19:59
Hazynalar adasy/ fantastiki başdan geçirmeler
HAZYNALAR ADASY

Bu wakalaryň hekaýasy juda uzyn, iň gowusy size başyndan gürrüň bereýin:
Maksat we men (Myrat), iki bolup kafeda kofe içip otyrdyk. Maksat internetiň içinde «Syýahat» edýärdi. Maksat şeýlebir internedi halaýar welin, heý, goýaý, internede girip oturan wagty tutuş dünýäni unudýar. Ol Internedi esaslandyryjylaryň muşdagydy. Baýasa, özüne “Google” ýaly kompaniýa açmakçydy.
Şol wagt Maksat telefonyndan başga ýere seretmän, kellesindäki saçlaryny ýolara getirip çekdi we maňa gözüni çykaryp seretdi-de:
– Ýa w şoke-e-e – diýdi. Men oňa nä döw çaldyka diýip, geňgalyjylyk bilen seretdim.
– Şu wagtjyk google-dan näme tapdym bilýäňmi? Seret, Ýuwaş okeanyň bir adasynda bäsleşik geçiriljekmişin. Ol ýerde ýörite bir sandyk altyn gizlenipdir, bäsleşýänleriň haýsysy şol altyny tapsa, şol altynyň eýesi hökmünde özüne alarmyşyn.
Men:
– Onsoň?
– Näme onsoň?
– Biz näme etmeli diýýän?
– Altynyň gözlegine çykmaly, tapmaly, baýamaly boldy. Dost, altyny tapyp bilsek göz öňüňe getir, tüçjar baý bolarys, men Google ýaly kompaniýa açaryn, senem näme etseň şony edersiň.
– Iki bolup giderismi? Azyndan 5 adam bolsak bize aňsat bolaýmasa!
– Wo, malades drug, sendenem gowuja pikir çykjak ekenä. Ataş, Emir, we Döwran, şu üçüsinem öz ýanymyz bilen alyp gideris.
– Olar razy bolarlar öýdýäňmi?.
– Da ty çto-o-o.., koneçno razy bolarlar, oňy soňy olaram biz ýaly işsizä!
Şeýdip maksatnamany taýýarlap, Emir, Ataş we Döwrany duşuşyga çagyrdyk. Olar haýal etmän geldiler.
Emir:
– Näme maslahat?
Maksat:
– Biz Myrat bilen bir sandyk altynyň gözlegine gitmekçi bolýas, eger razy bolsaňyz, sizi hem ýanymyz bilen alyp gitmekçi.
Emir:
– Ataş, bu näme diýýär-aý?
Ataş:
– Gyzgyny galýan bolaýmasa!
Emir:
– Maksat, saňa diýýär!
Döwran:
–Häpişä-äää.
Men:
– Maksat, Internetdäki gören zatlaryňy bulara-da görkezäý!
Olar internetdäki maglumaty okap razy boldular. Biz haýal etmän, agenstwa baryp bilet aldyk. Şol günüň özünde-de ýola düşdük.

ADADA BIRINJI GÜN

Gaýykdan ada düşüp, asmandan düşen ýaly bolup, daş-töwregimize seredip durus. Ada altyn gözlemäge gelen bizden başga-da bir topar adam bar eken, olary görüp Maksadyň haýrany hekgerdi.
– Ýa w şoke.
Emir:
– Ataş, olaryň daýawlygyna seret!
Döwran:
– Altyn diýip geldik näbelli ada,
Giden ýoly sökdük biz baýlyk diýip,
Gaça bilsem razydyryn şu bada...
– Agzyňy ýumsana, zaňňar! – diýip, Ataş onuň goşgusyny böldi. Bir salymdanam bäsleşigi gurnaýjy gelip, bäsleşige gatnaşyjylary bir ýere jemläp, düzgünnamalary bilen tanyşdyrmaga başlady.
– Siziň hemmäňiziň eliňize karta berler. Şol kartadaky bellikler boýunça siz bir sandyk altynyň gözlegine çykmaly bolarsyňyz. Siz karta boýunça ýöräniňizde, öňüňizden her hili synaglar ýüze çykar. Haýsy topar şol synaglardan geçip altyny tapyp bilse, baýrak şolaryňky bolar. Düzgüni bozan bäsleşikden çetleşdiriljekdir. Bäsleşik ertir irden 6-da başlaýar – diýip, ol sözüni tamamlady.
Biz gijäni geçirmek üçin, ýatyp dynjymyzy alar ýaly ýer gözlemäge başladyk. Biz garaňkyň içinde çyralaryň ýagtysyna bardyk. Ol ýerde pessejik jaýlar bar eken. Biz ol ýerde bir jaýyň gapysyny kakdyk. Öýüň eýesi bize:
– Giriberiň – diýdi. Biz öýe girdik. Öýüň eýesi bizi görüp:
– Esselämualeýkum we rahmetullahu we berekätuh, sag-salamatmysyňyz eziz halaýyk!? – diýip, bizi bir nurana adam garşy aldy.
Emir:
– Waleýkimsalam, däde.
Maksat:
– Waleýkim. Oňatmy ýagdaýlar?
Ataş:
– Waleýkimsalam.
Men:
– Waleýkum-esselam. Gurgunmysyňyz?
Döwran:
– Waleýkumsalam, gurgunçylykmy, jan saglygyňyz gowumy? Salamymy goşgy bilen tamamlaýyn.
Sa...
– Agzyňy ýumsana, zaňňar! – diýip, Ataş onuň ýaňybir başlajak bolan goşgusyny böldi.
– Maňa Töre molla diýerler. Siz kim bolarsyňyz!? – diýip, bize öýüň eýesi ýüzlendi.
– Biz bir sandyk altyny utmak üçin geldik – diýip, Maksat gürrüňini dowam etdi.
Biz Töre molla bilen tanyş bolduk, ol bizi iýdirip-içirip, gowy garşy aldy. Biz ertirki bäsleşige taýýarlanmak üçin daşaryk çykyp oturdyk. Daşarda bizden başga-da bäsleşige gatnaşyjylar taýýarlyk görüp oturan ekenler. Olaryň içinde ýaşlaram bar, ýaşulularam bar, gyzlaram bar, oglanlaram bar. Olaryňam arasynda şahyr bar, hekaýatçylar bar, rowaýatçylar bar, güldürýänçilerem bar, garaz, her hili adamlardan bar eken. Otyrkak, birden gyzlar gorkusyndan gygyryşyp gaçyp başladylar. Bir salymdanam garaňkyň içinden Gylyç diýip biri çykdy. Ol hakykatdanam gorkunç kinodaky adama meňzeýärdi. Gyzlar ony tanap:
– Gylyç, bu senm-aý? – diýip köşeşdiler. Nikolaý diýip birem aldygyna gyzlaryň ýanlaryna baryp:
– Akylly, gowy gyzlara salam! – diýip aýlanyp ýörerdi. Aleýna diýip bir gyzam aldygyna akkordeon çalyp, her kimiň goşgularyny, hekaýalaryny öwüp ýördi. Döwran hem olaryň arasyna goşulmak üçin goşgularyndan aýdyp berýärdi. Ony käbir gyzlar halasa-da, oglanlar oňa şypbyk zyňyp kowýardylar.
Biz kartany öwrenip bolanymyzdan soňra, gijäni geçirmek üçin çadyr gurduk. Sagat 3 töwregi Aleýna akkordeon çalyp ýatmaga goýanokdy. Şol aýlanyp adamlaryň saçy bolsa-da, köwşi bolsa-da öwüp ýördi, akkordeon çalyp. Maksat oňa ahyry çydaman, ädiginiň çep taýyny zyňyp:
– Goýaýda gohuňy! Ýatyp, dynjymyzy alaýaly indi! Dostala uže – diýip gygyrdy.

ADADA IKINJI GÜN

Irden sagat göni 6-da batly signal bizi oýardy. Bu biziň bäsleşigimiziň başlandygyny aňladýardy. Biz karta boýunça ilkinji barmaly ýerimize ugradyk. Biz 1 sagada golaý ýöränimizden soň, asmandan ganatly bir at gelip gondy. Biz ondan gorkup doňup galdyk. Ol bizden:
– Nirä barýarsyňyz, gadyrdanlar!? – diýip sorady. Men ondan gorkup:
– Haýyş edýän, iýme meni, men bir aşyk ýigit, Şeýle-de söýgiden ýanyp, ot bolup ýaşaýaryn! Isleseň Döwran size goşgy aýdyp berer! – diýip sandyradym. Ganatly at maňa haýran galyp:
– Gorkma! Men et iýemok. Menem bir söýen şahyr ýigit. Meniň “HER SETIRIM RUHUMDAKY ÝARAMDYR”. Meniň adym Şiraly. Siz meniň ada'ma näme sebäpden geldiňiz?
Maksat:
– Emir, senden soraýar.
Emir:
– Bu soragyň jogabyny Ataş düşündirer.
Ataş:
– Biz Myradyň haýyşy bilen geldik.
Men:
– Döwran size goşgy aýdyp bermekçi.
Döwran:

– Meni aldap getirdiler dostlarym,
Geljek-däldim men bu ada gardaşym!
Altyn diýip zorlap, urup, daňdylar,
Şeýdip düşdüm men bu ada gardaşym!

Şiraly:
– Mundanam bir goşgy bolarmy? Manysyz, samsyk düzülen-ä bul! Ine, hakyky goşgy diýip şuňa aýdylýar!

Göwnüm!
Eziz göwnüm!
Mähriban göwnüm!
Mähre zar göwnüm![1]
Hrrrrrrr...

Emir:
– Bula uklaýdy öýdýän!?
Ataş:
– Jyraly, turmanka.
Men:
– Duruň! Biz häzir kartadaky ilkinji barmaly ýerimize geldik. Karta-da, duran ýerimizdäki şekilem Şiralyň boýnundaky asylyp duran tumaryň şekili. Belki-de, biziň ilkinji synagymyz şony almak bolaýmasyn?
Maksat:
– Ty praw. Döwran! Al şoň boýnundakysyny! – diýip, Döwrana aýtdy. Birdenem aňyrdan “akylly, gowy gyzlara salam!” diýip, Nikolaýyň sesi gelip başlady. Döwran beýleki agzalar ýetmänkä, haýal etmän, Şiralyny turuzman, onuň boýnundaky tumary aldy. Şondan soň biz karta boýunça ikinji barmaly ýerimize ýola düşdük. Barýan ýolumyzam çöl bolany üçin, biz suwsap başladyk. Ýolda Maksat çydaman durup galdyda:
– Bolşe ne mogu-u-u. Umiraýu-u-u. – diýip huşundan gitdi. Onuň ýöremäge güýji bolmany üçin, Emir bilen men, onuň her aýagyndan tutup, süýräp alyp gitmeli bolduk. Ýöräp barýarkagam bir salymdan Ataşam ýykylyp galdy. Ataşam alyp Maksadyň üstüne ýükledik, Döwran Maksadyň ellerinden tutup, Emir bilen menem Maksadyň her aýagyndan tutup, alyp gitmeli bolduk. Ýolda barýarkak, her näme-de bolsa, öňümizden bir adam çykdy. Ol bize suw berdi-de, nirä barýanymyzy sorady. Bizem oňa kartany açyp, barmaly ýerimizi görkezdik.
– Indi Gün ýaşyp barýar. Siz, gowusy, şu ýakynda ýaşaýan Arslan filosofyň öýüne baryň-da, dynjyňyzy alyň! – diýip salgysyny berdi. Biz halys ýadanymyzdan soň, ol adamyň salgy beren ýerine ugradyk. Ol adam asyl gowakda ýaşaýan eken. Gapysyny kakdyk. Öýüň eýesi:
– Pulum ýok şumat, ertir geliň! – diýip jogap berdi.
Emir:
– Ýolbars däde..! – diýip durka, Döwran onuň sözüni bölüp:
– Ýolbars däl, Arslan – diýdi.
Emir:
– Aslan däde! Biz pul üçin gelemzok, bize şu günlükçe dynç alara ýer gerekdi!
Arslan:
– Bolýarda. Giriberiň onda! Meň balygymy elleseňiz, gaty göräýmäň ýöne! – diýip, bizi öýüne saldy. Ol adamyň diýseň ösgün ak sakgaly bar eken. Uzynlygy azyndan 3 metre golaý bar bolmagy mümkindi. Ol bizi naharlady-da, ýatmaga ýer görkezdi.

ADADA ÜÇÜNJI GÜN

Biz irden turup karta seredip gördük. Bir görsek, biz eýýäm ikinji barmaly ýerimizde otyrys ekeni. Ikinji synagymyz hem kartadaky şekillendirilen tumary tapyp almakdy. Olam Arslanyň boýnunda asylgy bolmagy mümkindi. Arslan dik duran ýerinde, hor çekip ýatyrdy. Menem ýuwaşlyk bilen onuň boýnuny barlap gördüm. Tumar ýok eken. Ataş tumaryň ýoklugyna gaharlanyp, ony turuzmak bilen boldy. Ataş:
– Tur, heý uflis şagal! – diýip ýüzüni şappatlady, ol turmady. Gatyrak urup gördi, turmady. Depip gördi, turmady. Kellesini gazan bilen urup gördi, turmady. Birdenem alyslardan horazyň gygyrýan sesi eşdildi. Arslan pallap gözüni açdy-da, bize seredip:
– Turduňuzmy sag-aman!? – diýdi.
Men:
– Ýaşuly, bize seniň tumaryň gerek! Berseň, biz gitmekçi – diýdim.
– Meniň häzir gitmeli ýerim bar. Ýarym sagatdan gelerin. Gelýänçäm siz bir mataly çözüp bilseňiz, tumar siziňki. Gitdim onda – diýip gapydan çykjak bolup durka Emir:
– Dursana, däde! Matalyňy bir aýtda!
– Hää...wiiii... hawa.

Ýerde ýörämok.
Agzym bar-da gürlämok.
Gözüm bar-da gyrpamok.
Ganatym bar-da uçamok.
Kim men?

Gelýänçäm bilseňiz bileniňizdir – diýip gapydan çykdy.
Men:
– Bula ölen guş bolaýmasa?
Döwran:
– Menä gaty ajykdym.
Emir:
– Menem aç şumat.
Ataş:
– Maksat görünenok-la?
Biz Maksadyň gözlegine çykdyk. Ol bolsa aşhanada Arslanyň ellemäň diýip buýran balygyny bişirip oturan eken. Biz balygy bäşe bölüp iýmäge başladyk. Birdenem Maksadyň agzyna gaty zat düşüp, onuň iki towşan dişini döwdi. Maksat ony agzyndan çykaryp görse, şol gözläp duran tumarymyz bolup çykdy. Maksat tumary görüp, begenjinden ýylgyrdy. Asyl Arslanyň beren matalynyň jogaby hem balyk eken.
Biz üçünji we iň soňky tumaryň gözlegine çykdyk. Barýarkak biziň öňümizden azeri bir gyz çykdy. Ol bize:
– Salam, dəyərli qonaqlar. Adaya xoş gəldiniz! – diýdi.
Emir:
– Näme samyrdaýaraý ol?
Maksat:
– Bilemok.
Ataş:
– Bilemok.
Men:
– Bilemok.
Döwran:
– Ol bize...
– Agzyňy ýum, zaňňar! – diýip, Ataş onuň sözüni böldi. Biz ýolumyzy dowam etdik. Ýolda barýarkak biziň öňümizde bir kafejik peýda boldy. Biz ol ýerde ertirlik edinmek isledik. Onuň öňünde-de bir ýigit oturan eken. Ol bize:
– Gardaşlar, sizem altyn gözleýäňizmi!? – diýip sorady.
Ataş:
– Hawa, BOMŽ. Seň nä işiň?
– Meniň adym Nury. Meň garnymy doýursaňyz size kömek edeýin. Men bu ada gowy belet.
Emir:
– Bize ýolbelediň geregi ýok. Bizde karta bar.
– Siziň barmaly ýeriňizde nämeleriň bolup biljegindenem habaryňyz barmy? Siziň Garagurtdanam habaryňyz barmy?
Maksat:
– Ol kim bolýar?
– Ol äpet gara Möjek. Onuň ýanyndan henize çenli diri çykan ýok, menden başga.
Biz öz aramyzda söhbetleşip ony naharlap, ýanymyz bilen alyp gitmek kararyna geldik.
Maksat:
– Ladno onda. Priýatnogo appetita!
– Maňa iki şompul lüle, bir şompul bagyr, assorti pitsa we iki sany süýtli kokteýl alaýyň.
Biz Nury bilen tokaýa gitdik. Ahyry Garagurdyň öýüne-de ýetdik. Nury bize:
– Şu ýerde butnaman garaşyň! Men haýal etmän tumary alyp çykjak bolaryn – diýdi. Biz bir sagat dagyn garaşdyk. Ahyry Nury bir sada adam bilen gülşüp çykdy. Ol bize:
– Siz näme öýe girmän bärde dursuňyz!? Giren bolsaňyz çaý bererdim-dä! – diýdi.
Nury:
– Tanyş boluň. Bu meniň dostum Garagurt. Wi-i, tas, ýadymdan çykypdy. Bu myhmanlara seň tumaryň gerekdi – diýip, Garagurda ýüzlendi. Garagurt jübüsinden tumary çykaryp:
– Janyňyz sag bolsun, geregiňiz tumar bolsa – diýip, maňa uzatdy. Şeýdibem biz Nura gulagymyza depdirip, ýolumyzy dowam etdik.

ALTYNYŇ GÖZLEGINDE

Biz karta seredip gördük. Ol ýerde indi hiç hili salgy berýän ýol ýokdy. Diňe her ýerde her hili şekilleriň suratlary bardy. Biz tumarlaryň hemmesini alyp bolduk. Karta-da diňe bir matal bardy. Ol matalam:

– Kim baş-aşak ýöräp bilýär?
Kim hiç zatdan gorkanok?
Uzakly gün uçup bilýär,
Adamlaň ýüregne düşýär.

Döwran:
– Bu ýerganat.
Gynansak-da, ýerganatyň şekili ýokdy, karta-da. Biz ol matalyň jogabyny tapyp bimänimiz üçin, onuň jogabyny Arslandan sorap bilmek üçin öýüne baryp, gapysyny kakdyk.
Arslan:
– Ýürege düşmäň, men ogurlamadym siziň pižamaňyzy.
Emir:
– Salam, ýaşuly. Biz şol siziň balygyňyzy iýip gidenler. Bize kömek gerekdi.
Arslan gapyny açyp:
—Giriberiň. Meň balygymy elleseňiz gaty göräýmäň! – diýip öýüne saldy. Ol gök pižamaly sakalyny bigudi edip oturan eken. Men oňa mataly okap berdim. Arslan pikirlenmän:
– Men size onuň jogabyny bir şert bilen aýdaýyn.—diýdi
Ataş:
– Biz saňa altynyň bölejiginem bermeris. Aýtmasaň, sakgalyňy syryp bereris.
Arslan:
– Altyn geregime däl. Meni şul adadan alyp gitseňiz bolýar. Ýöne sakgalymy syrsaňyzam minnetdar bolardym. Eýýäm ýedi ýyldan bäri kösenýän syryp bilmän.
Maksat:
– Bolýa, drug. Alyp gideris tebýa otsýuda.
Arslan:
– Gideli onda siňege tarap.
Döwran:
– Ýerganat bolaýmasyn?
Men:
– Karta-da siňegiň şekili bar eken. Olam bize gaty golaýjyk.
Arslan torbasyna gerekli bolan zatlaryny salyp, şol pižamasy bilen biziň yzymyza düşüp, siňege tarap ýöredik. Biz ol ýere ýetenimizde, uly bagyň ýüzünde siňegiň şekili duran eken. Onuň öňünde-de uly daş bar eken. Arslan biziň ýygnan tumarlarymyzy alyp, daşyň ýüzündäki bolmaly tumarlaryň şekillerine goýdy. Daş ýerinden süýşdi-de, bize gapy açyldy. Biz içine girdik. Biz girenimizde, ol ýer-de eýýam iki sany topar bar eken. Bäsleşigi gurnaýjy geldi-de, bize:
– Siz altynyň gizlenen ýerine geldiňiz. Indi bir sandyk altyny almak üçin, siz iň soňky synagdan geçmeli. Haýsy topar şondan geçip bilse, şu duran sandyk şonyňky bolar. Ýokaryk seretseňiz, sandygyň açary asylygy durandyr. Alyň şony – diýip, ol öz tagtyna geçip oturdy. Toparlar haýal etmän biri-biriniň üstüne çykyp, ýykylyp, her zat edip açary aljak bolýardylar. Hijisi açary almagy başaranokdy. Maksat bilen Döwran hem şolaryň üstüne çykyp, böküp açary aljak bolýardy. Birdenem Emiriň kellesine bir pikir geldi. Ol Arslanyň sakgalyny kesdi-de, örüp tanap ýasady. Onuň torbasyndanam çarşak (wilka) alyp, gaňyrçak ýasady. Ol çarşagyň dişlerini epläp ýüpi geçirip daňdy. Ol gaňyrçakly ýüpi ýasap bolýança-da, beýleki toparlar we Maksat bilen Döwran açary her zat edip aljak bolanlary üçin gaty ýadadylar we ýykylyp bar ýerlerini agyrtdylar. Men, Emir we Ataş üçimiz Arslany ýokaryk çykaryp, şol sakgaldan örülen gaňyrçakly ýüpi zyňdyryp, üçünji gezekde açary aldyk. Biz begenip sandygy açdyk. Onuň içinde, hakykatdanam, altyn bar eken, özem Ýerewanyň altynydy.
Biz Emir, Ataş, Döwran, Maksat, Arslan we men, altymyz bolup öz watanymyza dolandyk. Maksat ýadygärlik bolsun diýip, hiç haçanam oz dişlerini oňartmajagyny aýtdy. Arslan ýadygärlik bolsun diýip, egnindäki gök pižamadan ýene 100 sanysyny edindi we Ataşa galanja sakgalyny syrdyrdy. Biz watanymyza gelenimizden soň, alty bolup restoran açdyk. Onuň adyna-da “Hazynalar adasy” diýip at goýduk.

[1]Sapa Hommadowyň goşgy setirleri.

Saparmyrat Gürgençli, @Erteki, 2019-2020 ý.ý.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 75 | Добавил: Gurgencli | Теги: Saparmyrat Gürgençli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: