Главная » 2020 » Dekabr » 30 » Gomoseksualizm barada Ihsan Eliaçykdan seslenme döretjek çykyşlar
12:29
Gomoseksualizm barada Ihsan Eliaçykdan seslenme döretjek çykyşlar
GOMOSEKSUALIZM BARADA IHSAN ELIAÇYKDAN SESLENME DÖRETJEK ÇYKYŞLAR
Türkiýäniñ LGBT birleşiginiñ internet saýtyna interwýu beren ylahyýetçi Ihsan Eliaçyk seslenme döredip biljek çykyşlary etdi. Eliaçyk yslamyñ eden-etdilige, diýdimzorluga garşy çykýandygyny nygtap, gomoseksuallara edilýän diýdimzorlugyñ yslam bilen hiç hili baglanşygynyñ ýokdugyny öñe sürdi. “Osmanlylarda-da zenne (gomoseksuallyk) hukugy kemala gelipdi” diýen Eliaçyk “Patyşanyñ öñünden resmi paraddan geçerlerdi. Olar jemgyýetiñ bir gatlagy hökmünde tanalardy. Öwlüýä Çelebi muny "Syýahatnamasynda" gürrüñ berýär” diýdi. Ine, şol gürrüñdeşlik:
- Yslamda LGBT-laryñ ýeri nähili?
- Giñden ýaýran dini düşünjä seretseg-ä, geçmişde heläk bolandyklary we Lut kyssasy sebäpli olaryñ näletlenmegi dogry görülýär. Bu nädogry pikir. Lut kyssasynda esasy garşy çykylan zat - zulum we diýdimzorlukdyr. Kowmuñ baýlygyny nirä sarp etjegini bilmeýän mes baýlary öz jynsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin adamlary, esasanam ýaş oglan-gyzlary zorlaýardylar. Keýp çekilýän ýörite howlular (daçalar) üçin şäherde "ýaş ýigdekçe" gözleýärdiler we haýsy maşgalada bar bolsa, ony gylyjyñ zory bilen alyp gidýärdiler. Hut şonuñ üçinem olar Lut pygamberiñ (a.s) öýüne döküldiler, gapysynyñ öñüne gelip dirediler, "gelen myhmanlary bize ber" diýdiler, gelen ýaş ýigitleri zor bilen alyp gitmäge synanyşdylar. Ine, kyssada esasy ýigrenç bildirilýän ýerem, olaryñ hut şu bolşudyr. Kuranyñ näletleýäni zorluk-zulum we eden-etdilikdir. Muny kimiñ peýdasyna we nämäniñ hatyrasyna edýänem bolsañ, tapawudy ýok. Adamlaryñ pynhan gatnaşyklaryny we jynsy durmuşyny aýan etmek, ony aýan edýäne hiç hili peýda getirmeýär we bu gadagan edilen zat. Adamlaryñ şahsy durmuşy bilen gyzyklanmak we bu boýunça ýigrenç döredip biljek maglumatlary ýaýratmak gowy zat däl. LGBT-laryñ öz saýlap alan ýoly olaryñ şahsy durmuşyna girip, olara jemgyýetçilik durmuşynda hak-hukuk babatda beýleki raýatlar bilen deñ derejede garalmalydyr. Jemgyýetçilik güýji hökmünde döwletiñ resmi dininiñ, mezhebiniñ, etniki aýratynlygynyñ, milletiniñ şahsyýet kultunyñ bolmaýşy ýaly, jynsyýeti-de bolup bilmez.
- Nämüçin her musulman ýurt yslam düzgünlerini dürli-dürli görnüşde berjaý edýär? Biziñ ýol görkeziji kitabymyz Kurany-Kerim bolýan bolsa, bu dürli-dürlilik nireden gelip çykýarka?
- Esasy meselelerde yslam boýunça kän bir dürli-dürlilik ýok. Meselem, haýsy musulmandan sorasañ "adam öldürmegiñ ogurlyk etmegiñ, parahorlugyñ, jynsy zorlugyñ, şirkiñ we ş.m-leriñ erbet zatdygyny, adalatly bolmagyñ, agzybir ýaşamagyñ, dogruçyl bolmagyñ, kişi hakyny iýmezligiñ, goñşy-golam bilen gowy gatnaşmaguñ, zulum etmezligiñ we ş.m-leriñ gowudygyny" aýdýandyr. Bu aýdylanlaryñ dogrudygyna hiç kimiñ şek-şübhesi ýok, emma muny amal etmäge gezek gelende welin, ýañkylary aýdýan adam munuñ düýbünden tersine hereket edibem bilýär. Ýagny, dürli-dürlilikler we bulardan gelip çykýan ýalñyşlyklar amaly durmuşda has işjeñ ýagdaýda.
- Meselem, Eýranda jynsyny üýtgeden transyñ towugyna tok diýýän ýok, emma geýler asylýar. Nämüçin?
- Jynsyñy üýtgetmegiñ öz islegiñe bagly edilmegi dogry, geýiñ asylmagy bolsa ýalñyş. Munuñ hiç hili dini tutarygy-da ýok. Bu diñe Eýran döwletiniñ jynsparazçylykly syýasat ýöredýändigini görkezýär. Eýranda döwletiñ hem-ä resmi dini (yslam) bar, hemem resmi mezhebi (japary), hem resmi jynsyýeti (erkek, geteroseksual, patriarhal) bar. Umuman alanda Türkiýede-de şeýle: musulman, sünni, türk, erkek, geteroseksual, patriarhal... Emma döwlet gözünde bularyñ hiç biri artykmaç ýer tutmaly däldir. Onuñ tarapyny tutmaly zady adalatdyr, garşy çykmaly zadam - basyş, zulum we diýdimzorlukdyr.
- Duşmançylyk besläp aýdylýan sözleriñ añyrsynda nämeler barka we bu sözleriñ garşysyna nädenimizde taýýarlykly bolup bileris?
- Duşmançylykly çykyşlar din, mezhep, millet, ýurt, jynsyýet we ş.m. başga-da birnäçe sebäpden döräp biler. Munuñ antiwirusy hökmünde dinleri, ynançlary, mezhepleri, halkary, ýurtlary, reñkleri, jynsyýetleri, jynsy saýlawy nähili bolanda-da, ähli adamlary Ýaradanyñ we kanunyñ deñ hem-de azat görmekdir. Kuran "siziñ iñ haýyrlyñyz - iñ takwa bolanyñyzdyr" diýýär. Takwa kişi özüne, daş-töweregine, tebigata we ähli janly-jandara zyýan berýän däldir. Bütin bu agzalan zyýanly amallardan saklanyp ýaşaýan haýsydyr bir LGBT her gün diýen ýaly janly-jandarlara, tebigata, daş-töweregine zyýan ýetirip ýaşaýan dindarsumakdan has haýyrlydyr.
- Syýasatçylar LGBT-lara garşy edilýän jenaýatlara nämüçin seslerini çykaranok?
- Saýlawçynyñ berjek garşylygyndan we ses sanyny ýitirmekden gorkýarlar. Köplenç şeýle pikir agalyk sürýär: biri gomoseksualizm barada söz açsa, "diýmek onuñ özem düzüw adam däldir" diýip çak urýarlar. Patriarhal maço medeniýetiñ bu barada pikir alyşmaga gaýraty çatanok. Sebäbi, erkin, rahat, öz-özi bilen barlyşykly däl, jynsyýetiniñ içine dañlyp galan, şondanam boşanyp bilenok. Adamlar umuman alanda şeýle: din, mezhep, taryh, urp-adat, millet, reñk, jynsyýet köpümiziñ zyndany, biz bulary aşyp bilemzok. Gelýän kararlarymyz, tutumlarymyz we özümizi alyp barşymyz bularyñ täsiri astynda. Emma azat we belent ruhlar bularyñ üstünden aşyp pikirlenýär we karara gelýär.
- LGBT-lara garşy gönükdirilen çetleşdirme, kemsitme we gaça durma hereketleri jemgyýetiñ haýsy tarapyndan itergi berýär?
- Jynsparazçylykly ýigrenje beslenen çykyşlaryñ döremegine sebäp bolýar. Ýöne “kişiniñ jynsyýeti, jynsy saýlawy bizi gyzyklandyranok, ol munuñ şahsy durmuşyna degişli zat. Onuñ şahsy durmuşy bilen gyzyklanmak muwapyk däl. Bize gyzykly zat - kişiniñ adamlara, goñşy-golamlaryna, daş-töweregine, tebigata, janly-jandarlara we başgalara bolan garaýşydyr hem-de özüni alyp barşydyr. Allatagala bulary-da göz öñüne tutýandyr” diýen pikiri we ynanjy döredip bolsa, ýokarda agzalan meseleler öz-özünden çözülip gider. Muny döretjegem, paradoks şekilde ýene dini medeniýetiñ özüdir.
- LGBT-lara garşy gönükdirilen çetleşdirmeleri, kemsitmeleri we gaça durmalary aradan aýyrmak üçin nämeleri etse bolar?
- Adam hukuklarynyñ binýadynda jemgyýetçilik pikirini kemala getirmeli, muny etmek üçinem agzybirlikde iş alyp barmaly.
- LGBT-lara bolan iñ uly goldaw haýsy gatlakdan gelýär we siziñ pikiriñizçe munuñ sebäbi nämede?
- Adam hukuklary, erkinlik we deñlik babatda has giñ gözýetimli gatlaklardan goldaw gelýär, çünki olar adam añ-düşünjesi taýdan bizden has öndedirler.
- Bir musulman LGBT-laryñ hak-hukuklaryny gorap bilermi?
- Elbetde, gorap biler. LGBT-laryñ hak-hukuklary adamyñ hak-hukuklaryndan aýry bolup bilmez, onuñ aýrylmaz bir bölegidir. LGBT-laryñ hak-hukuklaryny goramak, LGBT bolmaklygy añlatmaýar. Meselem, meniñ özüm LGBT däl, emma LGBT-laryñ hak-hukuklaryny goramagyñ tarapynda.
- LGBT-laryñ ene-ata bolma islegleri barada nämeleri aýdyp biljek?
Ol öz isleglerine bagly zat, dolulygyna şahsy durmuşlaryna degişli mesele. Jemgyýetiñ, döwletiñ ýa-da dini guramalaryñ goşulmaga haky ýok. Eger bular ýaly talaplar barha artýan bolsa, döwlet we dini guramalar bulary nädip ýok etmekligiñ däl-de, nädeniñde bular bilen bir ýerde agzybirlikde ýaşamagyñ adyl, deñ we adamkärçilikli hak-hukuklaryny işläp düzmelidir.
- LGBT-laryñ hak-hukuklaryna nähili gözegçilik edilýär, olara garşy edilýän jenaýatlaryñ öñüni nädip alýarlar?
- Hak-hukuklaryna gözegçilik edilýär diýip biljek däl, ýöne olaryñ jemgyýetiñ iñ mazlum gatlagydygyny welin aýdyp biljek. Çünki olaryñ barlygyna takat edilenok, baran ýerlerinde äsgerilenok. Hatda olar bilen gepleşmekdenem, trotuarda bileräk ýöremekdenem gaça durýarlar, bu ýagdaý adamkärçiliklige syganok.
- Nikalaşma deñligi “gomoseksual maşgala” barada nähili pikiriñ bar?
- Bulam kişileriñ öz şahsy durmuşlary we erk-islegleri bilen baglanyşykly. Muny başgalaryna zor bilen kabul etdirmedik we özleri ýaly ýaşamaýanlary saýrylaşdyrmadyk ýagdaýynda, düşünişmez ýaly mesele ýok. Bu şahsy durmuşyñ eldegrilmesizligine girýär. Bular ýaly ýagdaýda döwlet bu boýunça hukuk, din bolsa fykh kadalaryny işläp düzmäge borçludyr. Ýöne hukuk we fykh kadalaryny işläp düzmek beýlede dursun, bu barada dil ýaryp bilýänem ýok. Olaryñ añ-düşünje taýdan erkinligi we rahatlygy ýok. Mydama başlary dertde, problemaly. Kompleksleýin basyş astynda. Osmanlylarda-da zenne (gomoseksual) hukuk kadalary bolan eken, olar resmi parada gatnaşyp, patyşanyñ öñündenem geçipdirler. Olara jemgyýetiñ aýratyn bir gatlagy hökmünde garalypdyr. Öwlüýä Çelebi muny "Syýahatnamasynda" gürrüñ berýär.
- Ahlaksyzlyga garşy göreş ady astynda girizilýän gadagançylyklar we bökdençlikler baradaky pikirleriñiz nähili?
- Ahlaksyzlyk diýilýän zat näme? Esasy günäler şulardyr: adam öldürmek, ogurlyk etmek, töhmet atmak, jynsy zorluk, parahorluk, zorluk ulanmak, zulum, eden-etdilik... Bularyñ hemmesi Kuranda kebair (uly günäler) hökmünde sanalyp geçilýär. Ine, ahlaksyzlyk! Şu sanalanlary kim etse etsin, tapawudy ýok, öñi alynmaly, hatda jezalandyrylmaly. Kuranda dört zadyñ jezasy bar: gandarlyk, ogurlyk, töhmet we zyna-zorluk. Emma, meselem; namaz, oraza, haj, başörtgüsi ýaly zatlaryñ jezasy ýok. Bular kişiniñ öz şahsy ygtyýaryna goýlupdyr, hatda içginiñem jezasy ýok, çünki icgini içmek däl-de, serhoş bolmak haram. Eýse şu döwürde-de dünýäniñ haýsy ýurdunda bolsañyz boluñ, serhoş halda ulag sürmek mümkin däl.
- Maşgalañyzdan biriniñ LGBT-dygyny bileniñizde, bu meselä nähili garardyñyz?
- Ýokarda-da aýdyşym ýaly, LGBT bolup-bolmazlygy şahsyñ öz meýline bagly hasaplaýandygym üçin öz jynsyýetimi, şahsymy we halaýan ýa-da halamaýan zatlarymy oña zor bilen kabul etdirip bilmerin. Ony haýsydyr biri bolmaga mejbur edip bilmerin, ýöne ol eden-etdilige, zulma uçrasa onuñ tarapyny çalaryn. Özüme edilmegini islemeýän zadymy başga birine edip bilmerin. Ahlagyñ baş ýörelgesi şudur. Kuranda şeýle diýilýär: "Kimsäniñ ýüki kimsäge ýüklenmez."
Jek, Anželanyñ başyna düşen muşakgaty adam ogly görmeli bolmasyn. Ol şo muşakgatyñ trawmasy bilenem şeýle bolan eken. O baradaky hakykaty az-az adamlar bilýär. Wagtynda döşüne kakyp, "men" diyjek birgiden oglandan edenli, gayratly yigit eken... Yöne näme, "niýetiñe görä ykbal bolýarmy" bu biderek dünýäde...
Temada gozgalyan wawwaly meselelere düşünse bolyar. Awtoryň özi aydyp otyr: ''Men gey, beçjebaz däl, ýöne geyleriň hukuklarynyň kemsidilmezliginiň tarapynda'' diýip. Ýöne beçjebazlara yan göz bilen seredilmese, olar bilen bir tabakda bahar iyip, bir öyde yatyp turmaly bolsa, gigiena kesellerine yolugyp gitmegiň ahmal. Anjeli diyip cogannyly bir görgülü bar. Aslynda menem onuň hukuklarynyň kemsidilmezligini isleyärdim welin temada men yaly düşünyäniň hem bardygyny welin şu wagt bilip galdym. Şol anjeli diyilyan beçjebaz hem meň pikirimçe hiç hili çaga-ya oglan zorlamady. Ýöne şol yola düşüpdir. Belki onuň özi zorluga yolukdy... lşigaydan özüni gyz yaly alyp baryar. Yöne men oň üstündenem gülemok, kemsidemogam.
Ine, ahyryn akyl gûrrüñi sen aytdyñ, @Arzyman. Menem hälden bari şuny düşündirip bilmän otyrdym, göreşiñ formasyny üýtgetmeli, hoşniyetli, mylakatly çemeleşemeli, yowuz we naletleyji daramaly dal, naletlemeli bolsa olara zorluk ulananlary näletlemeli diyip näler aydyan... Eşek suwa buşugan mysaly peydasyz boldy...
Gowy makala eken. Edil şu materialda açylan pikirden daşrak bolsa-da, bir zady belläp geçesim gelýä. Meniň gowy görüp, hormat goýýan adamlarymyň ýaş wagtlary, ýa-da birnäçe ýyl mundan ozal käbiriniň lezbiýan, käbiriniň biseksual, käbiriniň bolsa gomoseksual bolandyklaryny öz gürrüň bermeklerinde soň bilip galypdym. Bilemden soň, hasam sylagym artdy. Näçe kynam bolsa, uly yhlasyň netijesinde şeýle erbet höweslerine erk edip, erbet endiklerinden saplanyp bilmek—adam üçin iň uly ýeňiş bolsa gerek. Elbetde, bu ýeňişi zorluk-sütemiň, gahar-gazabyň, üznüksiz gynamalaryň üsti bilen gazanyp bolmajagy görnüp duran zat. Eger şoň bilen düzedip bolýan bolsa, ahlaksyzlyk birwagt Sodom/Gomorranyň ýok edilmegi bilen aradan aýrylardy. Diýmek, bu zatlara başgaça çemeleşmek gerek. Şeýle adamlaryň ýüregine täsir edibiljek SÖÝGI gerek. Şoň ýetmezçiliginde bela-da bar, azgynçylygam bar, betbagtlygam bar.
#Arzyman teswiriñ s9ñrakylary bn ylalaşmasam bolmoz. Garaz ediwersinler diyip geçip gitmän Søýgi bile bejermeli, başga zat bilen bejermeli bejetmeli o tetellileri
LGBT ýazyjy-şahyrlar, alymlar we sungat işgärleri (kinorežissýorlar, kompozitorlar, aýdymçylar, heýkeltaraşlar, suratkeşler we ş.m.) we şol sanda LGBT hak-hukuklaryny goraýjy aktiwist ýazyjylar, feministler:
Enderunly Fazyl (Osmanly imperiýasy) Gans Kristian Andersen (Daniýa) Jorj Baýron (Angliýa) Lui Aragon (Fransiýa) Rita Meý Braun (ABŞ) Elif Şafak (Türkiýe) Garsiýa Lorka (Fransiýa) Uilýam Sýuard Berrouz (ABŞ) Maýkl Şeýbon (ABŞ) Brýus Çatwin (Angliýa) Jon Çiwer (ABŞ) Elen Siksu (Fransiýa) Kolett (Fransiýa) Alister Krouli (Angliýa) Dafna Dýumorýe (Angliýa) Hans Henni Ýann (Germaniýa) Ýan Wenner (ABŞ) Jeýms Jeýden (ABŞ) Ketrin Mensfild (Täze Zelandiýa) Alfred Kinsi (ABŞ) Tomas Mann (Germaniýa) Nina Hartli (ABŞ) Kamilla Palýa (ABŞ) Patrisiýa Haýsmit (ABŞ) Piper Kerman (ABŞ) Ram Dass (ABŞ) Markiz de Sad (Fransiýa) Fransuaza Sagan (Fransiýa) Sapfo (Gresiýa) Simona de Bowuar (Fransiýa) Sofi Oksanen (Finlandiýa) Pol Werlen (Fransiýa) Gor Widal (ABŞ) Uolt Uitmen (ABŞ) Wirjiniýa Wulf (Angliýa) Margerit Ýursenar (ABŞ-Fransiýa) Monika Troýt (Germaniýa) Dorothy Allison (ABŞ) Anderson Kuper (ABŞ) Reýnaldo Arenas (Kuba) Jeýms Bolduin (ABŞ) Jenner Keýtlin (ABŞ) Şarlotta Perkins Gilman (ABŞ) Endi Kohen (ABŞ) Ženni Kordowa (ABŞ) Konnor Franta (ABŞ) Braýan Fuller (ABŞ) Riçard Glatzer (ABŞ) H.G.Karillo (ABŞ) Peres Hilton (ABŞ) Jastin Simien (ABŞ) Keýt Millet (ABŞ) Jonatan Ned Katz (ABŞ) Merilin Fraý (ABŞ) Meri Deýli (ABŞ) Mariýa Gessen (Russiýa-ABŞ) Terrens Maknelli (ABŞ) Margaret Mid (ABŞ) Maýkl Patrik King (ABŞ) Piter Orlowski (ABŞ) Robert Osborn (ABŞ) Çak Palanik (ABŞ) Jeýms Rendi (ABŞ) Jeffri Reddik (ABŞ) Adriýenna Riç (ABŞ) Ronan Ferrou (ABŞ) Waleri Solanas (ABŞ) Uorhol Endi (ABŞ) Tennessi Uilýams (ABŞ)
Indi hiç zat yazmayyn diyp durdym welin, "komanda, çozuş-mozuş" diyeniñde gülkim tutdy-da durup bilmedim. Saytyñ ýöräp duranyna oñümizdäki mayda üç ýyl dolýar we @Garayolly, @Gumlygelin, @Nowgül, @Pegas, @Şirhan, @Bagabat, @Ataýew, @Şahymerdan, @Nurdan, @Gürgençli, @Gurban, @Raydaş, @Allanazar... (käwagt giryan ya-da yogalan birnaçe agzalarymy-da bar) yaly uly yaşly we kopusi yazyjy-şahyrlar bolan agzalary diş-dyrnak bolup sayta gelmelerini we manyly-mañyzly eserlerden paylaşmalaryny gazandyk... Dogrymy aytsam, olaryñ kabirine käwagt kabir gyzykly we pikir alyşylmagy gerek hasaplayan temalarymyñ linkini ugradyan "pikiriñizi galdyryñ" diyip, yone şonuñam 10-dan birine ya yazylyar ya yazylanok. Munuñ u.n olardan gowunm edemok, her kimiñ işi derdi kitapcy.comda otyryp teswir yazyşmak dal, ya biriniñ tarapyny tutup, birine garşy gitmek dal. Islan agza islan zadyna islan pikirini yazsyn (edil siziñ yazyşyñyz yaly), yone olara link ugratmakdan maksat hem - garşylyklayn pikir alşygy guramak we çekišme doretmek. Çünki hemme adam ikimiziñ pikiri yaly pikir etmage borçly dal. diyjek bolyanym: siziñ şol aydyan "komandañyzy" häzir-ä jemlenenok, belkam siz getirersiñiz, pikirdeşleriñizi, gyzykly-ha bolardy
Mahabat? Kimiñ we nämäniñ mahabaty? Bu tema diñe garşylyklaýyn pikir alyşmak maksady bilen paylaşyldy we sag bolsun Has aga bu barada pozitiw we gyzykly pikirleri galdyrdy. Bir teswiriñde yazan sozuñ yalñyşlygyna unsi çekip bir zat diyilya welin indiki başga zat diyip, başga perdeden gopyañ. Hanym, ilki garşydaş pikire hormat goymagy we yazyan sozleriñi goramagy başar. Men bilyan, hazir şu temada oz pikirini aydasy gelip içini it ýyrtyan onlarça agza bar. Emma makalada Ihsan Eliaçygyñ aydyşy yaly "munuñ ozem duzuw adam dal" diyen tagma-töhmetiñ atylaryndan çekinyarler. Ynha munuñ subutnamasy: siziñ ozuñiz muña mahabat diyip duşunyarsiñiz.
@Gökböri señ meñ teswirimden ters netije çykaşyšyñ yaly diñe @Haweran näme yazsa dogry diyip goldanjagyna @Hawerana pikurinin ýalñyşdygyny ýazsañ "hüjümci" komandañ "cozuşyndan" cekinip yazyp bilmän duranlar köpdür synlap geltan welin @Haeeran ýalñtş pikir ýazsa garşysyna pikir ýöredip bilýän biri çyksa "cozuş" başlanýar. @Haweranyñ pikirini @Gürgencli yazan bolsodom men şyl teswirlemi pikurimi ýazardym. @Gürgençliñ pikiri adam ysly hem dogry. Indi nireden kim "çozsada" näme "lakgyldasada" "älemgoşar" ceksede meñ düşûnjäm şol bir zat,, "Ýykykana goluñy uzat, gark bolup barýany halas et, eşekden goñşuñ ýüki agsarylsa bir başyndan galdyrmaga kömek et, azaşany ýola sal" Yna meñ düşünjäm. Başga başga taraplara süýkdirip pikirimi tersa düşûndirjek bolyanyñtzyn sebabine intagam düşünemok.
Näme üćin beýle "edepli" bolyan bolsoñ meñ şahsyýetim barada düşüneniñi diliñe alýañ. Byl ýerdäki gürrüñ kimiñ kimligi dälde señ acan oçetkiñdäki ýalñyş "maslahatyñ we Haweranyñ yalñyş teswir-mahabatynyñ nädürsligi hakynda barýanlygyny unutdyñmy @Gökböri. Düşünjesizligiñem özüñi görkezmek üçin älemgoşar yaly öwüsmegiñem netijesi deñeçer bir zwt bolaymasa.
Señem düşünjäñ paylaşyan ocerkleñ yalydyr. Şon üçribem señ pikirine pikirimi goşmaýan, señ yaly düşünjek bolmaýan. @Gökbörijim. geç-de gidiber ýük senki däl byl eyyam señ düşünjäñ. Okkk. G siz ýeñdirmersinizlay.
Şon üçribem haysy ýalñyşlyk bolsoda boz ony goñşyñky dälde öz ýalñyşlygymyz diýip düşünip düzelmegi üçin aladalanmaly. "Maña näme" edip geçip giden işiñ arkasynda saña peýdaly tarapynyñ bolşy ýaly erbet netijesem bolup biler.
Yene teswire teswirmi )) Ay bolya, yokardaky pikirimi gaytalayaryn: "Biz ilkinji nobatda edebi-intellektual derejämizi yokarlandyrmalymyka diyyan.. )) Maña namedir bir zatlary duydurjak boluo artykmaç aladalanyanyña duşunemok yone.. ))
Señ bilen işim ýok, señ şyl makalany gdojok bolşuña heýran galyp ýalñyşýanyñy düşündirjek bolýan. Okkkk her kimiñ pikiri özünüñki bolsun. Gal şol düşünjäñde. Dünýäni düzetjek bolmok goey häsiýetleñ başarnygy. Dünýäñ intak aýakb üstüne dik duranlygam gowy hüýli adamlañ ylalaşygyndan ahbetin. Pikurim saña bir zwt duýdurmak diýip düşünmegiñede düşünmedim. Men näme diýýän dutarym näme diyyär boldy señkem
"Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok" dieniñki ýaly eşege ýüklenen ýük goñşyñky bolonda ýykylanyndaky çaşgynlykda dargawda seredip durmaklygyñam parhsyzlyk bilen geçip gitmegiñem jezasy bolup biler. Ertirki gün öz eşegiñdäki ýüküñem ýykylmagy ahmal ahbeti..
Makaladaky "Şahsyyetiñ islegi şol, edibersin" diýen netijeden ýaş ýeleñleriñ tälim almazlyklary her eden ýalñyşlygyñ diñe özüñe däl birnäçe maşgala, hat-da jemgiýete zelel ýetirip biljekdigini ýaşlaryñ biri dogry düşünip bilse ,
@Haweran señ real ýüzüñ haysy tarapdygy gyzykyl daldä maña. Pikirden ters netije gözlemek yaly boldy onyñom, şyl yere yazan ponyatyñ hem señ teswirleñi bizin teswirlemizi okajak ýaş ýeleñleriñem señ aydyşyñ yaly "näme etseñ bolyar, başgañ näme işi biz bilen, edenmizi etjek" diydirip biljek düşünjäñden yol almaklary ahmal ahbetinini duýdurjak boldum saña.
Sözsoñy: olara garşy göreşiñ formasyny üýtgetmeli, ûsti açylanda ozleri bilen baglanyşykly birgiden adamyñ ýüzüni yere salmaz yaly, ozleriniñ saylap alan yolunda adama azarsyz-bizarsyz yaşamagyna yol bermeli. Şeydilen-de "ne çiş köýsün, ne kebap" bolyar. Elbetde, gomseksualizme garşy medisinanyñ, diniñ we başga ugurlaryñ işlemeyan yatan birgiden ryçaglary bar, olary işletmeli. Adamlary basyp-tutup, näletläp, olara duşmançylyk edip däl-de, has mylaýym we hoşniyetli, ylalaşykly yollar bilen olaryn sanyny iñ minimal derejä düşürmegiñ gamyny iymeli.
@Haweran señem haysy tarapa bakyp duranyñy saýgarmak çetin. Eýse şyl teswirde yazanlañ ýazgarylmaly meselelerden dälmi? Olaryñ ene-atalary ýagdaylaryny ir duyanlarynda öñüni alyp bilrerdiler. Çagañ kim bilen näme ýazyşýar bilmek kyn zatmy?
[b]ozleriniñ saylap alan yolunda adama azarsyz-bizarsyz yaşamagyna yol bermeli. Şeydilen-de "ne çiş köýsün, ne kebap" bolyar.[b]
Mynyñ ýene öñki ýalñyş düşünjäñ. Ylalaşamok! Men diñe öz çagam däl başga biriniñ çagasy şeýle bolsoda ene-atasy ýaly bolu düzetmäge çalşardym. Diñe byl meselede däl. Islenduk ýalñyşlykda!
"Aydyp galanyñ yagşy. "Edibersin" diymek gursagy kirlilik yaly bir zatdyrda. Bun başga biri etse ertir biziñ çagalarmyzada yokuşyp biler.."
Aýdyanlaryñda doly bolmasa-da belli bir derejede dogrulyk paýy bar. Özümem yañy-ýakynlara çenli şeyle pikirdedim. Ýöne bu mesele şey diyip goýaýardan çuñ... we çylşyrymly... Iş tejribämde gabat gelen bir wakany aydyp bereýin: 2016-njy ýylda iki sany beçebazy eden "etmişleriniñ" üstünde tutup we resmileşdirip, işini suda geçirmeli bolupdym... Ikisi-de yaş oglan: biri oylenmedik yaş rus yigidi, biri-de yañy oylenen lebaply yaş oglan (gep olaryñ nirelidigi däl).. Ozlerem hem aktiw, hem passiw... Men yañky aydyşym yaly olaryñ telefonlaryny ellemegi dürs hasaplamanymdan soñ iş otagymda elleman goyup gitdim, ertesi operatiw işgarleri ćagyryp telefonlary aktlaşdyryp ellerine tutduryp goyberdim... Operatiw işgärler yañkylañ tel.belgisi boyunça raspeçatkasyny, imo-layn, gmail we ş.m habarlaşma hasaplaryny barlap gorduler welin... yuze çykyan faktlary eşideniñe-göreniñe ynanmayañ... zynjyr yaly uzap gidyär bulañ yzy... hatda yolbaşçy wezipelerde işlap yorenlerem bar arasynda, ahyrynda soñuna çenli işlemegi goybolsun etdiler... )) Yone barde meñ bu aydasym gelmeyan zady aytmak bilen esasy unsuñizi çekjek bolan zadym: yañky rus oglanyñ ene-atasy çagasynyñ yzyndan geldi welin, bolan zady eşdip doñup galdylar. Rus diyjeksiñ, kakasy görgüli gozunden boyur boyur dökyar, "beyle çagamyzyñ bardygyny bilman yoren ekenik..." diyp... yene garabagyr ene-ata-da, aglap elimden yapyşyarlar "alyp galyp bolanokmy" diyp, "eyyam iş gozgaldy" diyemsoñam wagty b.n köşeşmediler... Lebaply oglan barada aydanda bolsa... Bolan masgaraçylygy obalarynda başgarak hili edip yayradypdyrlar: hamala, üç-dort oglan bolup bir gyzy "edenmişler", şol arz edip işi suda düşenmiş... Yaşajyk ayaly gujagyndaky çagasyny alyp atasy oyune gaydypdyr... (Näçe islemesegem şular yaly maşgala tragediyalarynyñ bolmagyna sebap bolan yerlerimiz az dal, çunki, siziñ yañky aydan pikirlerinizi durmuşa geçirmegiñ, olara garşy goreşmegiñ iñ bärki miwesi şular yaly bolyar)... Yone barde meniñ wyždanyma teselli beryan zat: men kanunyñ talaplaryny yerine yetirdim... Gorguli rus ene-atada berere zat yok welin, turkmen oglan u.n jañ gelmedik yer yok, hodurlenmedik pul yok... hatda oz işgarlerimizdenem utanman gelip bildiler hayş edip... (Yok diyp ayak depip duranym u.n birgiden adama yigrenji bolduk...) Indi bir zat: eger yañky rus oglany makalada hem aydylyşy yaly oz saylap alan yoluny ene-atasyna mertlerçe duşundirip aydyp, ogryn-dogryn beydip yorenliginde olary şeydip yzynda şular yaly ýykgynçylykly psihologik trawma salarmydy? Yada maşgalaly türkmen oglany? Şeyle yagdaýyñ bar bolsa, name u.n bir bendaniñ çagasyna oylenip onuñ omruni kül edyañ? Ya olam indi ayrylyşyp yoluny pozduryp gitmelimi? Çagasy şeydip ataly eneli yetim bolup galarmydy? Barde oylanmaly, olar u.n bir çykalga tapmalydygy hak... Muny hiç kim inkär edip bilmez...
Köçäñizdäkileñ ikiýüzli cykmagynda siziñem geleñsizligiñizden bolup bilmegi ahmal ahbetin. Daga salam diyseñ jogabyñy salam alarsyñ, sögünseñ eşdeninem sögünç bolar. Diymek ýanynyzdakylar ikiýüzli bolup görünseler ýazygy ilki bilen özümizden gözlemeli bolorys.
Ikiñize-de bir jogap: biz taraplarda şeýle adam bilen bir köçede bile yoremek beylede dursun, elleşmegem dürs hasaplanmaýar, has takygy, köçe dilinde aytsak: "zapadlo"! Bu dogrumy, nädogry, biljek däl! Emma meñ özümem şolar yaly adama elimi uzadyp biljek däl... Yone olary depibem biljek däl. Men barde kopçulikde elini uzatmagy nädürs hasaplayanlaryñ yañky yaly çola yerde tenini sürteyandigine, yagny, barypyatan ikuyuzlüligiñ bardygyna ünsüñizi çekmek isleyän.. Hemmämiziñ daş töweregimiz şeyle ikyüzlilerden doly. Yeri, kim bilen bile düyä "hayt" diyjek bolyañyz
Men öz düşünşimi yazdym, adamlyk häsiyeti yol saylamak her kimiñ özüne bagly. "Düýa hayt diymek medet". Azany yola getirip biljek yeke söz oklap biljegimi bilsem gyrada durmazdym. Aydyp galanyñ yagşy. "Edibersin" diymek gursagy kirlilik yaly bir zatdyrda. Bun başga biri etse ertir biziñ çagalarmyzada yokuşyp biler.. Diymek hokman "hayt" diymeli meselelerden. Bun başgalar edyar edibersin mana näme özi jogap berjek diyer yaly mesele däl
Düynden bäri bu barada ozum gürlap ozum goydum, pikirini aydyan yok diyip gynanyp otyrdym... Gowy zady, iki agzadan garşylyklaýyn pikirler geldi, barybir, yene bir zada gynanman bilmedim: siz makalada aydylanlary doly okamansyñyz, ya-da okasañyzam düşünmansiñiz. Näme ü.n biziñ sosial setlere giryän yaşlarymyz okan temasyna dal-de, teswire teswir yazyarka... )) Biz ilkinji nobatda edebi-intellektual derejämizi yokarlandyrmalymyka diyyan, ilkinji nobatda ))
"Şahsyyetiñ islegi şol" diýip dogry ýoly düşündirmän saklanmak.. ylalaşamok! Ondo "şahsyýetler" beterräk iş etselerem "islegine görä edibersinler" diýip ýumup gezmek dogrymy? Ynanasym gelenok!
Meniň pikirimçe olara garşy çykmak hökmäny. Garşy çykmasaň olar ýaly azgynlaram köpelip gidiberse (daş etsin) bir gün öz nesillerimizdenem biriniň beçebaz (teletinbaz) bolmak howpy bar.
we şolaryñ Sodom we Gomorra şäherinde Lut pygamberiñ öýüne yaş yigidiñ sypatynda gelen iki perişdäni zorluk bilen alyp gitmäge gelen meslerden birjigem tapawudy yok...
Yene bir zat: ozem hut şol iki görgülä yanaşan mesler kopçülikde soz gezegi yetse, şol iki görgülini gürletmejekdendir... atlarynyñ yzyna "petuh" sözüni tirkäp tutýarlar... Meniñ ü.n-ä G.-dyr I. däl, olara zulum edenler, zulum edenine müýn duyman gaytam onuñ adyny kemsitme b.n tutyanlar "petuh"!
Haweran, maña şyl podta yazyp oturmak uslyp dälligin bilyan emmaki señ teswirleyşiñden yol alynmaly bolsa nädogry señ düşünjäñ. Eger iki adam birigip yoldan çykyp baryan bolso senem görmedikden bolup geçip gitmek dogrylykdan däl, yany suwa gark bolup baryany halas etmäge derek kenarda durup eliñi salgap hoşlaşan yaly bolmak adamlygyn yiten keşbidir.
Makala bir zady yadyma düşürdi: biz çagakak obada I. diyip bir çopan görgüli bardy, sallah oglanlaryñ aglabasy şol çopany "edipdiler". Goñşy obalaryñ birinde-de G. diýip bir akly-huşy kemterräk gaydyan çopantagrak biri bardy. G.ny mes ya sallah oglanlaryñ kopüsi iki obanyñ ortasyndaky bir kolhozyñ mal yatagynda üyşup gezekli gezegine "ederdiler"... (üyşûp eşek edilýändigi-de aydylardy).. Indi oturyp pikir edip göryän, şol iki görgüli garyp bendeler, arkasynda durjak, hossar boljak, namysyny gorajak adamlar yok... Yaş oglanlar mesligine çydap bilenoklar eken, hernäçe meslik etselerem, o döwürler biriniñ gyz-gelnine el ya dil gatmak beylede dursun, gabagyñy galdyryp gyýa seredyäniñi bilseler kelläñden jyda düşaymegiñ daş däldi... Pylanynyn gyz-gelnine lak atanmyş diyip, oba yerlerde beynisine bäşataryñ därisi dolanlar yek-tük eşdilman duran zat daldi... Şol sebäpli, yaş oglanlaryñ hyrşy yañky yaly gorgulilerden çykyardy... Ol gorguliler ile-güne zyyan yetiren, yetiryan ya yetirjek adamlar däldi, "meni urany Huday ursunlardandy".. Indi ozüñ ayt, @Jürjanly, eger bärde näletlenmeli biri bar bolsa, şol I. we G. görgülilermi ýa mesligine çydamadyk yaş oglanlarmy? Ya-da Allanyñ adalatynyñ we yalkawynyñ şol iki bendeden sowa geçjegine, olara zulum eden yaş oglanlaryñ bolsa ozunden ya çagasyndan bu eden-etdiligiñ çykmajagyna kepil geçip biljek adam tapyp berip biljekmi?
Makaladan meniñ añlan zadym: Rejep aga bu meselede geý (ýa-da teletinbaz) biri başga birine bu saýlap alan ýoluny zorluk b.n kabul etdirmedik ýagdaýynda, ýagny, öz meýli b.n oña hemdem bolup biljek biri b.n gatnaşyk saklamagyna we onuñ bu gatnaşygynyñ başgalara ýaramaz tasir etmeyän bolsa, onda olara garşy biz tarapdan kemsidiji söz aytmagyñ ya-da zyyan yetirjek hereketde bolmagyñ nädogrudygyny aytjak bolyar... Türkmen bolmanam "Deñ etmän duş etmez" diyyär-ä... Makalanyñ ahyrynda Gurhandan hem mysal getirilişi yaly: "Kimsäniñ ýüki kimsäge ýüklenmez". Eger şeyle bolyan bolsa "deñ edip duş bolan" bu iki görgülini üçünji biri bolup ýekirmegiñ nämä geregi bar?
@Haweran, "Dogry sözi……" diýýäň, haýsy sözi dogry. Meselem ýönekeý sorag: "hatda içginiñem jezasy ýok, çünki icgini içmek däl-de, serhoş bolmak haram." Şu sözi dorgumy?
R.I.Eliaçyk barada aydanda bolsa, ol öz ýurdunda häkimiýetiñ we konserwatiw gatlagyñ iñ köp ýanamalaryna uçraýan ylahyýetçisi... "Dogry sözi aýdany hemme ýerde tutup urýarlar..."
Bu meselä dogry düşünmekde we sagdyn pikirlenmekee Kakamyrat Ataýewiñ "Ölüp-direlen" romanynyñ belli bir derejede kömek etjekdigine ynanýaryn, şonuñ ü.n okamadyklara şol romany okamagy maslahat berýärin. Bir oturanda ahyryna ýetdirmän goýmaýan kämil eser.