23:45
Göýdük burun —2 / powest/

GÖÝDÜK BURIN

II

guýruk ýaly her hili hyzmatkärlerden doldy. Seýisler gaşawlaryny taşlap, çaparlar aýakda baryny edip ylgaýardylar, hyzmatkärleriň kakyp oturan halylary ýadyndan çykypdy. Derwezede edil duşman duran ýaly, hemmeler alňasap ylgaşýardylar.
Töwerekden: «Göýdük, göýdük! Göýdügi gördüňizmi?» diýen sesler eşidilýärdi. Ahyrsoňy gapynyň agzynda ýüz-gözi hyrsyz, eli äpet gamçyly köşk gözegçisi peýda boldy.
— Bärdäki goh näme? Siz näme, gersogyň heniz oýanmandygyny bileňzokmy?
Ol şeýle diýip, gamçysyny galgatdy-da, golaýynda duran seýisdir garawullaryň arkasyna çalyp goýberdi.
— Wah, jenap, siz bir göz aýlaň ahyry! Siziň ýanyňyza bir göýdük getirdik. Bular ýaly göýdügi siz şu ömrüňize gören dälsiňiz! — diýip, olar çar ýandan gygyryşdylar.
Köşk gözegçisiniň göýdüge gözi düşen badyna gülküsi tutdy, emma güläýse, bar abraýy gaçar öýdüp, zordan saklandy. Şonuň üçin ol gamçysyny galgadyp, mähelläni kowdy-da, göýdügi köşge salyp, oňa näme gerekdigini sorady. Ýöne göýdügiň aşhananyň baş gözegçisini görmek isleýändigini eşidip, muňa garşy çykdy:
— Ýalňyşýan bolaýma, gadyrdan! Sen köşk gözegçisiniň, ýagny meň ýanyma gelmek isleýänsiň?! Gersogyň köşk göýdügi bolmak isleýäň, dogrumy?
— Ýok, jenap! — diýip, Ýakow çürt-kesik jogap berdi. — Men ökde aşpez, dürli-dürli tagamlary bişirýän. Kyn görmän, meni aşhana jogap berýän baş aşpeziň ýanyna äkidäýiň-dä, belki, oňa kömegim deger.
— Goý, seň diýeniň bolsun, kiçijik adam. Ýöne sen
o diýen akylly-ha däl ekeniň. «Aşhana» diýip tutdurdyň oturdyň! Eger köşk göýdügi bolsadyň, eliňi işe urman, owadan lybaslardan egniňi bezäp, isledigiňçe iýip-içip gezibererdiň.
Seň gersogyň aşpezi bolmaga, çyndanam, höwes edýän bolsaň, nähili ussatlygyň bardygyny biz entek görübiris.
Şu sözler bilen köşk gözegçisi onuň elinden tutup, aşhanadaky baş gözegçiniň otagyna getirdi.
— Merhemetli jenap! — diýip, göýdük başyny şeýlebir aşak egdi welin, hatda onuň burny ýazylan hala degip gitdi. — Size ökde aşpez gerek dälmi?
Aşhananyň baş jogapkäri ony depesinden daba- nyna çenli synlady-da, loh-loh edip gülmäge başlady.
— Sen nädip aşpez boljak?! Sen iň bärkisi daraklygyňa galyp, kelläňi egniňden uzadaňda-da, peje ýeterin öýdüp pikir edýäňmi? Ýok, körpe, seni meň ýanyma kim ugradanam bolsa, üstüňden güljek bolupdyr.
Ol şeýle diýdi-de, loh-loh edip ýene gülüp başlady. Köşk gözegçisi bilen birlikde otagdakylaryň bary onuň gülküsine goşuldy. Emma göýdük bu zatlar üçin birjik-de howsala düşmedi.
— Gulak salyň, siz birki sany ýumurtga, azajyk un hemem ot-çöpleri maňa dözjek dälmi? Bular sizde näçe diýseň bar ahyry. Maňa haýsydyr bir tagamly nahary bişirmegi tabşyryň, gerekli önümleri-de beriň. Ine görersiňiz, ol siziň gözüňiziň alnynda taýýar bolar. Siz bolsa: «Ol bar zady etmelisi ýaly edip nahar taýýarlaýar» diýersiňiz.
Göýdügiň kiçijik gözlerini uçganakladyp, möýüň aýaklaryna çalymdaş inçejik barmaklaryny hereketlendirişini hem-de uzyn burnunyň çar tarapa aýlanyşyny görmek, diýseň-diýmeseň, geňdi.
— Bolýa, goý, seň diýeniň bolsun! — diýip, aşhana jogapkäri ahyry dillendi. — Aý, näme, synanyşyp göreli, bolmanda, gülüb-ä hezil ederis! Hany, hemmämiz aşhana baralyň.
Olar birnäçe zaldan, dälizlerden geçip, ahyry aşhana geldiler. Ol kaşaň gurlup, ondaky ähli zat oňaýly ýerleşdirilipdir. Ýigrimi pejiň aşagynda ot ýanyp durdy. Ota- gyň ortarasynda bolsa düýbi görnüp duran dury suwly çeşmejik akýardy. Ol şol bir wagtyň özünde balykla- ra howdan hem bolýardy. Mermerden, gymmatbaha agaçdan edilen yşgaplarda eliň aşagynda bolaýmaly her jüre zerur enjamlar özlerini güjeňleýärdi. Aşhana- nyň iki tarapynda bolsa gündogardyr günbatar ýurtla- ryndan getirilen seýrek tapdyrýan, dürli tagamly zatlar saklanýan on sany däliz uzap gidýärdi. Aşhana hyzmat- kärleri pitidir çemçelerini şakyrdadyp, hysyrdanyp ýördi. Ýöne aşhananyň baş jogapkäri aşhanada peýda bolan dessine, olaryň hemmesi sessiz-üýnsüz bir hata- ra düzüldiler. Otagda diňe ojakdaky oduň güwwüldisi hem-de suwuň lakyrdysy eşidilýärdi.
— Gersog bu gün ertirlige näme nahar buýurdy? — diýip, aşhana jogapkäri ertirlik naharlaryna seredýän aşpezden sorady.
— Onuň alyhezretleri daniýalylaryň çorbasy- ny hem-de gyzyl gamburg kürtügini taýýarlamagy tabşyrdy.
— Bolýa — diýip, aşhana jogapkäri sözüni do- wam etdi. — Gersogyň näme buýranyny eşitdiňmi? Sen bu çorbany taýýarlap bilerin öýdýäňmi? Bu ýe- ňil-ýelpaý iş däl. Kürtüge gezek gelende bolsa, sen haýsy tarapa ýatsaňam, ony bişirip bilmersiň, bu eý- ýäm biziň öz syrymyz.
— Ondan aňsat zat ýok! — diýip, göýdük dillen- di. Ol öň belka bolanda, bu nahary ýygy-ýygydan taýýarlaýardy. — Bu asla kyn däl ahyry. Çorba üçin maňa şu gökleri, ýakymly ysly otlary, ýekegapanyň ýagyny hem-de ýumurtga beriň. Kürtük barada aý- danymda bolsa... — diýip, ol diňe aşhana jogapkäri hem-de aşpeze eşidiler ýaly pyşyrdady — maňa ony taýýarlamak üçin etiň dört görnüşi, azajyk çakyr, ördek ýagy, zenjebil hem-de «aşgazan» diýlip atlan- dyrylýan gök otjagaz gerek.
— Walla, çynym, sen öň bir ja- dygöýiň şägirdi bolansyň! — diýip, aşpez haýranlar galdy. — Ol hem- me gerek zatlary bolşy ýaly aýtdy, aşgazan otjagazy barada bolsa ony biziň özümizem bilem- zok. Kürtükleriň öňkülerden hem tagamly boljak- dygyna hiç hili şübhe ýok, sen ýöne aşpez däl-de, duranja bir ussat! Aşhananyň baş jogapkäri: — Gulaklaryňa ynanar ýaly däl! Ýeri bolýa, hany başarnygyny görkezsin bakaly! Oňa gerek-ýarak zat- larynyň hemmesini getirip beriň! Goý, ol ertirlik taýýarlasyn — diýdi.
Onuň aýdyşy ýaly hem edildi. Pejiň üstünde ertirlik taýýarlanýardy. Bir seretsek, göýdük burny bilen oňa zordan ýetýärdi. Şonuň üçin hem pejiň ýanyna iki sa- ny hyzmatkär goýuldy. Kiçijik adam öz başarnygyny görkezip biler ýaly bolsa, mermerden tagta söýediler.
Daş-töwerek aşpezlerden, aşhana hyzmatkär- lerinden doldy. Ähli zat onuň eline gelşip durdy. Çuslugyna, çalasynlygyna hemmeler haýran gal- ýardy. Nahar taýýarlamak işleri gutaranda, ol na- harlaryň ikisini hem otda goýup, tä özi aýyr diý- ýänçä gaýnatmalydygyny buýurdy. Soňra sanap başlady: bir, iki, üç... bäş ýüze ýetende bolsa: «Aý- ryň!» diýip gygyrdy.
Gazanlar şobada otdan düşürildi. Göýdük taýýar- lan naharyny dadyrmak üçin jogapkäri çagyrdy.
Baş aşpez hyzmatkäre altyn çemçäni getirmegi buýurdy. Ony ýuwup, aşhananyň baş jogapkärine uzatdy. Ol agraslyk bilen naharyň ýanyna gelip, çem- çe bilen çorbadan susup aldy-da, dadyp gördi. Soňra bolsa gözlerini ýumup, hatda dilinem şapbyldadyp goýberdi.
— Baý-baý, muň tagamlydygyny! Gersogyň sagly- gyndan ant içýän, söz bilen beýan eder ýaly däl! Je- nap köşk gözegçisi, dadyp göresiňiz gelenokmy?
Ol eglip çemçäni aldy-da, dadyp gördi. Ol hem mu- nuň datlydygyna aňk boldy:
— Ýok, jenap aşpez, siz, elbetde, işiňize ussat, ýö- ne, barybir, kürtükli çorbany göýdügiň taýýarlaýşy ýaly taýýarlap bileňzok!
Aşpez hem dadyp gördi-de, göýdügiň elini gysyp: — Hawa, körpe, sen işiňe ussat! Şu aşgazan otja- gazy hem ähli zada özboluşly tagam berýä — diýdi.
Şol pursat aşhana gersogyň hyzmatkäri gelip, onuň ertirlik edinmek isleýändigini habar berdi. Ha- ýal etmän naharlar kümüş gaplara guýlup, gersoga äkidildi. Aşhananyň baş jogapkäri bolsa göýdügiň elinden tutup, ony öz otagyna alyp gitdi-de, onuň bi- len gürleşip oturdy. Köp wagt geçip-geçmänkä ger- sogyň wekili gelip, aşhananyň baş jogapkärini ça- gyrýandygyny aýtdy.
Ol şobada lybasyny geýip, wekiliň yzyna düşdi. Gersogyň keýpi kökdi: ol kümüş gaplarda berlen ta- gamlaryň hemmesini iýipdir. Aşhana jogapkäri gi- rende bolsa, ol agzyny süpürip otyrdy. Gersog:
— Maňa gulak as, jogapkär. Men seň aşpezleriň- den hemişe-de hoşal, ýöne meň şu günki ertirligimi kim taýýarlady? Ata-babalarymyň tagtyna geçelim bäri men hiç haçan bular ýaly tagamly nahary iýip görmändim. Aýt hany, oňa birnäçe gyzyl onluk berer ýaly, ol aşpeziň ady näme? — diýdi.
— Jenabym, muň taryhy üýtgeşik! — diýip, aşha- nanyň baş jogapkäri jogap berdi. Soňra bolsa ir bilen onuň ýanyna aşpezlik etmäge höwesjeň bir göýdügi getirendiklerini gürrüň berdi.
Muňa haýran galan gersog ol göýdügi çagyrmakla- ryny buýurdy-da, onuň kimdigini, niredendigini sora- dy. Emma biçäre Ýakow özüniň jadylanandygyny, öň bolsa belka bolandygyny aýdyp bilmedi. Her niçik-de bolsa, ol hakykatdan daş düşmedi, özüniň ejesiniňem, kakasynyňam ýokdugyny, biş-düş işlerini bolsa bir gar- ry kempirden öwrenendigini aýtdy. Gersog mundan artyk sorag edibem durmady, onuň hemme zatdan be- ter täze aşpeziň täsin sypaty ünsüni çekýärdi. Gersog:
— Meň ýanymda gal! Her ýyl elli sany gyzyl onluk, baýramçylyk lybasyny, oň üstüne-de, iki jübüt jalbar bereýin. Deregine bolsa günde maňa ertirlik taýýarlar- syň, günortanlyk naharynyň taýýarlanyşyna esewan bolarsyň, umuman,aşhana gözegçilik edersiň.Köşgüm- de her kimiň aýratyn lakamy bolany üçin, saňa mundan beýläk «Burun» diýip ýüzleniler hem-deaşhananyň kiçi gözegçisi wezipesini ýerine ýetirersiň — diýdi.
Göýdük burun gersoga minnetdarlyk bildirip, oňa ak ýürekden hyzmat etjekdigine söz berdi. Şeýle- likde, Ýakow ol ýerde işe durdy. Işlerine hötde gel- megi aňryýany bilen başarýardy, ondan gowy etmek mümkin hem däldi.
Ol öz kärinde meşhurlyk gazandy. Aşpezleriň kö- püsi aşhana gözegçisinden göýdügiň nahar taýýar- laýşyny görmek üçin rugsat soraýardylar, käbir baý adamlar bolsa gersogdan ygtyýar alyp, öz hyzmat- kärlerini onuň ýanyna nahar taýýarlamagy öwren- mekleri üçin ugradýardylar. Bu göýdüge az gazanç getirmeýärdi. Beýleki aşpezlerde göriplik döremez ýaly, göýdük burun özüne tölenýän puly aşpezler bi- len paýlaşýardy.
Göýdük burun iki ýyla golaý hormat-sylagda ýaşa- dy, emma wagtal-wagtal ene-atasy baradaky pikirler ony gama batyrýardy. Onuň durmuşy, ine, şu waka- dan öň asuda aýlanyp durdy.
Ýeri gelende, göýdük burnuň zat satyn almakda şowly söwda edýändigini hem bellemek gerek. Şo- nuň üçinem ol boş wagt tapynsa, bazara özi gidip, aw etini hem-de gök otlary satyn alýardy. Ine, bir gü- nem ir bilen ol guşlaryň satylýan hataryna baryp, se- mizje ördekleri gözläp başlady, sebäbi gersog olary örän halaýardy.
Ol hatarlara telim ýola aýlanyp, önümleri synlap çykdy.
Birdenem setirleriň biriniň soňunda ördek satýan aýala gözi düşdi. Onuň beýleki satyjylardan tapawudy — alyjylary çagyrman, sessizje otyrdy.
Göýdük onuň ýanyna gelip, ördeklerini çekip, se- redip başlady.
Olaryň etini-ýagyny ýeterlik görüp, üçüsini kapa- sasy bilen satyn aldy-da, ýaýbaň eginlerinden asyp, öýüne tarap ýöneldi. Emma ýolda barýarka, ol bir zada haýran galdy; ördekleriň diňe ikisi hakyky ör- dekler ýaly gagyldap gygyrýardy, üçünji ördek mäki- ýany ýuwaşja oturyp, edil adam ýaly uludan demini alýardy.
«Mundan basymjak nahar taýýarlamaly» diýip, göýdük içini gepletdi. Ýöne ördek birden gaty sesi bilen dillendi-de:
— Eger meni heläk etmek isleýän bolsaň, men se- ni dişlärin. Eger boýnumy sograýsaň, senem meň bi- len bile ýere girersiň — diýdi.
Geň galmakdan ýaňa aňk bolan göýdük burun ka- pasany ýerde goýdy, emma ördek welin öňküsi ýaly özüniň naşyja, agras gözleri bilen oňa seredip, gussa çekýärdi.
— Ine, saňa gerek bolsa gudrat! — diýip, göýdük burun çasly gürledi. — Ördek adam dilinde gepleýä. Beýle zadam boljak oguşýa! Hany-hany, köşeş, seň ýaly seýrek guşy heläk eder ýaly, men beýle bir za- lymam däl. Ýöne seň guş däldigiňe jedelem ederin. Menem birwagtlar ejizje belkadym ahyry.
— Sen mamla — diýip, ördejik jogap berdi. Me- nem bu sypatda dogulmandym. Beýik Wetterbokuň gyzy Mimi gersogyň aşhanasynda heläk bolar diýip kim pikir eder?!
— Arkaýyn bol, mähriban Mimi! — diýip, göý- dük ony köşeşdirdi. — Namysymdan ant içýän, sa- ňa ýamanlyk eden bolmaz. Men seni öz otagyma goýbererin, saňa iým bererin. Boş wagtlarymyz söhbet ederis. Amatly pursat dörän badyna bolsa men seni azatlyga goýbererin. Beýleki aşpezlere seni gersog üçin üýtgeşik otlar bilen iýmitlendir- ýändigimi aýdaryn.
Ördejik gözlerini balkyldadyp, oňa minnet- darlyk bildirdi. Göýdük beren sözünde durdy. Ol beýleki iki ördegi gazana oklady. Mimini bolsa gersog üçin ýörite iýmitlendirýän bahanasy bilen, aýratyn otagda ýerleşdirdi. Ýöne ony adaty ördek iými bilen naharlaman, oňa kökedir süýji, onuň iýäýjek naharlaryny getirip berýärdi. Işlerinden sypynyp bildigi, onuň ýanyna baryp gürleşýärdi, oňa duýgudaşlyk bildirýärdi.
Olaryň hersi öz başyndan geçirenlerini bir-biri- ne gürrüň bererdiler. Şeýlelikde, Burun ördejigiň öň Şotland adasynda ýaşaýan Wetterbok jadygöýiň gyzydygyny bildi. Wetterbok hilegärlik edip özüni ýeňen garry jadygöý bilen tersleşýär. Ol bolsa onuň gyzyny ördejige öwürýär. Göýdük burun bolsa öz ba- şyndan geçirenlerini aýdanda, Mimi oňa şeýle diýdi:
— Meň hem bu işlerden biraz başym çykýa. Ka- kam öz başarýan käbir zatlaryny maňa hem-de doganlaryma öwredipdi. Siziň gök önümli sebetleriň ýanyndaky jedeliňiz, şol gök oty ysganyňda, birden üýtgemegiň, kempiriň aýdan sözle- riniň ýadyňda galmagy, seň jadyň şol gök otlar bilen baglydygyny görkezýär. Eger sen jadygöýiň şol wagt taýýar- lap beren otuny gözläp tapsaň, öz betnyşan keşbiňden azat bolarsyň. Elbetde, bularyň bary göýdük üçin başa barma- jak teselli sözleri ýaly eşidildi. Adyny bilmeýän otu- ňy nireden, nädip tapjak?! Ol Mimä minnetdarlyk bildirdi, onuň kalbynda azajyk hem bolsa, ýagşy umyt döräpdi.
Mundan soň köp wagt geçmänkä, gersogyň goňşy knýazlyklaryň birinde ýaşaýan dosty myhmançyly- ga geldi. Gersog şu mesele bilen göýdügi ýanyna ça- gyryp, şeýle diýdi:
— Seň işiňe ussatdygyňy subut etmeli wagtyň hem geldi. Bize myhmançylyga gelen knýaz menden soň tagam taýýarlamakda birinji adam, aşhanasy dünýäde ilkinjileriň hatarynda durýar. Goý, ol meň saçagyma haýran galsyn. Ol köşgümdekä, bir taýýar- lan naharyňy ikinji gezek gaýtalamajak bol.
Gerek-ýarak näme zadyň bolsa, hazyna gözegçim- den talap edip bilersiň. Muň üçin altynlarym, göw- herlerim gerek bolaýanda-da, hiç zady gysganma- ly dälsiň. Myhmanymyň ýanynda ýüzüm gyzaryp, masgara bolanymdan, garyp galmaga taýýar. Göýdük:
— Islegleriňiz ýerine ýetiriler, hökümdar! Hemme zat göwnünden turar ýaly, myhmanyňyza elimden gelen hyzmaty ederin — diýip jogap berdi.
Kiçijik aşpeze indi öz ussatlygyny birkemsiz gör- kezmäge mümkinçilik döredi. Ol öz hökümdarynyň hazynasyny gysganmady, özüni hem aýaman, uzak- ly gününi ojagyň öňünde, buguň içinde geçirdi. Ul- lakan aşhanada bolsa ähli aşpezlere buýruk berýän sesi üznüksiz ýaňlandy durdy.
Gelen knýaz iki hepde gersoglarda myhman bol- dy. Daşyndan göräýmäge, özüni örän oňat duýýardy. Günde-günaşa diýen ýaly myhman bilen hökümdar saçak başynda oturýardy. Gersog bolsa göýdügiň us- satlygyndan diýseň hoşaldy. On bäşinji gün diýlende, gersog göýdügi ýanyna çagyryp, myhmany bilen ta- nyşdyrdy hem-de ondan öz aşpeziniň hyzmatlaryny neneň görendigini sorady. Myhman göýdüge ýüzle- nip, şeýle diýdi:
— Seň aşpezligiňe söz ýok. Saçagy dürli-dümen tagamlardan nähili bezemelidigini bilýäň. Meň şu ýerde bolan mahalym, sen ýeke gezegem bir naha- ry ikinji sapar gaýtalamadyň, taýýarlan tagamlaryň hemmesi ýerine düşüpdir. Emma maňa bir zady aýt, sen näme üçin şu wagta çenli saçaga ähli tagamlaryň naýbaşysy bolan paştet-sýuzereni äbermediň?
Göýdük aljyrady: ol hiç haçan bular ýaly paştet barada eşitmändi, emma muny bildirmezlige salyp, şeýle jogap berdi:
— Wah, hökümdar, siz entek bizde köp wagtlyk galarsyňyz diýip pikir etdim. Ine, şoň üçinem bu nahary men soňa süýşürdim. Bärden gitmeziňizden öň, tagamlaryň dat- lysy bolan paştetden gowy size nä- me hödür edip bilerin?!
— Görsene muny! — diýip, Gersog ýylgyrdy. — Sen maňa-da hiç haçan bu paşteti taýýarlap ber- mändiň ahyry. Aý, ýok, gadyrdan, hoşlaşyk günor- tanlyk nahary üçin başga bir zatlar oýlap taparsyň. Paştetden bolsa ertirlik taýýarla-da, saçaga äber.
— Siziň aýdanyňyz bolar, hökümdarym! — di- ýip, göýdük çykyp gitdi. Onuň bar keýpi gaçdy. Ba- şyna biabraýlygyň hem-de betbagtçylygyň gelenini duýdy. Ol bu paştetiň nähili taýýarlanýandygyndan düýbünden habarsyzdy. Otagyna bardy-da, boljak wakalary göz öňünden geçirip, aglamaga başlady. Ýöne otagda iki ýana gezmeläp ýören Mimi onuň aglamagynyň sebäbini sorady.
— Gam çekme — diýip, ördejik ony köşeşdirdi. — Bu nahar ýygy-ýygydan kakamyň saçagyna äbe- rilýärdi. Çen bilen oňa näme zatlaryň gerekdigini men bilýän.
Ony al, muny al, şeýleräk mukdarda al, belki, edil bular ýaly hem däldir, ýöne o jenaplar aň hem edip durmaz diýip umyt edýän.
Bu sözleri eşidip, göýdük tarsa ýerinden turdy. Ördejigi satyn alan gününe alkyş aýdyp, ertirki güne taýýarlanyp başlady.
Ilki bilen, ol paşteti dadymlyk taýýarlap gördi. Ony jüpüne düşdi hasaplady. Soňra aşhananyň baş jogapkärine dadyryp gördi. Ol bolsa, adatdakylar ýa- ly, onuň ussatlygyny öwüp, arşa çykardy.
Ertesi gün ol paşteti bolmalysy ýaly taýýarlap, güller bilen bezedi-de, gyzgyny bilen gersogyň saça- gyna ugratdy.
Özi bolsa iň owadan baýramçylyk lybasyny geýip, naharhana ugrady.
Hyzmatkärleriň biri paşteti kesip, kümüş gap- larda gersoga hem-de myhmana hödür edip duran wagty ol gapydan girdi. Gersog bir bölegi kesip ag- zyna saldy-da, başyny dik tutup:
— Naharyň naýbaşysy paştet diýilýäni ýöne ýere däl eken! Meň göýdügim ähli aşpezlerden ökdedir, dogry gerek, gadyrdan dostum?
Myhman birbada jogap bermedi. Ol pikirlenip oturyşyna, birnäçe lukmany agzyna saldy-da, syrly ýylgyrdy.
— Bişirilişi-hä ýaman däl — diýip, ahyry öňün- däki tabagy süýşürip jogap berdi. — Emma şonda- da, bu paştet-sýuzeren däl-dä. Men şeýle bolaram öýtdüm-le.
Gersogyň jany ýanmakdan ýaňa gaşy çytyldy, hat- da utanjyndan ýaňa gyzardam.
— Ah, sen, it ogly, aşpez! Öz hökümdaryňy masga- ra etmäge neneň het etdiň? Taýýarlan bolgusyz za- dyň üçin saňa iň uly jeza bermeli.
— Hökümdar, haýyş edýän, gaharlanmaň, men bu nahary bolmalysy ýaly, başardygymdan taýýarla-
dym. Onda gerek hemme zatlar bar — diýip, göýdük gorkujygyndan titräp durşuna jogap berdi.
— Ýalan sözleýäň, deýýus! — diýip, Gersog aýagy bilen ony itip goýberdi. — Myhman ýöne ýere muň bir zady kem diýen däldir. Men seň özüňden paştet taýýarlamagy buýraryn.
— Rehim ediň! — diýip, göýdük ýalbardy. — Siziň diýýän tagamyňyz bolar ýaly, paştete nämäniň ýet- meýänini aýdyň. Bir däne un ýa bir bölejik etiň kem- ter geleni üçin meni jezalandyrmaň.
— Gadyrdan Burun, muň saňa üýtgeşik bir köme- gi degesi ýok — diýip, myhman kinaýaly ýylgyrdy. — Edil düýnüň özünde seň bu paşteti meň aşpezim ýa- ly taýýarlap bilmejekdigiňi bilýädim. Bilip goý, muňa ýurduňyzda hiç kimiň bilmeýän «asgyrma-oty» ýe- tenok. Bu ot bolmasa-da, paştet-sýuzeren bolanok. Şonuň üçin hökümdaryň hiç haçan oň hakyky taga- myny duýup bilmez.
Bu sözlerden soň, Gersog gahar-gazaba mündi. Ol: — Öz täjimden ant içýän; ýa-ha ertir men size isle- ýän paştetiňizi hödür ederin ýa-da şu göýdügiň kel- lesi köşgüň derwezesini bezär. Owarra bol! Ýigrimi dört sagat puryja berýän — diýdi.
Umytdan düşen göýdük ýene öz otagyna gelip, özüniň keç ykbalyndan ördejige zeýrenip başlady. Ol şu çaka çenli beýle ot barada hiç haçan eşidip görmändi.
— Eger şuň bilen iş bitýän bolsa, men saňa kö- mek edip bilerin, sebäbi kakam maňa ähli otlary ta- namagy öwredipdi. Belki, başga wagt sen ölümden gutulyp bilmersiň, emma bagtymyza, bu ot Aý do- ganda gülleýär, häzirem edil aýyň başy. Aýt hany, şu golaý-goltumda garry kaştan agajy barmy? — diýip, Mimi sorady.
— Hawa, bar — diýip, göýdügiň ýüregi aram tap- dy. — Köşkden iki ýüz ädim uzaklykdaky kölüň tö- wereklerinde şu agaçdan kän zat ýok. Ýöne näme üçin kaştan agajy?
— Sebäbi bu ot diňe garry kaştan agajynyň düýbünde gülleýär! Eglenmeli däl. Derrew gerek zadyňy gözlemäge gideli. Meni eliňe al, köşkden çykanymyzda bolsa, gözlemäge kömek eder ýaly ýere goýber.
Göýdük ördejigiň aýdyşy ýaly edip, onuň bilen bi- le köşgüň derwezesine tarap ugrady, emma garawul oňa ýaragyny çenäp:
— Gadyrdan Burun, seň işleriň şowuna däl eken. Seni köşkden çykarmak berk gadagan edildi.
— Maňa baga çykmagam bolanokmy? Bir ýagşy- lyk et, öz ýoldaşlaryň birini köşk gözegçisiniň ýany- na ugrat-da, bagdan gerek otlarymy almak üçin, me- ni goýbermeklerini sora.
Garawul soransoň, rugsat berildi. Bagyň töwe- regine beýik diwar aýlanany üçin ondan gaçmak mümkin däldi. Göýdük burun giňişlige çykyp, ör- dejigi emaý bilen ýere düşürdi. Ol kaştanlaryň ös- ýän kölüne tarap ylgady. Özi bolsa aljyrap, onuň yzyndan barýardy. Bu onuň iň soňky ýeke-täk umy- dydy! Eger Mimi ol oty tapmasa, kellämi alanlaryn- dan şu köle özümi oklanym gowy diýen netijä gel- di. Mimi jan edýärdi, emma ot tapdyryberenokdy. Ol ähli kaştanlary barlady, çüňki bilen ýaňy ösüp gelýän otjagazlara çenli agdar-düňder etdi, ýöne netije bolmady.
Gorkudan hem-de gynançdan ýaňa ol hatda otu- ryp agladam, sebäbi agşam düşüp gelýärdi, garaňky- da bolsa otlary tapawutlandyrmak aňsat däldi. Birden göýdügiň gözi kölüň o kenaryna düşdi. Ol: — Seret, hanha, kölüň aňyrsynda ýene-de bir ulla- kan garry kaştan ösüp otyr. Ýör, o ýerdenem gözläp göreli. Belki, meň bagtyma, şo ýerde gülläp oturan- dyr! — diýip, begenjinden çasly gygyrdy.
Ördejik pasyrdap, öňden uçup gitdi, göýdük bolsa kiçijik aýaklarynyň ýetdiginden, onuň yzy bilen yl- gap ugrady. Kaştan agajy saýa salyp otyrdy, garaňky- lyk zerarly töwerekde hiç zady saýgaryp bolanokdy. Birden ördejik saklandy-da, begenjinden ganatlary- ny pasyrdadyp başlady. Soň bolsa haýdap başyny ot- laryň arasyna sokdy-da, bir zatlar ýolup, çüňki bilen gözleriniň görýän zadyna aňk bolup oturan göýdüge getirip berdi.
— Ynha, seň otuň! Bu ýerde olar örän kän eken, ýetmän durmaz.
Göýdük pikire çümüp, ol ota seredip durdy: ondan birhili, üýtgeşik ys gelýärdi. Bu ys onuň göýdüge öw- rülişini biygtyýar ýadyna saldy. Ösümligiň baldajygy hem-de ýapraklary gögümtil mawydy, ortarasynda bolsa sary gaýmaly çym gyzyl gül bardy.
— Gör, nähili bagt! Meň bagtym getirdi! Bu me- ni ejiz göýdüge öwren şol ot bolmaly. Edil şu wagtyň özünde ony ysgap, öz hakyky keşbime öwrülsem nä- derkä? Ördejik:
— Biraz sabyr et! — diýdi. — Otdan bir bogdak alyp, otaga baraly. O ýerde sen öz süýşürip goýan pullaryňy alarsyň, onsoň bu otuň güýjüni synap göreli.
Olar şeýle hem etdiler. Göýdügiň ýüregi garaş- makdan ýaňa has çalt urýardy.
Ýygnap ýetişen on bäş-on alty sany altynyny alyp, köýneklerini bolsa biri-birine düwüşdirdi-de:
— Ahyrsoňy men bu agyr ýükden azat bolaryn! — diýip, ol oty burnuna eltip, ysgap başlady. Bir- den onuň endam-jany şatyrdap çekilip ugrady: di- kelip başlanyny duýdy, kellesi bolsa eginlerinden ýygnanýardy. Ol gözüniň gytagy bilen burnuna seredip durşuna, onuň gitdigiçe kiçelýänini gör- di. Arkasy hem-de döşi gönelýärdi, aýaklary bolsa uzaýardy.
Mimi haýran galyp oňa seredýärdi.
— Gör, sen nähili syrdam, görmegeý ekeniň! Indi seň öňki betnyşanlygyňdan nam-nyşan galmady.
Begenjinden uçaýjak bolýan Ýakow öz halasgäri Mimini hem ýadyndan çykarmady, sebäbi ol köp zat babatda oňa borçludy. Ol, ilkinji nobatda, ene-atasy-

nyň ýanyna barmaga howlukdy, ýö- ne minnetdarlyk duýgusy onuň bu isleginiň öňüni aldy.
— Gutulanym üçin men diňe saňa min- netdar. Eger sen bolmadyk bolsaň, men bu otja- gazy tapmazdym hem-de ömürlik göýdük bolup ga- lardym ýa-da jelladyň elinde jan bererdim. Menem saňa kömek etmek üçin elimden gelenini gaýgyrma- ryn. Seni kakaň ýanyna äkideýin, ol tejribeli jadygöý ahyry, seni bu jadydan açar.
Mimi begençden ýaňa göz ýaşlaryny döküp, onuň bu teklibini kabul etdi.
Ýakowa ördejik bilen bile köşkden çykmak ba- şartdy. Soňra olar deňziň kenaryna baryp, Miminiň ýurduna tarap ýola düşdüler.
Biz olaryň syýahaty barada, ýagny onuň Wetter- bokuň öz gyzyny jadydan azat edip, Ýakowy sylag- serpaýlap goýberişi hakynda, Ýakowyň öz ýurduna gelşi, ene-atasynyň öz ogullaryny tanap, oňa gujak gerişleri barada jikme-jik durup geçmeris. Ýöne bir zady welin, sözümiziň üstüne goşmaly borus. Ol ger- sogyň köşgünden ýitirim bolanyndan soň, o ýerde uly başagaýlyk turýar.
Ertesi gün gersogyň öňüne paştet gelmänsoň, ol öz sözünde durmagy ýüregine düwüp: «Göýdügiň kellesini almaly» diýip höküm berýär, ýöne ony hiç ýerden tapmaýarlar.
Knýaz bolsa: «Özüniň iň gowy aşpezini ýitirme- jek bolup, gersogyň özi ony gaçyryp goýberdi hem- de sözünde durmady» diýip, gyjalat berip başlaýar. Şu zerarly iki ýurduň arasynda taryhda «Ot söweşi» adyny alan dowamly söweşler başlanýar.
Iki tarap hem birnäçe gezek söweş edenden soň, «Paştet» adyny alan parahatçylyk yglan edil- ýär. Bu ylalaşygyň hormatyna guralan baýram- çylykda bolsa, knýazyň aşpezi paştet-sýuzereni taýýarlap, saçaga äberýär, gersog bolsa oňa gowy baha berýär.
SOŇY

Wilgelm GAUF, nemes ýazyjysy
Rus dilinden terjime eden: Mähek GARAJAÝEWA


#"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy.

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 41 | Добавил: Gurgencli | Теги: Wilgelm Gauf | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 hoşowaz   [Mowzuga geç]
"göýdük býorn" diýip okapdyryn

0
1 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Soňy smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: