18:43
Aw / hekaýa
AW

Kakam çolpymyza bir zat ilmese, öýü￾mize gaýtmajagymyzy çürt-kesik aýt￾dy. Aňzak howada aw diýip aýlanyp ýörşümize, iňrik garalanyny-da duýman￾dyrys. Dumly-duşdan möjekleriň sesi gel￾ýärdi. Biz elçyramyzy ýakyp, galyň garyň içi bilen ýolumyzy dowam etdik. Möjekleri görmesegem, olaryň bizi görýändigini aň￾şyrýardym. Belki-de, olar bize topulmak üçin amatly pursada garaşýandyrlar? Kakam sakga durup, «hanha, olar şol ýer￾de!» diýip, gulagyma pyşyrdady. Kakamyň görkezen tarapyna elçyramy tutanymda, birnäçe aç möjege gözüm düşdi. Kakam iki￾miz derrew tüpeňimize ok sürdük. Şonda birdenkä elçyram öçdi. Pursatdan peýdalanan möjekler salymyny bermän, göni bize tarap okduryldylar. Men elçyramy ýakmaga çalyşýardym. Her näme-de bolsa, ol meni ýüňsakgal etmedi. Elçyram ýananda möjek￾ler eýýäm alkymymyza golaýlapdy. Olar juda hemlelidi. Gorkymdan ýaňa süňňüm galpyl￾daýardy. Ine, şu ýerde-de ýene elçyram öç￾di. «Içigar galan, ýan ahyry, ýansana!» diýip gygyramda, derden ýaňa öl-myžžyk bolup, ukudan oýanypdyryn. Şonda myhman jaý￾dan ejemiň peji ýakjak bolup: «Içigar galan, ýan ahyry, ýansana!» diýen sesi eşidilýärdi.

Alper SADIÇ, türk ýazyjysy
Türk dilinden terjime eden: Uzukjemal PIRJANOWA

#"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 64 | Добавил: Gurgencli | Теги: Alper Sadiç | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: