06:40
Size gutlagym

BIR GEZEK GELUNÝÄN ULY DÜNÝÄDE

Açyñ ýüregñiziñ gülli aýnasyn,
Bilbil gülüñ müşk ysyna aýnasyn,
Çekiñ kalbyñyza yşkyñ gaýmasyn,
Ýazlar bolup söýgi bilen ýaşañ Siz!

Ykbalyña düşüp magşugyñ keşbi,
Duýgy möwç uranda dörärmiş goşgy,
Mukama öwrülip, aýnadyp yşky,
Sazlar bolup söýgi bilen ýaşañ Siz!

Bir gezek gelinýän uly dünýäde
Ahyr barjak ýeri birdir hemmäñ-de,
Kalby ynjytmañ-da, göwne degmäñ-de
Näzler bolup söýgi bilen ýaşañ Siz!

"Ýürege bararmyş ýürekden gaýdan",
Gör, sözde gudrat bar Keremden gaýdýan,
Muny çyn ýürekden syzdyryp aýdýan,
Saglyk, bagt, söýgi bilen ýaşañ Siz!

Kalba NUR.

Категория: Goşgular | Просмотров: 140 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Manysyz we ýeñles teswir...

3
1 Nowgül   [Mowzuga geç]
Ýagşy oýlar aýrylmasyn seriňden,
Bir arzuwym agy saňa ýat bolsun!
Azap bilen önen maňlay deriňden,
Halal rysgal ojagyňda bagt bolsun!

Bedew atyň kişňäp dursun gapyňda,
Ogul, agtyk, çowluk bolsun daşyňda.
Gülkiň sesi siňen geçmiş, hakyda,
Geljegiňe şugla saçýan nur bolsun!

Söýgi, mähir nur çaýylsyn ýüzlere,
Allam röwşen bersin gara gözlere
Alkymy gar kibi zyba gyzlara
Merdem ýigitlere goşa toý bolsun !

0
2 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Hahahaaa niri barsañ "Söýgi" biggrin Nurdana seretseñdem søýgi, Arzymana seretseñdem söýgi, Hawerana seretseñem söýgi, Nowgüle seretseñdem söýgi biggrin
By ýyl söýüşip söýüşip geçirmeli boljok biggrin
Söýüşibölenler diýdirmeli boljok bolmoly sygyr ýyl biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: