@Gelinleriñ ajaby, kalba girmedik gussa nireden göze siñsin diýsenäñ)) Ýöne şu wagt üns berýan welin ýene şol ýerde ikinji setirdäki "Maña" sözem gowşatýan ýaly goşgyny, oña-da bir üýtgeşiklik gerek))
Kalba nur uýam "Gözlerime siñmek üçin alñasap"diýen jümle birhili gussa üçin ýöntem gelýän ýaly meñ üçin.Sebäbi gussa gursaga siñýär.Gözden bolsa diñe gursakda gussa barlygy görünýãr...Gaty görãýme uýam.Galan setirlerni men-ä haladym.
@Gumlygelin, belligiñiz birtarapdan dogry, emma gussa kalba siñensoñ bildiresiñ gelmedik ýerinde-de kalpdan göze atygsap daşyna syrygjak boluberýär-da, daşyna syrygsa-da, özgelere-de nirededigini aýdyp beriberýär, göze tarap gaýdyberse bogazyña dykylyp aýtjak zadyña-da ýol bermeýär.. aslynda goşgynyñ liriki gahrymanynyñ gussasy kalpda ýatyr basyrlyp,, şonuñ üçin göze atygsaýarlar. Düşündirup bildimmikäm ))