22:02
Dünýäniň danalary
MEŞHUR ŞAHSYÝETLERIŇ DURMUŞYNDAN

▪DÜNÝÄNIŇ DANALARY

TOMMAZO KAMPANELLA
(1568 — 1639)


Tommazo Kampanella — italýan filosofy, şahyry, syýasatşynasy, kommunistik pikirleri esaslandyryjy hem-de dominikançy monahdyr. «Duýgulara esaslanýan filosofiýa» atly kitabynda ol B. Telezionyň tebigy filosofiýasyny goraýar. Ömrüniň 30 ýylyny türmede geçirýär, o ýerde filosofiýadan, syýasatdan, astronomiýadan, lukmançylykdan dürli eserleri şeýle hem «Gün şäheri» atly romanyny ýazypdyr. Kansonlary — orta asyrlarda Italiýada ýüze çykan liriki şygyrlary, liriki aýdymlary, madrigallary — aýal-gyzlara bagyşlanan söýgi, tarypnama mazmunly goşgulary, sonetleri döredipdir. Tommazo Kampanella 1568-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Kalabriniň Stepýano obasyn- da eneden dogulýar. Kakasy hristian dinini kabul edip, oňa Jowanni Domeniko diýen ady dakýar. Hernä oglanjygyň bagty çüw- ýär, heniz çagaka oňa okamagy we ýazmagy öwreden adam tapylýar. On dört ýaşyna ýetende ony dilewar dominikan monahyň dini wagyzlary özüne çekýär, onuň Keramatly Dominigiň mezhebiniň ylmy däpleri, katolik ruhanysy Beýik Albertiniň we Akwinaly Fomanyň dini ugurlary hakdaky gürrüňlerini diňläp keşişhana düşýär.
1582-nji ýylda Jowanni dominikan- çylaryň jemagatyna goşulýar. Ýetginjek özüne Tommazo diýen ady alýar. Ol Bib- liýany öwrenýär, Aristoteliň eserlerini grek hem-de arap dillerinde teswirlän alymlaryň eserlerini okaýar. Meşhur ital- ýan alymy we filosofy Bernardino Tele- zionyň «Maddalaryň özenine laýyklykda, olaryň tebigatyna baha bermek hakyn- daky» kitaby ýaş ýigidiň pikir dünýäsin- de düýpli öwrülişik döredýär. Tommazo bu eseri hakyky açyş hökmünde kabul edýär. Kitabyň awtory: «Tejribe hakyka- tyň subutnamasydyr» diýip tassyklaýar.
Kampanellanyň ykbalynda Ignatiý Lo- ýolanyň döreden iýezuitler toparynyň garşysyna göreşen we şan-şöhraty bilen beýleki dini jemagatlaryň öňüni örten dominikan mezhebiniň täsiri biçak ulu- dyr. Dominikanlar Tommazonyň ylma gezek gelende adatdan daşary ýiti zehi- nini we dile çeperligini öz bäsdeşleriniň garşysyna ulanmaga çalşypdyrlar. Kam- panella ylmy çekişmelere gyzygýar, on ýylyň dowamynda ähli jedellerde garşy- daşlaryndan belli-külli saýlanyp, onuň özüniňem serini göçürýän ajaýyp ýeňiş- leri bilen üstün çykmagy başarýar. Şeýle üstünlikler şol bir wagtda-da beýleki di- ni mezheblerde, ylaýta-da, iýezuitlerde oňa bahylçylyk, basdaşlyk, hatda ýigrenç duýgusyny oýarýar. Ol iýezuitleriň jema- gatyna aç-açan duşmançylygyny äşgär edipdi diýseňem boljakdy, bu topary kö- ki-damary bilen köwläp aýyrmagy ta- lap edýärdi. Sebäbi iýezuitleriň mezhebi «Injiliň arassa, päk taglymatyny ýoýýar we ony goşun serkerdeleriniň we ýurt hökümdarlarynyň eden-etdiliginiň, diý- dimzorlugynyň guralyna öwürýär».
1588-nji ýylda Kampanella okkul- tizmiň — adamda we kosmosda syrly güýjüň barlygyny ykrar edýän ylmyny düýpli bilýän we Telezionyň taglymaty- na eýeriji ýewreý alymy Awraam bilen tanyşýar. Ol ýaşajyk dostuna täleýna- malary — ýyldyzlaryň ýerleşişini görkezýän jedweli düzmegi öwred- ýär hem-de oňa adatdan daşary takdyryň we beýik gelejegiň garaşýandygyny öňünden aýdýar. Soň-soň Tommazo: «Men täze şapagyň dogandy- gyny buşlaýan jaň» diýen jümleleri jar edýär. Italýança «kampanella» jaň diýmegi aňladýar.
Martanyň «Aristoteliň galasy Ber- nardino Telezionyň ýörelgelerine gar- şy» atly kitaby köpçülige ýaýradylanda Kampanella ony ýalana çykarýan «Duý- gulara esaslanýan filosofiýany» ýazýar. Bu eseriň düýp manysy: tebigaty köne alymlaryň anygyna ýetmän çykarýan pi- kirine görä däl-de, tejribeleriň esasynda alnan netijeler boýunça düşündirmek- den ybaratdyr. Sholastiki — ylmy inkär edýän garaýşy tankytlaýan Kampanel- la tebigaty durşuna ruhlandyrýar, oňa janly göwre, keramatly güýç hökmünde seredýär. Bir delil ünsüňi özüne çekýär, Marta Telezionyň garşysyna ýazan ese- riniň üstünde ýedi ýyllap işleýär, Kam- panella bolsa bu subutnamasyz trakta- ty puja çykarmak üçin ýedi aý ýeterlik bolýar. Kitaby neşir etmek üçin ol keşiş- hanadan Neapola gaçyp gidýär. Ol bara- da: «Tommazo ynanjyny şeýtana satdy, dinden daş düşýän kitaplary ýazýar we ýaýradýar» diýlen töhmetli gürrüňleri ýaýradýarlar. Inkwizisiýa, ýagny kato- lik kilisäniň resmi dine garşy çykýanla- ry derňeýän we jezalandyrýan gurama- sy onuň yzyna düşüp ugraýar. Gurama Awraamy Neapolda tussag edýär, soňam Rimde Hudaýdan daş düşen dinsiz hök- münde oda ýakýar.
Neapolda Kampanella baý, Telezionyň ylmy garaýyşlarynyň tarapdary Tufodan hemaýat tapýar. Gijelerine onuň öýünde meşhur alymlar, lukmanlar we ýazyjy- lar ýygnanyşypdyrlar. Olar täze kitap- lary, täze pikirleri ara alyp maslahatla- şypdyrlar. Kampanella bu çekişmelerde ilkinji gezek Jordano Bruno hakyndaky gürrüňleri diňleýär, Tomas Moruň «Uto- piýasy» bilen tanyşýar.
1591-nji ýylda onuň Martany paş ed- ýän kitaby çapdan çykýar. Bu waka Te- lezionyň taglymatyna eýerijiler üçin hakyky baýramçylyga öwrülýär. Emma kilise muny başgaça garşylaýar. Pitne meýilli kitabyň awtoryny tussag ed- ýärler we dessine mezhebiň derňew hem-de jezalandyryjy gurama- synyň tribunalyna tabşyrýar- lar. Soraglaryň birinde ondan: «Özüňe öwredilmedik zatlary nireden bilýäň?» diýenlerinde ol: «Meniň gije- lerine ýakan çyralarymyň ýagy siziň ömürboýy içen meýleriňizden köpdür» diýip jogap berýär.
Ony bir ýyllap inkwizisiýanyň zynda- nynyň garaňky ýerzemininde saklaýar- lar. Diňe gepi diňlenilýän dostlarynyň gatyşmagy netijesinde, ol bu gezek ýo- wuz jezalandyrylmadan aman sypýar. Tommazo çaltrak Neapoldan garasyny saýlamagy we gelen ýerine — keşişha- na gitmegi maslahat berýärler. Ondan hökmany suratda Akwinaly Fomanyň taglymatyna boýun egmegi hem-de Te- lezionyň ylmy garaýyşlaryny tankytla- magy talap edýärler. Emma muňa gara- mazdan, Kampanella Kalabriýa gaýdyp barmaga howlukmaýar. 1592-nji ýylyň sentýabr aýynyň aýaklarynda ol Rime gelýär, soňra-da Florensiýa gidýär. Bu ýerde ýaş alymyň tanyşlarynyň iberen hatynyň esasynda ony beýik gersog Fer- dinand öz köşgünde kabul edýär. Ýöne ätiýaçlygy golundan gidermeýän hüşgär gersog Ferdinand uniwersitetde filoso- fiýadan okatmagy onuň garşydaşy Mar- ta ynanýar.
Kampanella bu ýerden Bolonýa tarap ýola düşýär, o ýerde-de eglenmän Padu- ýa gidýär. Bu şäherde syýahat wagtyn- da ogurlanan «Älem-Jahan hakyndaky» kitaby ýatda saklan görnüşinde doluly- gyna ýaňadan dikeldýär, ona golaý täze eserleri ýazýar. Şolaryň içinde Teleziony gödeksi, edepsiz tankytlaýan Kokkonyň «Filosofiýa we lukmançylyk barlaglary» atly kitabyna ýazylan jogaby hem bar. Tribunalyň gadagan edendigine gara- mazdan, Kampanella ýene-de öz mugal- lymyny goraýar. «Telezionyň waspna- masyny» ybadathananyň tarapdarlary göreşiň çagyryşy diýip kabul edýärler. Paduýanyň inkwizitorynyň buýrugy bi- len alymy ýene-de tussag astyna alýarlar. Ýanyndaky goşlaryny dökenlerinde şüb- heli bir kitaby — çägäniň ýüzünde galan şekiller boýunça wakalary öňünden kes- gitlemegiň beýanatyny tapýarlar. Dostla- ry dominikan keşişi boşatmaga synanyş- ýarlar, emma gijeki garawullar olaryň meýillerini puja çykarýar. Türmeden
gaçmak başartmansoň, Kampanellanyň gözegçiligini keramatly gulluk öz üstüne alýar. Onuň elini-aýagyny gandallaýarlar we 1594-nji ýylyň ýanwarynda Rime ug- radýarlar. Alymy tas iki ýyllap türmede saklaýarlar. Inkwizisiýada ony günäle- mäge ýeterlik subutnama ýokdy. Tribu- nal diňe 1596-njy ýylyň dekabrynda öz hökümini çykarýar. Kampanella «Hudaý- dan daş düşmekde şübhe bildirilýär» we öz ýolundan dänip, puşman etdirtmek jezasy bellenilýär.
Gyşyň aýazly säherinde sanbenito, ýagny gara don geýdirilen Tommazony keramatly Bibi Merýemiň ybadathanasy- na eltýärler we dyzyna çöküp toba etmä- ge we puşman hatyna goluny goýmaga mejbur edýärler. Rimden daşa çykmaz- lygy boýnuna goýup, ony boşadýarlar. Ädimme-ädim yzarlamagy bes etmeýär- ler, ol üstünden şugulnama ýazara ýekeje bahana tapdyrmaýar. Emma, muňa gara- mazdan, iki aý geçip-geçmänkä, ol ýe- ne-de demir gözenegiň aňyrsyna düşýär. Inkiwizisiýa üçin Neapolda haýsydyr bir jenaýatkäriň jeza berilmeziniň öň ýanyn- da Kampanellanyň dine garşy garaýyş- lary hakynda aýdanlary ýeterlik bolýar. Ýene-de derňew, ýene-de sorag üstüne sorag başlanýar. Tussag edileniň golýaz- malarynda ony günäkärlär ýaly delil göz- leýärler. Dokuz aý türmede saklansoňlar, ony ýene boşadýarlar, ýöne dogduk şähe- rine gitmek şerti bilen. Onuň keramatly gullugyň eline düşen ähli eserlerini ga- dagan edýärler.
Kampanella dört aýyny diýen ýaly Neapolda geçirýär, soňra ispan patyşa- lygynyň süteminiň astynda dady-perýat çekýän Italiýanyň içinde ondan-oňa en- teýär. Ahyrsoňunda Kalabriýa gaýdyp barýar. Halkyň gözgyny halyna, çekýän horlugyna dözmeýär, gije-gündiz ýurduň azat, garaşsyz respublika diýlip yglan edilmeginiň arzuwynda bolýar.
Stilo şäherinde Kampanellanyň ýaşa- ýan Keramatly Bibi Merýemiň adyny gö- terýän keşişhanada döwlet agdarylyşy- gyny guramagyň merkezi döredilýär. Üç ýüzden gowrak dominikanlar, awgustin- ler we fransiskanlar bu gizlin herekete goşulýarlar.
Kampanella türk harby gämileriniň birikmesiniň serkerdesi, italýan Bas- sa Çikala bilen ygtybarly aragatnaşygy ýola goýmak başardýar, ol deňiz arka- ly ispan goşunlarynyň üstüne iberiljek kömekçi güýçleriň, hatda harby hüjüm- çiler toparynyň geljek ýoluny ýapmaga söz berýär. Ýöne dönükler pitneçileri hökümete şugullaýarlar. Dildüwşüge gatnaşyjylaryň ýolbaşçylarynyň köpüsi, şolaryň arasynda Kampanella hem tus- sag edilýär. Tussaglary Neapola eltýär- ler, o ýerdenem türmelere paýlaýarlar. Pitneçileriň aglaba bölegini Kastel Nuo- wo şäherine ugradýarlar.
Kampanella ömründe hiç haçan Kastel Nuowodaky ýaly hyjuwly, joşgunly şy- gyrlaryny ýazmaýar. Ol bu ýerde ilkinji gezek poeziýanyň özünde neneňsi güýji gizleýändiginiň üstüni açýar. Kampanel- la goşgularyny dosty Dionisiýa, öz ruh- daş doganlaryna bagyşlaýar. Mertleriň gaýduwsyzlygynyň waspyny ýetirýän şygyrlar tutuş türmä ýaýraýar. Dogry, Kampanella özüniň beýik müneçjimli- gi, gurrandazlygy we tersokanlygy hak- da-da gep-gürrüňiň ýaýramagynyň ala- dasyny edýärdi. Tussaghana sakçylary nobatçylyk çekýän wagty onuň ýanyna gelýärdiler. Kampanella olara astrologi- ýa we saglyk ýagdaýy barada maslahat- lar berýärdi, öňünde nämeleriň garaş- ýandygyny aýdýardy, täleýe garamagyň syrlaryny öwredýärdi. Asmanda aýyň, ýyldyzlaryň ýerleşişini görkezýän jed- welleri düzende oňa galam-kagyz getir- ýärdiler. Sakçylaryň maşgala agzalary- nyň we özleriniň täleýine garap, olara bagtly günleriň garaşýandygyny habar berende, olar begenjinden ýaňa oňa azyk baryny berýärdiler, ownuk-uşak ýumuşlaryny bitirýärdiler.
Noýabr aýynda derňew işlerine gaýta- dan dolanyp gelýärler. Kelebiň ujy çöş- lenip, ahyrynda Kampanellanyň üstüne syrygýar. Emma Tommazo pitnä hiç hili dahylynyň ýokdugyny tekrarlamagyny dowam edýär. Ol iň zabun, wagşy ezýet- lere döz gelýär, üstüne ýüklenýän günä- leri boýun almaýar. Tommazo her jüre gynamalara çydasa-da, barybir, bu sapar oňa agyr jezadan sypma ýokdy. Ine, şon- da ol özüni däliräp, akylyndan azaşan ýa- ly edip görkezýär.
Tribunalyň agzalarynyň Kampanella- nyň telbelige salýandygyna ynanmaýan- dyklary hiç zady çözmeýärdi. Çünki, ba- rybir, oňa iň soňky sözi aýtdyrmalydy.
Sütemden essi aýylan Tom- mazony zyndana eltip taşlaýar- lar. Oňa şepagat uýasy Dianora seredýär. Halys çykgynsyz ýagdaýlar- da Dianora erkekleriň bolýan ýerine girmäge rugsat berilýärdi. Ol Tommazo kagyz-galam, syýa hem-de nahar-şam getirip berýärdi. Tribunal Tommazony başga usulda gynamak kararyna gelýär. Ony kyrk sagada golaý ýenjip surnuk- dyrýarlar. Ol essi aýylyp özünden git- se-de, ýeke gezegem ýöňkelýän günäni boýun almaýar. Kampanellanyň şonça jebir-jepalara döz gelmegi derňewiň dowam etmegine täsir edýär. Ol şübhe- lerden arassalanýar we resmi taýdan däli diýlip yglan edilýär. Ol gowulaşýan- ça höküme garaşmagy makul bilýärler. Iş uzaga çekýär.
Gynamalar onuň saglygyna ymykly zyýan ýetirýär. Ol ýerinden gymyldama- ga ýaramaýar. Ne tende, ne janda güýç galmaýar. Kampanella pikirinde baş- dan-aýak jemlän «Gün şäheri» romany- ny ýazyp ýetişmejekdigini bilýär. Birde- nem onuň tussag otagynda kakasy bilen dogany Jampýetro peýda bolýar. Arman, süňk hossarlarynyň bisowatdygy ýady- na düşende, begenji uzaga çekmeýär. Akyldar ähli agyry-yzalaryna dözüp, galama ýapyşýar. Şo pursat «Gün şähe- riniň» adyny asyrlarboýy şöhratlandyr- jakdygyny Kampanellanyň özem aňma- dyk bolsa gerek...
«Gün şäheri» Tommazo Kampanel- lanyň iň ähmiýetli eseridir. Romanyň Tomas Moruň «Utopiýasynyň» täsiri bilen döränligi şübhesizdir; «Gün şähe- ri» hem edil «Utopiýa» ýaly iki adamyň: uzak wagtlyk ýüzüşden gaýdyp gelen de- ňizçi bilen jahankeşdäniň söhbetdeşligi görnüşinde ýazylandyr. Deňizçi sapara çykan ýolagça dünýäniň daşyna aýlanyp çykyşy, şol ýüzüşinde Hindi ummanyn- da Gün şäheriniň ýerleşýän täsin adasy hakynda gürrüň berýär. Şäher dagyň ba- ýyrlygynda, ýedi aýlaw edilip gurlupdyr. Şol zolaklaryň her birinde ýaşamak üçin amatly ýaşaýyş jaýlar salnypdyr, adamlar iş bilen üpjün edilipdir, olar işden boş wagtlary ine-gana dynç alypdyrlar. Goranyş desgalary: beýik galalar, galalaryň dört tarapynda bäşburçly diňler galdyrylypdyr, seňňerler, gaçylar göz öňünde tutulypdyr.
Şäher ilatynyň baş ruhanysy Gün olaryň häkimi hasap edil- ýär. Ol ähli dünýewi we dini me- seleleri çözýär. Häkimiň üç sany kömek- çisi bar, olar: Güýç-Kuwwat, Akyl-Paýhas hem-de Yşk. Kömekçileriň birinjisi pa- rahatçylyk we uruş wagtyndaky işlere ýolbaşçylyk edýär, ikinjisi sungat, bina- gärlik, ylym we bu pudaklara degişli eda- ralara, okuw jaýlaryna jogap berýär. Yşk bolsa ýaş nesilleriň ösüp-kemala gelme- gine, olaryň okuw-terbiýesi hakynda ala- dalanýar. Ilatyň jan saglygy, däri-derman işleri, oba hojalygy tutuşlygyna üçünji kömekçiniň elinde jemlenýär. Şeýle hem azyk iýmitleridir egin-eşikler bilen hem üçünji kömekçi meşgullanýar.
Täze aý doganda we on dördi gijesi uly Geňeşiň maslahaty ýygnanýar. Ýigrimi ýaşdan geçenleriň hemmesiniň jemgy- ýetiň bähbidine dahylly ähli meseleleri- niň çözgüdine ses bermäge hukugy bo- lupdyr. Adamlar ýolbaşçylaryň nädogry hereketlerinden arz-şikaýatam edip bil- ýärler, ýa-da tersine, olaryň adalatly işle- rine hoşallyklaryny beýan edip bilipdir- ler. Hökümet, ýagny Gün, Güýç-Kuwwat, Akyl-Paýhas hem-de Yşk dördüsi her se- kiz günden bir gezek özara ýygnanyşyp- dyrlar. Beýleki ýolbaşçylary hem ýoka- ry dolandyryjylaryň dörtlügi saýlapdyr. Ýolbaşçy işgärler wezipesinden halkyň islegi boýunça boşadylypdyr. Dolandy- ryjylaryň iň ýokary dörtlügi muňa de- gişli däldir, olar özara maslahatlaşykdan soňra, diňe olaryň ýerine has akylly, has ukyply, has mynasyp adamlaryň tapylan ýagdaýynda özleri eýeleýän wezipesin- den meýletin gidipdirler.
Gün şäherinde şahsy eýeçilik ýok eken. Jemgyýet adamlaryň gyradeň ýaşamagy- ny üpjün edýär. Hemmeler deň ýaşapdyr. Adamlaryň isleýän ähli zatlary bar, hiç kimiň şahsy emlägi ýok. Gün şäherinde jemgyýetçilik emlägi onuň raýatlarynyň zähmetinden emele gelýär.
Kampanellanyň hyýaly döwletinde er- kekler hem-de aýallar deňhukuklydyr. Aýallar uruş turanda döwleti goramak üçin harby taýdan taýýarlygy geçýärler. Iş güni dört sagatdan ybarat. Kampanel- la adamyň şahsy ysnyşygyny, sulhunyň almagyny ýa-da almazlygyny hasaba al- mazdan nika gatnaşyklarynyň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagynyň ta-
rapdary. Gün şäherinde adamlar dine uýýarlar, astrologiki yrymlara, ruhuň öl- mez-ýitmezdigine ynanýarlar.
Zähmet we fiziki maşklar adamlaryň saglygyny berkidýär, görk-görmegine peýdaly täsirini ýetirýär. Gün şäherinde ýekeje-de bigörk zenan ýok, olar «hemi- şe türgenleşensoňlar bedenleri sagat, tenleri näzik hem-de enaýy, göze ýakym- ly hem-de çalasyn, o ýerde syratlylyk, çe- ýelik we ruhubelentlik gözellik hökmün- de hormatlanýar».
Şol bir wagtda-da Gün şäheri — şähda- çyk, keýpiçag, dünýewi barlygyň gulçuly- gyndan azat adamlaryň jemagaty. O şä- her el we akyl zähmetini utgaşdyrmagy, öz fiziki hem-de ruhy güýçlerini sazlaşyk- ly ösdürmegi başarýan adamlaryň birleş- mesi. Bu birleşikde zähmet adamlar üçin ýakymly, gyzykly, şan-şöhrata hem-de hormata gaplanan iş hasaplanýar.
Dostlugyna wepaly Dianora «Gün şä- heri» romanyny göçürip gutaranda Kam- panella şatlygyndan ganat bekleýär. Ol bagtyna gowuşýar, arzuwy amala aşýar.
Agyr jebri-jepalardan soňra kanun ta- rapyndan akylyndan azaşan däli hasap- lanansoň, Kampanellany suda çekmegiň düýbünden gadagandygyna garamazdan, 1603-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Kera- matly gulluk ony ömürlik tussaglyga hö- küm edýär.
Kampanella ýaşyrynlykda işlemeginiň arasyny üzmeýär. 1603-nji ýylyň başky aýlarynda «Metafizika» kitabyny tamam- laýar, onuň yzysüre-de «Astronomiýa» atly traktatyna başlaýar. Şol aralykda-da hemmeleri geň galdyran täsin bir waka ýüze çykýar. Ýygy-ýygydan oslanmaýan, garaşylmaýan wagtlarda Tommazonyň üstüne dökülip, onuň ýanyndaky goş- golamlaryny ilik-düwme barlagdan ge- çirýärdiler. Ylaýta-da, türme gözegçisi Mikel Alonzo bendiniň goşuny döküp, üstüne haýbat atmakda beýlekilerden beter göze-başa düşýärdi.
Azatlyga çykmak üçin Tommazo özü- niň syýasat we ykdysadyýet boýunça bilýän zatlarynyň ispanlara uly peýda getirip biljekdigini ynandyrmaga sy- nanyşýar. Şol maksat bilen hem ol «Ha- lasgäriň hökümdarlygy» we «Katolik patyşanyň Täze dünýä babatda hak-hu- kugy hakynda oýlanmalary» atly traktatlaryny ýazmaga girişýär. Ol wise-korola «Neopolitan korollygy- nyň girdejilerini artdyrmagyň ýollary ha- kynda üç pikir» atly traktatyny iberýär. Emma onuň geňeşdarlary alymyň tekli- bini kabul etmeýärler.
Kampanellanyň zähmetsöýerligine, gujur-gaýratyna, dogrusy, gözüň gidýär. Gysga wagtyň içinde ol «Lukmançylyk» atly traktatynyň iki kitabyny gutarýar we birmahaldan bäri hyýalynda jemläp ýören «Fizikanyň, ahlagyň we syýasatyň meseleleri» hem-de «Iň gowy döwlet barada» atly eserlerini ýazyp başlaýar.
Ýewropanyň köp ýurtlaryna Kampa- nellanyň at-owazasy ýaýraýar. Neapola gelýän daşary ýurtlular ýörite ýazylan ynanç hatlarynyň ýa-da para-peşgeşiň üsti bilen her edip-hesip edip ony gör- megiň ýoluny tapýarlar. Kampanella gysga wagtlyk duşuşyklarda filosofiýa ýa-da lukmançylyk barada giňişleýin sa- paklary bermäge ýetişýär.
Ol ähli güýjüni türme garawullaryn- dan ogrynça işlemegi dowam etmäge bagyşlaýar. Alym «Lukmançylygy» has giňeldýär we çuňlaşdyrýar, «Dialektika- ny», «Ritorikany» we «Poetikany» ýaz- ýar. Indi öz eserlerini daşary ýurtlarda çykarmagyň pikirini köp edýär.
Edil şol döwürler hem ol Galileý ha- kynda eşidýär. Oňa «Galileýiň «Oýlan- malary» hakynda üç makala» atly ese- rini bagyşlaýar. Ybadathana Kopernigiň taglymatyny «kemakyl», «patarraky», «dinden daş düşmek» diýip yglan eden wagty hem-de beýik polýak alymynyň şägirdi Galileýe onuň ylmyny ösdürmegi gadagan eden pursady Kampanella tä- ze eserini — «Galileýiň waspnamasyny» ýazýar. Filosof Bibliýanyň degişli parça- laryny ulanyp, Galileýiň ylmy garaýyşla- rynyň mukaddes ýazgylara garşy gelme- ýändigini doly subut edýär.
Aýlar aýlanyp, ýyllar geçýär. Kampa- nella bolsa türmede hesret çekip tapdan düşýär. Dosty Towiý Adaminiň ýakyn hemaýatkärliginiň netijesinde, protes- tantçylyga uýýan Germaniýada ady yk- lyma dolan ömürlik bendiniň kitaplary yzly-yzyna halkyň içine ýaýraýar. Adami dostunyň ýaşlykda ýazan golýazmasyny tapýar hem-de ony 1617-nji ýylda «Gaý- tadan dikeldilen filosofiýanyň buşlukçy- sy» ady bilen neşir edýär. Adami soňra «Herki zadyň manysy hakynda», «Galileýiň waspnamasyny», filosofyň edebi tahallusyny ulanyp, onuň goşgular ýygyndysyny, iň so- ňunda-da, ýagny 1623-nji ýylda «Haky- ky filosofiýany» çap edýär. Bu filosofiki kitabyň düzüminde ilkinji gezek «Gün şäheri» hem okyjylar köpçüligine go- wuşýar.
Tommazo Rim Papasy Pawel V, Impe- rator Rudolf II, korol Filipp III, Toska- nanyň beýik gersogyna, rim kardinalla- ryna we Awstriýanyň şazadalaryna hat ýazýar... Ol öz ýüz tutmalarynda öňki ýa- zan hem-de ýene-de ýazyp biljek kitap- larynyň atlaryny sanaýar. Haýp, onuň ykbaly hiç kimi gyzyklandyrmaýar.
Onuň köp sanly dostlarynyň ýadaw- syz aladalary, talapkärçiligi ahyrsoňy ony halas edýär. 1626-njy ýylyň 23-nji maýynda dünýä adyny tanadan tussag ýigrimi ýedi ýylyň bendiliginden soňra asmanda Günüň ýagtysyny görýär.
Emma bir aý geçmänkä Kampanella ýene-de wise-korolyň häkimligine boýun egmeýän inkwizisiýanyň penjesine düş- ýär. Tussagy Pýassa della Karitonyň ga- raňky hem-de zeýli zyndanyna taşlaýar- lar. Mundan göni otuz bäş ýyl öň edil şu hopukdyryjy ýerzeminde Kampanella- nyň ýowuz bendilik kyssasy başlanypdy.
Hernä dünýäniň ykbalyny çözýän be- ýik kişileriň — Papa Urban VIII ispan soltany bilen tersleşmegi täleýi keç fi- losofyň täzeden erkinlige çykmagyna kömek edýär. Ispanlar köp sanly mü- neçjimleriň katoliki ybadathananyň baştutanynyň basym öljekdigi hakdaky ýalan gybatlaryny daş-töwerege ýaý- radyp başlaýarlar. Gurrandazlar atýan pallarynda, hamala, ýyldyzlaryň ýerleşi- şine salgylanyp, hatda papanyň ýogaljak senesine çenli takyk görkezýärler. Was- wasa düşen Papa — Hudaýyň ýerdäki hökümdary bu myş-myşlara ynanyp, belli-külli ynjalykdan gaçýar.
Tommazo ýyldyz takdyryndan nädip gutulmalydygynyň syryny bilýändigini gybatkeşlere eşitdirýär. Myş-myş Papa- nyň gulagyna-da ýetýär. Ol şobada Kam- panellany öz huzuryna getirdýär. Filosof Papa bilen gürrüňçilikde diňe bir pal- çylaryň myş-myşyny ýalana çykarma- ga howlukman, eýsem, Papanyň üstüne abanýan howplary tassyklaýan başga-da birnäçe delilleri mysal getirýär. 1628-nji ýylyň 27-nji iýulynda Papa Ur- «Fransiýanyň syýasy zerurlyklary haban VIII tussagy boşatmagy bu- ýurýar. Alym ýene-de azatlyga çykýar. Onda-da nähili azatlyga — 50 gezekki tussaglygyň, 33 ýylyň bendiligi- niň erkinligine çykýar. Papa Urban VIII onuň aýdýan ähli görkezmelerini gy- lyny gyşartman ýerine ýetirýär, ýagny: «Otur» diýse, ojagyň öňünde dyza çök- ýär, «doga-dileg aýt» diýse mukaddes kitaplaryň dogalaryny aýdýar, filosofyň talap edişi ýaly edip, jadylaýjy keleme- leri öwran-öwran gaýtalaýar.
Elbetde, ispan palçylarynyň öňünden kesgitlän güni Papa ölmeýär. Bu waka Papanyň göni gelen ajaldan diri galma- gyna kömek eden Kampanellanyň ke- ramatynyň we ylmynyň güýjüne bolan ynamyny has-da berkidýär. Papa onuň gudratyny ykrar edýär, ýygy-ýygydan söhbetdeşlige çagyrýar. Inkwizisiýanyň elinden alan we gadagan eden golýaz- malaryny gaýtaryp berýär.
Urban VIII howandarlygyny Kampa- nella Kalambriýanyň bähbidine ulan- maga çalyşýar. Ol özüniň iň eý görýän okuwçysy Pinýatelliniň üsti bilen ýene- de gozgalaň turuzmagyň ugruna çykýar. Neapolyň we Italiýanyň beýleki şäher- leriniň tanymal adamlarynyň birnäçesi bu dildüwşügiň gözbaşynda durýarlar. Ýene-de toparyň içinden dönük tapyl- ýar. Ispanlar Pinýatellini tussag edýär- ler. Kampanella ele düşmänkä gyssagly suratda watanyndan başyny alyp gaç- makdan gaýry çäresi galmaýar. Ady- ny üýtgedýär-de, gije bir çene baranda fransuz ilçisiniň paýtunynda Italiýany ömürlik terk edýär.
1634-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Kampanella sag-aman Marsele barýar. Bu şäherde meşhur filosofy — inkwi- zisiýanyň ady rowaýata öwrülen pida- kärini gujak açyp garşylaýarlar, çünki ol Fransiýanyň birmahallardan bäri ga- nym duşmany bolan Ispaniýanyň garşy- syna hem göreşijidi.
Parižde ony Lýudowik ХIII hut özi köş- günde kabul edýär. Hökümdar duşuşyk- dan soň alymy Sent-Onore köçesindäki dominikan keşişhanasyna ýerleşdirýär we oňa döwlet tarapyndan pensiýa belleýär.
Tommazo öz golýazmalaryny çykar- mak üçin çaphanalar bilen gepleşip ug- raýar. Bu gözlegleriniň gapdalyndan
kynda pähimler» atly eserini ýazýar. On- da Ispaniýadan üstün çykmagyň birnäçe ýollaryny salgy berýär we şol tekliplerini öz hemaýatkäri Rişelýä gowşurýar. Kam- panella okamagyny we beýlekileri okat- magyny dowam etdirýär. Rişelýeniň tab- şyrygy boýunça alymlaryň ýygnaklaryna ýolbaşçylyk edýär, şolaryň binýadynda Fransiýanyň ylymlar akademiýasy dö- reýär. Ýetmiş ýaşandygyna garamazdan, filosof Dekartyň eserlerini gyzyklanyp okaýar we ony görmegiň ugruna çykýar.
1637-nji ýyl Kampanella üçin şowly ýyl bolýar: «Hakyky filosofiýa» bilen bir ki- tapda «Gün şäheri» hem neşir edilýär. Bu- lardan soňra tizara «Herki zadyň manysy hakdaky» traktaty hem çapdan çykýar.
1638-nji ýylda Lýudowik ХIII aýaly Anna Awstriýalynyň täze perzendi dün- ýä inýär. Ol Lýudowik ХIV ady bilen ta- ryhda öçmejek yz goýan şahsyýetdir: Kampanella Rişelýeniň haýyşy boýunça täze dünýä inen çagajygyň palyny atýar. Ol şa ogluna uzak wagtlyk we bagtly hö- kümdarlyk sürmegiň garaşýandygyny aýdýar. Kampanella şol bagtly höküm- darlyga bagyşlap Wergiliniň goşgulary- na öýkünip uly göwrümli «Täleýnama» atly poemany ýazýar hem-de tagtyň mi- rasdüşerine şan-şöhratyň, abadançyly- gyň ýar boljakdygynyň waspyny ýetirýär.
1639-njy ýylda böwrek agyrysynyň ýitileşmegi beýik akyldary düşege bag- laýar. Öz hasaplamalaryna görä, 1-nji iýunda Günüň tutulmalydygy, bu waka- nyň barha golaýlaşmagy ony ynjalykdan gaçyrýar. Kampanella bu hadysanyň özi üçin pajygaly gutarjakdygy üçin how- sala düşýär. Ol bu seneden öň, ýagny 1639-njy ýylyň 21-nji maýynda Pari- žiň keramatly Ýakowyň keşişhanasynda aradan çykýar.
Tommazo Kampanella edil «Gün şä- heriniň» gahrymanlary ýaly, ömrüniň iň soňky demine çenli adamlaryň öz ar- zuw-hyýalynda döreden adalatly döw- letiniň däp-dessurlary boýunça ýaşajak döwrüniň geljekdigine bolan ynamyny ýitirmedi. Toskananyň gersogy Ferdi- nand III ýazan hatynda Kampanella: «Häzirki asyr özüne ýagşylyk edýänleri jezalandyrsa-da, geljekki asyrlar biziň kimdigimize dogry baha berer» diýýär.

Igor MUSSKIÝ, rus ýazyjysy.
Terjime eden: Amangeldi GOŞAÝEW.


#"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 47 | Добавил: Gurgencli | Теги: Igor Musskiý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: