22:53
Howum basylýan ýer…/ hekaýa
HOWUM BASYLÝAN ÝER…

Bankyň gapysyndan ätledigim bes, tolgunmak￾dan ýaňa ýüregim agzyma gelýär. Onuň işgär￾lerini görsem-ä, hasam egbarlaýan. Kiçijik penjireler diýjeksiň, şolara-da gözüm düşdügi dün￾ýäm daralyberýär. Garaz, şol ýerdäki bar zat meň howumy basýar. Banka baryp, ol ýerdäkiler bilen iş salyşmaly bol￾sam, jogapkärçiligi-beýlekini bilmeýän barypýatan bir nadana öwrülýän oturyberýän. Men muny ban￾ka gelmezden öňem bilýän, ýöne nädeýin?! Aýlygymy elli alty dollar köpeltdiler. Onsoň ony bankda saklamasaň, dagy nirede saklajak?! Ynha, şeýdip özüme zor salyp, aýagymy süýräp diýen ýaly alyp, bankyň işgärlerine gözümiň gytagy bilen garap, gapysyndan ätledim. Hasap açdyrjak is￾lendik adam baş dolandyryjy bilen hökman masla￾hatlaşmalydyr öýdüp pikir edýärdim. «Hasapçy» diýip ýazylan penjirejigiň öňüne bardym. Ol uzyn boýly, özüni arkaýyn alyp barýan bir ýigit eken. Ine, ol maňa seredäýmezmi, ýene aljyrap başladym. Gyryljyk sesim pyşyrdap diýen ýaly çykdy.
— Baş dolandyryjyny görüp bilmezmikäm? — diýdim-de, soňam agraslyk bilen sözümiň üstüni ýetirdim. — Ikiçäk.
Näme üçin «ikiçäk» diýenimi welin bilemok.
— Elbetde, görüp bilersiňiz — diýdi-de, hasapçy ony yzyna düşürip getirdi. Baş dolandyryjy agras hemem parahat adam eken. Men elli alty dollarymy jübimde gysymlap durşuma «bir tokga» pula öwrüpdim.
— Siz baş dolandyryjy diýilýänmi? — diýip soradym. Hudaý bilsin, näme üçindir, şeýdip soramaga çekinip durmadym.
— Hawa — diýip, ol jogap berdi.
— Men sizi görüp bilerinmi? — diýdim. — Ikiçäk — diýibem ýene sözümiň üstüne goşdum. Men «iki￾çäk» diýjek däldim welin, ýene biygtyýar dilimden sypdy. Baş dolandyryjy geň galyp, maňa birtüýsli seret￾di. Gaty gizlin gürrüňim bardyr diýip pikir edeni gözlerinden duýulýardy.
— Geliň onda, çekinmäň — diýip, ol meni özüniň otagyna tarap alyp gitdi. Soňra açaryny çykaryp, iş otagynyň gapysyny açdy.
— Bärde biz arkaýyn gürleşip bileris, hany, geçiň oturyň — diýdi.
Ikimizem oturdyk-da, bir-birimize seredişdik. Asyl dilime bir söz geläýse nädersiň!
— Çakym çak bolsa, siz Pinkertondan[1] bolmaly— diýip, onuň özi söze başlady.
Ol meniň syrly gürrüňlerimden, özümi alyp bar￾şymdan çen tutup, maňa aňtawçydyr öýden bolmaly. Men onuň näme pikir edýänini bilip otyr￾dym, bu bolsa meni hasam kyn güne salýardy.
— Ýok, Pinkertondan-a däl — diýdim.
Beýle diýmek bilen men oňa şoňa meňzeş başga￾rak bir gullukdan gelendigimi duýdurjak boldum. Soňra:
— Dogrymy aýtsam — diýip, hamala, öň ýalan sözlemegi niýet edinip, birdenem dogrymy aýtmak kararyna gelen ýaly sözümi dowam etdirdim. — Men hiç hili aňtawçy däl. Men özüme hasap açdyr￾maga geldim. Bar pulumy siziň bankyňyzda goýaýsam diýýän.
Baş dolandyryjy birneme arkaýynlaşdy, ýöne, ba￾rybir, ýüzi agrasdy; indi ol meni baron Rot ýa-da ýaş Guld ýaly ile belli baýlaryň biriniň ogludyr diýip pikir etdi.
— Hä, köpräk maýa goýjak bolýansyňyz — diýdi.
— Azam däl — diýip, pyşyrdap diýen ýaly gürledim. — Häzir elli alty dollar, soňam her aý elli dollardan goýsam diýýän.
Dolandyryjy ýerinden turup gapyny açdy-da, hasapçyny çagyrdy.
— Jenap Montgomeri — diýip, ýakymsyz sesi bi￾len haýkyrdy. — Bu sypaýy kişi hasap açdyrjak eken. Ol elli alty dollar maýa goýmakçy... Hoş, sag boluň.
Men ýerimden turdum. Otagyň bir tarapynda ullakan demir gapy açyk durdy.
— Hoş, sagboluň — diýdim-de, seýfe tarap ýöräp ugradym.
— Bärden çykyň — diýip, dolandyryjy igençli gürledi-de, başga tarapy görkezdi.
Men hasapçynyň oturan ýerine baryp, sen-men ýok, şol tokgalanan pulumy çykardym. Men şeýlebir çalasyn hereket etdim welin, hamala diýersiň, hok￾gabazyň bard-a. Ýüzüm duw ak boldy.
— Ine, şuny goýmaly — diýdim.
Meň bu äheňim: «Hany derrewjik, hut şu ýerde, şu wagt, şu işi birýanýüzli edeli-le» diýen ýaly eşi￾dildi. Ol puly aldy-da, başga bir işgäre geçirdi. Ol maňa bir bölek kagyz tutduryp, puluň jemini ýazdyrdy, soňam hasap depderçä gol çekdirdi. Indi men asyl näme edýänimem seljeremokdym. Bank gözümiň alnynda aýlanyp-aýlanyp gidýärdi.
— Ýeri, indi maýa goýuldymy şo pul? — diýenimde, sesim endiräp çykdy.
— Hawa — diýip, hasapçy jogap berdi.
— Onda men çek çekip bilerinmi? — diýdim.
Men biraz pikirimi üýtgetdim-de, alty dollaryny hä￾zirlikçe ulanmaga çekip alarman boldum. Maňa kim￾dir biri kiçijik penjireden çek kitapçany uzatdy, ýene birem ony nädip doldurmalydygy￾my düşündirdi. Bankdakylar maňa akyly azaşyp ýören bir millionerdir öýdýärdiler. Men çege bir zatlar ýazdym-da, bank işgärine uzatdym. Ol oňa çiňerilip seretdi-de:
— Näme!? Siz bar goýanyňyzy ýene yzyna alýa￾ňyzmy? — diýip, allaniçigsi boldy. Ine, şonda men özümiň «6-a» derek «56» ýazandygyma düşündim. Ýöne indi başgaça gürläre welin utandym. Suw seň￾rikden agdy hasap etdim. Bankyň bar işgärleriniň tiňkesi maňa dikildi, olar, hatda edip oturan işlerini hem goýup, maňa seretdiler. Özümi dürsäp, dogumly görünmäge çalyşdym.
— Hawa, hemmesini.
— Siz ýaňyja goýan puluňyzy yzyna çekýäňiz-dä onda?
— Hawa, barçasyny, teňňe-seňňesi bilen.
— Siz banka hiç hili pul goýmakçy däl-dä onda, şeýlemi? — diýip, ol gözlerini tegeledi.
— Hiç hili.
Olaryň «Çek ýazýan wagty nämedir bir zada öýkeläp, banka pul goýmakdan ýüz öwürýändir» diýip pikir ederinden çekinip, dert-azara galdym. Özümi durnuksyz häsiýetli adam hökmünde görkezmezlik üçin başymy dik tutup, dogumly kişi bolan boldum. Hasapçy puly tölemäge häzirlendi:
— Siz ony nähili alýaňyz?
— Näme?
— Ony nähili görnüşde alýaňyz?
— Hä, ellilikde — diýip, oňa düşünen badyma ýüzugra gürledim.
Ol maňa elli dollar uzatdy.
— Altysy näme? — diýip, ol rahatlyk bilen sorady.
Aljyrap durşuma «Birlikde» diýmäge derek «Altylykda» diýip jogap berdim. Puly aldym-da, haýal etmän bu ýerden garamy saýlamak bilen boldum. Bankyň äpet gapysy ýapylan dessine, onuň için￾däki işgärleriň ala-pakyrdy bolup gülüşýändiklerini eşitdim. Şondan bäri hiç hili banklyk işlere goşula￾mok. Kagyz pullarymy jalbarymyň jübüsinde sakla￾sam, tygşytlan şaýylarymy jorabymda goýýan.

————————
[1]Pinkerton — Pinkerton adyndaky Milli aňtawçylyk gullugy.

Stiwen LIKOK, kanadaly ýazyjy
Iňlis dilinden terjime eden: Maýa ALLABERDIÝEWA, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.


#"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 130 | Добавил: Gurgencli | Теги: Stiwen Likok | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 21
0
21 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Rahmet aganyñ bellenendigini täzeräk eşdipdik. Hawa, biziñ tanayşymyzça-ha halal adam bolmaly, yaşuly. Belkäm, şeýle bolsun-dam..

0
20 Persey   [Mowzuga geç]
@Haweran, sylagyňyz üçin sag boluň agam. Elimizden geldikçe terjime edýäs. Aslynda bu hekaýalary göni terjime etmek kyn däl, diňe türkmençä laýyklap edebi dile geçirmek wagtyňy alýa. Men "Dünýä edebiýatyna" terjime eltmänkäm şony düşündirdiler. Meniň pikirimçe, täze redaktor Rahmet Gylyjow has giň düşünjeli adam, ol bu zeýilli kezzaplyklara ýol bermezmikä diýip umyt edýän.

0
19 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Perseý, awtorlara goşandyryn nikiñizi. Asyl öñ aýtmaly ekeniñiz terjime dagy edyän bolsañyz. Gowy terjimeleriñiz... yetirip duruñ.

0
18 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Öňräk menem terjime eden hekaýalarymdan ugradaýyn diýip ýördüm-ow wink

0
17 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Hä, wi neme 50 mb 3 manat, düýn ýalňyşypdyryn. 2 manady çilen ýaly bolmaýyn, dogry bahasyny aýdaýyn diýdimlaý biggrin

0
16 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yöne ogurlyk, talañçylyk, alamançylyk bularyñ ganyna damaryna siñipdir.

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aslynda olar awtorlyk hukugynyñ nämedigini hukukça mätäçlik duymazdan ikimizdenem gowy bilýärler.

0
14 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Başga-da zeyrenip yören kän bulardan...

0
13 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ahmet Mämmedow, Juma Hudaýguly yaly yaşuly adamlaryñ zähmetiniñ göz-görtele çilnendigini, hakynyñ iylendigini olaryñ hut öz agzyndanam eşdipdim...
Bu barada bir makala-da yazjak bolupdym. Ahmet aga yene "gerek däl, boka daş atma" diyensoñ goybolsun edipdim.

0
12 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Žurnalyñ bular yaly oýny birinji gezek däl ahwetin.
Uly yazyjy-şahyrlaryñ agzy açylsa-da bulardan yaña ot syçraýar...

0
10 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Baý-bäh o nahili bolýaraý surprised

0
9 Persey   [Mowzuga geç]
Redaksiýadakylar ( anyk kimdigini aýdyp durmaýyn) "şu hekaýany edil senden biraz öňräk şu gyz getirdi" diýip başdan sowjak bolýalar. Menem "men öz terjimämi tanaýan ahyry, siz diňe adyny üýtgedäýipsiňiz-ä, içi meniňki munuň" diýip düşündirjek bolýan welin hiç bolanok. Redaksiýa işgärleri awtorlyk hukugy boýunça hukukçylardan tizräk sapak almasalar, adam zähmetine hormat goýmany öwrenmeseler mundan beýläk gaty köp adam öz awtorlyk hukugynyň bozulanlygy sebäpli närazy bolar.

0
8 Persey   [Mowzuga geç]
Oglanlar, edil üstünden geläýşimi diýsene.... Şu hekaýany aslynda men terjime etdim, özem "Dünýä edebiýaty" žurnalyna men iberdim, hemişe gyzyklanyp jaňlaşyp durdum, haçan-da elektron wariantyny alanymda, meniň hekaýamyň durandygyny görüp, begenjimden tas gygyrypdym. Ýöne okap görenimde welin, şu aşakda ady ýazylan gyzyň adyna berlenligini bilip erbet keýpim gaçdy. Redaksiýa bilen telim gezek jaňlaşyp, gowy netije alyp bilmedim. Sebäbi özüm edil şol wagty welaýatda bolanym üçinem, Aşgabada geçip bilmejegimi olar gowy bilýädi. Garaz, awtorlyk hukugy bozuldy.

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Berekella ))

0
6 Gökböri   [Mowzuga geç]
Şoñ ü.n señ edýän işiñ poçtaçylaryñkydan has gymmatly, has sogaply hemem çykaran-çykarjak 5 manadyñ has bereketli bolýar smile

0
11 Gurgencli   [Mowzuga geç]

0
5 Gökböri   [Mowzuga geç]
5 manatda 50 adamy mugtuna okatsa bolya, a žurnalyñ özüni welin aljak bolsalar 50 adam 500 manat çykarmaly bolýar smile

0
4 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Internetiň bahasam žurnalyň bahasy bilen deň welin, emma oba ýerine gazet-žurnal paýlaýan poçtaçylar getirip berenok, şoň üçin elektron görnüşini almaly bolýasda smile

0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Öňräk žurnalyň elektron görnüşini aldym, 48 megabaýt eken, 48 megabaýt biderek gitmesin diýip başardygymdan paýlaşyp otyryn smile . Žurnalyň öz bahasy 5 manat. 50 mbda bäş manat smile

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hemmeleriñ "Dünýä edebiýaty" žurnalyny pul berip almaga ýagdaýy ýok. sad

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Köpräk hekaýa paylaş, Jürjanly. smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: