03:46
Içki ses

ICKI SES

Çagalygymda bir täsin duýgy hiç ýanymdan galmaýardy. Hemişe kimdir biri ähli ýerde meni yzarlaýan ýalydy. Nähili hereket edýänimi,nähili gürleýänimi,näme pikir edýänimi,neneň duýgulary başdan geçirýänimi kimdir biri elmydama synlap duran mysaly. Bu duýgy ýeke galan wagtym hasam güýjeýärdi. Şonuň üçinem nämedir bir zady ýerinden gozgap,soňra bolsa ony öňki durşy ýaly edip goýmasam,içimden bir ses “ýerinde goý,ejeň ýygnaşdyrdy ahyry” diýýän ýalydy. Şeýle bolansoň alan zadymy dessine alan ýerimde goýardym. Ýa-da naharlanamda çemçe tutuşymy,otyryp-turşymy we kän bir ähmiýet berilmeýän iň ownujak zatlaram has gowy etmäge synanyşardym.
Howaň yssy günleri obamyzyň ilersinden geçýän derýa gidip,özüm ýaly çagalar bilen oýnamak,suwa düşmek şeýle hezildi. Emma ejem köplenç muňa rugsat bermeýärdi. Haçan-da joralarym derýa gitmekçidiklerini aýdyp,menem çagyranlarynda ejeme “joramlara oýnamaga gidäýin” diýip rugsat sorardym. Ýaňy ilkinji ädimimi äderinem weli,içimden ýene ses gelýärdi:”Ýalan sözleýäň!”Men şol sesi eşidip sakga saklanardym. Aýagym ädilmezdi. Onsoň yzyma öwrülip ejeme aslynda joralarym bilen derýaň kenaryna oýnamaga gitmekçidigimizi aýdyp rugsat sorardym. Ejem ilkibada garşy çyksa-da özelenip durşuma dözmezdi-de derýa girmezlik şerti bilen meni göýbererdi. Menem onsoň,derýa girmezlige milt edip bilmezdim. Sebäbi kimdir biriniň meni synlap duranyny bilýärdim. Joralarym bolsa,suwda balyk ýaly hezil edip ýüzýärdiler. Suwa düşýän ýerleri beýle bir çuňam däldi. Olara gözüm giderdi. Ine,bir günem içimden gelen sesiň duýduryşyna garamazdan suwa girmäge niýetlendim. Ses maňa “Eje girme diýdi,ilki rugsat al”diýse-de oňa gulak asman derýa girdim. Suwuň azrak ýerinde ýüzmegi öwrenmek üçin joralarymyň hereketlerini gaýtaladym,emma duýdansyz aýagym typyp arkanlygyna ýykyldym. Demime suw gidip,asgyryp-üsgürip zordan aýaga galdym. Biraz özümi dürsänimden soň,ikinji gezek ýüzmäge synanyşdym. Bu gezegem şol durşuma derýaň düýbüne çökdüm. Öňa-da hopugyp aýaga galjak boldum weli,wagty bilen başarmadym. Çyrpynyp durşumy görüp joralarym ylgap gelip suwdan çykmagym üçin kömek etdiler. Şonda içimdäki sesiň – synçy gözüň mydama meni gorap gezýänligine düşündim. Indi-indi pikirlenip görýän weli,şol gezek gark bolmagyma sebäp,ejeme beren sözümi unudyp,islegime ýesir düşüp,içimden gelen sese gulak asmanlygym üçin eken.
Joralarym bilen “daýza-daýza” oýnardyk. Herimiz öz ýanymyz bilen öýden gök-önüm,miwe,süýji-köke,çörek alyp barardyk. Öz getiren zatlarymyzdan joralarymyz bolup paýlaşardyk. Şonda içimdäki ses miweleriň,gök önümleriň,bölünen kökeleriň iň kiçisini özüňe alyp gal,joralaryňa iň gowsyny ber” diýip emr ederdi. Menem şeýderdim. Eger joralarym tersine etseler,öz ýanymdan olardan öýkelärdim. Onsoň käwagt öýkämden ýeňlip,bölüşmeli zatlarymyzyň iň gowysyny özüme alsam,içimdäki sesiň – synçy gözüň menden öýkeleýänini duýardym.
Ol wagtlar aklym ýetmedigem bolsa,soň-soňlar içimdäki sesiň – her bir ynsanyň hemrasy bolan ynsabyň sesidigine düşündim. Elbetde onuň sesini eşitmek ýa-da eşidibem eşitmediksirän bolmak diňe özümize bagly. Ýöne aklyň goýaldygyça ynsabyň sesine garşy nebsiňem sesi güýçlenýän eken. Şol sesleriň haýsynyň ynsabyň,haýsysynyň bolsa nebsiň sesidigini saýlap bilmek ynsanyň paýhasyna bagly bolup durýar. Paýhas mizan terezisi ýaly haky,nähaky ölçerýän närse.
Goý,hemişe biziň paýhasymyz dogryny saýlap,köňlümize ynsabyň sesini eşitdirsin!

 

Meñli AŞYROWA.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 89 | Добавил: ashyrovamengli | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
4 Selbii   [Mowzuga geç]
Ajaýyp, duranja filasofiýa, zybanyña ballar eliñe güller , ajaýyppp!!!

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ajaýyp oýlanma.

0
2 Revo   [Mowzuga geç]
Sag boluň, örän gowy oýlanma. Adama köplenç çagaka ynsaby, ulalansoňam nebsi ýar bolýar. Göýä gün bilen aýyň öz orunlaryny çalşyşy ýaly.

0
1 Nurdan   [Mowzuga geç]
Oýlandyryjy oýlanma, ynsap ynsanyñ ynsanlyk ölçegi,
"Goý,hemişe biziň paýhasymyz dogryny saýlap,köňlümize ynsabyň sesini eşitdirsin!" Amin!
Ylhamyñam joşup dursun

smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: