20:47
Bigünäniň ýakylyşy / hekaýa
BIGÜNÄNIÑ ÝAKYLYŞY

Student ogul bilen gelnini Suraý eje güler ýüz bilen garşylady. Agtyjagy Myratjygy dessine bagryna basdy. Öýüň töründen derrewem sallançak gurdy. Ogludyr gelniniň yzyna gitmeli güni öňem telim gezek gaýtalan zatlaryny gaýtalady:
—Süýtden gandyr-da, ukladypjyk git, gelin jan, özüňem ynjalykly bolarsyň!
Tawus şeýle-de etdi. Hernäçe ynamly golda goýup gidýänem bolsa, sallançakda uklap galan oguljygy onuň göz öňünden ýeke salym hem gidenokdy. Gijeler gözüne uky gelenokdy. Aglap, dik oturyp geçirýän gijelerem bolýardy. Käteler hem: „Kösense-se, öz ýanymda kösensin“ diýip, düwläp galýardy. Ýene ony Seýran köşeşdirip saklaýardy: „Ejem meni ulaldypdyr ahyry, meniň oglumy hor edermi ol!“
Seýranyň sözleri, sapaklaryň kynlygy onuň ýüregini birneme düşüşdirýärdi. Şeýdip-şeýdip, Tawus soňabaka çagasynyň aýralygy bilenem öwrenişdi. Aýratyn hem, gaýynynyň: „Ogluň öwrenişdi, ýagdaýy gowy“ diýip, hat alansoň, ynjaldy.
Gaýyn gelne şeýle mazmunly hat ýazsa-da, ogla öwrenişmek aňsat düşmedi. Ene süýdüne öwrenişen çaga rezin emzigi almady. Açlygyndan birsyhly aglaýardy. Suraý daýza bolmajagyny bilip, goňşy gelne ýalbardy. Ýöne bu synanyşygam birbada başa barmady. Sebäbi bäbejik bigäne teni duýan bolarly. Kellejigini iki ýana ýaýkap, wäleýärdi. Gözjagazlaryndan ýaş damjalary syrygýardy. Suraý daýza onuň agysyny goýdurjak bolup, agtygyny uzak gün gujagyndan goýman hallanladýardy. Dyz epenokdy. Özem onuň bilen deň gözýaş dökýärdi. Çagajyk küýsän zadyny tapman, aglap, halys surnugansoň, mejalsyz halda uka giderdi. Aglamakdan ýaňa gözleriniň daşyna çiş ýöräp, dodajyklary kesmekledi. Bolsa-da, ol ukynyň arasynda zat saýgarmady. Goňşy gelin ony uklap ýatyrka emdirip gidýärdi. Ýöne häli-şindi oýanyp duran çaganyň ýanyna ylgap durmak goňşa-da aňsat düşenokdy. Aýratyn hem gijelerine bu kyndy. Şonuň üçin eýtdi-beýtdi, Suraý daýza oňa rezin emzik bilen süýt emmegi öwretdi.
Çüýşeli süýdi çaga emse-de emdi welin, soňundan ejir hem çekmeli boldy. Süýdüň çalşylmagy içagyry döretdi. Çaga ysgyn-mydardan gaçyp, halys boldy. Suraý daýza agtygy bilen keselhana ýerleşdi. „Okuwlaryna zyýan bolaýmasyn“ diýen ätiýaç bilen ogludyr gelnine habaram etmedi.
Garaz, ölümiň öýünde agtygynyň güni düzeldi. Ol ahyry enä-de öwrenişdi, çüýşeli süýde-de. Tomus kanikulyna çenli ese-boýa galdy.
Tomus kanikulynyň ilki güni Tawus hem, Seýran hem oba guş bolup ganat gerdiler. Ukladyp goýup gaýdan oguljygynyň keşbi göz öňünden birjik-de aýrylmaýan Tawusyň ýüregi üzülip barýardy. Göwnüne bolmasa, samolýot hem bütinleý hereket etmän, asmana daňlyp goýlan ýalydy.
Ahyrsoňy ogul goýlup gidilen gapa gelindi. Şol pursat Myratjyk patdyldap, ýörjen-ýörjen bolup ýörşüne, nämedir bir zatlara güýmenip, iki ýana gybyrdyklaýardy. Ojagyň başynda güýmenip ýören enesine gudurdap, düşnüksiz dilde bir zatlary gürrüň berýärdi. Eline kiçijik çöpjagazy alyp, ondan-oňa gatnaýardy. Onuň näme diýýänine düşünmese-de, Suraý daýza agtygynyň „häsini“ berýärdi. Myratjyk enesi Suraý daýza „eçje“ diýip ýüzlenýärdi.
Bir ýyla golaý wagt bäri ilkinji perzendiniň didaryna zar bolan Tawus aňyrdan gelenden goş-golamyny-da ýere oklap, Myratjyga gujak gerip topuldy. Bagryna basdy. Bokurdagy dolup duranlygy zerarly, zordan gepledi:
—Balam! Balajygym!..
Şeý diýibem, ol çaganyň ýaňaklaryndan ogşamak isledi. Gözlerinden ýaş damjalary paýrady. Ýöne Myratjyk ejesiniň teşne dodaklaryny ýaňaklaryna ýetirtmedi. Eljagazlaryny Suraý daýza tarap serip, ýüregi ýarylan dek, wäläp ugrady.
—Eçje! Eçje!—diýip, aýaklaryny däbşenekledip gygyrýardy.
Suraý daýza bialaç bolup, agtygyny öz gujagyna aldy. Enesine barandan soň çagajyk birbada sesini goýan ýaly etdi-de, gözowalaryny ýaşdan dolduryp, özi üçin ýat bolan adamlara aňkaryp seretdi. Soň bolsa kellejigini enesiniň goltugyna dykyp, ýene wälemäge başlady.
Bu bolşa Seýranyňam diýseň keýpi bozuldy. Tolgunmadan ýaňa bütin synasy bilen saňňyldap, çilim otlandy. Gaňşyrawugy tütäp, gözleriniň alny ümezläp gidýärdi.
Tawus bolsa eýýäm horkuldap aglaýardy. Ol ýol sumkasyndan iki sany delje süýji çykaryp, Myratjyga uzatdy. Özem oňa ýene ellerini serip, agyly gepledi:
—Geläý, eziz balam! Men seniň ejeň ahyry! Hopba äkideýin, gel!
Myratjyk süýjä-de imrinmedi. Tawus özüni zor bilen alar öýtdümi-nämemi, Suraý daýzanyň içine giräýjek bolup dykyljyrady. Ýene aýaklaryny däbşenekletdi.
—Goý, balam, goý, seni hiç kime bermen!—diýip, Suraý daýza agtygynyň başyny sypalap, höre-köşe etdi.
—Git...git...—diýip, Myrat agysynyň arasynda gaýtalaýardy.—Git...git!
Suraý daýza ogludyr gelnine ýüzlendi:
—Hany, baryň, öýe giräýseňiz-läň. Häzir bir gözüniň alnyndan gidiň. Sizi ýat görýä bi.
Myratjyk Seýrandyr Tawusy öýde-de goýmady. Enesi ýere goýberensoň, gapynyň agzyna geldi-de, elini içerik uzadyp:
—Git...git!—diýip wäleýärdi.

Hernäçe höre-köşe etselerem, ony diňdirip bilmediler.

—Sizi hakyt ýat görýä-dä, gyz!—diýip, Suraý daýza agtyjagynyň bolşuna hem gynanyp, hem ýylgyryp durşuna ýüregini elendirip gepledi.—Doktordyr öýdýämi-nämemi.. Doktorda köp ýatyp, ýürejigi gitdi-dä... Ýogsa-da, başyňa gyňaç oraý sen, Tawus!

—Wah, balajygym, doktora-da düşdümi?!—diýip, aglamjyrap ýörşüne Tawus gaýynenesiniň gyzyl öýmesini tapyp orandy. Ýöne şonda-da Myratjyga ýaranyp bilmedi. Ol şol bir diýenini gaýtalap wäleýärdi:

—Git...git!

—Öňem şu çaga aglama kemini goýmady—diýip, Suraý daýza gussaly gepledi.—Hany, baryň, öwrenişýänçä, goňşulara baraýsaňyz-laň!

Tawus bilen Seýran goňşulara geçmeli boldy. Goňşy gelin Ogulgözel hem Myratjygy Tawus daga öwrenişdirjek bolup synanyşdy. Ol Ogulgözeliň özüne barsa-da, ne Tawusa, ne Seýrana barýardy. Goňşularyň ýakynragyna baryp, özi üçin del myhmanlara geň nazar bilen seredip durýardy-da, derrewem joňkuldap, yzyna ylgaýardy. Enesiniň ýanyna gelip, jugurdap, şol tarapa elini uzadyp, öz düşnüksiz dilinde bir zatlar diýýärdi.

Şol gün Tawus dagy nahar-çaýy hem goňşularda edinmeli boldular. Myratjyk olary tä ýatýança öýe getirmedi. Diňe Myratjyk uka gidenden soň, olar öýe geldiler.

Tawus ogluny diňe ukudaka ogşap bildi. Onuň ýakymlyja çaga ysjagazyndan doýup bilenokdy. Hem çagasynyň özüni tanaman ejir çekişine, hem aýralyga döz gelmän, aglady oturdy.

Seýran bolsa aldygyna daşaryk çykyp, çilim kükedip gelýärdi. Zol uludan dem alýardy. Bu ýagdaýa çydamajak bolýardy. Ol hemmeler ýatandan soň hem, gynançly duýgynyň ýürege salan ejirinden ýaňa zol uludan dem alyp, oglunyň başujuna gelip, ony synlady oturdy.

Myratjyk irden oýananda, del adamlaryň öýdeligi üçin aglamady. Gaharyny gözlerinde jemläp, aňkaryp, myhmanlara ýeke-ýekeden nazar aýlady. Olaryň özüne bakyp ýylgyrýandyklaryny görende, çepiksije eljagazlary bilen ýüzüni ýapdy. Barmaklarynyň arasyndan gözlerini ýyldyradyp, myhmanlara seretdi. Seýran hem onuň hereketini gaýtalady. Şondan soň Myratjyk ýylgyrdy...

Şeýde-şeýde az-kem öwrenişip ugradylar. Her gün öz öýlerinden örüp duran myhmanlara Myratjyk soňky günler-ä aýry seredibem durmady.

Has gowy öwrenişip başlanlaryndan soň bolsa, myhmanlar aglaşyp-eňreşip, onuň ýaňaklaryndan telim ýola ogşap, ýene ýitirim boldular.

Sentýabr gelipdi...

Suraý daýza agtygyna uzak eje bolmady. Durmuş rehimsiz darady. Tawus dagy Myratjygy bu gezek öz ýanlaryna alyp gaýtmalydy...

Suraý daýzanyň ýitirilen pursadyndan Myratjygyň sesi durmady. Hernäme-de bolsa, merhumyň jaýlanan güni ony agşama çenli goňşy gelin Ogulgözellerden çykarman sakladylar. Agşamlyk, ýasa gelen millet dargaşansoň, Tawus Myratjygy öýe getirdi. Myratjyk daşky bosaga ýetenden, Tawusyň gujagyndan boşap, içerik atyldy. Aga meňzeş nala bilen hykyrdap: „Eçje kok, eçje kok“ diýip, belli bir adamyň ýüzüne seretmän, nalady-da, gybyrdyklap, ähli otaglary aýlanmaga durdy. Suraý daýzanyň sylagy üçin dargaman oturan başy başatgyçly kowum-garyndaşlaryň hersiniň ýanyna bir baryp, ýüzlerine bakyp çykdy. Özem birsyhly: „Eçje kok, eçje kok“ diýip nalaýardy.

Aýallaryň bary oňa el serdiler:

—Gel, maňa geläý, Myrat jan, eçje gelýär häzir!

Ol birbada sesini çykarmady. „Diýilýän zatlar çynmyka ýa-da ýalanmyka?“ diýýän ýaly, her kimiň ýüzüne bir nazar aýlap, gözlerini elek-çelek etdi durdy. Soň kellejigini iki ýana ýaýkap: „Ýok“ diýen yşaraty etdi.

Tawus ony gujagyna almaga synanyşdy:

—Men seniň ejeň ahyry, balam, gel, maňa geläý!

Ol Tawusa-da barmady. Ýene başyny ýaýkady. Soň hem daşaryk atylyp çykdy-da, düwdenekläp, öýüň daşyndan telim sapar aýlanyp çykdy. Ylgaýarka, boýunjygyny birgeňsi burup, başyny aşak salýardy. Ýagyrnyjygyny küýkerdýärdi. Gözleri naýynjardy.

Ol enesini hiç ýerden tapmansoň, möňňürmäge durdy:

—Eçje kok! Eçje kok!

Tawus nahar guýup getirdi. Iýdirmekçi boldy:

—Gel, iýeli, oglum!

Myratjyk nahara-da meýil etmedi. Ýene baş ýaýkady. Şol bir heňňamyny gaýtalady:

—Eçje kok! Eçje kok!

Şol wagt gapdaldan kimdir biri gepe goşuldy:

—Mammaňy iýseň, eçje gelýär, Myrat jan, iý naharyňy, bala!

Myratjyk bu sözi diýeni görmek üçin töwerege gaňrylyp seretdi. Özem, dessine çökdi-de, çemçä el uzatdy. Tawus nahary onuň agzyna tutup berdi. Myratjyk tä jamdaky naharyň bary gutarýança, howlukmaçlyk bilen, agzyna tutulan zady düwnüp-düwnüp, ötüginden ötürmäge durdy. Şonda onuň gözjagazlary tegelenip, hanasyndan çykaýjak bolýardy.

Ol naharyny iýip boldy-da, ýene ýerinden galdy. Otaglary aýlanmaga başlady:

—Eçje kok! Eçje kok!

Ony agşam ýatyrmak hem iş boldy. Tawusy bütinleý diňlänokdy.

Myratjyk goňşy gelin Ogulgözel bilen onuň çagalaryna birneme gulak asdy. „Eçje gelýä“ diýip, aldap, ony ilki goňşularda ýatyrdylar. Uklansoň, Tawus göterip alyp gaýtdy. Oýanan halaty çaga ýene wägirip, hopugyp galdy-da, goňşulara tarap düwdenekledi. „Eçje kok! Eçje kok!“ diýip, goňşularyňam ähli otaglaryny aýlanyp gördi. Tawus dagyny ýene ýat görüp, öýden kowýardy. Zol „Gidiň“ diýip aglaýardy.

Tawus perzendiniň bolşuna gynanyp, aglamak aglady. Ony özüne nädip öwrenişdirjegini bilenokdy. Okuwlaryň başlanjak güni hem golaýlaýardy. Ýene ýalan sözlemeli boldy. Myratjygy „Eçjäni gözläli“ diýip alyp gaýtdylar.

Çagajyk bu gezek diýseň ynandy. Bütin ýoluň dowamynda ýeke gezek hem aglamady. Ýitigine diýseň kanagat bilen garaşýardy. Eline näme berilse, arkaýyn iýdi. Ýöne ähli topalaň gije başlandy. Ýat öýde ol asyl-ha ýerlemedi. Aglap, zol daşaryk atyldy. „Eçjä gitjek“ diýip, gygyrýardy.

—Men seniň ejeň, balam!—diýip, Tawus ony bagryna basyp aglaýardy.—Seniň ejeň men, Myrat jan, ol bolsa seniň eneňdi. Ol ho-ol, daş ýerden maşynjyk getirmäge gitdi.

Seýranam daşyna süýjümidir, oýnawaçmydyr, tapan zadyny üýşürip, ogluny köşeşdirjek bolýardy.

—Ine, seniň ejeň—diýip, Tawusy görkezýärdi.

Her zat etselerem, bolmady. Myratjyk sesini goýarly däldi. „Eçjä gitjek, eçjä gitjek!“ diýip, gapa elini uzadyp gygyrýardy.

Gijäniň bir wagty ony daşaryk alyp çykdylar. Paýtagtyň ýagty köçelerinden ýolagçylar eýläk-beýläk ötüşip durdular. „Eçje kok“ diýip aglap duran Myratjyk birden çepiksije eljagazlaryny çarpyp, agy hem gülki gatyşykly nala bilen hykyrdamaga durdy. Ol käte hem el çarpmasyny goýup, barmajygyny uly ýola tarap uzadyp goýberýärdi.

—Eçje... Eçje!—diýip, begençli gygyrýardy. Hem öňe tarap owsun atýardy.

Tawus bilen Seýran Myratjygyň görkezýän ugruna tarap seretdiler. Ýoluň gyrasy bilen edil Suraý daýza ýaly orta boýly, gyňaçly aýal içi zatly toruny bir ol eline, bir beýleki eline geçirip, haýdap gelýärdi.

—Eçje!—diýip, Myratjyk bir Seýranyň, bir Tawusyň ýüzüne begençli bakdy-da, ýene çapak çalmaga durdy. Öňki hykyrdysy bilen kükregini dolduryp hykyrdady.

Nätanyş aýal Myratjygyň derdini duýman, özbaşyna geçip gitdi. Myratjyk onuň yzyndan gaşjagazlaryny çytyp, geň nazar bilen seretdi. Ýöne sesini çykarmady. Eginleri sallanan dek boldy. Kükrejigini dolduryp dem aldy. Aglamady hem. Diňe gözlerini tegeläp, özüniň hakyky ejesine seredýärdi.

Seýran bilen Tawus onuň bu bolşuna düşünmediler. Güýzüň çigregi iniňi tikenekledýärdi. Şeýle bolansoň, olar çagany hem alyp, öýe girdiler. Geň görmeli zat, Myratjyk ýene aglamady. Tawus düşek ýazyp, ony ýatyrdy. Çagajyk arkan düşüp ýatyşyna, düşnüksiz nazar bilen öýüň içine hem-de Tawusa seredýärdi. Onuň gözlerinde howsalamy, gorkumy, göwni galmakmy, bir üýtgeşik duýgy bardy. Çaga gözlerinde gussa mese-mälim saýgardýardy. Dodajyklaryny berk ýumup, burnuny tyssyldadyp, zol uludan dem alýardy-da, gaşjagazlaryny çytyp, özüni barha alada aldyrýardy. Tawus bilen Seýran misli, dünýäniň bar aladasyna düşünýän uly adamyň gaşynda agyr günä sebäpli hasabat berýän dek, ýüzlerini müýnli sallaşyp otyrdylar. Olar indi çaga söz gatmaga-da çekinýärdiler...

Ogulsenem Taňňyýewa
Saýlanan Eserler
Soňy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 82 | Добавил: Perhatsabirovv | Теги: Ogulsenem Taññyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: