18:22
Gyş

GYŞ

Zemin gyz gelinlik lybasyn geýip,
Oýanypdyr ukusyndan ak daňlar.
Ýer bilen asmanyň nikasyn gyýyp,
Adamlar gyş bagşyň aýdymyn diňlär.

Ýaňy doglan çaga deýin ýalaňaç
Agaçlar gar arlygyna dolanar.
Ak arzuwlar bilen sanap sanawaç,
Ýatlamalar çagalygma dolanar.

Gar adam ýasapdyk ýadyňda bolsa,
Sen bezzat oň käşir burnun iýipsiň.
Men şonda öýkeläp:”Şu günden şeýläk,
Seniň bilen oýnajak däl” diýipdim.

Bu şeýle-de boldy,biz şondan soňra
Oýnamadyk ak gar ýa gizlenpeçek.
Sen ileri gitdiň,men bolsa gaýra
Çagalygam gitdi deňimden geçip.

Ýyllar soňra ajaýyp bir gyş güni,
Sen ak atly şazada deý sataşdyň.
Zemin bile toýuň lybasyn geýip,
Biz söýgide ýalyn bolup tutaşdyk.

...Her gezek gelinlik lybasyn geýnen,
Dünýä bilen ýaşlygyma dolanýan.
Gyş gelse, begenýän hem tukatlanýan
Ah,her gyşda ýene bir ýaş ulalýan.

Meñli AŞYROWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: ashyrovamengli | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 13
0
13 Raviya   [Mowzuga geç]
Bu ýerde mowzuklara like goýup bolonokmy?

0
12 Selbii   [Mowzuga geç]
))

0
11 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Biziň edebi saýtlardaky mowzuklarda eserden başga hemme zadyň gürrüňi edilýär diýip zeýrenip gezerdi öňem biri wacko

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Nebir unaşy-da içmän 2020-ni geçirdik... ysy bokurdakda galdy... ))

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýüze duruşlyk etme diyjek bolyanmy, Selbi biggrin

0
8 Selbii   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy gyş heýjany tarypa mynasyp smile

0
7 Selbii   [Mowzuga geç]
Deyyytttt yuwwaşş biggrin

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Onam Aknurdan sora, aýdar ))

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Düýn, gulagyñ şañlamadymy, Aknur "satdy" smile

0
4 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]
Hää, örän şat! Lakam ulanýanlygyñyza görä at,familýañyzy sorap bilmesem gerek smile

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Goñşy obañyzdan, Kürüždeý ))

0
2 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]
Haweran aga siz muny nirden bilýäñiz,sizem şo ýerlerdenmi?

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Garakeliñ bilbili. Goşgularyñdan köpräk paylaş smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: