21:13
Uýgur halk nakyllary
UÝGUR HALK NAKYLLARY

Batyrlyk bilekde däl-de, ýürekdedir.
***
Mert namarda baş egmez.
***
Düýäni şemal ýyksa, geçini asmanda gör.
***
Demri demir keser.
***
Palçykdan ýasalan küýze suwdan bitin çykmaz.
***
Aýagyň gyşyklygyna bakma, ýoluň düzlügine bak.
***
Şemal bilen gelen, şemal bilenem gider.
***
Bereniňi az saý, alanyňy köp.
***
Nebsiň jylawy akylyň elinde.
***
Biri aýagyňa ýykylyp, bolsa har, Ol hem Hudaýyň bendesidir, agyrtmagyl zynhar.
***
Ýagşydan aýasaň, ýaman iýer.
***
Adam edene tagzym et.
***
Altyn çüýremez, akyl garramaz.
***
Güýç ähli zady eger, akyl — güýjem ýeňer.
***
Akyl — abraý, hünär — bagt.
***
Seredip duranyň bilen hünär öwrenip bolýan bolsa, it bireýýäm gassap bolardy.
***
Bilim — paýhasyň şamçyragydyr.
***
Nadandan dostluga garaşma.
***
Köp ýaşandan sorama, köpi görenden sora.
***
Düýe dek boýum bolandan, düwme dek aky- lym bolsun.
***
Daşyňy geýim bilen beze, içiňi — ylym bilen.
***
Ýetmiş ýaşlynyň hem ýedi ýaşlydan öwrenmesi bardyr.
***
Özüni dolandyran şähere soltan, dolandyrmadyk — oltaň.
***
Bagşy bagşyny görse, eli titräp başlar.
***
Hünäri bar gul däldir.
***
Urşuň dokuzy hile, biri — jeň.
***
Garran çagyňda bersin ylahym.
***
Güman dert goşar, umyt güýç goşar.
***
Baýlyk sende eglenmez, gallaçlyk — mende.
***
Baý gözüni ýag basar, köne köli — laý.
***
Ýalyndan tutup bilmedigiňi, guýrugyndan tutup bilmersiň.
***
Işledim Hekimbek üçin, iýenim taýak boldy, Işledim kätmen bek üçin, iýenim çörek boldy.
***
Hojaýynyň çaşy bolsa, senem gözüňi gyşardyp gürle.
***
Aýal öýde hem han, hem hyzmatkär.
***
Aýal ganaty — är, är ganaty — ýer.
***
Ýagşy aýal — äre döwlet.
***
Göze ilmedik zat, aýaga badak.
***
Nämäni pisint etmeseň, şoňa-da büdrärsiň.
***
Agzyndan bal damýar, köňlünden — zäher.
***
Dişlejek it dişini görkezmez.
***
Akar suw — halal suw.
*** Mätäje bereniň — Hudaýa bereniň.
***
Kiçilikde jepa gören, garrylykda sapa görer.
*** Ýykylany ýer göterer.
***
Işik açyk bolsa-da, sorap gir.
***
Myhmansöýer öýüň gazany guramaz.
***
Tygşytlylyk — husytlyk däldir.
***
Bar wagty aýa, ýok wagty sabyr et.
***
Aç wagtyň ulanan käsäňi, dok wagtyň taşlama.
***
Aja nan ýapdyrma, üşäne ot ýakdyrma.
***
Öküzi şahyndan tutarlar, adamy sözünde.
***
Adam ýüz ýyl ýaşar, sözi müň ýyl.
***
Ýagşy söz köňül azygy.
***
At — är kişä ganat.
***
Itiň öňüne geçme, atyň — yzyna.
***
Aýgyr gaçsa, ýylky sürüsinden gözle.
***
Akylsyz bagtly bolsa-da, torbasy deşik bolar.
***
Pelek ýanar, umyt galar.
***
Umyt ýaşadar, gam gagşadar.
*** Asmandan atlaz ýagsa-da, tumar daşlyk ýetmändir.
***
Kele darak ýetipdir.
***
Agyryly ýere daş deger.
***
Garga zyňdym, sygra degdi.

Uýgur dilinden terjime eden: M.ARAZOWA

#"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy.
Категория: Sözler | Просмотров: 31 | Добавил: Gurgencli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: