20:59
Has Türkmene / Degişme
HAS TÜRKMENE / DEGIŞME

Sözüm olmasa-da, birdem sözläýin,
Ýakyn tutunara ýadam galmady.
Ýoda ýitdi, ýoly kaýdan gözläýin,
Barçany gam basdy, şadam galmady.

Aýak asta düşdi talant, zehinliler,
Merde  döndi ýaranjaňlar, pullular.
Kerim Hally, Han zalym, ýene ýeneler...
Olardan sypmaga “hodam” galmady.

Neýlerem, tersinden öwüsdi ýeller,
Gapyldy göreçler, lal oldy tiller.
Ýaýnady lolular, “Ile belliler”,
Mertligiň nyşany “zadam” galmady.

Ykbal bizni ne nesibä süýredi,
Mert kişileň syrtyn ýapa diredi.
Gawun gurçuklady, garpyz çüýredi,
Mala berer ýaly kädem galmady.

Magtymguly,söz manysyn çuň eýle,
Içiň gyssa, saza ýapyş—heň eýle.
Wepa agam, mahal-mahal jaň eýle,
Salamlaşar ýaly adam galmady.
Категория: Goşgular | Просмотров: 165 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Şirhan Allaberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 10
0
10 Mahymm   [Mowzuga geç]
Yaprakdökimi95 menem ilki ilkiler Kerim Halla gowy şahyrdyr öýderdim. Onuñ goşgularynyñ käbirini şu saytda paylaşdymam. Yöne onuñ goşgularyna edilen belliklerden soñ pikirim üýtgedi smile
http://kitapcy.com/search/?q=Kerim+Hally

0
9 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Adamlar! Smailkden başga söz tapmadyñyzmy teswirlemek üçin biggrin

0
8 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Barçany gam basany hakyky. Käte dilli bolanyñdan lal, kör bolmagam erbet bolonok smile

Sözüñ olmasa-da birdemde baryny birden aydypsyñ şahyr, Has Türkmen kimka? Goşgudaky
Wepa agam diýen Has Türkmenmi?

0
7 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Has türkmen kim indi? Adam gutaryp dünya şoña galypdyrmy? Goşgy şey diyip durmy? Kerim Hally gowy şahyr, Hanzalymy tanamok.
"Lolylar, belliler" diýip kimi göz öñünde tutup ýazdymykan? Magtymguly ýazypdyrmy goşgyny? Familyasy kimka bi goşgyny yazan Magtymgulynyñ? Yazyş täri erbedem däl yaly

0
6 Tiko   [Mowzuga geç]
biggrin

0
5 Sähet   [Mowzuga geç]
cool tongue tongue tongue

0
4 Revo   [Mowzuga geç]
blow

0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]

0
2 Dunya   [Mowzuga geç]
yes mobile

0
1 Pegas   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: