04:17
Seni beýle görsem dag çökýär egne..

SENI BEÝLE GÖRSEM DAG ÇÖKÝÄR EGNE

Janan T-a  bagyşlaýaryn

Aglama,
Köp göreşdiñ,
Gõreşme gowusy,
Kän garaşdyñ
Özüne,
Köwlenmedi kölgesem..
Ahmyr kül eýlande kõñülde tagtyñ
Rustem çykyp bimessebiñ dõwüsi
Kõkün parçalanda ynam daragtyñ
"Apalanan, ezizlenen, eý gõrlen"
Jigerine tyg urup ygraryñ, antyñ
Atanak çekilse yşka per berlen
Ýyllar unudylyp haýynlyk möwjäp
Päk kalbyña öçmez möhrüni çüýläp
Duýgularña al salanda ownuklar,
Sen merdem tut, daga deñläp başyñy
Görmesinler, syl didäñden ýaşyñy,
Hijrandan titrese sütün süýekleñ
Yşkyñ delmuryplar perýady-pygan
Eýlese-de geçenden geç,
garaşma,
Gitsin, eger öz ynsaby ýol berse
Seniñ hasrat deñizine gark bolup
Yhlasyñy gara ýere hopduryp
Ojak atly ymaratyn sarsdyryp
Boluşyndan syzlamasa wyždany
Oña ýol ber, gitsin beýle melamat
Ynjytmaga dözüp pygan çekdirip
Bilen bolsa saña gara ýokduryp.
Aýt, nämäñe derkar, beýle hyýanat?!
Belki ýazyk ýokdur, özge al salyp,
Ruhuna ornandyr başgañ hilesi?!
Neýlärsiñ ýüregne erkiñ ýetmese,
"Söýen bolsa gaýdyp geler ir-u, giç"
Ojagnyñ oduny, perzent pidasyn
Añyna aýlanda dolanar ahmal,
Gijeden soñ dañ agaryp Gün dogýar-
Bilýäñ-a herhal!
Bagt arzuwlap göýber, giden ýolunda,
Ogryn garaş, ýöne yşk diýp ylgama,
Natuwan gözleñden syl hasratyñy,
Seni beýle görsem dag çökýär egne..
Haýyş, aglama!

Kalba NUR.

Категория: Goşgular | Просмотров: 123 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 3
-1
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Kalba Nurdan ilkinji gezek ajap goşgy!

0
2 ashyrovamengli   [Mowzuga geç]
Nurdan, ylhamyñ özgäñ alawyndan ot alyp bizi hem tutaşdyrdy. Goşgy gowy,ondaky gozgalýan mesele bolsa ähli döwürlerde bolşy ýaly şu döwürde de wawwaly. Maşgalalaryñ bozulmasy,gör nije bigünäleñ umydyny tala dañandyr

0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Goşgyny okap Jahan Tagyýewañ gamgyn bolup aýdym aýdyp durşy göz öñüme gelip gitdi...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: