20:42
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...»
Kämahal şeýle bir kör duýgy gelýä,
Mizan terezisi atyp dur hallan.
Küteklik ýitelýä,
Hyjuw kütelýä.
Gün ýaşýa kalbyňa gozgalaň salman.

Zemin abatlykmy,
Ýalançy ýazmy?
Ýagşy känmi,
Ýaman känmi—
Parhy ýok.
Ah, ozal bu dünýäň gussasy azmy?!
Bu derdiň-ä bir köpügem nyrhy ýok.

Çeken bilýä ýekeligiň hupbatyn,
Bu derdiň agramyn—göteren bilýä.
Bu dert mugt berlenok.
Alnanok satyn—
Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa.

Kämahal şeýle bir ýalňyşýa adam.
Aldanýa.
Aldaýa.
Garaz ýalňyşýa...
Şeýdip ýüz öwürýä ýakynam, ýadam,
Ýalňyzlyk labyry gerdene düşýä.

Günäň ötüldigi—
Allaň berdigi.
Ýogsa-da, ýagşydan umydyň üzýäň.
On üçünji süňňüň deýin derdiňi
Synaňda gülle deý göterip gezýäň.

Salam berilmeg-ä beýlede dursun,
Taňry salamyňam alynýa zordan.
(Ýazykly är başyndan gum sowursyn,
Şeýdip maňlaýyny saplasyn şordan.)

Kämahal şeýle bir dag gonýa egne,
Jigeriň ot alýa bialaçlyga.
Ýeke günlük ýalňyzlygyň deregne
Dözesiň ger on sekiz gün açlyga.

Bu dertden mert bolsaň, çykarsyň üstün,
Ýazygyňy boýun alsaň,
Ökünseň...
Goý, depäňden hazan ýeli öwüssin,
Ahmyr etmän,
Namartlyga çokunsaň.

Wagty ger,
Geziber içiň hümledip.
Bu derdiňi paýlaşjagam tapylar.
Şonda-da ýalňyşsaň...
Gedemlik edip,
Bu barýan iň soňky ýoluň ýapylar.

Soňra...
Çarp urarsyň, gözlärsiň höwür.
Ýitiren pursatyň tapmarsyň aňsat.
Adamlar öňküdir.
Üýtgändir döwür.
A sen düýnki güni ýörensiň aňtap.

Bu dert bir miwe däl,
Bitenok ýerde.
Ýa ýokardan ýagmyr bolup ýaganok.
Ýüzüňde şeýle bir ýukajyk perde—
Hudaý kessin,
Gizlenenňe degenok.!
Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Arzyman | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Revo   [Mowzuga geç]
"Dary ýaly sözde dag deý akyl bar," goşgy ýerine düşüpdir, awtoryna köp - köp sag bolsun...

0
1 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy! Agyrdert, ökünç,umytsyzlyk... Emm a Möwlana diýýär-ä :"Gel, toba edip,ony näçe bozan b...]>
</cmd>
<cmd p="js">
<![CDATA[
$('.captcha-question.news-com-add').prop('src', '/secure/?k=0&s=news&tm=' + Date.now() ); $('textarea[name=message]').val(''); if (document.getElementById('addcBut')) { document.getElementById('addcBut').disabled = false; } else { try { document.addform.submit.disabled = false; } catch(e) {} }
]]>
</cmd>

0
2 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Kämahal şeýle bir ýalňyşýa adam.
Aldanýa.
Aldaýa.
Garaz ýalňyşýa...
Şeýdip ýüz öwürýä ýakynam, ýadam,
Ýalňyzlyk.labyry.gerdenedüşýä.Gatygouy.ajayypgosgy.
@Arzymanyetiripdur
5azeyylyn.bagt.getrsin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: