23:41
Watan küýsegi

WATAN KÜÝSEGI

Kelläň daşy içi deýin bulaşyk...
Aýralygyň nä kemi bar ölümden?!
Bir setir gaçanok kagyz üstüne,
Galam gaçýa sandyraýan eliňden.
Agşam dokuzdan soň, ir dokuzdan öň
Ençe million ýaşaýjyly şäherde
Ýekeje adam ýok jaň eder ýaly...
Nirde galdyň garyp mekan –
Bäherden?
Senem indi üýtgedipsiň adyňy,
Saňa täze at berlipdir – Baharly.
Ýylan köp süýrendi ýurduň teninde,
Iki dili bir-birinden zäherli.
Öňler tozap ýatan oba hasaplap,
Seni terk etmegi arzuw ederdik.
Bu gün samsyk başy elde göterip,
Saňa tarap dähedemlep giderdik!
Bäri goýberenok. Aňry alanok --
Iki jahan owarrasy boldukmy?
Eltjek bolup gara başy ak güne,
Ar-namysy budumyza çaldykmy?
Bärde aslyşýan ýok «gitme-dä» diýip,
Aňyrda «gel» diýip gujak açýan ýok.
Bärde «gün ýaşdy» diýp aglaýan gyt
däl,
«Daň atdy» diýp begenýänler
görnenok.
Oňa derek ýat asmanyň astynda
Gara gybat ak baýdak deý parlaýa.
Aziýada demin yzyndan alan
Ýewropada ýolbars bolup arlaýa!
Partiýa, gurama, jemgyýet, topar...
Dört alaşa bäş aýlawda çapylýa!
Sen «Haýwanlar partiýasyn» döredäý –
Gör, şoňa-da ylgap girjek tapylýa!
Hawa, kellä bagly ýagdaýy ýurduň:
Oňam daşy içi deýin bulaşyk.
Aralykda millet düşekde ýatyr,
Ilde ýok bir agyr derde ulaşyp.
Bizem bärde «il-gün» diýip, «halkym»
diýp,
«Watanym» diýp bokurdaga bat
berýäs.
Ýurtdan çykyp gaýdanlara «zor» diýip,
Galanlara «gullar» diýip at berýäs.
Ýat illerde hojaýynmy özümiz –
Öýündäki halka «gul» diýer ýaly?
Aňsatmyka ýetäýmek bir maksada,
Ýük edinip dürli-dürli hyýaly?
Egne aljak bolýas ýurt garamatyn,
Başarjakmy, ýokmy – oňa garamzok.
Il görgüli bizden haraý gözleýä,
Bizem bärde öz başymyz çaramzok.
...Hawa, aýralygyň lybasy gara,
Hasam gara ajalyň ak kepeni...
Bilýän, Bäherdenim ýoluma garap,
Şindem dokap oturandyr keteni.

Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: Arzyman | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yewropanyñ garañky, sowuk... köçeleri göz öñümde janlanyp gitdi...

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yewropanyñ garañky, sowuk... köçelerini göz öñümde janlanyp gid

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yetirip dur....

0
3 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]
Gowy gośgy eken.
Garañky őýde otyrkañ daşary ýagty görünýär,belki gaý tupan turýandyr,ya harasat gopýandyr. Barybir daşary bize ýagty wessalam. Goşgyda da şeýle pikir bar.

0
2 Pegas   [Mowzuga geç]
"Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar"

"Watandaşdan öýkelenilse-de, Watandan öýkelenilmeýär"

0
1 Revo   [Mowzuga geç]
hands hands hands

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: