şeýle ylmy-barlaglary kesgitli kadalar boýunça kämilleşdirmek hökmany bolup durýardy, beýleki bir tarapdan bolsa, Dekart matematikadan has-da kämilleşýärdi. Hut şol ýyllarda konus şekilli ke- seleýin geçýän kesikler onuň ünsüni özüne çekip başlaýar. Akyl ýetirmek, öwrenmek usulyýetiniň baş kadalarynyň gutarnykly jemlenjek güni ýa- kynlaşdygysaýy, onuň barha höwesi artýar, ruhu- na ruh goşulýar. Dekart şol günüň — akyl ýetirme- giň usulyýetiniň hem-de şonuň binýadynda ylmyň baş ýörelgeleriniň ykrar ediljek pursadynyň gel- jekdigine şeksiz ynanypdyr.
1623-nji ýylyň baharynda ol Şweýsariýanyň içinden Italiýa tarap geçip gidýär. Wenesiýa aýla- nyp görensoň, Dekart 1625-nji ýylda Rimde hris- tian dininiň kethudalarynyň — Papalaryň öz girde- jilerini köpeltmek maksady bilen her ýigrimi bäş ýyldan geçirýän dabarasyna gatnaşýar. Ol täze ylmy döretmegiň ugrunda başlan işlerini dowam et- megi berk ýüregine düwüp, şol ýylyň tom- sy aýaklaberende Pariže gaýdyp gelýär. Nämäniň ony beýle çürt-kesik pikire iterendigini açyk aýt- mak kyn, ýöne Dekartyň geljegine dahylly birnäçe wakalar onuň Italiýa syýahatyndan hut şeýle ruhu- belent ýagdaýda dolanyp gelendigine şaýatlyk edýär.
Bu ýerde gürrüň, ilkinji nobatda, elbetde, onuň döwlet emeldarynyň wezipesi, şunuň bilen birlik- de-de, Fransiýada hemişelik ýaşamaga galmak teklip edilende mundan ýüz öwürmegi we hiç haçan, hiç hi- li derejedäki hökümet işinde işlemezligi niýetine dü- wenligi hakynda barýar. Ikinjiden, megerem, bu ni- ýeti onuň beýleki — hiç haçan öýlenmezlik baradaky maksady bilen baglanyşykly bolsa gerek. Ol pähimli alymyň sypaýylygyny we dilewarlygyny ulanyp, özü- ne durmuşa çykmaga höwesjeňleriň biri bolan ha- nym Roza: «Hakykatyň gözelligine deňär ýaly başga gözelligi tapmak asla mümkin däl» diýýär. Bir gezek welin, şowhunly oturylyşyklaryň birinde durmuş tej- ribesine daýanyp, ýüregindäkileri aç-açan dile getir- ýär: «Gowy aýaly, gowy kitaby we hakyky wagyzçyny tapmak — ine, dünýädäki iň kyn iş şulardyr».
Dekartyň öz şahsy durmuşynda amal edýän dört edähedi hem ýokarda aýdylanlaryň iň soňky subut- namalarydyr.
1) Aýdýan gürrüňleriňde diňe diňleýjileriň piki- rinde aýdyň göz öňüne gelýän we aýdyň ýadynda galýan, şeýle-de, hakykatdygyna hiç hili şübhe goý- maýan zatlardan ugur almak.
2) Her bir kyn meseläni döredýän soraglary aýry- aýrylykda doly çözmek üçin ony böleklere bölmek.
3) Pikirlenende iň ýönekeý hem-de aňsat düşü- nilýän soraglardan has çylşyrymlylaryny çözmäge, mälim we subut edilen meselelerden — nämälim- lerine we entek subut edilmediklerine geçmäge çalyşmak.
4) Aýdýan gürrüňleriňde pikirleriň yzygiderlili- gini saklamak üçin hiç zady ýadyňdan çykarmazly- ga üns bermek.
Dekartyň optiki (şöhläniň döwülmegi, üýtge- megi) meseleler bilen meşgullanmagynyň ilkinji yzlary onuň Ulmda ýaşan ýyllarynda ýazan «Şahsy pikirler» atly eserinde-de göze ilýär.
Şeýlelikde, 1625-nji ýylda öz usulyýeti bilen tä- ze ylmy döretmäge berk ýapyşmagy kesgitli maksat edinip, Pariže gaýdyp gelen mahaly, bu usulyýetiň esasy kadalary eýýäm doly onuň ygtyýaryndady. Indi şübhelenmeler az sanlyja ýönekeý kadalara syrygýardy. Şolaryň kömegi arkaly esasy düzgün- lerden seljerilen materiallaryň ähli baýlygyny bö- lüp aýyrmak mümkindi. Dogry, ilki şol düzgünleriň özlerini synagdan geçirmek hökmandy. Hawa, bu zerurdy, kyndy, ýöne mümkindi we diňe tejribe iň ýönekeý we üýtgemeýän zatlar barada anyk düşünje berip biljekdi.
Dekartyň bu meýlini ýakyndan gatnaşýan dost- lary, ylaýta-da, Mersenn tüýs ýürekden goldaýar- lar. Pikirdeşleri onuň daşyna ýygnanýarlar, bu to- pardan Fransiýanyň Ylymlar akademiýasy döreýär. Dekart ylhamynyň joşan wagtyndaky açyşlarynyň kadalaryny indi hakyky ylmy açyşlaryň synagyndan geçirýärdi. Alym dioptrikanyň — optikanyň ýag- tylyk şöhleleriniň ýaýramagyny öwrenýän wajyp ugurlarynyň biriniň synaglaryna başlaýar. Özem bu ylmy seljerişinde owalky umumy häsiýetde saýlap alan logiki yzygiderliliginden ugur alýar. Gürrüň bu ýerde şöhläniň döwülmek, ugruny üýtgetmek ka- nunlary hakynda gidýär. Indi ähli synagdan geçiri- len gözegçilikleri yzygiderli, dogry beýan edip we täze ymaraty gurup başlamak mümkindi.
1627-nji ýylda entek Pariždekä alym Gollandiýa göçüp gitmek hakynda çürt-kesik netijä gelipdi. Ol 1628-nji ýylda bu maksadyna ýetýär. Gollandiýada ymykly ornansoň, ol «Akyla erk etmegiň kadalary» atly traktatyny ýazmagyny dowam edýär. Eseriň adyndan görnüşi ýaly, onda iki maksat göz öňün- de tutulýar. Traktat akyla erk etmeklige we ony kä- milleşdirmeklige niýetlenendir. Bu her bir paýhasly adamyň belli bir derejede kämillige, ussatlyga ýe- tensoň, akyly kämilleşdirmek usulyndan özi üçin hakykata düşünmegiň ýoluny tapmalydygyny aň- ladýar. Şol bir wagtda-da hakykat berilmeýär, ony açmak gerek, özem ony akyl-huşy ortaçarak kişiniň peýdalanyp biljek usulynyň, serişdesiniň kömegi bi- len açmak hökman. Bu wezipäni üstünlikli çözmek üçin wajyp, düýpgöter täzeçe çemeleşmek, ýagny bizi, has takygy, akyl ýetirmäge ukyply adamlary we akyl ýetirilip bilinjek zatlaryň bize bagly bolmadyk obýektiw dünýäsini aýrybaşgalamak hökman. Tak- mynan, 1630-njy ýyldan soň, Dekart diňe kitap ýaz- mak kararyna gelýär (bir ýere gitmek-gelmek, göç- mek indi onuň üçin işden ünsüňi sowýan hem-de eliňi sowadýan bolgusyz bahanalardy). Hysyrdyly işlere güýmenýärkä ol bimahal dünýäden ötýär.
1650-nji ýylyň 11-nji fewralynda Şwesiýada bu beýik dana ýogalýar. Dekart 20 ýyl Gollandiýada ýa- şandan soň, özüne gün bermeýän sholastlaryň — orta asyryň ylma garşy göreşýän bisowatlarynyň hem-de protestant ruhanylaryň yzarlamalaryndan, ýanamalaryndan gaçyp, 1649-njy ýylyň güýzünde Şwesiýa göçüpdi. Özdiýenli hem-de ynjyk şa zenan Hristina filosofy ir säher bilen köşge söhbetdeşli- ge çagyrýar. Dekart öz iş tertibini üýtgetmäge mej- bur bolýar. Ine, şo-da akyldary betbagtçylygyň üs- tünden eltýär, gündelik endigi bozulan goja filosof ýolda sowuklaýar. Bu ýagdaý hem onuň ömür ta- napynyň üzülmegine sebäp bolýar. Dekart otagdan çykylman işlemegiň özüni kanagatlandyrmaýandy- gyny, ähli gyzyklandyrýan zatlary dünýäniň beýik kitabyndan we öz-özüňden tapmagyň mümkindigi- ni ýazyp gidipdir. Ol ömürboýy öz ýörelgesine eýe- ripdir. Hemme zatdan öňinçä, dünýäni öwrenmäge çalyşýar, şol sebäpdenem wagtyňy biderek ýitirmek diýip hasaplansoň, beýlekileriň ýazan eserlerini ju- da az okaýar. Dekart synagçy hemem öwreniji, ol durmuşa peýda getirjek zatlaryň ählisine höwes bi- len ýapyşýar. Şonuň üçin hem ol diňe filosof däl-de, eýsem, uly alymam. Dekart häzirki zaman algebra- ny we analitiki geometriýany esaslandyryjy, şeýle- de mehanikany döredijileriň biri. Dekart şöhläniň döwülmek, ugruny üýtgetmek kanunyny açyjydyr, ol fiziologiýa, psihologiýa we fizika ylymlaryny ös- dürmekde-de köp işleri bitiren alym.
Ol «Filosofiýanyň başlangyçlary» atly trakta- tynda şeýle ýazýar: «Jemi alaňda filosofiýa darag- ta meňzeýär, metafizika — onuň köki, fizika bolsa sütüni, üç sany esasy: lukmançylyk, mehanika we etika gelip birigýän galan beýleki ylymlar bolsa şol sütünden ýaýraýan şahalardyr... Miweleriň bagyň kökünden ýa-da sütüninden däl-de, diňe şahalaryň uçlaryndan ýygylyşy dek, filosofiýanyň aýratyn al- nan peýdasy hem onuň iň soňraky öwrenilýän bö- leklerine baglydyr».
Dekart amaly filosofiýany öňesürýär.Onuňkömegi arkaly oduň, suwuň, howanyň, ýyldyzlaryň, asmanyň we biziň daşymyzy gurşap alan ähli beýleki jisimle- riň güýjüni hem-de hereketlenişini çuň öwrenip, ola- ry dürli maksatlar üçin peýdalanyp, tebigatyň eýesi bolup bileris. Dekartyň amaly usulyýeti umumylyk- dan aýry-aýry böleklere geçmekden ybaratdyr we matematika onuň özeni hökmünde hyzmat edýändir. Filosof: «Ähli ylymlar matematika boýun egmelidir, ählumumy matematika diýlen beýik derejä eýe bol- malydyr, çünki ähli beýleki ylymlara matematikanyň bölekleri diýdirýän sebäpleriň hemmesi şonda jem- lenýändir» diýer eken. Bu pikir tebigata düşünmegiň matematikanyň tassyklap biljek zatlarynyň hemme- sine düşünmekdigini aňladýar.
Dekart ömürboýy ylmy bilimleri ulgamlaşdyry- lan görnüşde goýmaga çalyşýar. Bu diňe ulgamlaş- dyrmagyň özeninde şübhesiz we ygtybarly tassyk- lamanyň ýatan wagtynda mümkindir. Dekart şol tassyklamany: «Men pikirlenýänmi, diýmek, men diri» diýlen jümle bilen deň hasaplaýar. Onuň pikir ýöredişi şeýle: «Ähli zada ikirjiňlenmeli, sebäbi pi- kirlenmekden gaýry zatlaryň hemmesine şübhelen- mek mümkin. Eger meniň pikirlerim, hatda ýalňyş bolaýsa-da, barybir, olar serime gelen wagty, men oýlanýan, pikirlenýän».
Filosof meşhur, tanymal adamyň tassyklamasy- na ynanmagam dogry däldir diýip çak edýär, sebä- bi onuň nämä esaslanýandygy barada sorag ýüze çykýar. Dekarta hiç hili şübhe goýmaýan subutna- ma gerek. Ol şeýle ýazýar: «Eger-de güman etme- gi bir gyra taşlap, şübhe döredýän zatlaryň baryna ýalan diýseň, onda Hudaýam, as- manam, jisimlerem ýok diýip göz öňüne getirmek mümkin, emma şeýle pikir ýöredýänligimiz üçin bize ýok diýip bolmaz ahbetin. Sebäbi pikirlenýänlere we oýlanýanlara ýok diýmek hakykata garşy gelýär. Şu nazaryýetden seredeňde: «Men pikirlenýänmi, diýmek, men diri» diýen jümle filosofiýa taýdan iň ygtybarly delildir».
Kartezian filosofiýasynyň şunuň ýaly esasy ka- dasyndan Dekartyň mehanika baradaky düýpli ga- raýşy gelip çykýar, ýagny ynsan maşyny özboluşly, ýöne haýsydyr bir ösümligiň ýa-da duýgurlygyň ru- hundan mahrum maşyny ýatladýar.
Dekartyň hyjuwlar, höwesler, göwün galkynma- lary hakdaky taglymaty hem ynsana mehaniki taý- dan çemeleşmegiň ýüze çykmagynyň biridir. Alym olaryň ynsanyň niçiksidir bir ten islegleriniň ýag- daýyny sypatlandyrýandygyny ykrar edip, hyjuw- landyryjy duýgulara galapyn fiziologiýanyň naza- ryýetinden seredýär. Filosof ynsanyň hyjuwlaryny esasan alty topara bölýär. Olar: «Geň galmak, söýgi, ýigrenç, isleg-arzuw, şatlyk, gaýgy». Onuň düşünje- sine görä, akyl ýetirmek we düşünmek akyl-paýha- syňy ýagtylandyrýar. Ynsanyň ýalňyşlygy, nädogry pikirlenişi onuň erkiniň, isleginiň öz elindediginden gelip çykýar. Erkiniň azatlygy ynsana hakykaty real däl hasaplamagyň we ylmy logiki akyl ýetirmekligi inkär etmegiň ezeli mahsusdygyny görkezýär.
«Usulyýetler hakynda oýlanmalar» atly traktatynda Dekart hakyky, dogry düşünjäni ele almagyň ýollaryny gürrüň berýär.
Onuň filosofiýasynyň dünýä ylmyna goşan goşandygyny sözde beýan etmek asla mümkin däldir. Onuň filosofiýa ylmyna ýetiren täsiri ägirt uludyr. Filosofiýada Dekartyň başlangyçlaryny ösdürmek taglymaty we onuň dürli-dürli ugurlary karteziançylyk diýlip atlandyrylýar — bu Dekartyň Karteziý adynyň latynlaşdyrylan görnüşidir.

Igor MUSSKIÝ, rus ýazyjysy.
Terjime eden: Amangeldi GOŞAÝEW.


#"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 48 | Добавил: Gurgencli | Теги: Igor Musskiý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: