15:15
"Bular Hudaýa bil baglanok"
IHSAN ELIAÇYK: "BULAR HUDAÝA BIL BAGLANOK"

Ylahyýetçi Ihsan Eliaçygyñ Odatv saýtyna beren interwýusy

Ylahyýetçi alym Ihsan Eliaçyk eýýäm birnäçe wagt bäri gyzgyn seslenme döredýän çykyşlary bilen dillerden düşenok.
Hususanam, AKP hökümetiniñ ýöredýän syýasatyna garşy yslam çeşmelerine esaslanyp edýän tankydy bellikleri birgiden gowurlaryñ turmagyna sebäp bolýar. Bir gezek emewi dininiñ öwredilýän Ymam Hatyp liseýlerini tamamlanlaryñ kellesini sähel işledip bilenleriniñ "ateist" bolma ähtimallygynyñ bardygyny öñe süren Eliaçyk soñky gezek "konserwatiw mankurt" sözi bilen üns merkezine oturdy. 1-nji maý güni "Fatih" metjidinden "Taksim" meýdanyna çenli ýöräp kortež döreden we özlerine antikapitalist diýýän "Musulman ýaşlar" toparynyñ AKP kongresiniñ geçen güni çapdan çykan manifestiñ taýýarlanmagyna gatnaşan Eliaçygyñ pikiriçe, "möjekler bilen hüjüm edýär, guzular bilen mäleşýärler" meñzetmesini eden AKP häkimiýeti kyblasyny ýitiren ýagdaýda dur. Premýer-ministr Erdogany wezipe ygtyýarlygyndan peýdalanyp baýlyk toplamakda aýyplap, agyr dil bilen tankyt eden Eliaçyk "Mundan lider bolmaz. Munuñ yzyna düşmek dürs däl. Munuñ bilen ara çäk goýmaly. Muña gylyç çekilmegi we "seni şunuñ bilen dogrularys" diýmek gerek" diýdi.
Odatv saýtynyñ adminstrasiýasy bolup batyrgaý çykyşlary arkaly gowur turuzýan Ihsan Eliaçyk bilen gürrüñdeş bolanymyzda AKP, konserwatiwlik we onuñ özi aýtmyşlaýyn "liberallardan mysal alyp" ýaşaýyşymyzy talaýanlar barada pikir alyşdyk.
Günorta Amerikadaky sümme tokaýlaryñ hususylaşdyrykan güni indeýleriñ "mülk Inkiñkidir!" diýip gygyryşandyklaryny aýdan Eliaçyk hut şol günlerde Käbäniñ 120 kilogram altyn bilen nagyşlanan matasynyñ täzelenip, altynlaryñ şol dabara gatnaşan liderleriñ arasynda paýlaşylýandygyna ünsi çekip, bu iki wakany deñeşdirýär we "Alla şol gün Käbede däl, "mülk Inkiñkidir!" diýip bagyran indeýleriñ wyždanyndady" diýýär...

- AKP kongresiniñ geçen güni daşarda kumanýa (gury azyk-сухой паёк) paýlanandygyny, münberde-de premýer-ministr Erdoganyñ çykyş edip duran wagty zalda aglaşýanlaryñ bardygy görüldi. Bu sahnalar geçen ýyl Demirgazyk Koreýanyñ döwlet ýolbaşçysy Kim Jonguñ ölüminiñ yzyndan zor bilen agladylan adamlary ýada salýandygy baradaky tankydy bellikleriñ edilmegine getirdi. Kongresde düşülen fotosurata we onuñ soñy barada nämeleri aýdyp bilersiñiz?

- Kongresiñ geçen güni aglamjyran konserwatiw gatlagyñ şuny bilmegi gerek: Gardaşym, eger siziñ durmuşyñyzda iñ belent gymmatlyk din bolýan bolsa, bu diniñ bir pygamberi bar. Yzyna düşýän lideriñizi şoña görä ölçerseñiz dogry bolmazmy? Pygamber nähili jemgyýetçilik durmuşynda ýaşan bolsa, yzyna düşýän lideriñizem şolar ýaly jemgyýetçilik durmuşynda ýaşamagy gerek. Pygamber nähili aradan çykan bolsa, musulman lideriñem şolar ýaly aradan çykmagy gerek.
Şindi serediñ, pygamber ýigrimi üç ýyllap din we döwlet işini alyp barypdyr, pygamberlik edipdir. "Din-u-döwlet" sözi köne dilde aýdanymyzda, din we jemgyýetçilik işlerini öz içine alýar. Eger siz özüñizi bu işe bagyşlan bolsañyz, özüñize degişli durmuşyñyz, özüñize aýran bähbidiñiz, peýdañyz bolmaly däl.
Pygamberimiz (s.a.w) ýigrimi üç ýyllap ýeke donunda gezdi, ýeke dony bilenem gitdi. Yzynda hiç zady galmady. Hezreti Omaryñ (r.a) öz işini edende öz şemini, döwletiñ işini edende döwletiñ mumuny ýakandygyny süýjedip-süýjedip birnäçe ýyllap Ymam Hatyp liseýleriniñ gurnaýan dabaralarynda aýdan bolýarlar. Belki-de, Taýýip Erdogan munyñ sahnasyny-da oýnady. Ol şonuñ üsti bilen meşhurlaşdy. Şindiki ýaşaýşyna serediñ...

- Şindiki ýaşaýşyna seredeniñizde näme görýärsiñiz?

- Şuny anyk aýdyp biljek, men Taýýip Erdoğana asla ses bermerin. Nämüçin? Munuñ iñ ýönekeý, in gysga we iñ düşnükli bir sebäbi bar. Çünki ol "kenz"-çi. Ýagny wezipe ygtyýarlygyny ulanyp, pul we baýlyk toplaýar. Mundan lider bolmaz. Musulman lider bolmag-a beýlede dursun. Munuñ yzyna düşmek dürs däl. Munuñ bilen ara çäk goýulmagy gerek. Muña gylyç çekilmegi we "seniñ şunuñ bilen dogrularys!" diýilmegi gerek. "Sen näme etjek bolýarsyñ?" diýmek gerek. Özem bu adam söwdagär. Hemişeki söwdagär ýagny. Ilki öz işlerini edýär, soñ wagty galsa halkyñ işlerine seredýär. Onuñ aýaly-da söwdagär. Olam dek oturanok. Hassahanalary açýar, ondan aksiýa, mundan aksiýa. Bu näm boluş? Söwdagärdenem bir lider bolarmy, gardaşym? Döwlet, ýagny millet siziñ maşgalañyzyñ ýedi puştunyñ ýaşaýşyny pensiýa çykansoñam goragy astyna alypdyr. Birinji derejeden pensiýa prosedurasy eliñizde. Saglygy goraýyş hyzmatyndan bilime çenli bar zat size mugtuna hyzmat edýär. Döwletiñ uçary bilen syýahat edýärsiñiz, döwletiñ ložmanynda oturmaga hukugyñyz bar, emriñizde ýaşyryn hak-heşdekler bar, o bar-bu bar, garaz... Şindi siziñ ýene mätäçiligiñiz bolup biler? Sen nämüçin mal toplaýarsyñ, näme üçin pul toplaýarsyñ? Sen premýer-ministr bolansoñ, işden gidenden soñam halk deputatylygyña galýañ we öñki premýer-ministrlere, halk deputatlaryna berilişi ýaly ölýänçä pul tölenýär. Ýaşaýyşlary doly kepillige alynan. Şunça ýeñillige kanagat etmän baýlyk toplamagyñ näme manysy barka, men düşünemok? Muny ýönekeý raýat etse "adam ertesiniñ gamyny iýýär" diýip bolar. Emma hemme zady gorag astynda bolan bu adam nämüçin dynman pul we baýlyk toplaýarka? Näme etjek bolýarka? Ine, hut şu ýerde-de doýdum-dolmazlyk, açgözlük bar. Birem Hudaýa ynanma meselesinde nogsanlyklary bar.

- Nähili nogsanlyk? Biraz açygrak düşündiräýseñiz?

- Ýagny, bular Hudaýa ynanýandygyny aýdýarlar, emma bil baglap bilenoklar. Ynanýar, ýöne bil baglanok. Ynha, olaryñ Hudaýa bolan ynanjy. Ýogsam bolmasa Hudaýa ynanmak başga zat. Kuran zol-zol "Gökden ýagmyr ýagar, ýerden ot biter, Allaha ynanyñ" diýýär, "Ryzkyñyz kesilmez, Allaha bil baglañ" diýýär, "Allaha töwekgellik ediñ, munuñ üçin zat toplamañ" diýýär. Hudaýa bil baglap bilmeýän adam zat toplaýar, özüni gorag astyna almaga jan edýär. Hudaýa bil baglamak, ýagyş-ýagmyra, tebigata, nebata (ösümlige) bil baglamak diýmekdir. Ýaşaýyş bil baglamak diýmekdir. Gytçylyk bolmaz, işleseñ bar zat bolar, gam çekme. Şindi zat zat toplaýan bolsañ, başgalaryñ zadynyñ azalýandygyny añladýar. Ýer ýüzünde tebigy deñagramlylyk bardyr we bu düzgün deñligiñ üstünde gurulypdyr. Kimdir biri bir ýerde gereginden artyk zat toplaýan bolsa, başga biriniñ zadynyñ kemelýändigini görkezýär. Ýazgyt, kysmat, nesibe - bular Kuranyñ deñlikçi düşünjeleridir. Emma häzirki "öli" Kurany teswirleýişleri bilen bu düşünjeleri ters terjime edip, onuñ hakyky manysynyñ üstüni gömdüler.

- Siziñ üns bererlikli bir tankydy belligiñiz bar, "möjekler bilen hüjüm edip, guzular bilen mäleşýärler" diýipdiñiz. Näme diýmek bu?

- Hökümet hemişe ikiýüzli hereket edýär. Mysal üçin, Neşet Ertaşyñ setirlerini okaýarsyñyz, emma Neşet Ertaş ölmänkä "eger yzymda bir halta un goýan bolsam, günä iş etdigimdir. Meni mazara goýmanka şol bir halta uny paýlañ" diýipdi. Şindi siz Neşet Ertaşyñ setirlerini okaýarsyñyz, onda şoñ ýaly ýaşamagy-da, şoñ ýaly ölmegi-de başaryñ! Eýse Taýýip Erdogan aradan çykanda yzynda näçe halta uny galarka? Sen şindi Neşet Ertaşyñ setirlerini okaýan bolsañ, onuñ ölümi-hä şeýle, pygamberimiziñkiden (s.a.w) tapawudy ýok... Pygamberimizem (s.a.w) şular ýaly görnüşde aradan çykypdy. Yzynda towuga ýüklärlik zady ýokdy. Iñ soñky ýedi dirheminem öz eli bilen paýlapdy. "Men ýedi dirhemimem bolsa, Rebbiniñ huzuryna mülkiýet bilen çykasym gelenok" diýipdir.
Şonuñ üçin meniñ pikirimçe, eger öte geçmeýän bolsam, bu iññän ajaýyp ölümdir. Ol bulary ulanýar, emma olaryñ ýaşaýşy ýaly ýaşamaýar. "Malam ýalan, mülkem ýalan" diýen bolýarsyñ, emma ömrüñ mal-mülk toplamak bilen geçýär. Özem Neşet Ertaş döwletiñ sungat işgärine berýän paýyndan ýüz öwren adam. Şonuñ üçinem ony soñky ýoluna ugradanda döwlet derejesinde çäre geçirmegiñ hajaty ýokdy. Oña döwlet apparatyndan adamlar gatnaşmaly däldi. Gatnaşaýanam bolsalar, iñ yzky hatarlarda durmalydy. Şonuñ üçin jynazasy-da ýoýuldy. Şindi AKP-niñ daşarky syýasatyna göz aýlasañyz, bularda-da şol bir zady görersiñiz. Mysal üçin, kongrese Emin Jemaýel gatnaşdy we alkyşlandy. Emin Jemaýel kim? Ysraýylda "Sabra" we "Şatilla" teraktlaryny amala aşyran "Falangist" partiýasynyñ şol wagtky başlygy. Ýagny, "Sabra" we "Şatilla" teraktlarynyñ syýasy sebäpkäri. Ony kongresd çagyrýarsyñyz we ony adamlar el çarpyp garşylaýar. Bu näm boluş, bu niçik lahana turşusy? Ine, "möjekler bilen hüjüm edýärler, guzular bilen mäleşýärler" diýen sözümiñ manysy şu. Hem o tarapdan görünip, hem bu tarapda bolmak. Hem goşgusyny okaýar, hem onuñ ýaly ýaşamaýar.

- Daşarky syýasat gürrüñini has giñişleýin düşündiräýseñiz?…

- Kiçijik mysal bereýin, häzir diýýändirler: "Saña PKK hakynda ýigrimi dört sagatlap maglumat berjek". Munuñ öwezine-de "Owganystana gidip, "Talibana" garşy uruşmaly bolarsyñ" diýýär. Hökümetem muna lepbeý diýýär. Häzir türk esgerleri Owganystanda "Taliban" awyna - jady awyna çykdy. Eýýäm birküç günüñ içinde on sekiz adam wepat boldy. Obalara dökülýärler, talibanlar bar diýip, gan dökýärler. Amerikanlar türk esgerlerini ol ýerde hut şu maksat üçin ulanýar. Türk esgeriniñ Owganystanda dynnym ýaly abraýy galan bolsa, bolanjasynam şeýdip dökýärler. Siriýany alanda-da şeýle. Türkiýäni Siriýa sokjak bolup jan edýärler. Muña garşylyk bergilerimize garaşyk eden bolýarlar. "Ýene pylança kredit berip bilerin" diýen bolýarlar, pylan-pysmydan... Amerikanlar seni ulanmasa, seniñ peýdañy görmese, saña ýeke köpük pulam bermeýär, seniñ bilen salama-da sataşmaýar, seniñ ýüzüñe-de seretmeýär. Eger olar saña PKK hakynda maglumat berýän bolsa, garşylygynda hakynatutma killerlik etmegiñi isleýär. Olar seni Siriýa sokmak üçin "bergileriñe garaşyk ederin" diýýär. Günbatarlylaryñ edähedi şeýle, gardaşym. Bulara ynam edip, ham-çam bolarlygy barmy? Meniñ pikirimçe, AKP hökümeti kyblasyny ýitiripdir. Ýüpden boşanan däli öküz ýaly haýsy ugura gitjegini bilenoklar. "BDP-ny deñimiz hasap edemzok" diýýär, ertesi güni "Ymralyda gepleşiklere başlap bileris" diýýär. Birisi Diýarbekiriñ içeri işler müdiriniñ beýanatyna arka durýar, başga bir ýanda Taýýip Erdogan çykýar "oñ ýaly zat ýok" diýýär. Kelleleri buýr-bulaşyk, näme etjeklerini bilenoklar. Häzirki wagtda Türkiýede eradaly syýasat ýok.

- Häzir syýasatyñ üns merkezinde esasan täze konstitusiýa, prezidentlik sistemasy we referendum çekişmeleri bar. Siziñ pikiriñizçe bu zatlaryñ soñy nähili şekillenerkä?

- Men häkimiýeti syýasy nukdaýnazardan şeýleräk tankyt edýärin: Döwletiñ çemeleşmelerini üýtgedenoklar, öz çemeleşmelerini döwletleşdirýärler. Munuñ iñ aýdyñ mysaly, Taýýip Erdoganyñ syýasy etsem-petsemleridir. Ýagny, sistemany öz bähbidi üçin üýtgetmäge synanyşýar. Hatda konstitusiýabam özi üçin üýtgedýär. Hasaplary şu: Konstitusiýada Prezidentiñ partiýasynyñ bolmagy baradaky maddalary aýyrjak bolýarlar. Şeýlelikde Taýýip Erdogan Prezident bolanda, partiýasy-da bolar. Prezident dolandyryşyñ başy bolandygy üçin hökümet ýygnaklaryna-da başlyklyk etmäge hukuk gazanar. Ýene biraz ygtyýarlygyny artdyrmak bilen birlikde, awtomatiki ýagdaýda ýarym başlyklygy eline alar. Ministrler kabineti Prezidentiñ ýolbaşçylygynda jemlener. Premýer-ministrem Prezidentiñ kömekçisi ýaly bolup galar we partiýaly prezidentlik bilen birlikde ýarym başlyklyk sistemasyna geçdikleri bolar. Şindi bu nämäni añladýar: öz syýasy gelejegi üçin sistemany üýtgetmegi añladýar. Diñe öz ykbaly üçin. Hawa, sistemanyñ üýtgedilmegi hökmany şert, emma bu bir şahsyñ ykbaly üçin üýtgedilmeli däl. Mundan owal Turgut Özalam şeýtjek bolupdy. "Sistemanyñ şu-şu taraplary men bolmanda-da üýtgedilmegi hökmany" diýmeli. Ýagny, döwletiñ çemeleşmeleriniñ üýtgedilmegi lazym, "ýurduñ bähbidi üçin iñ dogrusy şudur" diýilmegi lazym. Bulary pikirlenenok, ilkinji nobatda özüniñ näme boljagyny pikir edýär. Bu öte ýalñyş.

- Antikapitalist musulman ýaşlar barada näme aýdyp biljek?…

- Bu ýaşlar öñden bäri şu meselelere kelle döwýän, çykalga gözleýän ýaşlardyr. Emma olar bu garşylyklaryny yslam atmosferasynda ýeterlik gozgap bilenoklar. Gozgan ýagdaýlarynda-da, näletlenýärler. Çünki yslam gatlaklary olaryñ garşylyk bildirýän zatlaryna garşylyk bildirenoklar. Meselem, olaryñ iñ uly garşylygy kapitalizm. Aýratynam “kapitalizm Allanyñ duşmanydyr” diýen pikire gol ýapýarlar. Musulmanlaryñ aglabasynyñ kapitalistleşýändigini, kapitalizme tarap taýyp gidýändigini görýärler. Dini jemagatlaryñ ählisiniñ dawasynyñ otuz ýyllyk göreşiñ soñunda kapitalizme abdest (täret) aldyrmak bilen tamamlanandygyny görýärler. Bugün seredip görseñiz, milli añyýet şeýle, AKP şeýle, dini jemagatlaryñ, nurjularyñ köpüsi şeýle. Müsürde "İhvan-ı Müslümin" ("Musulman doganlar") guramasu şeýle, Päkistandaky "Jemaat-i İslami" ("Yslam jemagaty") guramasy şeýle. "Hamas" we "Hizbullah" guramalary-da şeýle. Şamçyragyñ geregi ýok, ýoluñ soñy belli. Şeýlelikde näme bolar öýdýäñiz, kapitalizme garşy yslam dünýäsinde sagdyn alternatiwa ýok. Jümle dini jemagatlaryñ göreşi harçlyklardan artan-süýşen haýyr-sahawatlara arkaýyn bolup edilýän dini janypkeşliklerden ybarat. Bolany, başga zat ýok.
Şindi bärde täze uguryñ üstünde işlenýär. Bu ýaşlar taýýarlan manifesti bilen dini jemagatlara ýüzlenýär: indi deñiz gutardy, gury ýer görnüp başlady. Özüñizi atyp biljek ýeriñiz ýok. Bizi mundan beýläk aldap bilmersiñiz. Şonuñ üçinem biz özümize bu ugury saýlap alýarys. Birinji mesele şu. Kapitalizme garşy çykmak. Siziñ ram bolan, şypba-ýapyş bolan zadyñyza garşy çykýarys. Düýp garşylygyñ şundan başlamagy gerek. Şonuñ üçinem antikapitalist çagyryşlary edip şular ýaly manifest taýýarladylar. Meniñem bu manifeste goşandym boldy. Menem onuñ mazmunyna öz pikirlerimi goşdum we manifest çap edildi. Munuñ netijesinde-de "Kapitalizme garşy göreş" kružoklarynyñ gurulmagy müwessa bilindi. Nesip bolsa, bu asylly başlangyç ýaşlaryñ toplumlaýyn hereketine öwrüler.

- Kružogyñ adynyñ "Sowuk uruş" döwründe ABŞ-nyñ täsirinde gurulan "Kommunizme garşy göreş" kružoklarynyñ adyny ýatlatmagynyñ aýratyn bir manysy barmy?

- Hawa, bu biraz "Kommunizme garşy göreş" kružoklaryny ýatladýar, emma düýbünden başgaça. Bu, bir manyda ygtybarlylygy dikeltmegi (iade-i itibar) we mirasy ret etmegi (redd-i miras) añladýar. Taryhy waka.

- Bir tarapdan alanda "Kommunizme garşy göreş" kružoklarynyñ döreden netijesi dälmikä, şumatly garşylyklaryñ çeşmesi?

- Bärde munuñ düýbünden tersine bir erada bilen muña garşy çykylýar. Ýagny, "Kommunizme garşy göreş" kružoklarynyñ antitezisi formasynda. Bärde üns bermeli zat, kapitalizme garşy göreş kružoklarynyñ dini gatlaklardan gelýän adamlar tarapyndan gurulmagydyr. Bu Türkiýede ilkinji gezek bolýar. Şol bir wagtyñ özünde, meñ pikirimçe bir bir milatdyr (öwrülişik sepgidi) we üns berilmäge mynasypdyr. Muny çepçi (kommunist) gatlaklardan gelýän ýaşlar edenok, gaýtam tersine, "Kommunizme garşy göreş" kružoklaryndan ýetişenleriñ çagalary, hatda agtyklary edýär. Bu, üstünde birentek jedeli ediljek ýagdaý. Manifesti bilen, "Kapitalizme garşg göreş" kružoklary bilen Türkiýäniñ birnäçe ýerinde ýaşlarymyz oýanar we añyýetimizde öwrülişik bolup geçer diýip umyt edýärin. Öz hanasynda akmaga başlan hereketimiz gün geçdikçe dolup-daşjakdyr we bizden soñky geljeklere hemişelik miras bolup galar.

- Bu herekete hususanam çepçilerden "synpy göreşe zyýan etjekdigi" barada tankydy belliklere we "yslam many-mazmun taýdan kapitalizme garşy çykyp bilmez" diýen ýaly seslenmelere nämeleri aýdyp biljek?

- Bu diýseñ ýalñyş pikir. Türkiýedäki synpy göreş gaýtam indi "antikapitalist musulmanlaryñ" pikirleri bilen öz mynasyp ornuny tapar. Has owal "kabeller" ýalñyş çatylypdy. Pikir edip görüñ, gelmişek bolşewik gelip, "Hudaý barmy, ýokmy?" jedelini edýär. Muny çepçilerimiziñ arasynda edenlerem boldy. Garamaýak adamlaryñ arasynda "Hudaý barmy, ýokmy?" jedelini etmegiñ hiç hili manysy ýok. Şonuñ üçin bu göreşiñ ugry indi ýoluna gitse gerek.
Meniñ ene-atam iki zady ýerde görse alyp öperdi we ýokary galdyrardy: birinjisi Kurany-Kerim, ikinjisi-de çörek. Alla, çörek, erkinlik... Şindi bu düşünjeler bir ýere jemlendi. Hakyky göreş indi başlaýar.

ALLA KÄBEDE DÄL, "MÜLK INKIÑKIDIR!" DIÝIP GYGYRÝANYÑ WYŽDANYNDA!

- Premýer-ministr Erdogan, ýalñyşmaýan bolsam, 2009-njy ýyldaky Bütindünýä suw forumunyñ öñüsyrasyndaky bir çykyşynda "Allanyñ suwuny pula öwürýäris" diýipdi. Munuñ yzysüre Türkiýäniñ ähli suwly-çeşmeli dereleri hususy firmalaryñ ygtyýaryna berildi. Ýaşaýan jülgelerinde siz aýtmyşlaýyn "Hudaýa bil baglap" we özgelere mätäç bolman ýaşaýam adamlar ir bilen örende öñlerinde duran traktorlary, iş maşynlary gördüler. Birdenem il-halkyñ agaýana ýaşap ýören şol jenneti jülgeler hususy firmalaryñ gözegçiligine geçdi, suwly çeşmeler kyrk dokuz ýyllygyna olara berildi. Allanyñ suwuny pula öwürmek, ynha, şu döwrüñ kartinasyny görkezýän düşünje diýip hasaplasa bolar. Bu barada siz nämeleri düşünýärsiñiz?..

- “Allanyñ suwuny pula öwürýäris” diýmek, göýä, özbaşyna akyp ýatan we "hiç zada ýaraman ýatandygy" aýdylýan suwuñ üstünden bent gurup, suw elektrik beketlerini gurup, pula öwürýäris diýmekligi añladýar. Emma, hakykatda bu şeýlemikä? Ýok. Bu, Allanyñ suwuny kimdir birilerine peşgeş berýäris diýmekdir. Allanyñ suwy özbaşyna akýan wagtynda, bolmanam ähli halk peýdalanýar. Bu hemmeleriñ, jümle ýaşaýyşyñ peýdasyna. Eger sen il-halkyñ bähbidi üçin, hususylaşdyrmazdan halkyñ peýdasyna jemgyýetçilik hyzmatyny edýän bolsañ we mundanam halk peýdalanýan bolsa, onda, gep gutardy. Diýmek, sen Allanyñ nygmatyny deñgyrañly ýagdaýda zähmet siñdirip jemgyýete paýladygyñ bol6ar. Emma sen beýdeñok ahyryn! Sen munu hususy firmalara kyrk dokuz ýyllap kärendesine berýärsiñ. Özem olaryñ birtopary daşary ýurt firmalary. Şeýdeniñizde Allanyñ suwy şol firmalaryñ hususy zady boldugy bolýar. Siz muny şeýtmek bilen, Allanyñ mülkünden ogurlaýarsyñyz. Allanyñ suwuny pula öwürmek, köpüsi daşary ýurt firmalary bolan daşary ýurtlulara kyrk dokuz ýyllap ulanmaga bermek - "Allanyñ suwuny gelmişeklere peşgeş berýärin" diýmekdir. "Alyñ, muny ulanybam, ýene biraz baýañ" diýmekdir. Beýtmäge hiç kimiñ haky ýok. Diñe Allanyñ suwy däl, Allanyñ topragy-da şeýle. Tebigy baflyklary, magdanlary-da şeýle...
Pygamber "üç zat ortalykdyr" diýýär: howa, suw we toprak. Bular jemgyýete degişlidir, ortalykdyr. Bular almaga ýa satmaga degişli däl, girdeji çeşmesine öwürmeli däl. Bu meselede diñe halkyñ bähbidine gönükdirilen jemgyýetçilik işini etse bolar. Meselem, suwy daglardan şähere çekip, halkyñ peýdasyna akdyrsyn. Bu eýýäm jemgyýete edilen hyzmatdyr. Şu nukdaýnazardan alanda suw mugt bolmaly. Halys bolmanda çykdajysy näçeräk bolan bolsa, şol çykdajylaryñ ýerini dolmak üçin belli bir derejede belli bir wagta çenli tölegli etse bolar. Ýöne ony käbir toparlara girdeji çeşmesi edip bermekden saklanmak lazym. Tebigy gaz we kömür ýataklarynyñ, topragyñ hususy eýeçiligi bolmaz. Meniñ pikirimçe ähli gozgalmaýan emläkleriñ sanawyna girýän ýerler ýatyrylmaly. Bir ýeri gozgalmaýan emläklere degişli edip, "bärsi meñki" diýýärsiñiz. Bular ýaly zat bolmaz. Soñ ol ogluña galýar, ogluñdanam agtygyña. Yslamyñ ilki döwürlerinfe ýer eýeçiligi diýen zat bolmandyr. Ýer Allañkydyr. Tutuş Ýer şary Allañkydyr. Ýer ony işläp bejereniñkidir, suw içeniñkidir, howa dem alanyñkydyr.

- Ýöne bulary aýdýanlary kommunistlikde aýyplaýarlar...

- O nämäñ kommunisti, gardaşym? Pygamber şu üç zadyñ ortalykdygyny aýdýar. Pygamberiñ sözi bu. Pygamberiñ sözüne kommunist diýýän bolsañyz, onda pygambere-de kommunist diýiñ.
Pygamberimiziñ döwründe şular ýalydy, emma wagtyñ geçmegi bilen taladylar. Galyberse-se, Allanyñ suwuny pula öwürmäge hiç kimiñ haky ýok. Bu liberallar musulmanlara diýseñ erbet täsir etdi. Meniñ pikirimçe, bir raýat Edirneden başlap Karsa çenli ýurduñ islendik ýerine, giñ ýollarda döşüni gerip syýahat etmeli we hiç bir şekilde onuñ ýoluny kesip, pul almaly däl. Şindi sen Edirneden Karsa çenli gitseñ, azyndan on ýerde ýoluñy kesip senden ýol pajyny alýarlar. Barmaly ýeriñe barýançañ kör-köpük pulsuz galýarsyñ. Ýeri, ir wagtlar ýol kesip pul alýana näme diýilýän eken? Garakçy diýipdirler. Häzir bu garakçylygy döwletiñ özi edýär. Bularyñ hemmesi jemgyýetçilik hyzmatydyr. Sen şonsuzam salgyt toplap otyrsyñ ahyryn. Nirä gidýär bu salgytlar? Şindi gidiñ-de, telekeçilerden sorap görüñ muny. Salgyt barsyny salyp, ejelerini dula bakdyrýarlar, görgülileriñ! Bular daşarky güýçleriñem eli bilen "döwlet" diýilýän bir mahluk döredipdirler, biz bolsa bu açgöz mahlugy doýurmaga mejbur edilipdiris. Eger bu mahlugy doýurmasañ, başyna musallat bolup inilýär we pul, pul, pul... Bularyñ daşary ýurt firmalaryna gitmeginiñ sebäbi nämede?

- Häkimiýetiñ ministrleriniñ özlerini gopbamsy we başgalara sabyr-takatsyz alyp barmalary halk köpçüliginiñ wyždanynda nägileligiñ döremegine sebäp bolýandygy barada tankydy bellikleriñ artýandygyna şaýatlyk edýäris. Mysal üçin, bir ministr çykyp, suw bendiniñ açylyşynda "gapaklar gapana, suwlar tutula!" diýýär. Ýene biri "Çoruh derýasy öñler öz isleýşi ýaly akýardy, mundan soñ biziñ isleýşimiz ýaly akar" diýmäge het edip bilýär. Ýaşaýyşa we adamzaea garşy görkezilen bu gopbamsylyga nähili garaýarsyñyz?

- Bu gopbamsylyk musulman adama gelişjek zat däl. Tebigat bilen sazlaşykly jemgyýetçilik hyzmatynyñ we döwlet maksatnamalarynyñ geçirilmegi gerek. Şindi bularyñ nusga edinen liberal ykdysadyýeti we ýekebara mülkiýeti tebigata ýara salyp, yza çekdirip, ondan peýda gazanmak düşünjesine garşy çykmagymyz gerek. Bular ýalñyş ýerden görelde alýarlar. Görelde alýan ýerlerinden kiçijik bir detaly aýdyp bereýin: ýalñyşmasam, 2008-nji ýyldy öýdýän, Latyn Amerikadaky ýagyş tokaýlarynyñ hususylaşdyrylyp başlan wagtynda ýerli halk aýaga galdy. Bir tarapdan seretseñ, ýagyş-ýagmyr ýagsa, bir ýere üýşürilip, ýerli halka beriljek däldi. Ýerli halk suw gerek bolsa, puluny töläp almaly bolýardy. Tokaý bilen birlikde şol tokaýa ýagan ýagyşy-da, bulutlary-da hususylaşdyrdylar. Şol sebäpli-de, ýerli halk aýaga galdy we bu tolgunşyklar wagty ýigrimi bäş adamyñ ömür tanapy üzüldi. Birnäçe adamy türmä saldylar. Şol günlerde habar beriş serişdelerine düşen bir detaly hiç haçan ýadymdan çykaryp bilemok, ýerli halk (indeýler) "Mülk Inkiñkidir!" diýip gygyryp, ýörişe çykypdylar. Ink - indeýleriñ hudaýy. Ýerli halk "Ýagyş tokaýlary Inkiñkidir, mülk Inkiñkidir! Ol amerikaly hususy firmalara berilmez!" diýip gygyryşýardy. Hut şol günem yslam geografiýasynda başga bir waka bolup geçdi: Mekgede Käbäniñ matasy çalşyldy. Käbäniñ matasynyñ üstünde 120 kg altyn bar we şol altynlar her mata çalşylanda dabara gatnaşan döwlet ýolbaşçylaryna paýlanýar. Soñra täzeden ýene 120 kilogramly mata Beýtullanyñ üstüne örtülýär. Şindi Allanyñ öýüne 120 kg altyn asýarsyñyz, köne matadaky altynlary bolsa gelen döwlet ýolbaşçylaryna berýärsiñiz. Näme üçin garyp-gasara, ýetim-ýesire däl? Ýogsam bolmasa Kuran "altyn toplamak otdur" diýýär. Kuranyñ iñ halamaýan zady altyndyr. Pygamberimiz (s.a.w) kenz aýatlary, ýagny, "Toba" süresiniñ 34-35-nji aýatlary inende, “tebbet el kanizun, tebbet el fızza, tebbet ez-zeheb" ("Ýok bolsun hannaslar, ýok bolsin altyn, ýok bolsun kümüş!") diýip gygyrypdyr. Hatda onuñ sesine metjidiñ ýapraklary titräpdir. Şindi şular ýaly nusgalyk pygamberiñ ýurdunda, şular ýaly süräniñ inen ýeri bolan Mekgede, Allanyñ öýi Käbede altyn toplaýarsyñyz. Hut şol günem indeýler "Mülk Inkiñkidir!" diýip gygyryşýar.

- Bu nämäni añladýar?

- Şindi bu iki hadysany deñeşdirenimizde men şeýle diýýärin: "Alla nirede?" Alla Käbede däl! Altynyñ toplanýan ýerinde Alla bolup bilmez! Alla şol gün Perudaky indeýleriñ wyždanyndady!
Bütün ýer ýüzi Allañkydyr, bu aýry gep. Emma altynyñ, puluñ jemlenen ýerinde, döwlet ýolbaşçylarynyñ altyn paýlaşýan ýerinde Alla bolup bilermi? Başga bir ýerde adamlar "mülk Inkiñkidir!" diýip gygyryşýar. Muny aýdanymda dindarlar meni ýazgardylar. Men muny simwoliki manyda aýdýaryn. Aýdýanlarym simwoliki deñeşdirme. Wyždanymyzy orta goýmak gerek, men dogry zady düşündirjek bolup jan edýärin. Şindi sen öñe çykyp sümme tokaýlary hususylaşdyranlary mysal alýarsyñ. "Gapaklar gapana, suwlar tutula" diýýärsiñ. Bulary-da jemgyýetçilik bähbidi hökmünde agzañok. Hususy firmanyñ eýeçiligine kyrk dokuz ýyllygyna berýärsiñ. Dünýäde liberal kapitalistik ykdysadyýet höküm sürýändigi üçin bular tebigaty talaýarlar. Biziñ konserwatiwlerimizem bulara ymsynýarlar. Bularyñ ymsynarlyk, höwes ederlik tarapy ýok. Bular yslam medeniýetinde bar zat däl.

Gürründeş bolan: Ýusuf ÝAWUZ.

23.01.2012 ý. Odatv.com

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 117 | Добавил: Gökböri | Теги: Rejep Ihsan Eliaçyk, Ýusuf Ýawuz | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 16
0
16 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Allaberdi, bu barada-da pikiriñizi biläysek ))

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şoña yazan teswirim:

"Bir-iki gektaram däl, 1000 gektar!
ine, hakyky "Gün güýçlinki, gowurga dişliñki!" diýen nakylyñ manysy şu. Tokaýlaram, daglaram, düzlerem, deryalaram puly kop bolanyñky indi! Meşhur satirik Eziz Nesiniñ "Aýagyñ aşagyndaky deñiz" diyen bir hekayasyny terjime edipdim. Şonda bir soz bardy: "Bu deñziñ gyrasyny satyn alyp gutaranlar howamyzy bir satyn almasynlar, yogsam dat günümize!" diyen yalyrak... Maskaly döwür bilen hekayada aydylan şol dowurem geldi oydyan: maskasyz dem aljak bolsañ pul tölemeli Daglar düzler, tokaylar - dowletiñ, halkyñ baylygy. Ony pully adamlaryñ ygtyyaryna bermek duybunden yalñyş...
1000 gektara yagjak yagyşlar, akyan çeşmeler, ol tokayda gezjek haywanlar, ondan peydalanyan awçylar, il-gün... birgiden adamlar Ibragumowiçiñ keypi-sapasy ü n aç galmalymyka... cool

0
14 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hawa.

0
13 Gökböri   [Mowzuga geç]
Şumy, agam:
“Milanyň” şwesiýaly super ýyldyzy Zlatan Ibrahimowiç ýene bir täsin hereketi bilen köpleriň ünsüni özüne çekdi. Geçirýän gollarynyň daşynda özüniň şahsy durmuşy bilen, hemişe diýen ýaly berýan beýanatlary, edýän käbir hereketleri bilen elmydama üns merkezde bolan Ibrahimowiç özüne täsin sowgat aldy. Dagda, tokaýda gezmegi hem-de balyk tutmagy halaýan Ibrahimowiç özi üçin tokaý satyn aldy. Ol tokaý Şwesiýa bilen Norwegiýanyň serhetleşýän ýeriniň golaýynda bolup, onuň tutýan meýdany 1000 gektara barabardyr. Şwesiýaly futbolçy bu tokaýy satyn almak üçin 3 million ýewro harçlady. Bu barada italýan sport gazetleri habar berýär. Ibrahimowiç satyn alan tokaýynda balyk tutmagy hem-de gar ulaglary bilen gezelenç etmegi göz öňünde tutýar diýip, habarda bellenilýär."

0
12 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Meñli, şu gezeg-ä meñ b.n ylalaşdyñ öýdýän.. ýüzüñi kürşertdiñ-de goýduñ. Aslynda pikiriñ bilmek gyzykly bolardy... smile

0
11 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
A "öz elimiz-öz yakamyz" diyilyän döwûrde welin, naýynsaplyk b.n talanýar...

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hakykatyñ hatyrasyna bulary-da gizlemän aytmagymyz gerek...

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Haýran galaýmaly yene bir zada ünsüñizi çekmek isleýär. Sowet döwrüni yamanlayanlañ bilip ya bilmän yatdan çykaryan bir zady bar: bu zatlar talanmaly bolsa sowet döwri talanmalydy, gaytam Sünt-Hasardag zapowednigi, "Aýdere" zakaznigi arkaly goraldy...

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýañy saýtlañ birinde belli futbolçy Zlatan Ibragimowiçiñ hil bir iş eden yaly tokay satyn alandygy baradaky maglumaty https://dostluk.ru/mowzuk.php?id=3 okapdym... Bulam şo mysaly bir zat...
1000 gektarlyk satyn almak diýen zat...
Aý, bu hannaslañ milletem ýok, dinem, jynsam, reñkem ýok. Alla ynsap bersin bulara...

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bu zatlaryñ başyny başlanam dagyñ iñ gowy deresini tutup, suwuñ başynda daça guran A. atly hajysyrap, mollasyrap ile güne akyl satyp yöreniñ biri... Makalada hem aydylyşy yaly "Allanyñ mülküni" ogurlap, nämelere sebap bolup yörendiginden habary bir barmyka...

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Il-günüñem gäbi azypdyr.. Şol daçalaryñ birine şäherden bir uzyn etekli saçy gyzylyñ birini getiripdir diyseler, işsizleñ barsy daga eñyär, hyllyklaryny akdyryşyp...

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gayratly bolsalar Arkajyñ düzünde tebsiräp yatan birgiden takyr yerler bar, skwažina gazmaly, azap etmeli, name ekjek bolsalar ekibermeli...
Ýyllaryñ dowamynda malyñ dersine eylenip giden mes toprakly, çeşmeli derelerimize galan yaly günleri...
Sumbaryñ ugruny-ha 91-den soñky talanşyk sebapli tebigat 2000-lerden soñ aryny alaý-alaý ekmäge yer goymady, barsyny sil apardy...
Bu zatlaryñ azarynam yene 10-20 ýyldan tebigat has gazaply şekilde alar welin... soñ butlaryny çümmüklänleri giç bolar...

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Käte Garry Nohuryñ üstünden geçip, obamyza görme-görşe baryan welin, yolda 5-10 ýyl öñ il-halkyñ malynyñ gezen yerlerinde, suwly derelerde, çeşmeleriñ başynda pully adamlaryñ obanyñ arçynyna pul dykyp döwletiñ-halkyñ eyeçiligine degişli yerleri satyn alyp, daça guryandyklaryny, gektarlap hoz ekyandiklerini göryañ... Gynanýañ... Alan-aldy...
Birwagtlar bu derelerde süri-süri yekegapanlar gezerdi, keyikler, towşanlar gezerdi, hatda gaplañlar, aýylar gezerdi...
Indi maşynly baryañ welin, setanda-seyranda öñünden bir kel käkilik çyksa, çagalar "ana, käkilik bar!" diyip gygyryşyarlar, yene 5-10 ýyldan şol käkiligem duşmazmyka diýýän şu tebigaty talap gidişleri b.n...
Iñ ýamanam bulardan yaña indi il-günüñ malyny dagda-düzde agayana bakara ýeri-de galmady...

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gürrüñdeşligiñ syýasy tarapy b.n işimiz ýok. Emma "Allanyñ mülküni" paylaşyan, hususy mülküne öwüryän käbir hannaslaryñ biziñ yurdumuzda-da az däldigi gynandyryjy hakykat...

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Orginal nusgasyny öñ okapdym. Sag bol, gaty yerine düşen we gerekli terjime.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: