23:26
Saglyk baýlykdyr!
Saglyk baýlykdyr!

Dana sargytlaryň ezeli — saglyk,
Bagtyýar durmuşyň bezegi — saglyk.
Saglygy gül ömrüň seçegi saýyp,
Ýaşamak — bu durmuş ýörelgämizdir.

Elleri ýygy ýuw, arassa sakla,
Tämizlige uýsaň, bolmarsyň hassa.
Sport ýoldaş bolsun, ruhuň arassa,
Çünki sagdyn durmuş ýörelgämizdir.

Üzärlik tütet-de, dümewden açyl,
Burçluja unaş iç, her dertden gutul.
Sportuň peýdasyn unutma asyl,
Çünki sagdyn durmuş ýörelgämizdir.

Endige öwrülip, sporty söýmek,
Ömür ak süýt bolsa, saglygyň — gaýmak,
Diýýäris: «Saglykdyr iň uly baýlyk»,
Çünki sagdyn durmuş ýörelgämizdir.

Amansoltan ALTYÝEWA,
Bereket etrabyndaky
3-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 35 | Добавил: Bayram-Aly | Теги: Amansoltan Altyýewa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Nurdan   [Mowzuga geç]
Berekella, gowja ýazypdyr

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: