21:01
Käte dymmaly
KÄTE DYMMALY

Geçdim klawiaturanyñ başyna. Nälet okalan, bir ýerde günä bolsa üstüne ýüklenen 2020-nji ýyl barada ýazasym geldi...
Ýok, ýok, ýylyñ hronologiýasyny ýazmakçy däl. Şuña ünsüñizi çekjekdim:
Adamzat hakykat bilen ýüzleşesi gelenok, hemişe bahana gözleýär. Nämemiş, bu ýylyñ ähli gabahaty 2020-nji ýyl bolandygy üçinmiş!
Her daýym bolşy ýaly günäli simwollar...
Günäli nyşanlar…
Günäkär - adamzadyñ tapan-toslan “zaman” düşünjesi.
“Güm bol, git, 2020!” şeýlemi?
“Ugursyz 2020” şeýlemi?
“Asyl günäkär, tur ýeriñden!” diýip biljek derejedäki mert adamlarymyz diýseñ seýrekledi.
Kapitalizmiñ süýembarmagy adamlara hemişe bir günäkäri görkezýär.
Kapitalizm ýalañaç etmişlileri duşman sanmagymyzy gazanyp, özüni gizleýär.
Edil “nikaply balet” oýny mysaly!
Ine... şulary ýazjakdym şugün.
Ýadandygymy duýdum. Elim klawiatura barmady.
Zor salmalara garşy durmakdan bizar-peteñim çykdy. Özümi ýel degirmenlerine garşy söweşen Don Kihot ýaly duýmaga başladym.
Maña biraz dynç beriñ, haýyş edýärin.
Indiki ýylyñ başynda gaýtadan duşuşarys.
Bana biraz izin veriniz lütfen.
Hemmäñiziñ Täze ýylyñyz düşümli bolsun...
Täze ýyl sowgady hökmünde size meşhur şahyr Jan Ýüjeliñ “Ýadawlyk” şygyryny bermek isleýärin:

“Guşlar bardyr, jana meñzär howada,
Sowukda gar, bahar pasly ýaprak deý.
Özbaşynda öser ýerde ömrümiz,
Güneş bilen ýaşyl elde çyplak deý.
Assa gadamlardan başlan ýollary
Beýle ýöräp bolmaz, käte durmaly.
Erenleñ omzuna inen argynlyk
Emaý bilen ýapar gider kitaby.
Nepeslerde sürüp giden ömrümiz
Aýlap-dolap bir kenarda durmaly.
Çörekden, şerapdan zyýat nygmat bar,
Beýle ýöräp bolmaz mydam...
Käte dymmaly.”


Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 24.12.2020 ý.
Просмотров: 72 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: