15:51
Täze ýyl henekleri
TÄZE ÝYL HENEKLERI

Oglanjyk Aýazbabanyň IMO-daky salgysyna habar ýollaýar:
“Hormatly Aýazbaba! Size maňa beren Täze ýyl sowgadyňyz üçin minnetdarlyk bildiýräin!”.
Aýazbabadan jogap gelýär:
“Biderek zat-la, oglum! Sag bol aýtjak bolup azara-da galmaly däl ekeniň!”.
Ýene-de oglanjykdan habar gelip gowuşýar:
“Menem şeýle diýdim-le welin, onda-da ejem: “Edepli adamlar hatda bolgusyz sowgatlar üçinem minnetdarlyk bildirseler ýagşy bolýar!” diýäýdi-dä”...

*****
Täze ýyl baýramynyň ertesi güni oglanjyk daýzasyna jaň edýär:
-Daýza jan, Täz ýylda sowgat beren tüýdügiň üçin ägirt uly taňryýalkasyn aýdýaryn...
Begenen daýzasy jogap berýär:
-Wah ýegenjigim, ol tüýdük beýlebir gymmat zat däl-le. Bahasy bary-ýogy 10 manatjyk...
-Ol diýýäniň-ä dogry-la welin, daýza, ýöne kakam bilen ejem indi her gün daň bilen oýanyp, tüýdügimi çalyp başlan badyma maňa bes etmegim üçin her haýsy 10 manat berýär...

*****
Biri dostuna geňeşýär:
-Dost jan, maslahat bersene! Aýalyma Täze ýyl sowgady diýip näme alyp bersemkäm?
-Özünden sorasaň dogry gelmezmi-aý, dostum?!
-Äý,-diýip geňeş salýan ýeňsesini gaşaýar:-O diýýäniň-ä rast-la welin, mende onça pul ýok-da...

*****
Täze ýyl baýramçylygyndan bir aý soň biri dostuna aýdyp berýär:
-Dost, men-ä aýalyma geçen Täze ýylda “Maşgalanyň puluny nädip tygşytlamaly” diýen kitaby sowgat berdim.
-Ýeri onsoň, nätdi? Öýüňizde pul tygşytlanyp başladymy?
-Hawa, başlady,-diýip ol gaýgyly dem alýar:-Bir aýda alty kilogram-a horlandym, ulagyma guýjak ýangyjymyň puluny ogrynça karz alýan, piwo-çilim-arak...hemme zady taşladym...

*****
Yrymçyl gelinleriň biri jorasyna jaň edýär:
-Jora jan, eşitdiňmi? Bu ýylyň Täze ýyl baýramçylygy hut bäşinji güne düşýärmiş-dä...
-Hiý-wa,-diýip jorasy içini çekýär:-Hernä aýyň on üçüne düşmese bolýar-la...

*****
Oglanjyk gazetden “Aýazbaba we Garpamyga jaň ediň-de, öýüňize çagyryň!” diýen şygaryň astyndaky mahabaty okaýar. Derrew jaň edýär. “Aýazbaba” diýip özüni tanadan erkek kişini öýlerine çagyrýandygyny aýdýar. “Aýazbaba” oglanjygyň öýüniň salgysyny soraýar.
-Biziň öýümiz şäheriň merkezi bazarynyň günbatar tarapynda,-diýip oglanjyk düşündirmäge başlaýar:-dört gatly jaýyň ikinji girelgesinden üçünji gatyna galsaňyz, çepiňizdäki gapydyr. Burnuňyz bilen jaňyň düwmesine bassaňyz özüm gapyny açaryn...
-O näme üçin jaňyň düwmesine burnum bilen basmaly?-diýip “Aýazbaba” geň galýar.
-Sebäbi siziň iki eliňizem sowgatlardan doly bolar ahyry...

*****
Täze ýyl güni iki pessimist baýramçylyk meýdançasynda sataşýar. Olaryň biri şady-horram bolşup ýören adamlara gamgyn nazar oklaýar-da, lapykeçlik bilen hüňürdeýär:
-Men-ä şü adamlaryň Täze ýyl baýramynda näme üçin şeýle däliräp, begenişýändiklerine heýç düşünýän däldirin...
-Belki, geçen ýyly ölmän sag-aman geçirenlerine bolaýmasyn?!-diýip beýlekisi tukatlyk bilen çaklaýar...

*****
Biri dostuna zeýrenýär:
-Meniň gaýynenem bilen Täze ýyl ikisi örän meňzeş. Edil bir almany iki bölen ýaly...
Dosty geň galýar:
-O nähili? Nädip adam bilen baýramçylyk çalymdaş bolup bilýär-aý?!
-Äý, olaryň ikisinde-de bir esasy häsiýet bar. Sen olaryň gelmegini isle-isleme, barybir sümsünip bir ýerden çykýarlar...

*****
Täze ýyl güni myhmançylyga barýan aýaly ärini igelemäge başlaýar:
-Gyýw, bu gezek bir baran ýeriňde geçen ýyldakylaň ýaly ile gülki bolaýman, dogruja gepläwergin...
-Näme-aý,-diýip, eýýäm öýünden çykmanka hatynynyň gözüne güýdüşip, ýagdaýyny mazalyja gowulamaga ýetişen äri myňňyldaýar:-Men olar-a: “Siziň hemmäňize jan saglygyny, işleriňizde rowaçlygy, ýurt abadançylygyny arzuw edýän!” diýip çäklenerin-dä-how!
-A geçen ýyldaky ýaly: “Özüňe-de bir zatlar diläp gal-da!” diýseler näme?!
-“Özüme-de Täze ýylda üstünliklerden-üstünliklere toýnak salyp, ýyldyz bolmagy dileýän!” diýerin-dä...
-Düşnükli. Ulalyp oňalman geçen, ýene-de içip-içip myhman ýeriň arçasynyň çürbaşyna dyrmaşmakçy bolýaň-da, onda...

Internet maglumatlaryndan terjime edilip taýýarlandy.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 191 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Dunya   [Mowzuga geç]
Yrymçyl gelinleriň biri jorasyna jaň edýär:
-Jora jan, eşitdiňmi? Bu ýylyň Täze ýyl baýramçylygy hut bäşinji güne düşýärmiş-dä...
-Hiý-wa,-diýip jorasy içini çekýär:-Hernä aýyň on üçüne düşmese bolýar-la...

Anna gününe düşse gowy däldiginihä eşdipdim, 13-ne düşse nämbolýa? Onüç gowy dälmi?

0
1 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Täze ýyla meñzeş gaýnene biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: