01:35
Üç zenan gahryman
ÜÇ ZENAN GAHRYMAN

Ajaýyp söýgi kyssasynyñ, zenan gabanjañlygynyñ dolup-daşýan "Howanyñ üç gyzy" romanynyñ "Ne yşky, ne ynanjy çendenaşa ulaltmaly däl. Hiç bir zady butlaşdyrmaly däl" jümlesi, megerem, iñ jüpüne düşen ýeri bolsa gerek.
Edebiýat dünýäsine ýene zenan gahrymanlaryñ üçüsi gelip goşuldy: Elif Şafagyñ täze romany "Howanyñ üç gyzyndaky" Şirin, Mona we Peri.
Ýazyjynyñ tanadyşyndan birinjisi günäkär, ikinjisi ynanjañ, üçünjisi-de aljyraññy. Eser aljyraññy we ýaýdanmaç Periniñ töwereginde ilerleýär. Onuñ başdan geçirýän ikirjiñlenmelerine kämil roman sýužetiniñ içinde gyzyklanmagy hemişe birinji orunda tutýan beýan ediş stilinde tomaşa edýäris. Akgynly we ýeñil okalýan türkçesi-de munuñ üstesine.
Periniñ çagalygy Stambulyñ Anadoly tarapynda, orta synply ýaşaýjylaryñ ýaşaýan raýonynda, "Dilsiz şahyr" köçesiniñ ugrundaky öýünde her gün agşam birküç bulgur jyñkydyp keýpini sazlaýan atatürkçi atanyñ we namazyna jür dindar enäniñ arasynda birtüýslüräk geçýär. Ol biri-birini jyny almaýan ene-atanyñ üç çagasynyñ biri. Ol ejesiniñ dindar garaýşy bilen kakasynyñ dünýewi Tañrysyny birleşdirmegiñ ýoluny gözläp, ikisiniñ arasyny sazlamaga jan edýär. Hut şol sebäpli-de ol ne Alla sözüni, ne-de Tañry sözüni agzaman oñýar. Reb diýmegi makul bilýär.
Liseýi tapawutlanan bahalar bilen tamamlandan soñ Oksford uniwersitetine okamaga gitmegi müwessa bilýär. Gitmezden öñinçä gündeligine ýazan setirleri belli bir derejede onuñam, romanyñam kyssasyny gysgaça mazmunyny beýan edýär:
"Men ne-hä ejem ýaly dindar, ne-de kakam ýaly älemiñ bäş duýgymyñ syzyp bilýän zatlaryndan ybaratdyr öýdemok. Beýle bolýan bolsa, men nirede? Ne absolýut dindarlyga, ne-de absolýut rasionalizme dahylly bolmak isleýänler üçin başgaça çemeleşme, täze bar boluş şekili ýokmuka eýse? Meselem, üçünji ýol? Kim bilýär?"
Oksfordda okaýan ýyllary pikir bulaşyklyklary dowam edýär. Del medeniýetiñ içine girensoñ-a, onda sorag alamatlary hasam artýar. Şahsyýet we degişlilik meseleleri boýunça kelle döwmäge başlaýar. Şol ikiarada ýakyn tanyşlary aslu müsürli amerikaly Mona ee Eýranda doglup, Angliýada ulalan Şirin oña täze penjireler açýar. Emma oña iñ uly täsiri gürrüñsiz, Tañry temasyndan seminarlar geçirýän mugallymy, "Time" žurnalynyñ "iñ tanymal 100 şahsy" sanawyna giren professor Azur edýär. Peri Azuryñ dünýägaraýşynda biraz özüni dürseýär: "Ynsanyñ ynsan bolmagy üçin, hem ynanja, hem şübhä mätäçligi bar. Ikirjiñlenmeli gezmek nygmatdyr."
Kitaplar dünýäsi Periniñ iñ uly gaçybatalgasyna öwrülýär. Arakesmesiz diýen ýaly birini gutaryp, ýene birine başlaýar. Belli karara gelip bilmezligiñ, kararsyzlygyñ ikirjiñlenmeleri bilen günlerini Arafda geçirýär. Özüni dembe-dem professor Azura ýakyn duýup, yşkyñ "ikirjiñlenmeli" suwlaryny boýlap çykýar.
Birinji "Oksford 2000" we onuñ yzyndaky "Stambul 2016" bölümleriniñ yza çekilmeler bilen beýan edilen eserinde uzaga çeken agşamlyk naharyna şaýatlyk edýäris. Kitabyñ başyndan ahyryna dowam eden agşamlyk naharynda nämeler gürleşilmeýär?!..
Türkiýe-Ýewropa bileleşigi gatnaşyklary, "meniñ sesim bilen ýönekeý sürüjiniñ sesi deñmi" pikiriniñ çäginde ýöredilen demokratik çekişmeler, dantelli kagyz ýazgyçlaryñ üstüne dökülen we her birine dünýä şäherleriniñ atlary berilen şokoladlar, şol gije Stambulda bolup geçen partlama, agyr we ganly geografiki çäkde ölmegiñ iñ populýar on ýoly, nahara çagyrylan bir mediýumyñ ýurtlaryñ çakralaryny açmak babatda aýdýan pikirleri... 2000-nji ýylyñ başlarynda Oksfordy tamamlap gelen Peri 2016-njy bolup geçen bu agşamlykda myhmanlaryñ arasynda ýalñyzlyga gark bolup, ömür ýoluny gaýtadan gözden geçirmäge mejbur bolýar.
Ajaýyp söýgi kyssasynyñ, zenan gabanjañlygynyñ dolup-daşýan "Howanyñ üç gyzy" romanynyñ "Ne yşky, ne ynanjy çendenaşa ulaltmaly däl. Hiç bir zady butlaşdyrmaly däl" jümlesi, megerem, iñ jüpüne düşen ýeri bolsa gerek.
Ussat prozaçynyñ, kämil romanyñ ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän kitap üç zenanyñ töwereginde suratlandyrylyp, zenanlaryñ üçüsem edebiýatyñ iñ täsirli gahrymanlarynyñ arasynda öz mynasyp orunlaryny sözme-söz alýar. Kitabyñ başyndan ahyryna Perä ýoldaşlyk etsegem, Monadyr Şirinem okyja azyndan Periçeräk ýoldaşlyk edýär. Isleseñiz, Howanyñ bu üç gyzy bilen tanyşyñ.

Filiz AÝGÜNDÜZ,
filiz.aygunduz@milliyet.com.tr

29.07.2016 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 96 | Добавил: Gökböri | Теги: Filiz Aýgündüz | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Meselem, Alla sözüni ulanman, hristianlaryñ ulanýan Reb sözüni ulanmagy dogry hasaplamagy...
Reb sözüni ulanmagynda hiç hili terslik ýok, emma Alla sözüni ulanmazlygy awtoryñ haysy pikire gulluk edyändigini açyk görkezyär.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Täzeräk okapdym. Okanyna degýän roman. Elbetde arasynda Elif hanymyñ subliminal sokmalary bar diymeseñ.. ))

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: