23:20
"Häzirki bolýan zatlara seredip, ateist bolsañyz..."
IHSAN ELIAÇYK: "HÄZIRKI BOLÝAN ZATLARA SEREDIP, ATEIST BOLSAÑYZ - JAÝYZDYR, MENEM ŞU "DINIÑ" ATEISTI"

Ylahyýetçi alym Ihsan Eliaçyk gyzgyn seslenme döredýän çykyşlary etmäge dowam edýär....
Eliaçyk häzirki bolýan zatlaryñ hakyky yslam bilen hiç baglanyşygynyñ ýokdugyny, bulara seredip, "heý, Allanyñ dinem şeýle boljakmy?" diýip, ateist bolýanlaryñ köpelip biljekdigine ünsi çekip, "menem şu dinin ateisti" diýdi.
"Antikapitalist musulmann" diýip tanalýan Ihsan Eliaçyk Antalýanyñ Konýaalty munisipialetiniñ gurnan kitap sergisinde çykyş etdi. Hadyslar we yslamyýet boýunça eden çykyşynda alym yslam dininde özgäniñ malynyñ we ýeriniñ basylyp alynyp, olja edinmegiñ ýokdugyny aýtdy. Yslamda başgalaryñ ýer-ýurduny eýelemegiñ pygamberimizin (s.a.w) aradan çykmagyndan soñ başlandygyny aýdan Eliaçyk şeýle diýdi:


"Ilkinji halyf bilen birlikde basybalyjylykly ýörişler başlady. Men olaryñ hiç birini oñlamok. Olar pygamberiñ ýolundan gyşardylar. Pygamberimiziñ (s.a.w) aradan çykmagy bilen aslyýetine seredilende bu ýoluñ soñlandy, Kerbeladan soñam doglan topraklarynyñ astyna gömüldi.

JÜPBELI MAÑA ATEİST DIÝÝÄR

Allanyñ dini-de şol gömlen ýoldady. Häzirki bolýan zatlara seredip, ateist boljak bolup ýörmäñ. Hatda şuny aýdyp bilerin: Ateist bolanam bolsanyz, jaýyzdyr. Näme üçin jaýyz, bilýäñizmi? Çünki, bu Allanyñ dini däl ahwetin! Menem şonuñ üçin häzirki din diýilýänin "ateisti" boldum. Jüpbeli maña "Ol dinsiz, dinden çykan, dini kabul edenok" diýýärmiş. Men seniñ añlaýan diniñi, seniñ ynanýan Allañy, seniñ ynanýan pygamberiñi kabul edemok. Çünki bular ýaly Alla, bular ýaly pygamber taryhda ýok we bolmady."

JENNETDÄKI HÜÝRLER

Hakyky yslam bilen häzirki bolup geçýän wakalaryn arasynda hiç hili baglanyşygyñ ýokdugyny öñe süren Eliaçyk jennetdäki hüýr-periler barada-da ýalñyş ynanjyñ bardygyny aýtdy. Eliaçyk "Kuranda aýdylanlar seniñ gürrün berişiñ ýaly däl ahyryn. Olar näme edýärler? Alla bilen söwdalaşýarlar. Señ o kelläñdäkiler jennetiñ bosagasyndan jyklap "Men şugadar namaz okadym, agzymy bekledim. Şugadar haja gitdim. Zikir etdim. Hany indi hüýrler nirede?" diýmelimiş. Ol ýerdäkilerem "Hüýr-süýr diýlen zat ýok" diýjekmiş. Şonda "Allajanlarym, onda şunça ybadatymy boşuna etdimmikä?" diýjekmiş. Görgüli şoderejede materialistliginden habary ýok, meni materialistlikde aýyplajak bolýar. Has takygy, köşk-eýwanlarda, saraýlarda gezesleri gelýär, ýag bilen bal iýesleri gelýär, içinde sany-sajagy ýok hüýr-periler bilen ýatyp-turmagy arzuwlaýarlar. Eý-hoo, din diýeniñ şu zatlar üçin barmy? Bular ýalam bir din bolarmy, gardaşym?" diýip çykyş etdi.

HÜÝRÜÑ MANYSY BAŞGA

Hüýrüñ "ýoldaş, dost" ýaly manysynyñ bardygyny aýdan Ihsan Eliaçyk sözüne şeýle dowam etdi:

"Mysal üçin, Hezreti Isanyñ (a.s) hüýrleri, ýagny, hawarileri bar. Hawari sözi hüýr sözüniñ köplük sanydyr. Hüýr "hawar" sözünden gelip çykýar.
Hawar - arap dilinde gepleşmek, muhabbet etmek diýmekdir. Şeýle-de hüýrüñ ýoldaş, dost ýaly manysy bar. Galyberse-de, Isa pygamberiñ (a.s) hawarileriniñ hemmesi-de erkek. Nähili hüýr bular? Ýagny, hemmesi onuñ ýoldaşlary. Onuñ pikir alyşan, muhabbet eden adamlary. Hüýr erkegem bolup biler, aýalam. Aýalam, erkegem adama ýoldaş, dost bolup biler. Bularyñ jynsy meýil bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Belent ruhly kämil ýoldaşlyk gatnaşygyndan söz açylýar bärde. Emma ol işigaýdan muny alagetdin, bilinden aşak inderip goýýar. Sebäbi ondan ýokarsyna kellesi işlänok."

"HADYSLARA DÄL-DE, KURANA GULAK GERIÑ"

Çykyşynda hak-hukuga sygmaýan eden-etdilikleri kanunylaşdyrmak üçin käbir hadyslary toslandyklaryny-da öñe süren Ihsan Eliaçyk şeýle diýdi:

"Hadys toslamak añsat. Aýaty welin toslap bolanok. Çünki bir kitap bar: "Pygamberimiz şeýle diýipdir" diýip, toslanan hadyslaryñ sany 2,5 milliona ýetýär. Onsoñam biz bu hadyslary diniñ esasy çeşmesi hökmünde göremzok. Size-de sargydym şu. "Şu hadys sahyh", "şu dogry", "pygamberimiz şuny aýdypdyr" diýip, jedelleşmegiñ ýerine hadyslaryñ uçdantutma barsyny diniñ çeşmesi hökmünde görmekden el çekiñ. Şonsuzam elimiziñ astynda okap-okap soñuna çykyp bolmajak, manysyny tire-tire gutaryp bolmajak Kurany-Kerim bar. Ony dyndyk-da, günümiz hadyslara galdymy? Kämil ynsan bolmak üçin Kurandaky esasy düzgünlere eýermek ýeterlikdir. Adam öldürme, ogurlyk etme, ýalan sözleme, töhmet atma. Şu dört esasy talapdan daşgaryn. Bu dört talabam adam hukuklary bilen baglanyşyklydyr."

"HÜRRIYET" gazeti, 07.11.2016 ý.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 127 | Добавил: Gökböri | Теги: Rejep Ihsan Eliaçyk | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bu toslamadan häzir iñ köp IGL terrorçy guramasy peydalanýar.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Taryhda hüýr-perili meseläni süýjedip, oña ynanýanlary ölümden gorkmazak (smertnik) edip yetişdiren we ganly teraktlary ü.n ulananlaryñ biri-de Hasan Sabbahdyr.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aslynda menem ýaşulylar köpçülikde onda-munda hüýr-periler barada söz açylsa, jennete düşeniñ ýetmişden gowrak hüýr-peri berilýärmiş, (öz aýaly b.n bile). Onsoñ ýañky jennete düşene bularyñ hemmesi bilen ýatyp-turarlyk derejede jynsy hyruç berilýärmiş diýseler, geñ galýardym "behh, jennet näme bulara diñe "ýatuw-turuwlyk" ýermikä?" diýip. Ýalñyşmasam munuñ aşa çişirilen wariantyny türkmen dilinde-de çapdan çykan "Jennetiñ we dowzahyñ syrlary" kitabyndanam okapdym öýdýän. Bu fantastiki arzuw-hyýallara gark bolup, seredeñde añyrsy-bärsi görnüp duran kristal hüýrlere hyllygyny akdyryp ýören kän "musulman" duş gelýär bizde-de. Jüpbeliden tapawutlary ýok şolaryñam.
Soñ eýranly ýazyjy Sadyk Hidaýetiñ: "Dowzahda düşenleriñ günäsi seks we içgi. Jennete düşenlere berilýän sylag-serpaýam seks we içgi... Gelejekki nesiller siziñ akmaklygyñyza gülýärler... Sen düşünýärsiñmi? Men-ä düşünemok!
Hüýr bilen jelebiñ tapawudy näme? Biri Allanyñ seniñ üçin ýöriteläp tutup goýan zady, beýlekisi bendesiniñ... Ynananlaryna para-peşgeş hökmünde hüýr beren, jelephana hökmünde-de Jennet beren Alla!
Haýsysy günäsiz? Alaçsyzlykdan ýaña näme etjegini bilmän tenini satyp garnyny doýurýan jelepmi? Ýa-da teniniñ hyrşyny ýatyrmak üçin bendesiniñ eden ýagşy işleriniñ deregine serpaý hökmünde berlen hüýrmi? Sen bilýäñmi? Men-ä bilemok?"
setirlerini okap hasam hüýrleriñ erkeklere ten islegi ü.n berilýän zatdygyna bolan şübhäm artdy. Diýmek "mollalarymyz" bu ýerde ýene garamaýagyñ "gulagyna münýärler", yslamy ýoýýarlar... Bu boýunça meniñ b.n pikirdeşlerde döräp biläýjek ýene bir sorag bar: Eger Allatagala jennete düşen erkeklere onlarça hüýr berýän bolsa, onda aýallara-da gulman atly hyzmatçy oglanlarmy berýändir-ä? Çünki Allatagalanyñ häkimiýeti biziñ bu dünýäde diñe erkekleriñ häkimiýeti, diñe erkekleriñ edeniniñ bolmaly patriarhat düzgüni ýaly däl ahyryn! Onuñ gözünde erkegem bir, aýalam. Bendesimiñ bendesi. Şa-da bir, geda-da. Orsam bir, türkmenem. Garaýagyzam bir, indeýem. Çopanam bir, ministrem. Bendesimiñ bendesi. Hemmesi deñ. Bu hüýri arzuwlaýan açgözleriñ yatdan çykarýan zady ine, şo.
Rejep Ihsanyñ "hüýr" sözüne beren düşündirişi bu baradaky şübhelerimiñ soñuna nokat goýdy. Sag bolsun ýazan, ýetiren, terjime eden.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: