19:40
Annagulydepede / hekaýa
ANNAGULYDEPEDE

Iki dost—iki sazanda Hanguly bilen Allanuruň başky durmuşy dessanlardaky wakalara çalym edýär. Olaryň ikisem «Hudaý urup, pygamberem hasasyny dürtenlerden». Atalaryndan galan ujypsyzja ýerjagazlaryndan başga, dört tarapy gamyş bilen ýapylan küme diýäýmeseň, dostlaryň hiç biriniň-de atlaryny tutup sanar ýaly zady ýokdy. Ikisem duldegşir goňşudy. Şonuň üçin olar meller ýerleriniň-de arasyna çil çekip durmadylar. Bile depip, bile ekdiler. Hasylam deň paýlaşyldy. Tanamasaň, olary hökman bir atanyň ogullary diýmek boljakdy.
Dostlar garybam bolsa, uly iliň guwanjydy. Çar ýandan çakylykçy gelip, asyl, kä halatlar olaryň ýer işine-de elleri ýetmezdi. Dostlar iliň raýyny ýykandan, mellek ýerleriniň depilmän, ekilmän galanyny kem görmezdiler. Gollaryna sazlaryny alyp, basym ýola düşerdiler.
Hanguly bilen Allanuruň ikisem kyrk ýaşyň içinde özleri ýaly garyp maşgalanyň gyzlaryna öýlendiler. Allanuruň ogly, Hangulynyň bolsa gyzjagazy boldy. Goňşular dört bolup, iki perzende guwanyp, aňyrsyna çykyp bilenokdylar. Alty bolup bir saçakdan çörek iýdiler. Edil dilleşen ýaly, Hanguly bilen Allanuruň aýaly-da bir günde ýogaldy. Iki jora suwa gidende, däli Jeýhun olaryň ikisinem gara girdabyna çekdi.
Annaguly iki sazandadan—iki halypadan tälim alyp, ökde bagşy bolup ýetişdi. Oglan ýaşam bolsa, basym özüni ile tanytdy. Bütin Şorgala obasynda onuň öňüne çykyp bilen sazanda-da, bagşy-da tapylmady. Annaguly aýdym aýdyp, saz çalyp ugrandan, töweregine aý berip oturan adamlar telpeklerini ýere urup, öňe-öňe süýşüp, asyl, rahat oturyp bilmezdiler. „Jan saňa!“, „Berekella, bagşy!“ diýen sesleriň yzy üzülmezdi. Aýdym-saz diňläp,, ýeňlerini dişleşip duran ulugyzlar bolsa, otlukly nazarlaryny ýigide dikişip, müň näz-kereşme bilen gyýa-gyýa bakardylar. Emma Annaguly üçin ol gyzlaryň bary bir ýanady, çagalykdan bileje oýnap-ösen Zybasam bir ýana. Zybanyň gözlerem, bakyşlaram beýleki gyzlaryňkydan büs-bütin üýtgeşikdi. Onuň bakyşlaryny diýsene! Ýigidiň nazary her gezek Zybanyň nazaryna düşende, günüň gyzgyn howruna çydam edip bilmedik gar ýaly pagyş-para bolardy. 
Annaguly „Sakla ýolun, Maral suwa geledir“ diýip, aýdyma gygyran wagtam, özüne hyrydar seredip duran gyzlaryň içinde aýdymda tarypy ýetirilýän Marala meňzeşini görmek üçin başynam galdyrmazdy. Onuň süzülen gözleriniň öňünde küýzesini göterip, seýkin basyp, sallanjyrap gelýän Zybasy janlanardy. Zyba göz öňüne geldigisaýy bolsa, ýigit barha joşardy. Onuň aýdymlary diňläni meýmiredip barýan jadyly bir owaza öwrülerdi. Dutaryň tarlary bolsa, üzüläýjek-üzüläýjek bolardy.
Ejeleri ýogalansoň, iki öýüňem biş-düşi, hysyrdysy Zybanyň eline galdy. Zybanyň taýýarlan naharyny iýmek, ýuwan eşiklerini geýmek Annaguly üçin has-da lezzetlidi. Ol gyzy synlap oturyşyna, ony öz gelinligi däl-de, hut gelni hasap ederdi. Süýji arzuwlaryň kölüne çümerdi. Zybanyň hem Annagulyny ýekeje salym-da özünden daşlaşdyrasy gelenokdy. Toýa saz çalmaga gidende, dutaryny äberip durka, mähriban gözlerini ýigide dikip:
—Basymjak geleweri—diýip, her gezek aýdardy.
Gyzyň şu pursatdaky delmuryp bakyşy, diýen sözleri bolsa, ýigidi toýda rahat oturtmazdy.
Bir gün maşgala ýaňyja saçak başyna geçipdi. Şol wagt aldyrany bar ýaly, atyny säpjedip, Köpek han geldi. Zalymlykda ile belli hanyň gyzaryp duran gözleri gan ýalan ganjygyň gözlerini ýatladýardy. Şorgalalylar Köpek hana iki bükülip, tagzym ederdiler. Şeýtmedigiň ýagyrnysynda bolsa, gamçy oýnardy.
Annaguly baryp, hanyň atyny tutdy. Hanguly bilen Allanur ýedi gat halynyň üstünde oturyp, altyn tabakdan nahar iýýän hanyň garyp saçagynyň gaty çöregine el urmajagyna gözleri ýetip dursa-da, türkmençilik däbine eýerip, hana ýerli-ýerden mürähet etdiler.
—Gel, han aga, saçak başyna geç!
Köpek han özüni görenden, ýeňini dişläp, gara çatma girip giden Zybanyň yzyndan bihaýalyk bilen seredip durşuna, ýoknasyz gülküsi bilen alawagyrdy turuzdy. Tumşugyny gedemlik bilen göge tutup:
—Ýok!—diýdi.
„Hümm“ edip, atynyň gulaklaryna seredip, biraz oýa batdy. Pişge murtlaryny sypalap, elindäki gamçysy bilen ädigine çalaja kakdy-da, Hangula ýüzlendi:
—Sen ertir gala baryp gaýt!
Ol şeý diýip, „aýryl!“ diýen terzde Annagulyny gamçysynyň ujy bilen çalarak itdi-de, „sag boluňam“ diýmän, atyna gamçy çaldy.
Hanyň sözleri nahara awy sepdi. Işdäler tutuldy. Ömür, garybyň ýaşaýan ýerine tarap seretmegem islemeýän hanyň bu öýe gelmegi gaty eýmendirijidi. Annaguly ylgap diýen ýaly, Zybanyň oturan öýüne girdi. Gorkudan ýaňa gyzyň ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä dönüpdi. Gözleri howsalalydy. Dört örüm saçlaryny gysymlap, gymyldaýsa, öý üstüne ýykylaýjak ýaly, sarsman, tärime söýenip otyrdy. Annagulam gyzdan az tolgunanokdy. Gahardanmy, gorkudanmy, onuňam ýüregi agzyna gelipdi. Ýigit, özi gorkaklyk etse, Zybanyň has-da beter boljagyny aňyp, giňgöwrümli söz urdy:
—Hany, tur, Zyba, çörek iýeli. Nahar sowady. Bolup oturyşyň dagy nähili?!
Ol baryp, Zybanyň gollaryndan tutup galdyrdy. Gyz gorkusyndan sandyraýardy. Agzyndan ýalyn çabraýardy. Ol mejalsyz seslendi:
—Annaguly... Men gorkýan!
Annaguly gyza göwünlik berdi:
—Gorkma, Zyba jan. Bary gowulyk bilen gutarar. Seni hiç kime ynjytdyrman!
Emma ýigidiň o diýeni bolmady. Hanguly gala gitmedi. Sebäbi ýagdaý aýdyňdy. Garybyň toýuna-da barmaýan hanyň hut özi Hangulyny gala çagyrmaga gelipdir. „Ýok, Köpek han, eger öýlenmedik ýigit bolsaňam, men gyzymy saňa rowa görmezdim“ diýip, Hanguly içini gepletdi. „Häzir bolsa, ony saňa on birinji edenden, ähli şaty meň üçin ýeňil bor“.
Iki dost maslahat edip, Zyba bilen Annagulyny gaçyrmagy ýüreklerine düwdüler.
—Ikiňiziňem başyňyz dik bolsa bolýa. Nirede gezseňizem, aman geziň! Biziň bolsa, köpümiz ötüp, azymyz galypdyr. Hanyňam alan galasy özüniňki. Zor etse, iki garryny zyndana taşlar—diýip, Allanur ýaşlara ak pata berip durka aýtdy.—Ýaşamaga nesibe bar bolsa, zyndanam çykylar, wagty gelip.
Annaguly bilen Zyba atlarynyň başyny ilerik—çöle tarap öwürdiler. Gije garaňkydy. Misli, aşyklary ýaman gözden gizlemäge maý bolsun diýýän ýaly, nury bilen dünýä ýagtylyk berýän Aý hem bu gün bulutlaryň aňyrsyndan çykmady. Gökde, bulutlaryň seýregräk ýerinde ýyldyzlar ýylpyldaşyp görünýärdi. Tomus gijesini bulut örtüpdi. Töwerek ümsümlikdi. Diňe atyň ýandakdyr syrkynlary eýläk-beýläk ýykyşdyrýan ujypsyzja şygyrdysy eşidilýärdi. Käwagt bolsa, atyň aýagynyň aşagynda „şatyrt“ edip, çöp döwülýärdi. Ýürekgysdyryjy ümsümlik ýaşlara birjigem täsir edenokdy. Ýöne, özleriniň bileje, onda-da ykballaryny birleşdirip, ömürlik bile bolmak üçin ýola çykandyklary olary ruhlandyrýardy. Hiç zat hakynda gürleşmeseler-de, ýürekleri biri-birine näme diýmelidiklerini bilipjik durdy. Iki juwan ýürek biri-biri bilen sedasyz sözleşýärdi. Zyba Annagula barha gysmyljyrap, eýjejik elleri bilen ýigidiň bilinden berk ýapyşyp otyrdy. Annaguly hem gyzy biri äkitjek bolup, üstüne towusmaga taýýarlanyp duran ýaly, bir eli bilen öz biliniň daşyndan halka guran näzijek elleri saklaýardy. Beýleki eli bilen bolsa, hem gamçy saklaýardy, hem uýan.
Obadan gowy saýlananlaryndan soň, bir eýmenç zadyň baryny duýan ýaly, at horguryp başlady. Emma töwerekde ümsümlik höküm sürýärdi. Annaguly hernäçe diňşirgense-de, hiç zat aňyp bilmedi. „Şagal ýa-da möjekdir“ diýen pikir bilen ýoluny dowam etdi.
Birden, näzijek eller, biri bat bilen çekip alan ýaly, Annagulynyň bilini boşatdy. Yz ýanyndanam „gürp“ edip ses çykdy. At towsup, honda düşdi. Annaguly eýerden berk ýapyşyp, zordan ýykylman saklandy. Egnindäki tüpeňe ýapyşdy. Onýança, onuňam boýnundan Zybany atdan agdaran ýüpüň halkasy ildi. Elindäki gamçy zyňlyp gitdi. Özi bolsa, gapdallaýyn atdan agdy.
—Hi-hi-hi-hi!
—Ha-ha-ha-ha!
Dürli sesde çykýan eýmenç gülküler gijäniň tümlüginde dünýäni gök gürleýäne dönderdi. Annaguly nämäniň-nämedigine göz ýetirip bilenokdy. Edil ýanjagazynda ona golaý pyýada aý berip durdy. Elleri tüpeňlidi. Jaýtaryşyp duran murtlary, gaba telpekleri, gödek hereketleri olaryň han atlylaryndan başga hiç kim däldigine güwä geçýärdi. Şol wagt bir ýerden Zybanyň sesi eşidildi:
—Annaguly!
Ýigit gop berlen ýaly, çalasyn böküp turdy-da, ses çykýan tarapa seretdi. Birki ädim öňe ýöräp, kürtdürdi:
—Zybam, sen nirede?
—O nähili seň Zybaň bolýamyş?!—diýip, kimdir biri gep oklady-da, hikirdedi. Beýlekilerem onuň gülküsini alyp göterdiler.—Ol hana aganyňky ahyry!
Soňam batly çalnan ýumruk ony ýere ýazdy. Azmly ses çykdy:
—Gymyldaýsaň, ölersiň!
Köpek hanyň ýalçylary Annaguly bilen Zybanyň ellerini bir ýüpe baglap, tikendir gyzgan bitip, gamyş-hyşalardan ýaňa tokaýa öwrülen meýdandan atyň yzyna tirkäp alyp gitdiler.
Han ertesi bütin obany gala çagyrtdy. Gazap donuny geýip, sesine bat berdi:
—Bi iki haramzada—ol Zyba bilen Annagula gözlerini alardyp seretdi—meniň namysymy depelediler. Emma han ganhor däldir. Ol hiç haçan hakyky söýginiň garşysyna gitmez!—Soňra ol hilegärlik bilen gözlerini güldürip, sesini ýuwaşatdy.—Bu oglan ölümden gorkman, söýgüsi bilen hanyň garşysyna çykdy. Men batyrlara jeza bermegi halamaýaryn. Şu günden başlap, galada kyrk gije-gündizläp toý bolar. Eger bi ýigit meniň buýrugymy berjaý etse, hut öz mollalaryma nika gyýdyryp, söýgülisini oňa bagyş ederin. Kyrk günlük toýam olaryň toýy bolar.
Märekäniň arasynda gowur artdy. Annaguly tagzym edip, oňa ýüzlendi:
—Näme şertiň bolsa, aýt, han! Men Zyba üçin ölüme gitmelem bolsa, taýýar!
Han başyny aşak saldy-da, ellerini arkasyna tutup, eýläk-beýläk ýöredi. Murtlarynyň ujuny oýnap, esli durdy.
—Annaguly arkasy bilen gum daşap, belent depe döretsin! Kyrk gün möhlet berýärin. Men şonuň üstünde täze gala saldyrjak. Bu galany bolsa, aşyklara bererin. Eger-de şert bitmese, onda...
Geň galmakdan ýaňa, adamlardan ses çykanokdy. Dymýardylar. Diňe boýdan-başa ak geýnen, bükülmekden ýaňa kellesi ýere degäýin diýýän molla aşak seredip oturyşyna, dişsiz agzyny müňküldedip, aýal sesi bilen dillendi:
—Annaguly, inim, sen bagtly ekeniň. Han agaň seni ýalkady.
Şol pursatdan toý başlandy. Dutar-gyjagyň sesi batlandy. Ojaklara gazanlar ataryldy. Annagulyny bolsa, eline sebet bilen pil berip, galadan çykardylar.
...At çapyma ýaýylyp ýatan giň giden takyrlyk, ylla diýersiň, şu ýer öňden jaý üçin niýetlenilip goýlan ýaly, aýratyn tekizlik bolup ýatyrdy. Ol ýerde ýandak-da bitmändir, gamyş-da. Diňe akjaryp, her ýerde-her ýerde ýeriň şory çykyp, ala-mula sygry ýatladýardy.
Annaguly özüne görkezilen meýdanyň töweregini ilki syrkyndyr ýandaklardan arassalady. Sebäbi olar gum almaga päsgel berjekdi. Annaguly bu işlere bütin gününi bermeli boldy. Gün labyryny ýere berende, ilkinji sebet gumy bellenen meýdanyň ortasyna eltdi. Ol körmüşiň gazan keteginiň gumjagazy ýaly bolup, hanyň bellän bu giden giň meýdanynda ujypsyzja bir zat bolup ýatyrdy. Annaguly öňünde goýlan şertiň nähili aýylgançdygyna edil şu wagt, dökenje gumjagazyny görüp göz ýetirdi. Öňdäki horluklar göz öňüne gelende, ýigit hopukjak ýaly etdi. Emma ol her zat etse-de, şerti berjaý etmelidi. Ýogsa gül ýüzli Zybasyndan ömürlik jyda düşjekdi. Ýok. Zybadan jyda düşmek Annaguly üçin biwagt ölümden-de beterdi. Ol ölmäge taýýardy. Emma Zybany elden gidiresi gelenokdy. Annagulynyň bir minut durdygy Zybany ondan bir ädim daşlaşdyrjakdy.
Ol garaňky gatlyşyp, gökde ýyldyzlar görnende-de işini togtatmady. Özem gum alýan ýerine ylgap gidip, ylgap gelýärdi. Demi-demine ýetenokdy. Daljygyp, agzy gurap durdy. Mejalsyz halda baryp, gapdalyndaky ýaba agzyny basýardy. Mes-mele bolup bulanyp akyp ýatan suwdan içip, suwsuzlygyny gandyrýardy. Ol daňa golaý halys surnugyp, ýykylyp galdy. Gum garbap, uka gitdi. Ýadawlykdan ýaňa, gum şu wagt oňa mahmal ýorgandan, per ýassykdan erbet däldi. Ýigidiň düýşüne ýary girdi. Zybasy oňa öňküsi ýaly çaý demläp berýär. Käsäni goýmak üçin eglende, dört örüm saçlar owsunyp, ýerde birgeňsi towlanjyrap ýatyrlar. Göz açyp-ýumasy salymda bolup geçýän şujagaz waka ýigidiň ýüregini gopdurýar. Tahýasynyň üstünden başyna oran öýme ýaglygy gyzyň ýüzüne gelşik berýär. Gülende, ýaňajyklarynda çukanajyklar peýda bolýar. Annaguly Zybasyny synlap doýup bilenok. Gyza bakyp oturyşyna tisginip gidýär. Ol hopugyp oýanýar. Ýanynda hiç kim ýok. „Seni ýene-de görmek barmyka, Zyba?!“ diýip, içinden pikir öwürýär. Asmandaky ýyldyzlar misli „Görersiň, görersiň“ diýýän ýaly, birsyhly ýylpyldaşýarlar. Ýakynjakdan—hanyň galasyndan bolsa, sazyň sesi eşidilýär. Hanyň galasyna seredende, Annagulynyň ýüregi gopup, agzyna gelene döndi. Galada onuň söwer ýary bar!
Annaguly ýene sebedini süýräp ugrady. Kyrk güni şu ýagdaýda geçirdi. Onuň „it“ diýip, adyny tutýan ýokdy. Diňe hanyň ýalýagylaryndan birki sanysy günde gelip, onuň işine esewançylyk edýärdi. Itiň öňüne oklan ýaly edip, gaty çöregi zyňyp gidýärdiler.
Annaguly kyrk günüň içinde tanalmaz ýaly üýtgedi. Ýüzüni saç-sakgal basdy. Gözi içine gitdi. Süňk bolup galdy. Şu ýagdaýda göräýse, ony ösdürip kemala getiren eziz kakasy-da tanajak däldi.
Garaňky gatlyşypdy. Han atlylary gelende, ol iň soňky sebedini süýräp, depä çykarýardy. Ilki özi süýşýärdi, soň sebedi süýşürýärdi. Demi-demine ýetenokdy. Açdy. Kuwwat galmandy. Şol barmana-da sebet elinden sypdy-da, aşaklygyna togalanyp gaýtdy. Annaguly özüni erksiz ýere goýberdi. Aşakda duran han atlylaryna gözi düşende, tolgundy. Ýüregi gürsüldedi. „Äkitmäge gelipdirler. Häzir Zybany görerin!“
Atlylaryň biri elini bulaýlap gygyrdy:
—Eý, ýalta! Düş aşak! Bu ýatyşyň bilen iş bitirmejegiň öňdenem bildirýärdi. Han agamyň gahary gelýär. Ol bu depäni pes görýä!
Häzir bu sözleri diňländen, Annaguly göni ölüme gidenini gowy görýärdi. Ol, hiç bolmanda, gala barýança, Zyba bilen birleşjekdigine özüni ynandyrasy, süýji arzuwlara çümesi gelýärdi. Emma bary puç boldy. Şumçular onuň keýpine sogan dogradylar. Ol elleri bilen gulaklaryny tutdy. Aýaklanmadyk köşek ýaly däbşenekläp, zordan aşak düşdi. Ýetmiş ýaşly garry ýaly bükülip, atlylaryň öňünden gala tarap ýegdenekledi. Ölümiň öýünde gala ýetdi. Toý dowam edýärdi. Galanyň haýsy künjegine seretseň, aýdym-saz, şady-horramlyk. Tagamlaryň ysy agzyňy suwardýardy.
Annagulyny hanyň gaşyna eltip, itip goýberdiler. Ol baryp, ýer garbady. Köpek han murtlarynyň ujuny oýnap durşuna it ýylgyryşyny etdi.
—Ýeri, Annaguly beg, bi nä boluşdyr? Sözüňde tapylmadyň-la?!
Annaguly hasanaklap galdy.
—Men diýşiň ýaly etdim, han!
Ädikleriň ökjesi ony ýene-de ýere ýazdy. Han gazap bilen seslendi:
—Men has belent depe diýipdim. Üstünden bütin dünýe görner ýaly. Hi-hi-hi... Bütin dünýe!
Annaguly gaharly gepledi:
—Beýle bolsa, dünýäniň ussasyny ýygnap, depe däl-de, minara saldyrmaly ekeniň, han!
Hanyň aýylganç sesi gala ýaň saldy:
—Äkidiň ony! Itden çykaryň!
Annagulyny idenekledip ugradylar. Ýigit gazaply, emma ýalbaryjy dillendi:
—Han, biraz howlukma! Aýtjak zadym bar!
Köpek han ellerini galdyryp, "degmäň" diýen yşaraty etdi.
—Sen sözüňde tapylmadyň, han! Bigaýratlyk etdiň! Ýöne, näme-de bolsa, seňki dogry. Sebäbi sen han. Sözüňde tapylmasaňam, ýekeje gezek Zybany görmäge rugsat et. Ölmänkäm, onuň ýüzüni bir görüp galaýyn. Onsoň, bi dünýede armanym galmaz!
—Ýok, gul! Ol gyz saňa mynasyp däl. Bu haýyşyňy bitirip bilmen—diýip, han çürt-kesik aýtdy.
Annaguly birjigem müzzermedi:
—Onda, maňa ýekeje gezek dutar çalmaga rugsat et, han!
Han Annagulynyň dutar çalşyna beletdi. Bu etrapda Annaguly ýaly aýdym aýdýanyňam, saz çalýanyňam ýokdugyny bilýärdi. Özem ýigidiň çalýan sazlarynyň ölemen aşygydy. Annaguly saz çalyp başlasa, kyrk gün bäri galany alagalmagal edip oturan bagşy-sazandalaryň utanyp, turup gitjegem ikuçsuzdy. Şonuň üçin Annagulynyň soňky haýyşy hany ýeňdi. Ol rugsat berdi:
—Dutar getiriň!
Eline dutar düşenden, Annagulynyň gözleri ýanyp ugrady. Ýigit onuň daşlaryny sypalaşdyrdy. Duran ýerine aýbogdaşyny gurap oturdy. Dutaryň tarlaryna kakyp ugrady. Zaryn owaz ýuwaş-ýuwaşdan belende galyp başlady. Ýigidiň daşyny adamlar galladylar. Dutara dil bitdi:
...Aýralyga döze bilmen, zary-zar elden gider...
Annaguly açdy, suwsuzdy. Özem ýadawlygyndan ýaňa mejaly galmandy. Kyrk günki horluk, depäňi deşip gelýän jokrama yssy, çig suw ony halys ýykypdy. Ol häzir zordan otyrdy. Ýok, ony Zyba saklaýardy. Zybanyň şu galadalygy, onuň bilen ýekeje gezegem bolsa, görüşmek arzuwy ýigide teselli berýärdi. Häzir ony çalaja dürtseň, dünýä bilen hoşlaşjagy gaty çyndy.
Dutar aglaýardy. Ol basgylanan söýginiň agysyny aglaýardy. Annagulynyň elleri göze ilenokdy. Märeke dymýardy. Zaryn owaz bolsa, ýüreklerde ornap, gaňşyrawuklary tütedýärdi. Ýigidiň göz öňünde Zyba janlanýardy. Gyzyň gara gözleri ýigide delmuryjy seredýärdi, kömek soraýardy.

Namyradam, nädeýin men, namys-ar elden gider,
Nury didäm, nukta hallar, zülpitar elden gider,
Aýyp kylmaň, eý ýaranlar, now juwan elden gider,
Gözlerimiň röwşeni bikarar elden gider...


Birden, Annagulynyň burnundan gan gidip ugrady. Bu kyrk günüň beýniden geçen jokramasynyň işidi. Ýigit şonda-da çalýardy. Çalmaga onda güýjem galmandy. Emma eller endik boýunça birsyhly tarlara kakýardy. Gözler bolsa gapa dikilipdi. Ol gapydan Zyba çykmalydy ahyry! „Näme üçin çykanokka? ÝA meniň sazymy tanamadymyka?!“ Gan gitmesi barha beterleýärdi. Sazam gitdigiçe güýjeýärdi. Oňa „goý“ diýýän ýokdy. Hatda hiç kim häzir Annagulyny görenokdy. Diňe saz diňlenýärdi. Jadyly mukam her kimi öz pikirine daňyp goýupdy.
Garaşylman durka "şakyrt" boldy. Annaguly Zybasynyň özüne tarap okdurylanyny gördi. Dutar elden gaçdy. Gözlerem ýumuldy. Özem ömürlik ýumuldy. Zyba ýiten çagasyny tapan käkilik ýaly, Annagula topuldy. Ýöne ony ýigide ýetirmän sakladylar.
Han Annagulynyň üýşüren gumunyň aşagyndan zyndan saldyrdy. Oňa bolsa Zybany taşlatdy.

* * *

Enemiň gürrüň beren bu wakasy hakykatmy ýa rowaýat, ony bilýän ýok. Ýöne „Annagulydepe“ welin, misli, garyp halkyň geçmişdäki ahy-nalasynyň şaýady ýaly, henizem seleňläp otyr...

Soňy.

Ogulsenem TAÑÑYÝEWA.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 73 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ogulsenem Taññyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Selbii   [Mowzuga geç]
@Meñli, özem şu zenanyñ hekayalary näçe okasañam ýadatmaýa

0
1 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]
Ogulsenem Taññyýewanyñ eserleri mydama da özüneçekiji,akgynly okalýar. Ilki eseriñ dowamynda bolýan wakalary öñünden bilip barýan ýalysyñ weli, birden düýbünden garaşmadyk hörpüñden gopaýýar...Ýazana da, paýlaşana da SAGBOLSUN lar

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: