20:48
Ýitgi
ÝITGI

Göwne göwünlik bersemem,
Gussasy aram tapanok.
Käte meni menden alýan
Päkize halam tapamok.
Güýzde baglañ goñraslygyn,
Sährañ sary begreslerin,
Geýnip,gussa batan wagty,
Geçen günleñ küýseginde
Dañlañ has kyn atan wagty,
Arzuwlarmyñ süýjiligin
Hakykatyñ ajylygy
Ýeñip, meni köseýärkä,
Ylhamymam:"Göýber" diýip
Ýüregimi gorsaýarka,
Gönenekden dünýä bakyp,
Ýaşamak kyn, düşünsene!
Meni ýene hyjuwlarmyñ
Mekanyna gowşursana!

Belki ýyllar çalyşýandyr
Hyjuwmyzy agraslyga.
Gün-günden has agras bakýar
Göýä, maña bakýan zatlar.
Käte diýýän: "Ýeri besdir
Hany birazajyk şatlan!"
Ýöne maña şatlyk berjek
Sahna,adamlar uzakda
Synan süññümi terk etmän,
Göwün kepderim duzakda.
Goşgulamdan täleýimiñ
Kysmatyny okaýarkam,
Biraz agyr bolýan eken
Özüñi öñünden görseñ -
Ýeri,Günüñ zülplerini
Her säherde örüpmişim,
Gijeler ak ýyldyzlary
Monjuk deýin dörüpmişim,
Aýyñ belent münberinde
Goşgy okap arypmyşym...
Ýöne bulañ bary, heý-de
Öñki joşguna degermi,
Agraslyklardan bogulsam,
Ýaşlyk hyjuwym gelermi?!
Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: ashyrovamengli | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
9 Selbii   [Mowzuga geç]
Meñli saýtyñ bir ýerlerinde liçka diýip bir zatlar bardy angry şo ýeri tapsam ugradaryn Hanym biggrin

0
8 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]
Sagboluñ Selbi hanym! Maña poçta adresiñi ýazyp bilermiñ?

0
7 Selbii   [Mowzuga geç]
Sährada, gülli meydanda goşgy okaýsañ, menem seni diñläýsem @Meñli hanym smile
Gowy duýgyly ýazýañ, ýöne öñkileñ yaly joşgun, hyjuw ýok goşgulañda. Pyragynyñ obadaşy, ýaz, ýene ýaz, ylhamyñ däli siller yaly fübürdäp dagdan inen ýaly paýyrdabersin. Ýene gowy gowy goşgularyña garaşyan smile

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ana, indi manysy yerine düşdi.. )

0
5 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]
Gözenek bolmaly

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Meñli, goşgularyňa pelsepewi many çaýmaga jan edýäñ. Bu gowy zat.
Ýöne "gönenek" näme? wacko

0
4 Pegas   [Mowzuga geç]
"gözenek" öýdýän, agam. Tehniki ýalňyşlykdyr.

0
2 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]

0
1 Pegas   [Mowzuga geç]
Goşgyň ady agyr eken... Onsoň goşgyny keýpimiň düz wagty okamak kararyna geldim.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: