21:15
Towşan Esenowa hakynda
TOWŞAN ESENOWA HAKYNDA

Türkmen edebiýatynyñ ilkinji görnükli zenan şahyrlarynyñ biri hem Towşan Esenowadyr. Ol 1915-nji ýylyñ 10-njy Noýabrynda häzirki Ahal welaýatynyñ Kaka etrabynda Kirow adyndaky oba sowetinde garyp daýhan maşgalada dogulypdyr. Sowet soýuz döwri ol ýerlere Zakaspi oblasty diýilýärdi.
Ol ilki önüp-ösen obasyndaky mekdepde soñam Aşgabadyñ Internadyndaky mekdepde okap bilim alýar. Şondan soñ ol Pedagogik Tehnikumda okap bilim alýar. Milli teatrda işläp zähmet çekip soñra, Ikiýyllyk Pedagogik Instituty 1939-njy ýylda tamamlaýar, ''Sowet Türkmenistan'' gazetinde we ''Sowet edebiýaty'' £urnallarynyñ redaksiýalarynda işleýär.
Men Towşan Esenowanyñ ömri we döredijiligi bilen gyzyklanýarkam onuñ döreden goşgular kitaplaryny kitaphanalardan alyp okaýardym. Şonda onuñ ''Gyzyl Güller'' atly kitabyny okadym. Onuñ ''Ejem hakynda söz'' atly goşgusynda:

Emma sen miweli, barly ''daragtdyñ'',
Dört ogul, üç gyzyñ mährem enesi
Çagalar sag bolsa, sen hoş bagtdyñ,
Bizdik señ baýlygyñ, bagtyñ hemmesi.

ㅡ diýip, Towşan Esenowa maşgalada özi bilen ýedi perzendiñ bolandygyny, ejesine düzen goşgusynyñ üsti bilen açyklaýar. Kakasy ýedi çagaly maşgalasyny eklemek üçin daýhançylygy goý bolsun edip raýon merkezine baryp garawulçylyk edip, demir ýolda işläp gün-güzeran görüp maşgalasyny ekleýär. Maşgalanyň kyn güzerany şahyr Towşan Esenowany ýaşlykda bişirip-gowurýar. Ol özüniň kyn döwrany başyndan geçirendigini şeýle habar berýär: ''Meniň çagalykda görmedik keselim ýok bolsa gerek. Ol döwürde doktor, derman diýen zatlar ýatsaň-tursaň oýuňa-da gelenokdy. Biziň öýümize bagt, şatlyk Beýik Oktýabryň şöhlesi köp kynçylyklary başdan geçirip usurgap ýatan türkmen topragyny ýagtylandyrandan, ýyladanyndan soň gelipdi(1)''.
Onuñ goşgular kitaby ilkinji gezek 1928-nji ýyllarda çap edilip başlanypdyr.
T. Esenowanyň ilkinji döreden goşgulary ''Gyzlar'', ''Ekdiler'' ''Gyzlar'' we ş.m. goşgulary 1930-njy ýyllarda çapdan çykýar.
T. Esenowa 1931-nji ýyldan 1934-nji ýyla çenli Proletar ýazyjylaryñ hataryna kabul edilýär. Şondan soñ Moskwada SSSR boýunça ýaş ýazyjylaryñ kursyna okuwa girýär.
T. Esenowa 1936-njy ýylda Türkmenistanda ilkinji howa uçary lýotçik okuwyna girip okap bilim alýar. Soñra 50-nji ýyllarda ''Sowet Türkmenistany aýallary'' redaksiýasynda işleýär.
Ençeme ýyllaryñ dowamynda işläp zähmet çeken bu zenan şahyr köp zatlardan başy çykýan, hünärmen hem zehinli zenan bolandygyny ömür ýoluna degişli maglumatlardan bilse bolýar.
1942-nji ýylda ''Pälwanyň enesi'', ''Gurban Durdy'' atly şygyrlary, 1943-nji ýylda ''Fronta hat'', ''Erik agajynyň astynda'' atly goşgular ýygyndylary çapdan çykýar.
Soňra 1955-nji ýylda ''Güller'', 61-nji ýylda bolsa ''Keltebeden rowaýaty'' atly eserleri çap edilýär.
1962-nji ýylda ''Gyzyl güller'' atly eseri kitap görnüşinde okyjylara ýetirilýär.
1964-65-66-njy ýyllarda zenan şahyr Türkmenistanyñ Sowet Soýuzynyñ Edebiýat konsultantlygyna saýlanýar.
1967-nji ýylda bolaa ''Uzaklara nazar'' atly goşgular we poemalar kitaby okyjylar köpçüligine niýetlenip çykarylýar.
Zenan şahyryň 1965-nji ýylda ''Gündogara uzan gol'' we 1976-njy ýylda ''Aý dogar, älem görer'' atly oçerkler kitaplary çapdan edilipdir. Bu kitaplarda W. I. Leniniň Aşgabat şäherinde dikilen ýadygärligine bagyşlanan ýatlamalary, we döwürdeşleri bilen geçiren ýatlamalary beýan edilipdir.
Halallyga ýugrulan zähmet ýollaryny başyndan geçiren şahyra Towşan Esenowa 1987-nji ýylda dünýeden ötende öňki Zakaspiý oblastynyň Ýüzbaşy ýolunda, Garadokdaky gonamçylykda ýerlenilýär.

1. Poetessy Sowetskogo Soýuza (Ýygyndy). M., 1969, s-413-414.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 53 | Добавил: Jeksparro | Теги: Çarymuhammet Sugtyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: