21:03
Agaç şahasy / hekaýa
AGAÇ ŞAHASY

Apbasa tarap batly ylgap gelýän Hämid göm-gök öwsüp oturan ýeral- ma biýaralarynyň üstünden böküp geçende, olary basgylamazlyga çalyşdy. Apbas şol wagt ýeralma düýplerine gum üýşürip durdy. Hämid ekinli pelleriň onu- synyň arasyndan bir demde ylgap geçdi. Onuň Gün ýaşmazyndan öň «Apbasy göreýin» diýip gaýdyşydy. Ýeralma ekilen atyzyň töwereginde alma agaçlary ösüp otyrdy. Olaryň birine Apbasyň goňurja gö- lesi daňylgy durdy. Göle aýak sesini eşide- ninden, gulajyklaryny keýerdip, Hämide tarap kellesini öwürdi. Gözlerini mölerdip
sereden göle, garaja guýrugyny ýokary gö- terip, urunmaga başlady. Janawar daňlan agajynyň daşyndan birnäçe gezek aýlan- dy-da, ýene-de Hämide tarap möleje göz- lerini tegeläp seretdi. Apbas gölesiniň tu- ruzýan gopgunyna başyny galdyryp:
— Janawar, ýuwaşrak bolsana, köşeş... — diýip hüňürdedi.
Edil şol wagt Hämidiň sesi eşidildi. — Alla kuwwat bersin! Apbas geňirgenip:
— Senmi bu? Dilsiz-agyzsyz janawar näme üçin urunýarka diýdim-le... Asyl, se- ni görüp şeýdýändir-ow! — diýdi.
Ylgamasyny goýan Hämid ýeralma bi- ýaralarynyň daşyndan aýlanyp gelip:
— Apbas, walla, seň şu göläň üýtgäp- dir, adam garasyny görse ürkýä! — di- ýip janykdy.
Çynlakaý keşbe giren Apbas oňa garap:
— Ýok-la, Hämid, ol adamdan däl-de, senden ürkýän bolaýmasa — diýip, pert jogap berdi.
Hämid oňa golaýrak baryp:
— Näme edenmişim beýle? — diýip gatyrgandy.
Apbas gorkudan ýaňa heniz hem gu- laklaryny keýerdip duran gölä garap:
— Näme edeniňimi?! Ony bar-da, ja- nawaryň özünden soraý. Gör-bak, ol senden näme üçin ürkýäkä? — diýdi.
Hämid saçlaryny eli bilen yza darak- lady-da:
— Gardaş, dogrusy, bir gezek ispan öküzsuwarlaryna öýkünip, üstünde oturyp görjek boldum, näme bolanmyş beýle? — diýdi. Apbas ýylgyryp: — Eýsem, siziň şäheriňizde şoň ýaly oýun bamy? Sen şol oýny oýnajak bol- duňmy? Hämid, ynanaý, gargalaram üs- tüňden güldürýäň sen! — diýdi.
Hämid agaçlaryň depesine sereden- de, şahalaryň üstünde birnäçe garga ga- gyldaşyp otyrdy. Apbas:
— Eşitdiň gerek? Olar seň üstüňden gülýäler! — diýdi.
Hämidiň muňa gahary geldi. Ol gar- galary keseklemek üçin ýerden kesek alyp-almanka, olar gagyldaşyp, asmana göterildiler. Hämid içiniň ýangyjyna ke- segi olara tarap zyňyp goýberdi, emma ol howada pytrap gitdi. Apbas gülüp:
— Berekella! Eger guýrugy bolmadyk bolsa, kellesine degerdi! — diýdi.
Apbasyň bu gepine has-da gahary ge- len Hämid okdurylyp bardy-da, onuň bokurdagyndan ýapyşdy. Gülküsini he- niz tamamlamadyk Apbas boguk sesi bilen zordan dillendi:
— Goýber meni, Hämid, demim tu- tulýa...
Hämid dişlerini gyjap:
— Apbas, sen meň üstümden gülýäň- mi, hä? Üstümden gülýäňmi? — diýip mydyrdady.
Ýüzi çapady ýaly gyzaran Apbas de- mi-demine ýetmän durşuna:
— Aýryl, är kişi bolsaň gideli-de, otluk ýerde tutluşaly. Ýeralmalary basgylaýas bu ýerde — diýdi. Hämid has-da gyzyp:
— Ýok, sen ýalan sözleýäň! Sen tutlu- şyp bileňok — diýdi.
Ýene-de gülküsi tutan Apbas muny Hämide bildirmezlige çalşyp:
— Hämid, goýber diýýän, bu ýerde ýeralmalary basgylaýas, haýpym gelýä — diýdi.
Biraz pikirlenen Hämid:
— Onsoň Hämidiň janyny aljak diýse- ne — diýdi.
Hämidi yranyna göz ýetiren Apbas gyryk sesi bilen:
— Gardaş, geň-taň adam-aý sen, öz janymy beräýerin, ynanýaňmy indi? — diýdi.
Şondan soň Hämid ellerini gowşatdy. Apbas kellesini onuň goltugynyň aşa- gyndan çykardy-da, boýnuny owkalap durşuna:
— Tas boglupdym. Sen şu oba gele- niň bäri gaty ekabyrlandyň, ýadyňda bolsa, ilkinji günler döşüňe kakyp-kak- mankam ýere ýazylýadyň? — diýdi.
Hämid ulumsylyk bilen, özüni tijäp durşuna şeýle diýdi:
— Tizräk bol, ýeralmalardan daşraga çykaly. Seň bilen mazalyja tutluşasym gelýä.
Apbas töweregine ser salyp:
— Ahyrsoňy işlerimem galjag-ow, in- di Günem ýaşyp barýa — diýip ikirjiň- lendi.
Hämid sabyrsyzlyk bilen:
— Söz berdiň dälmi?! Är kişiniň sö- zi bir bolýandyr. Hökman tutluşaýmaly! Çaltrak bol-da, ýöre!
Gülmejek bolup çytraşýan Apbas: — Bor-da, ýöredik onda — diýdi. Heniz ekinden çykmankalar, Apbas badyny gowşadyp:
— Eý, naýynsap, men gaty ýadaw ahyry. Ertirden bäri işläp ýörşüm. Sen welin, tersine, uzakly gün öýde iýip- içip, uklap turansyň — diýip garşylyk görkezdi.
Ýöne Hämid, barybir, ony öňe itip: — Bahana etme-de, bol çaltrak, ýöre! — diýdi.
Apbas gaýdyp sesini çykarmady. Olar ýeralma ekilen ýerden daşlaşdylar. Bu meýdanyň otlaryny tomsuň başynda bir gezek ýatyrypdylar, ýöne ol ýene- de ösüp, bir garşa ýetipdir. Hämid bi- len Apbas ýüzbe-ýüz durup, biri-biri- niň gözlerine içgin seretdiler. Töwerekde adam-gara ýokdy. Diňe Apbasyň goňurja gölesi otlap ýördi. Kuýaş günbatardaky daglara tarap aşaklap ugrapdy. Apbas bi- len Hämid biri-biriniň daşyndan aýlanyp ugrady. Olaryň her biri hüjüm etmek üçin amatly pursat peýleýärdi.
Ikisem ýaşytdaş bolup, bir aýda dünýä inselerem, Hämidiň boýy Apbasyňkydan uzynrakdy, özem daýawrakdy. Emma Ap- basyň işiniň başyndan agdyklygy bedeni- ni taplap, işe werdiş edipdi. Olaryň ikisi hem dördünji synpda okaýardy. Hämid Tähranda okaýardy, Apbas bolsa obada. Tomus möwsüminde Hämid oba gelip, daýysynyň öýünde bolýardy. Daýysy bi- len sähra gidip, sygyr bakýardy. Bir gün ol öküz münüp öňe yňýan ispanlara meňze- jek bolup, Apbasyň goňur gölesine münüp görmegi ýüregine düwüpdi. Emma haý- wan baş bermändi. Şol günden soň göle Hämidi görenden tazygyp gaçmak bilen bolýardy. Şol gün hem Hämid Apbas bi- len hoşlaşmak üçin onuň ýanyna gelipdi. Sebäbi daýysy mekdebe adyny belletmek üçin, ertesi gün ony irden Tährana alyp gitjekdigini aýdypdy.
Hämid Apbasy mazalyja ýere pylçap, arkasyny ýere degirmek isledi. Emma Ap- bas hem aňsat boýun boljaklardan däldi. Olaryň ikisem dymýardy, käwagt biri-bi- rini itýärdiler, kämahal bolsa biri-birine berk ýapyşýardylar, ýöne ýene-de ellerini sypdyrýardylar. Olar biri-biriniň daşyn- dan telim sapar aýlanyp, iteleşip ýörüşle- rine, ahyry alma agaçlaryna golaýladylar. Goňur göle ýene-de gulaklaryny üşerdip, olara seredýärdi.
Günüň batyp barýandygyny gören Ap- basyň heniz ýeralma biýaralarynyň düý- büne gum döküp dynmandygy ýadyna düşüp, işini basymrak birýanýüzli edesi geldi. Şonuň üçin göz açyp-ýumasy salym- da özüni dürsedi-de, pişik kimin topulyp, Hämidiň aýaklaryndan jüpläp tutagada, bir demde ony ýokary galdyrdy. Hämid ýokarda iki ýana urnup durşuna Apba- syň özüni bat bilen ýere pylçap uraryn- dan öler ýaly gorkdy. Ol golaýyndaky alma agajynyň şahasyndan bialaç berk ýapyş- dy-da, şobada hem dyzlary bilen Apbasyň
döşünden itip, arkanlygyna ýere ýazdy. Emma alma agajynyň ýaşajyk şahasy Hä- midiň agramyna tap getirip bilmän, aga- ja birikýän ýerinden şatyrdap döwüldi. Hämidem Apbasyň gapdalyna güpürdäp ýykyldy. Hämidiň elinde galan şahadaky birnäçe bişmedik gök almalar hem ýere paýrap gitdi.
Olaryň ikisem gaty ýadapdy. Daljygyp, gursaklary ýarylara geldi. Hämid Apbas- dan hem beter ýadap, gara suw boldy. Olar haş-haş edip, biri-biriniň ýüzüne az salym seredişip oturdylar. Hämid demi-demine sygman:
— Döwüldi! — diýip sojady.
Apbas ýerinden turdy-da, şahany Hämi- diň elinden alyp:
— Bary seň günäň bilen boldy! — diýdi. Hämid oturan ýerinden:
— Men beýle bolar öýtmedim — diýdi. Apbas şahany ýere oklady-da, ýeralma biýaralaryna tarap ýöneldi. Hämid turup, şahany ýerden galdyrdy-da, oňa içgin göz gezdirdi. Daragtdaky şahanyň yzyny gö- rüp, ýüregi awady. Hämid daragtdyr şaha- synyň agyry-yza çekýändigine, ähli zadyň hem öz günäsi bilen bolandygyna göz ýe- tirdi. «Eger-de tutluşmak islegi küýüme gelmedik bolsa hem-de agajyň şahasyn- dan ýapyşmadyk bolsam, onda şaha hä- zir daragtda bolup, ýerden iýmitlenerdi» diýip, Hämid içini gepletdi. Onuň elindäki şahany ýere taşlasy geldi, ýöne beýtmä- ge hem dözmedi. Ol çukur gazyp, şahany «ejesiniň» ýanynda oturtmaly diýen ka- rara geldi. Hämid şahany bir gyra goýup, elleri bilen ýer gazmaga durdy, ýöne ýer gatyrak bolansoň, Hämidiň barmaklary agyryp ugrady. Ol taýak gözläp töwere- gine ser salanda, Apbasyň kölegesiniň öz üstüne düşendigini görüp galdy. Apbas ondan:
— Oturtjak bolýaňmy? — diýip sorady. Hämid Apbasyň ýüzüne soragly gözleri- ni sabyrsyzlyk bilen gezdirip: — Hawa — diýdi. Apbasyň oňa ýüregi awap: — Tur hany, men ony pil bilen gazaýyn, ýogsam eliňi agyrdarsyň — diýdi.
Hämid ýerinden turup, döwlen alma şahasyny eline aldy. Apbas pilini Hämi- diň gazan çukurynyň gyrasyna goýup, bir depimde onuň içinden ep-esli gum çykar- dy. Olar az salymdan çuňlugy birnäçe serä ýetýän çukur gazdylar. Apbas çukuryň töweregine gum atyp durşuna:
— Indi şahany getir-de oturt — diýdi. Hämid muňa monça bolup, şahany çu- kuryň içinde oturdyp, töweregine gum guýmakçy bolanda, Apbas oňa garap şeý- le diýdi:
— Ýok, bolmady.
Hämid Apbasyň ýüzüne seredip:
— Onda näme edeýin? — diýip sorady. Apbas:
— Ilki «Bismilla» bilen başlamaly — diýdi.
Hämid şahany çukuryň düýbüne sançdy, Apbas hem pili bilen çukuryň içine gum sürdi. Apbas ähli gumy şaha- nyň düýbüne guýup bolansoň, Hämide şeýle diýdi:
— Gaty gowy boldy. Indi eliňi goýber- de, suwuň öňüni aç, goý, suw içsin!
Hämid Apbasyň elindäki pili alyp, alma agajynyň golaýyndan akyp geçýän ýapja- gazyň suwuny sowdy. Suw gyssanmaçlyk bilen ýeriň ýüzünden ýüwrüp, şahanyň düýbüne ýetdi. Hämid şahanyň ýaprakla- ryny sypalap:
— Kök urarmyka? — diýip sorady. Apbas:
— Enşalla, urar — diýdi.
Hämid umyt bilen şaha seredip dur- şuna:
— Guramawersin, men gaty telek iş et- dim — diýdi.
Apbas oňa göwünlik bermek üçin:
— Boljak işe çäre ýok. Gaýgy etme! — diýdi.
Apbas pili bilen daragtyň töweregine suw sepdi-de, Hämide garap, şeýle diýdi:
— Seň ertir gidýändigiňi eşitdim, çyn- my şol?
— Hawa, seň bilen hoşlaşaýyn diýip gelşimdi.
— Meň seni göresim geler. — Meňem.
Apbas ýabyň gyrasynda oturdy-da, el- lerini suwa sokdy. Hämid ondan: — Indi Günem ýaşyp barýa. Ýeralma biýaralarynyň düýbüne gum sürjek däl- mi? — diýip sorady.
Apbas elleri bilen alma şahasynyň düýbüne suw sepip durşuna:
— Saňa gaty öwrenişipdirin — diýip, ýüregindäkini aýtdy.
— Saňa hökman hat ýazaryn. — Indiki ýyl gelýäňmi? — Hawa, gelerin. Apbas ýerinden turup: — Onda men garaşýan, alma agajymy- zyň ýapraklary göm-gök bolanda, senem gelersiň — diýdi. Hämid tolgunyp: — Bolýa, enşalla, gelerin. Senem bagy- myza oňatja ideg et, geljek ýyl bilelikde almasyny iýeris — diýdi. Apbas gülüp:
— Bolýa, soňra oňatja tutluşarys-da — diýdi.
Ýüzünde ýylgyryş peýda bolan Hämid: — Ýöne alma agajynyň ýanynda däl, başga ýere gideli, bormy? — diýdi.
— Seň halan ýeriňe gidäýeris — diýip, Apbas onuň ugrundan gopdy.
Şol wagt güýçli ýel öwsüp, agaçlaryň şahalaryny aşak egdi. Hämid Apbasa eli- ni uzatdy:
— Onda men ýöredim. Apbas ony gujaklap: — Hoş, sag bol! — diýdi. Hämid öwrülip, soňky gezek alma şa- hasyna göz aýlady-da, ýeralma ekilen ýerden arany açdy. Ikindi çagy öwsen şe- mal güýjäp ugrady. Hämid şuwwuldaşyp ses edýän daragtlaryň arasyndan çaltlyk bilen oba tarap ýüwrüp gitdi. Guşlar per- waz urup, argyn halda daglardan dola- nyp gelşine, beýik baglaryň şahalaryna gonýardylar. Gün hem äpet garry agaç- laryň aňyrsynda gizlendi. Hämid ot çog- dumlarynyň hem-de ýolda ýatan harsaň daşlaryň üstünden böküp, ylgap barşyna geljek ýyl hem oba dolanyp, Apbas bilen bilelikde işlemegi arzuw etdi.

Emir Huseýn FÄRDI, eýranly ýazyjy.
Pars dilinden terjime eden: Ýegenmämmet TAÝLYÝEW.


#"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 20 | Добавил: Gurgencli | Теги: Emir Huseýn Färdi | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: