22:29
Şetdaly güllände / hekaýa
ŞETDALY GÜLLÄNDE

Men orta mekdebi gutaranymdan soň, üç ýyllyk mugallymçylyk mekdebinde okap, ony üstünlikli tamamladym. Ýöne ol döwürler bu ugurdan köp hünärmen taýyn￾lanýandygy sebäpli, iş tapmak gaty kyndy. Şäher ýeri bolany üçin başlangyç synp mugallymy artykmajy bilen bardy. Diňe obalarda mugallym ýetmezçilik edýärdi. Ol ýerigem hiç kimiň gide￾si gelenokdy. Men öz ýanymdan: «Işsiz gezip ýörenden, şeýle mümkinçilik ýetdirse sypdyrmaýyn» diýip pikir edýärdim. Şol diýenimem boldy. Bir gezek kakam:
— Oglum, «Şetdaly güli» atly uzakda ýerleşýän bir kiçijik oba çaga okadar ýaly mugallym gerek. Bary-ýogy, iki ýyllyk. Ol ýere baran adamy ähli zat bilen oba adamlary üpjün etjekmişler. Aýlygam gowy berjekler. Eger daş görmän gitseň — diýdi.
Kakamyň maňlaýyndaky gasynlaryna seredip, oňa ýük bolup oturmaly däl diýen netijä geldim. Şeýlelik bilen, goşlarymy ýygnap ýola düşdüm. Ýadap, göwrämiň tapdan düşendigine garamaz￾dan, ahyryn barmaly ýerime ýetdim. Emma obany gören badyma kalbyma sowuklyk aralaşdy. Onda hatar-hatar öýlere derek barmak basyp sanaýma￾lyja hojalyk bardy. Öýler tagaşyksyz gurlup, tertip￾siz ýatan daşlary ýadyňa salýardy. «Mekdep» diýil￾ýänem laýdan gurlan pessejik ak tamdy. Ol beýleki öýlerden saýlanyp, dagyň gerşinde ýerleşýärdi. Ýaman ýeri bolsa, onuň ýekeje synp otagynyň bar￾dygyny aýtdylar. Şonuň üçin bärde menden başga mugallymyň bolmajagy düşnüklidi. Eden işime diýseň ökündim. Içimden: «Yzyma dolanaýsammykam» diýip oýlandym. Ýöne pederi￾miň ynam bilen bakan gözleri hakydamda janlandy. Çykalga ýokdy. «Geldiňmi, diýmek, gelen ýeriň bilen bolmaly. Galanynam näme, görübiris-dä» diýdim. Garşy alan arçyn tolgunmakdan ýaňa ellerimi berk gysyp:
— Hoş geldiňiz! Hoş geldiňiz! Çagalar size garaşyp, begençlerine iki bolup bilenoklar — diýip, şadyýan dillendi. Soňra yzyndaky ga￾pyny açdy. Jaýyň içinde ondan gowrak dürli geýnen çaga durdy. Barysy gyradeň baş egip, biragyzdan:
— Salam, hormatly mugallym, bizi okatmaga geleniňiz üçin sizden diýseň hoşal! — diýdiler.
Garşylanyş dabarasy beýle bolar diýip kellä￾me-de gelmändi. Ýüzüm lap-lap gyzansoň, näme diýjegimem bilmedim. Olaryň hoşamaýlyklaryny görmek diýseň tolgundyryjydy. Onsoň obalylara göwnüýetmezçilik bilen beren bahama ökündim. Arçynyň teklibi bilen içerik girdim hem-de jaýyň içindäki zatlary görüp, has-da haýran gal￾dym. Otagyň içinde ondan gowrak parta goýlup, olaryň üstünde towukdan, ördekden, balykdan taýýarlanan dürli tagamly saçak ýazylypdyr. Ýaşaýjylaryň ählisi hem gelipdir. Adata görä, olar şeýle desterhany iň arzyly myhmanlary üçin taýýarlap, muny «Giň saçak» diýip atlandyrýan ekenler. Meni şol pursadyň özünde bu adamla￾ryň mähirdir söýgüsi gurşap aldy. Iki gün dynjymy alanymdan soň, işe girişdim. Okuw jaýy abatlaýyş işlerine mätäçdi. Ýagynly günler üçekden ýagyş geçerdi. Şonuň üçinem partalary eýläk-beýläk süýşürip, sapagy zordan geçirýärdim. Her gün ene dilinden, matemati￾kadan, aýdymdan, suratdan hem-de bedenter￾biýeden sapak berýärdim. Günüň dowamynda ýadamak diýen zady bilemokdym. Işime-de sowuk-sala garamokdym. Agşamlaryna bolsa şöhlesi onçakly ýiti bolmadyk çyranyň aşagynda ertirki okatmaly derslerime taýynlanardym hemem çagalaň öý işlerini barlardym. Öýüň biş-düşi ýaly işler bilen meşgullanmagyň geregi ýokdy. Sebäbi işe gitmek üçin gapydan çykanymda, eýýäm bosagamda ýaňyja mellekden ýyglan ter gök önümleri durardy. Bulary goýýa￾nyň kimdigini bilmänim üçin, kime minnetdarlyk bildirmelidigini-de bilmezdim. Obalylar ýetip ge￾len her bir baýramçylygy gowy garşylaýardylar. Şonda birnäçe maşgala myhmançylyga çagyrar￾dy. Kimiňkä birinji gitjegimi bilmän ýaýdanar￾dym. Şonuň üçinem gezekli-gezegine barmakdan başga çäre tapmazdym. Olaryň birini sypdyrsam gelşiksiz boljakdy. «Alyň, mugallym, mellegimizde ýetişdirilen tä￾zeje ýaňmeýler[1], özem örän süýjüdir!» ýa-da «Mugallym, biziňki has süýjüdir. Datmasaňyz bolmaz!» diýip, jedirdeşýän okuwçylarym günüme goýmazdy. Olaryň sadaja ýüzlerine seredip, turşy bolsa-da tagamly ýaňmeýden dadanymda, göwnüme bolmasa, durmuş has gözelleşip, süýjän ýaly bolýardy. Wagt geçip durdy. Şeýdip synag döwri hem gelip ýetdi. Şol günki tabşyrylan kagyzlary gözden geçi￾rip durşuma, okuwyna ökde Waň Tiýentiň matematika sapagyndan synagdan geçip bilmändi￾gini görüp, örän geň galdym. Bu garaşylmadyk wakady. Men gyzjagaza gatyrgandym. Agşamara ejesi ony gözläp mekdebe geldi hem-de gyzynyň okuwdan soňra öýe gelmändigini aýtdy. Men aljyrap, habary dessine arçyna ýetirdim. Ol howsala düşüp, tutuş obany aýaga galdyrdy. Elleri çyraly adamlar haýal etmän Waň Tiýentiň gözlegine çykdy. Bagtymyza, uzak gözlemeli bolmadyk. Obanyň da￾şynda gurlan ýataklaryň birin￾den gyzjagazy tapdyk. Ondan öýlerine näme üçin barmandygyny soranymyzda, ol synagdan geçip bilmändigi üçin öýlerine barmaga utanandygyny aýtdy. Ertesi jahan ýagtylyp ugranda, Waň Tiýent ejesi bilen geldi. Ol garşymda durup, başyny egdi-de:
— Mugallym, gaýdyp beýle işi etmejegime söz berýän! Indiden beýläk yhlas bilen okaryn — diýdi. Ejesi onuň sözüniň üstüni ýetirip:
— Waň Tiýent entäk agy-garany saýgaranok, çaga-da. Mugallym, ondan göwün etmäň! — diýdi.
Men gözlerimiň owasyna ýaş aýlanansoň, olardan ýüzümi gizlemeli boldum. Işe başlan ilkinji okuw ýylym, ine, şeýdip şu waka bilen tamamlandy. Soňky ýylymam sag-aman geçdi. Kakam iş wagtymyň haçan dolýandygyny bil￾ýärdi, şonuň üçinem ondan çaltrak gelmelidigim barada ýazylan haty aldym, ýöne indi yzyma gidesim gelenokdy, bärik halys öwrenişipdim. Gitmeli pursadym gelende, ugratmaga çykan çagalardyr uly adamlar hoşlaşanymyzdan soňam uzak wagtlap yzymdan garap durdular. Ýadyma düşýär, geläýen wagtlarym bu obanyň «Şetdaly güli» diýen adyny eşidip geň galypdym. Sebäbi bu adaty bir obady. Ýöne şetdaly agaçlary obanyň ähli ýerinde bardy. Bakjada-da, öýleriň öňünde-ýeňsesinde-de, hatda boş duran ýerlerde hem şetdaly agaçlary ösüp otyrdy. Şetdaly gülleýän möwsümi oba tutuşlygyna gülüň içine düşen ýaly bolýardy. Synlamagyň özi durşuna lezzetdi. Ähtimal, şu zatlar — oba ýerleriniň owadanlygy, adamlarynyň alçaklygy, sadalygy, özüne çekijiligi meni imrindiren bolsa gerek, öz içimden: «Hökman oba mugallymy bolmaly» diýen netijä geldim.

———————————
[1]Ýaňmeý — daşky görnüşi boýunça ýertudana meňzeş miwe.

Zyň SIAŇU, hytaý ýazyjysy.
Hytaý dilinden terjime eden: Mähriban GELENOWA

#"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 69 | Добавил: Gurgencli | Теги: Zyň Siaňu | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Zyng Siangu-my ýazylanda?
Men şu türkmen terjimeçilerimiziñ orginal nusgasyndan türkmençe at yasajak boluşlaryny hiç oñlamok. Meselem, Stiwen Kingi "Stiwen Kiñ" diýip alýarlar. Kingmi King, Zingmi Zing bolar-da smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: