20:52
Täze ýylyň bosagasynda

TÄZE ÝYLYŇ BOSAGASYNDA

Hany, geçiň giň saçagyň başyna!
Bäş minut galypdyr onki bolmana.
Döz geldik biz ýyllaň tomus, gyşyna,
Sarpa goýduk bereketli ummana.

Döz geldik tupandyr tüweleýlere,
Guran binamyza söýenýär asman.
Görenler diýerler: «Baý tüweleme!»
Haýran galar rowaýaty gahryman.

Meň, Täze ýyl, saňa kän haýyşym ýok,
Şatlyk hem bagtymyň öňküsem ýeter.
Gussa-gaýgym bolmasyn-a diýemok,
Ýöne köp bolmasyn öňküden beter.

Dostlarym ýyl-ýyldan azalyp gelýär,
Hemmäniň ýagdaýam bolmaly şeýle.
Doganymça bolsa, diýmek dostum däl,
Dogandanam eziz ýeke dost saýla.

Öz ýerinde bolsun ýagmyrdyr duman,
Öz ýerinde tomus bolsun, ýaz bolsun.
Toý gününde oturşykda oturan
Daş çykanda
Oň gybaty az bolsun.

Agşamara işden gaýdyp geliner,
Şonda öýde çäýnek-käse döwülsin.
Sögünmesin onuň üçin gelinler,
Onuň üçin çagalarmyz söýülsin.

Soňky sözüm: onki jaňyn kakanda,
Täze ýyl, ýoluňa sepilsin güller.
Men näm bolsam şo bolaýyn jahanda,
Saňa nesip etsin ajaýyp günler!

1970ý.

Çeşmesi: G.Ezizow. Saýlanan eserler. Aşgabat: Bereket-bina, 1995. sah.174-175.

Категория: Goşgular | Просмотров: 112 | Добавил: Bagabat | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 17
0
17 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Bagtyñ gämisinde gelen taze ýyl,
Bagt seceläp aýla jady taýagyñ.
Mahir paýla, söygi paýla her kime,
Göy düşümli bolsun, seniñ aýagyñ!!!"

Nartäç Ýusupdurdyýewa.

0
16 Nowgül   [Mowzuga geç]
Täze ýylda ähliňiziň ýuregiňizde beslän arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Goý,bu ýyl tutuş dünýä halklary üçin saglykly,şatlykly,düşümli ýyl bolsun!

0
13 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Şirhan,Gokbori,Gurgencli yaly we saytdaky beyleki aktiw kişilere-de Taze yylda rowaclyk hem-de amat şowlylygyny arzuw-dileg edyarin.Geliñ hemmamiz bilelikde: ,,ESSALAWMALEYKIM TAZE YYL".

0
14 Nurdan   [Mowzuga geç]
Sagboluñ, @Garaýolly aga,
Alla sizede uzak ömür
bersin, maşgalañyz abat, bereketli ýyl bolsun

0
12 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Dunyewi hem ylahy mazmunu alaja yup yaly edip,biri-birine catyan goşgylaryñ eyesi Gumlygelin uyamyza Taze yyl arzuwlaryny aydyaryn.
Sa:p durmuş hadysalaryndan duşnukli we a:ydyñ mazmunly goşgy ( poema hem ) doredyan Kalba Nur uyamyza Taze yyl arzuwlaryny aydyaryn.

0
11 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Durmuşy,şol sanda ondaky gowne yakmaz hadysa-pursatlary mayda goz elege salyp eleyan, şu rowuşde ajayyp goşgylary doredyan Hawerana Taze yyl arzuwlaryny aydyaryn.
Biri-biriniñ ustuni yetirip duryan mazmunly ajayyp hekayalaryñ awtory Bagabada Taze yyl arzuwlarymy aydyaryn.

0
10 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Şol puryjadan hayyrlanyp, ,,Kitapcynyñ"degresinde oturan adamlara yagşy arzuw-dileglerimi aytmakcy.

0
9 Garaýolly   [Mowzuga geç]
wagt galan Taze yyl ,ine,bosagamyzda,gapynyñ eltutaryna gol yetirmage tayar dur. Şu aralykda bize yagşy dilegler bilen doldurulup,gojulenen horjunymyzyñ gojuguni yazdyrmaga esli puryja bar.

0
8 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Uly kitaphanalyk ahmiyeti bolan ,,Kitapcy" saydynyñ admini we agzalary,essalawmaleykim.Bir eliniñ barmaklarynyñ sanynada yetmejek sanlyja sagatlyk

0
7 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@Bagabat doganymyz we kitapçy saýtynyñ ähli agzalary,gadyrly myhmanlary ýetip gelýän täze ýylyñyz gutly bolsun.Täze ýyl tutuş türkmen halky üçin düşümli ýyl bolsun.Hemmäñiziñ maşgalañyza bagt getirsin.Saglyk,agzybirlik,asudalyk,rowaçlyk hemişe ýaranyñyz bolsun!!!

0
6 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
#wagtam bolmoly yalnyş yazpdyryn

0
5 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Koroce süsek öküz bolmosyn, süýt gatyk beryan, eger wgaty dolup gitmeli bolsodam hojalyga, adamzada yarajak et önümlerine öwrülsin (farş gowyadin kolbasa ;;; biggrin

0
4 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
console Täze ýyl bagtly yyl bolsun. Doñuz doñuzlygyny edip gitdi, syçanam ondan gowulygy ýoklygyn bildirdi, kertio-kertip halys ýykaydy adamlary sad
Sygyr bereketli, öýdeçi jandar, yrsgally wepaly bolup gelsin smile

0
3 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Dostlarym ýyl-ýyldan azalyp gelýär,
Hemmäniň ýagdaýam bolmaly şeýle.
Doganymça bolsa, diýmek dostum däl,
Dogandanam eziz ýeke dost saýla.

0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Essalamu-aleýkum Serdar aga, sagboluň. Siziňem täze ýylyňyz gutly bolsun. newyear band

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Owgan halkynyň: "Ýürekden çykan söz ýüreklere ýol tapar" diýen nakyly bar. Hakdan içen şahyrymyzyň Täze ýyly gutlap, tüýs ýüreginden syzdyryp, ähli özüni setirlerine siňdirip aýdan bu sözleri hemmämize-de täsir edermikä diýýärin!
Hemmämize gowulyklar ýar bolsun! Geljek ýylda-da, soňam, owalda-ahyrda Şepagatly Biribar biz bendelerini öz kereminden, delalatyndan, hemaýatyndan, goragyndan, päkliginden, rysgal-bereketinden, dogry ýolundan, birek-birege ynanyşmakdan, rehim-şepagatdan, adamkärçilikden, düzüw pällilikden zar etmesin!

0
15 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Bagabat aga, we ähli
agzalar, okyyjylar,
täze ýyl bagtly,
nurly, agzybirlikli
ýyl bolsun,
maşgala abadançylygy,
ýurt parahaylygy,
döredijilik
üstünligi, işleriñ
rowaçlygy ähliñize
nesip etsin.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: