14:04
Müsüriñ metbugat gabrystanlygy
MÜSÜRIÑ METBUGAT GABRYSTANLYGY

Müsür metbugatynyñ taryhy Abbas Mahmyt Al-Akkad, Ybraýym Al-Mazini, Tawfik Diab, Muhammet El-Tabii, Mustafa we Aly Amin doganlar, Muhammet Hassanein Heikal, Ahmet Baha-Eldin, Salah Hafez, Anis Mansur we başga-da birnäçe şahslar ýaly dürli gatlaklardan köp sanly belli žurnalistlerden doludy. Emma bugün we hususanam 2013-nji ýyldaky harby döwlet agdarlyşygyndan, azatlyklaryñ basyp ýatyrylyp, faşistik syýasatyñ ýola goýulmagyndan bäri gazet-žurnallar metbugat ugrundan habarsyz we žurnalistlik tejribesi pes şowakörlerden ýaña hyñ berýär. Olar döwletiñ ýokary wezipeli işgärleriniñ buýruklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek we isleglerini aýtdyrmak üçin ulanýan hyzmatkärlerine öwrüldi. Başgaça aýdylanda, olar döwlet apparatynyñ aklawjylygyny edýärler we metbugatyñ meseleleri bilen işleri ýok.
Bu "aklawjylar" häkimiýetiñ gözünde ýokary statusa eýe, çünki olaryñ hemmesi şol bir zady gaýtalaýar. Hatda metbugat serişdeleriniñ uçdantutma barsy howpsuzlyk gullugynyñ berýän taýyn adalgalaryny we tekstlerini ulanýar.
Howpsuzlyk gullugy redaksiýalary, hemra ýaýlymlaryny satyn aldy we DMC atly aýratyn teleýaýlym açdy. Bu ýaýlymda görünýänleriñ hemmesi howpsuzlyk gullugynyñ aýdýanlaryny gaýtalaýar we garşylyklaýyn ýa-da çapraz pikirlere ýer berenok.
Öñki prezident Hüsni Mübäregiñ ýolbaşçylygynda hökümetiñ daşardan görnüşini gowulandyrmak we döwleti demokratik prinsiplerden ýöreýän ýaly edip görkezmek üçin oppozisiýanyñ pikirlerini beýan etmäge rugsat berildi, şeýlelikde ýurtda erkinlik bar ýaly edip görkezildi. Şol sanda başga ýurtlaryñ özi barada näme pikir edýändigi hökümetiñ piñine-de däl. Çünki ol syýasy yslamy, hususanam Günbatar dünýäsini ynjalykdan gaçyran we Ysraýylyñ barlygyna howp abandyran "Musulman doganlar" guramasyny ýok edendigi üçin ABŞ-dyr Günbataryñ goldawyny alýar.
"Gresham" kanuny söwda dolanşygynda bikanun walýutanyñ kanuny walýutadan ozdurandygyny aýdýar. Häzir Müsürde bolup geçýänler şundan ybarat. "Aklawjylar", has takygy hakynatutma talabanlar häzir metbugatyñ parlak ýyldyzlaryna öwrüldi, beýleki bir tarapdan köplenç sessiz galmagy ýeglän, kärinden el çeken ýa-da göçüp giden ussat žurnalistleri indeýän ýok. Bu ýagdaý metbugat üçin ölüm howly zarbadyr we metbugat şumat ebedilik dynçhanasyna göç etdi.
Teleýaýlymlar aýdymçylaryñ, tansçylaryñ howpsuzlyk gullugyndan alýan görkezmelerini halkyñ dykgatyna ýetirmek üçin biri-birleri bilen ýaryşýan gijeki meýlishanasyna döndi. Hemmesi gezekli-gezegine hökümeti şat etmek we has köp baýrak almak üçin hökümeti wasp edýän aýdymlary aýdyp, tans edýär.
Gynansak-da, bu bir kowçum kezzaplar topary biziñ Müsürimiziñ metbugatynyñ häzirki ýagdaýyndan habar berýär.
50-60-njy ýyllaryñ häzirem dowam edýän we fossilleşen hökümeti bilen ýüzbe-ýüz bolup galdyk. Hökümet açyk asmanyñ bardygyndan we dünýäni kiçijik oba öwren uly aragatnaşyk öwrülişiginiñ bolup geçendiginden bihabar galana meñzeýär. Häzir maglumat paýlaşma erkinligi hemmelere elýeterli. Indi hiç zady bukmak ýa-da senzuralamak mümkin däl, emma faşistik hökümetler galyñ diwarlaryñ añyrsynda goranýandyrys we hiç kimsäniñ özleri barada ýa-da şol galyñ diwarlaryñ añyrsynda nämeleriñ bolup geçýändigini bilmeýändir öýdýärler. Ýöne olaryñ bular ýaly ýaşyrynlygyñ möwritiniñ bireýýäm geçendiginden habarlary ýok.
Sisi birnäçe gezek Jemal Abdynasyryñ barlygynyñ metbugat üçin ullakan bagtdygyny we agdarlyşyk geçiren gününden bäri metbugat serişdeleriniñ Abdynasyryñ 1952-nji ýylda guran Döwlet ýolbaşçylyk ministrliginiñ ýörän syýasy ugrundan ýöreýändigini aýtdy. Sisi bir gezek “Menden başga hiç kimi dinläýmäñ!” diýipdi. Ol bize soñky alty ýyl bäri diñe aýdym-saz diñläp wagtymyzy geçirdäýjek we howpsuzlyk gullugynyñ taýýarlaýan nutuklaryny okadyp oñduraýjak bolýar. Munuñ şeýledigini bir habarçynyñ teleýaýlymda göni efirde çykyş edip durka, tekstiñ ahyryndaky "Samsung abzalyndan ugradyldy" sözüni okamagy-da aýdyñ subut edýär.
Bu boluş "tüýdükçilikden" başga zady añladanok. Metbugatyñ beýnisini ýok etdiler.
Bu sistemadan azaşanlar barada aýdanda bolsa, iñ bir ownuk tapawut bilen, hökümetiñ aýdanyndan çykmaýandygyna garamazdan, olar barada ýalan-ýaşryk habarlar ýaýradylma howpuna we "Musulman doganlar" guramasynyñ agzasy bolma ýaly aýyplamalara sezewar bolma hem-de türmä girme ähtimallygy bar. Käbir hristianlaram bu aýyplamalardan aman sypanok. Ýakynda ABŞ-nyñ ilçihanasyna degişli liberal "Mada Masr" internet saýty-da bu aýyplamalara uçrady. Habaryñ merkeziniñ karargähine operasiýa geçirilen we žurnalistler tussag astyna alynan badyna ilçihananyñ ara girmegi bilen birnäçe sagatdan soñ žurnalistleri goýbermeli boldy. Şol sanda birnäçe ýyl bäri gözenegiñ añyrsynda ýatan onlarça žurnalistiñ bardygyny-da aýtmak gerek. Olar hiç kime boýun egmändikleri we ilçihanalara tabyn bolmandyklary üçin zeýli zyndanlarda çüýremeli boldylar.
Mahlasy, metbugat doly öldürildi we žurnalistlere teselli bolup biljek hiç zat ýok.

Amira Abo EL-FETOUH.

"Middle East Monitor", 29.12.2019 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 74 | Добавил: Gökböri | Теги: Amira Abo el-Fetouh | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Gorkut   [Mowzuga geç]
Älhepus, beýle-de bir meñzeşlik bolar eken-oww...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: