00:00
Wahhabylyk näme üçin döredildi?!
WAHHABYLYK NÄME ÜÇIN DÖREDILDI?

Iñlisler wahhabylyk diýen täze bir mezhep döredip araplar bilen Osmanly imperiýasynyñ arasyny bu täze akym arkaly açmagy başardy. Hatda Türkiýede-de şuña meñzeş hereketiñ başyny başlamak islediler. Bu barada iñlis içalysy Rýan öz hökümetine ýazan habarnamasynda hem aýdyp geçipdi. "Yeniçağ" gazetiniñ işgäri Arslan Bulut “Musulman doganlar haçparazlaryñ emrinde" atly makalasynda wahhabylyk barada şu aşakdakylary belläp geçýär:

"Iñlisler täze wahhaby akymyny döredip, araplary Osmanlydan bu täze din arkaly gopardylar. Türkiýede-de hut şoña meñzeş hereketi amala aşyrmak islediler. Bu pikiri 25.12.1919-njy ýylda iñlis içalysy Rýan öz hökümetine şeýle sözler bilen mälim edipdi:

“Biz bar maksady din ýaly hereket edýän bähbitçi bir topary häkimiýet başyna getirmäge çalyşarys. Munuñ üçin panislamizme (dini fanatizme) garşy gitmediksirän bolarys. Hamala bu edil Günbatardaky milletçilik ýaly diýip göz öñüne getiriñ. Biziñ ilkinji maksadymyz olara dost ýaly görünen bolmak we soñra olara höküm etmek bolmalydyr".

Hulky Jewizoglynyñ "Basybalyjylyk we azat edijilik; 1919-njy ýyl we bu gün" (“İşgal ve Direniş; 1919 ve Bugün”) kitabynda berilen ýokarky maglumat, yslam dünýäsiniñ häzirki düşen ýagdaýyny görkezmeýärmi eýsem? Panizlamizmi ýok edip bilmejeklerine göz ýetirendikleri üçin yslam toparlarynyñ içine aralaşdylar ýa-da şeýle toparlary hut özleri döretdiler. Edil Müsürde bolşy ýaly.
ANKARA habarlar gullugynyñ aýtmagyna görä, Müsürdäki "Musulman doganlar" guramasynyñ syýasy şahasy bolan Azatlyk we Adalat Partiýasynyñ internet saýtynda “Gerek bolsa ýañadandan agdarylyşyk geçireris!" diýip çykyş edildi! Bu çykyş Hüsni Mübärege garşy aýaga galan gozgalañy "Musulman doganlaryñ" goldandygynyñ aýdyñ subutnamasy dälmi näme? Eýsem "Musulman doganlar" guramasyna bu iş üçin kim goldaw berdikä? ABŞ "Musulman doganlara" pul kömegini berdi, Türkiýe bolsa arap ýurtlaryndaky uly guramalary Stambulda 2005-nji ýylda tegelek stoluñ başyna jemläp, amerikan strategiýasynyñ bähbitlerine görä gönükdirdi. Munam az gördüler. Şol wagtky premýer-ministr R.T.Erdogany Hüsni Mübärek we M.Kaddafy bilen gyr-ýagy etdiler... Hatda Liwiýadaky oppozision toparlara Türkiýeden giden ýörite toparlar (spesnaz) harby tälim berdi... Soñra Siriýadaky amerikan tarapdary oppozision ýaragly toparlara (has dogrusy terroristlere) ýarag kömegini berdiler. Şol wagt Türkiýe Siriýadan 100 müñ adamlyk bosgun geläýmeginiñ ähtimaldygyny aýtdy. Raýat goranyşy müdirligine eýýäm 1,5 million çadyr öñünden berilip goýulypdy. Diýmek, hakykatdanam 100 müñdenem gowrak adamyñ Türkiýäniñ serhetlerine ýakynlaşmagyna garaşylýardy. Has dogrusy planlanýardy!
"New York Times" Barak Obama bilen Türkiýäniñ hökümet ýolbaşçysynyñ Seuldaky duşuşygynda siriýaly gozgalañçylara aragatnaşyk we derman-däri serişdeleri ýaly ok-ýaragdan başga zatlaryñ ugradylmagyny çaltlaşdyrmak barada ylalaşyga gelinendgini aýtdy. Gazet Seulda bolup geçen üýtgeşmeleriñ siriýaly "Musulman doganlaryñ" Stambulda metbugat duşuşygyny gurnap, Siriýa üçin dini erkinlikleri bolan "demokratik we dünýewi döwlet" gurmaga eden çagyryşlar bilen baglanyşyklydygy inkär edip bolmajak hakykatdyr.
Iñlisleriñ "Telegraph" gazetinde ABŞ-nyñ Prezidenti Obamanyñ Siriýaly oppozisionerlere medisine we aragatnaşyk serişdelerini kömek etmek baradaky kararynyñ Türkiýäniñ Siriýanyñ içinde tampon (howpsuz) sebit gurmak baradaky planlary bilen bir wagtyñ özünde amala aşyryljak bolnuşyna ünsi çekdi. Türkiye birden-birden Damaskdaky ilçihanasyny howp astynda goýdy. Damaskdaky türk ilçisi maşgalasy we tutuş işgärleriniñ şahsy düzümi bilen Türkiýä dolandy. Bu bolup geçýänler nämäniñ alamaty? Yslam dünýäsine hyzmatmy ýa haçparazlara hyzmatmy?
"11-nji sentýabr" teraktynynyñ yzysüre ABŞ-nyñ Prezidenti Jorj Buş "Haçly ýörişlere başlaýarys!" diýip Owganystany we Yragy okkupirlemedimi näme? Bu täze haçly ýöriş "Musulman doganlar" guramasynyñ üstünden "Arap bahary" ady bilem dowam etdirilmedimi näme? Hatda Türkiýäniñem özi bilmezden bu haçly ýörişe Angliýadan we Ysraýyldan soñra iñ uly goldawy berendigi ýalana çykaryp bolmajak faktdyr. Türkiýäniñ içinde ençeme ýyl bäri soguljan ýaly ornap giden nurjylaryñ, Fetoçylaryñ we hatda Ak (AKP) partiýanyñ öz içinde-de birnäçe dindar gatlaklaryñ edil iñlis içalysy Rýanyñ nygtaýşy ýaly, halkyñ öñünde dini problemalara we ýewropalylaryñ aramyza ornaşdyran bolgusyz nysaklaryna garşy göreşensirän bolup, ýagny bar maksady din ýaly görünen, hakykatda bolsa haçparazlaryñ koalizasiýasyna hyzmat edýändigi ýalanmy näme? Bu gün musulman (şol sanda türki) döwletleriñ arasyna agzalalyk salýanlaryñam, bu agzalalyga garşy çykyş edensirän bolup, halklary agzybirlige çagyransyran bolup orta çykan dini toparlaryñ ýa-da beýleki syýasy akymlaryñ arkasynda hem ýene-de şol bir gizlin eller, gizlin güýçler, ýagny amerikanlar, iñlisler, ýewreýler bardyr.

Arslan BULUT.
Категория: Publisistika | Просмотров: 121 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Arslan Bulut | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Jek, bardy... kimiñ okamaga alyp, soñam yzyna gaydyp bermändigi yadyma düşenok...

1
3 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]
Her birimiziñ hökman okamaly,bilmeli zatlarymyz bar. Paýlaşanyñyz üçin sagboluñ,Haweran aga! Şeýle düşünişmezlik döredýän meseleler baradaky makalalara,eserlere ýene garaşýas.

0
2 Perhatsabirovv   [Mowzuga geç]
Örän gowy

0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
''Hemper Syrlaryny Açýar'' kitaby barmy @Haweran, halypa!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: