21:05
Bu dünýä özüni görer özümde..
BU DÜNÝÄ ÖZÜNI GÖRER ÖZÜMDE…

Wladimir Semýonowiç Korotkewiç 1930-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Belarusuň Orşa şäherinde dogulýar. Onuň il- kinji goşgulary 1951-nji ýylda Orşanyň etrap gazetinde çap edilýär. Ol öz döredijiliginde turuwbaşdan belarus halky- nyň taryhyna we folkloryna ýüzlenýär. Ol folklory halkyň ruhy hazynasy hökmünde kabul edýär.
Öz döredijiliginde ertekilere giň orun bermegi-de, belki, şonuň üçindir.
Ol ençeme şahyrana ýygyndylaryň awtory. Olaryň arasyndan «Ene kalby», «Agşam ýelkenleri», «Meniň Iliadam» ýaly kitaplary aýratyn bellemek bolar.
Wladimir Korotkewiç okyjylara diňe bir şahyr hök- münde däl-de, kyssa eserleriniň awtory hökmünde-de ýakyndan tanyşdyr. Ol dört sany romanyň, ona golaý powestiň, otuz töweregi ajaýyp hekaýalaryň awtorydyr.
Ol XX asyr belarus edebiýatynyň iň zehinli wekilleri- niň biridir. Onuň ertekileri ýordumynyň ýitiligi, tebigy owazy bilen özüne çekse, goşgulary watançylyk duýgu- laryna, şirin pelsepä ýugrulandyr.
Wladimir Korotkewiç ýazyjy hökmünde belarus tary- hynyň giň gatlaklaryny ýüze çykaryp, halka ýakyn häsi- ýetleri döretmegi, taryhy gahrymanlaryň baý ruhy dün- ýäsini açyp görkezmegi başardy.
Ol 1984-nji ýylyň 25-nji iýulynda aradan çykdy.


GYRAW

Arbadüýbi gara degýär hütürdäp,
Gyşa çümen tokaý ýeňsede galdy...
Ol ýyldyz gözleriňe bakyp doýmaýar,
Ol gözler hiç ýerde arzysyz däldi.
Gözleň düýpyşygy keseki üçin,
Özgeler diňleýär mahmal owazyň...
Äňeden dek, edil düýpsüz girdaba
Geljegime göz dikýärin, howaýy.
Aýaňy gözüňe saýawan et-de,
Seret, sen alysa, biparh goýma-da.
Depgileýän däldir ýüregimi meniň,
Aýdymmy, gussamy atlaň toýnagy!
Gar araba myçyp, ýok, uçup barýar,
Ony gözden alýar garyň tozgasy...
Yzyndan aýdymy ýollaýan, belki,
Aňsat bolar seni ýetip-ozmasy.
Ýeter-de, öper ol gyzgyn dodakdan,
kirpiklerden hem-de sowuk gabakdan.
Tutuş seni — ömür arzyly zady, —
Meniň bilen bolmajagy tabakdaş,
Agaç şahalaryna çolaşyp galar.
Olar dil-agyzsyz hem meňzi sönük.
Şahalar başlaryn ýaýkap otyrlar,
Gyraw bilen aýak yzyňy gömüp.

ÝADYMDA

Tomsuň gurum ýaly gara gijesi,
Bölek duman ýassanypdyr meýdany...
Şemal ýaňagymy sypady geçdi,
Guşuň ganatynyň ýelgini ýaly.

Kim sen? Ýaňagymdan sypaýaň neçün?
Kimiň ahy-wahy eşidilýär çala?
Belki, arzym küýsäp ýola çykandyr,
Depesin, dabanyn basdyryp çaňa.

Ýarygijäň pessaý ösýän şemaly,
Indi eda bilen alýar demini.
Gelipdir gussadan gutarmak üçin,
ýalňyz dostun, alyp wagtyň çemini.

Bir pursat bagryma basaýyn seni,
Ýüzüňde gussa ýok, gözýaş görmedim.
Galtaşýaň. Ýumşajyk. Mähirden doly,
Saçyň ýüpek tarlary ýaly, edil.

Sen nirde? Nirde sen? Dem ber demiňden,
Bölek duman, ýere kakan teblesin.
Meger, ýalňyz duman bolup galansyň —
Gözden uçan, aýtman barjak pellesin.

Bu nämekä? Nirden gelýär bu sesler?
Gözden uçan demmi, bakydan paýly.
Şemala ellerin uzadan adam,
Dünýä diň saldy-da... dymyp oňaýdy.

«HOŞ GAL. ÖKÜNMEKLIK ZERUR DÄL INDI...»

Hoş gal. Ökünmeklik zerur däl indi,
Olar nämä derkar, yzama, haçan,
ak pataly söýgi yşyk berende.
Ýöne Aý dek, özgä ýagtysyn saçan,
Elleriň — güneşli erteki ýaly.
Näme çalşyp biler mähir ojagyn?
Mähirsiz, ýylysyz Gün nämä gerek?
Gadry ýok alawy öçen dodagyň...

«JEDELSIZ, KEM-KÖSTSÜZ ÝEKEJE SETIR...»

Jedelsiz, kem-köstsüz ýekeje setir,
Bir özi ejize synmaz galkandyr.
Şahyrlar hiç haçan ölýän däldirler,
Baky aýdymlarda baky ýalkymdyr.

Tamam etmän iň soňkuja söhbedi,
Ýer galmadyk wagty ömrüň töründe.
Edip, köpden bäri edýän işini,
Bu dünýä özüni görer özümde.

Ýanym bilen bakylyga göçürjek,
Deňizlerim, ýyldyzlarym, köller dek.
Jomart dünýä.
Meni özünde görer...

Birden... dünýä görmese,
Belarus görse-de, maňa — ýeterlik...

SERWI DEGIŞMELERI

Gaýyň ýok-la, diňe serwi:
Diken dek tilki — eserdeň
üýtgeşik ýaşyl guýrugyn —
Şäherde gorky-hedersiz.

Ýanymda — tilkijik ýaly,
Ak dişleňde gülki — uçgun.
Gülýäň, bukuldym oýnaýaň,
Çypardy seň ýedi puştuň.

Üzüm salkymynda gözüň, —
Möjegi buzda çüýreden.
Netiň — gelse ilen-çalan,
tilki — guýrugy süýrenip.

Güljek sen üstünden, kileň —
«Eý, şahlak!» — bar sesiň bilen.

Wladimir KOROTKEWIÇ.
Rus dilinden terjime eden: J. MÜLKIÝEW.


#"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 22 | Добавил: Gurgencli | Теги: Wladimir Korotkewiç | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: