17:39
Ýagmyr dogasynyñ taryhy
ÝAGMYR DOGASYNYÑ TARYHY

Älem we dünýä baradaky maglumatlaryñ juda çäkli bolan 4.000-5.000 ýyl öñki siwilizasiýalaryñ döwründe ýagyş-ýagmyry adatdan daşary güýçlere baglap, gaý-tupanyñ hudaýyna sowgatlar berip, gurbanlar kesip, dini-jadygöýçülikli dabaralar bilen ýagyş ýagdyrmaga synanyşmalaryna geñirgenip durmagyñ hajaty ýokdy.
Dini işler ministrligi ýurt möçberindäki gurakçylyk sebäpli 11-nji dekabrda anna güni jumga namazyndan soñ segsen bir welaýatymyzdaky ähli metjitlerde "ýagmyr dogasyny" okatdy. Ministrligiñ ýagmyr dogasy baradaky çykyşynyñ meteorologiýa gullugynyñ "öñümizdäki tutuş bir hepde ýagyş ýagar" diýen habaryndan yzysüre bolmagy bolsa "tötänlikmi" ýa "gündogar mekirligimi" diýen soraglary döretdi.
Ýogsa-da, "ýagmyr dogasy" näme? Onuñ taryhy kökleri nirä barýar? Ol yslamyýet bilen birlikde orta çykan zatmy?
Hemme zadyñ taryhynyñ bolşy ýaly, ýagmyr dogasynyñam taryhy bar.

IÑÑÄN GADYMY DÄP

Jemgyýetleriñ geçmişden biziñ günlerimize çenli gelip ýeten käbir medeni edim-gylymlaryna “däp” diýilýär. Taryhyñ dürli döwürlerinde dürli-dürli many-mazmuna we gymmatlyga eýw bolan hem-de nesilden-nesile geçip gelen däp-dessurlar dini däl ýa-da dini ýörelgelerden ybarat bolup biler.[1] Ine, ýagmyr dogasy-da taryhy kökleri iññän gadymy döwre uzaýan, halk ynançlaryna esaslanýan däp-dessurlaryñ biridir.
Ýagmyr dogasy esasanam ekerançylyk bilen meşgullanýan jemgyýetlerde gurakçylyga garşy ulanylýan ritualdyr.
Antropologlara görä, ýagmyr dogasy aslynda özboluşly jadygöýçülikli hereketdir. Mysal üçin, Jeýmsiñ, G.Frazeriñ pikiriçe, ýagmyr dogasy “duýguçyl jady” kategoriýasyna girýär.[2] Gürbüz Ergineriñ pikiriçe, geçmişde ýagyş ýagmadyk wagtlary adamlar birnäçe adatdan daşary güýçlere ýüzlenipdir, brnäçe jadygöýçülikli hereketler bilen ýagyş ýagdyrmaga synanyşypdyr.
Ýagmyr dogasy “dini” röwüşli ýalbarmalardan we “jadygöýçilikli” hereketlerden ybarat “dini-jadygöýçilik” ritualydyr.[3]

Ýagmyr dogasynyñ antiki kökleri

Ýagmyr dogasynyñ taryhy yslamdan öñki antik eýýamlara çenli uzaýar. Mysal üçin, b.e.öñki 2500-nji ýyllarda Mesopotamiýadaky şumerlerde ýagyşyñ we gaý-tupanyñ hudaýy Işkuryñ ýagyş ýagdyryp, ýeri hasylly edýändigine ynanylypdyr.[4] Şumerlerde ýagyş ýagmadyk wagtlary Işkura ýalbarylypdyr. Işkur akkadlar tarapyndan “Adad”, samiler tarapyndan bolsa “Hadad” diýip atlandyrylypdyr. Şumerler döwründe Müsürde-de ýagmyr dogasynyñ edilendigini gürrüñ berýän ýazuw ýadygärlikleri tapyldy.[5]
B.e.öñki 2000-nji ýyllarda Anadoludaky hettlerde-de ýagmyr dogasy däbi bar eken. Hett ýazgylarynda 170 sany aýry-aýry baýramdan söz açylýar. Hett baýramlarynyñ biri-de, “EZEN Hewas” atly “Ýagmyr baýramy” ýa-da “Gök gürlemesi baýramydyr”.
Ýagmyr baýramy hett ýurdunyñ kult merkezlerinde her ýyl bellenýän baýramlardan biridir. Patyşanyñ we onuñ aýalynyñ gatnaşmagynda bellenýän ýagmyr baýramynda gaý-tupanyñ hudaýyna sowgatlar we gurbanlar berilipdir. Hettler "ýaz gelip gök gübürdände hursi gabyny açyp, içindäki üwelipdir. Ýagyşyñ hudaýyna bir goýun soýlupdyr. Bişirilen we çig eti ýere seripdirler, galyñ çöregi bölüşdirip, ritonlary (pyýalalary) dolduryp iýip-içipdirler, gaplary seteran düzüp goýupdyrlar.”[6]
Hett mifologiýasynda ýurduñ başyna inýän tebigy hadysalaryñ hudaýlaryñ sumat bolup gitmegine baglanyşdyrylypdyr. Gahary gelip, nirädir bir ýere giden hudaýyñ öz ýany bilen yrsgal-bereketi-de alyp gidýändigine ynanylypdyr. Mysal üçin, Telepinunyñ ýitirim bolşundan söz açylýan hett ýazgysynda şeýle diýilýär:

“Telepinu hem gidiberdi… Şonuñ üçin arpadyr bugdaý düwmedi, sygyrlar, goýunlar we adamlar jübütleşmänsoñ, indi göwreli-de bolnanok, öñki hamyla bolanlaram indi dogranok. Ösümlikler pyntyk ýarmasyn diýen ýaly baglar-agaçlar gurady. Ýurtda gahatçylyk döresin diýen ýaly otluk meýdanlar we çeşmeler gurady. Adamlar we hudaýlar açlykdan ölýär…”

Güzerany esasan ekerançylyga bagly hettler gurakçylykdan, gytçylykdan halas bolmak üçin ýagmyr dogasyna çykypdyr.[7]

■ Gadymy türklerde ýagmyr dogasy

Orta Aziýadaky türklerde ýagyş ýagdyrmak üçin “ýada daşy” ulanylypdyr. Türkler ýagmyr dogasyny suwuñ gyrasyna baryp ýa-da gyrlara, depelere çykyp edipdir. Şol wagt janly soýulypdyr, suwa atyñ gury kelleçanagyny ýa-da daş oklanypdyr. Ýagmyr dogasy edilende gollar öñe we ýokary açylyp, aýalar aşak bakypdyr. Doga eden şamanyñ ellerine suw dökülipdir, dökülen suwlar şamanyñ barmaklaryndan ýere akypdyr. Ýaşar Çoruhlu ýada daşy bilen ýagmyr dogasyna çykan ýadaçylaryñ “şaman” däldigini öñe sürýär. Ýada daşy sygyryñ, atyñ, doñuzyñ garnyndan ýa-da başga ýerlerinden alynan dürli şekillerdäki kiçijik daşlaryñ üstüne dogalar okap, ýagyş ýagdyrmak üçin ýerine ýetirilen jadygöýçüligiñ bir görnüşidir. Gadymy türkler ýada daşyny okap suwa oklasalar ýagyş ýagjagyna ynanypdyr. Ýada daşynyñ gar ýagdyrýandygyna, hatda ýangyny-da söndürip bilýändigine ynanylypdyr.[8]

Hettleriñ gaý-tupan hudaýy Teşup

Gyrgyzlar ýagyş ýagmaýan wagtlarda ekin meýdanlaryna çykyp "ýagmyr dogasyny" edipdirler. Türkmenlerde-de "ýagşyñ piri Burkut baba" ynanjy bar. Aýdyşlaryna görä, has gurak pasyllarda Burkut baba dileg edipdirler we "Sen Burkut babalygyñ çyn bolsa, ýagyş ýagdyr, ýagyş ýagdybilmeseñ pirem dälsiñ" diýlipdir.
Terekemelerde-de ýagyş ýagdyrmak maksady bilen “Gudil” atly bir gelin gezdirilipdir. “Gudil” ýedi öýi aýlanyp tüwi toplapdyr we şüle bişiripdir, bişirilen şüle ýedi öýe paýlanypdyr.
Azerbaýjanda bolsa ýagyş ýagsyn diýip iki gyz çagany, ýedi sany daşy bir ýüpe baglapdyrlar. Daşlar suwa degirilip, ýüpüñ iki ujunam garagaja ýa-da pisse agajyna baglapdyrlar. Ýagyş ýagsyn diýibem “Godu” ýa-da “Dodu” gezdirilipdir.[/9]
Emel Esiniñ aýtmagyna görä, uýgurlar kümüşden ýa-da misden nawlary ýasap, içine-de suw dolduryp biri-birine tarap akdyrypdyrlar. Bulam ýagyş dessurynyñ bir görnüşi bolupdyr.[10]

Ýekehudaýly dinlerde ýagmyr dogasy

Paganistik döwrüñ ýagmyr dogasy däbi ýekehudaýly dinlere-de geçdi. Mysal üçin, jöhitlerde gurak pasyllarda Hudaýa dileg edilýär. "Köne Ähtde" Ysraýylogullarynyñ toba edip, Ýehowa ýalbaran halatynda Ýehowanyñ ýagyş ýagdyrjagy aýdylýar.
(Seret: 1). Patyşalar, 8/35-36; 2). Taryhlar, 7/13). Ikinji ybadathana döwründe bolup geçen bir gurakçylyk sebäpli Hezreti Süleýmanyñ (a.s) eden dogasy bilen baglanyşdyrylan ýagmyr dogasy periodik ybadat hökmünde jöhit dini edebiýatyna-da aralaşdy.
(Seret: Taanith, 1/4-3/9).
Yslamdan öñki arap taýpalarynyñ arasynda-da ýagmyr dogasy däbi bardy. Arapçada ýagmyr dogasy “istiska” sözi bilen añladylýar.[11]
Ýagmyr dogasy yslama-da aralaşdy. Hezreti Muhammediñ (s.a.w) heniz çagaka atasy Abdylmuttalybyñ ýagmyr dogasyny etmäge çykandygy aýdylýar. Pygamberimize (s a.w) pygamberlik berilenden soñam ýagmyr dogasyna çykandygy barada hadyslar bar.
Ymam Agzam Ebu Hanypa Hezreti Muhammediñ (s.a.w) ýagmyr dogasynda ýöriteläp namaz okamandygy üçin, köpleriñ pikiriniñ tersine “istiskany” sünnet hasaplamaýar.[12]

Anadoly türklerinde ýagmyr dogasy

Häzirki Anadoluda ýagmyr dogasy dessury käbir ýerlerde hut hettlerdäki ýaly däbe öwrülip gidipdir we munuñ üçin ýörite wagt bellenipdir. Hatda käbir ýerlerde ýagyş köp ýagan ýyly, "şükür" maksatly ýagyş dogasy okalýar. Mysal üçin, Çorumyñ Bogazkale etrabynyñ Ewji obasynda her ýyl däbe öwrülen “Nobaty babanyñ ýagmyr dogasy dabaralary” geçirilýär. Yine Çorumyñ Dodurga etrabyndaky Mämmetdäde Tekke obasy bilen Mämmetdäde Obruk obasynyñ ýaşaýjylary obanyñ golaýyndaky Gyzyldepä çykyp, ýagmyr dogasyny edipdirler, yzyndanam at gurban beripdirler.[13]
Ankaranyñ Mamak etrabyndaky Ortaköý obasynda ýagmyr dogasyny edip gurbanlar kesilipdir, obanyñ ortasynda gazanlar atarylyp, bulgur palawy bişirilipdir. Şol wagt çagalar 70 müñ sany jagyrdañ (ownuk daş) çöpläpdir, çöplenen daşlar bir torba salynyp, açyk meýdana çykylypdyr. Hemmeler penjegini, telpegini ters geýip, ellerini ýere tarap öwrüp, başlaryny öñe egip durupdyr. Molla Kurandan aýatlar okapdyr. Şol wagt hemmeler uly ses bilen “Omyn” diýipdir. Molla doga okap, üýşürilen jagyrdañlaryñ (kiçijik daşlaryñ) üstüne üfläpdir. Doga gutaransoñ, molla iki rekagat namaz okapfur. Namazdan soñ daşlar obanyñ golaýyndan geçýän Hatip çaýyna atylypdyr. Mersiniñ Çapar obasynda bolsa molla atyñ kelleçanagynyñ ýüzüne doga ýazyp, ony ýagyş ýagdyrmak üçin bir derä ýa-da suwa oklapdyr. Ýagyş ýagyp başlan badyna bu kelleçanagy suwdan çykarmaly bolupdyr, birden ol çykarylmadyk ýagdaýynda ýagyşyñ dinmejegine ynanylypdyr.[14] Nigdäniñ Çiftlik etrabynyñ Azatly obasynda bolsa ýagmyr dogasyndan öñinçä agyz beklenýär, metjitde möwlit okadylyp, Kuran hatym edilýär. Atyñ kellesine doga ýazylyp, jagyrdañlara we çagyllara, asma çybygyna dogalar okalýar. Suwa gowrulan duz we tabyt atylýar.
Täze çatynjalaryñ üstüne suw sepilýär. Öldürülen ýylan ýakylýar. Haýwanlara duz berilip, suwdan uzak tutulýar. "Hamza däde" diýilýän zyýaratgähde ýagmyr dogasy edilipdir. Halkdan toplanan mallar şu ýerde gurban edilipdir.[15]
Görşüñiz ýaly, Anadoly türkleriniñ ýagmyr dogasy dini we jadygöýçülikli edim-gylymlar bilen eriş-argaç. Şol sebäpli ýagmyr dogasy wagtynda namaz okama, agyz bekleme, gurban kesme, doga okama ýaly dini edim-gylymlar bilen eşigiñ ters geýilmegi, eliñ aýasynyñ ýere bakdyrylyp goýulmagy, sanalyp doga bilen dem berilen daşlaryñ suwa atylmagy, bir kagyza kyrk sany keliñ adynyñ ýazylmagy, öldürilen ýylanyñ ýakylmagy, gurbaganyñ aýagyndan asylyp goýulmagy, çagalaryñ ýagyş gezmesi (çömçe gelin) we şuña meñzeş atlar berilen gurjaklaryñ öýme-öý aýladylmagy, üýşmeleñe haýwanlaryñam gatnaşdyrylmagy, haýwan kelleçanaklaryna doga ýazylyp suwa oklanmagy ýaly jadygöýçülikli edim-gylymlary bir ýerde görmek mümkin.[16]
Biziñ günlerimizdäki Anadoly türkleriniñ ýagmyr dogasy däbi öz gözbaşyny Orta Aziýa türkleriniñ şamançylyk däplerinden, Anadolynyñ gadymy siwilizasiýalaryndan bolan hettleriñ "ýagmyr baýramyndan", şol sanda yslam çemeleşmelerinden alyp gaýdýar. Ýagmyr dogasy häzir diñe antropologik we etnografik taýdan öwrenmek üçin möhüm medeni dessur bolup galdy.

★★★

Tutuş ýokardakylary agzap geçmekden maksat, meñ diýjek bolýanym: älem we dünýä baradaky maglumatlaryñ juda çäkli bolan 4.000-5.000 ýyl öñki siwilizasiýalaryñ döwründe ýagyş-ýagmyry adatdan daşary güýçlere baglap, gaý-tupanyñ hudaýyna sowgatlar berip, gurbanlar kesip, dini-jadygöýçülikli dabaralar bilen ýagyş ýagdyrmaga synanyşmalaryna geñirgenip durmagyñ hajaty ýok. Ýöne şu günki gün älem we dünýä baradaky bilýän zatlarymyzyñ, ylmy maglumatlaryñ diýseñ köp bolan döwründe - ýagyş, gar, ýel ýaly atmosfera hadysalarynyñ nähili we haçan dörejegini juda gowy we öñünden bilinýän XXI asyrynda müñlerçe ýyl öñki manysynda ýagmyr dogasyna çykmagyñ özi ylmy progresi görmezligiñ alamatydyr.

Salgylanylan çeşmeler:

[1] R. Sweterlistsch “Däp”, ("Milli Folklor" Halkara medeniýet ylmy-barlaglar žurnaly, 2016, S.110, s. 122).
[2] Merýem Bulur, Zeýnel Karajagil, “Rain prayer: A case for Dikili: Yagmyr dogasy: Dikili mysalynda”, ("İnternational Journal of Human Sciences" 15 (3), 2018, s. 1775).
[3] Gürbüz Erginer "Gurban. Gurbanyñ taryhy kökleri we Anadolyda ganly gurban rituallary", (Stambul, 1997, s. 211).
[4] Abdylla Altynjy “Şumerleriñ hudaý düşünjesi we hudaýlaryñ panteony”, ("Sosyal Bilimler" žurnaly, C.4- S.7, iýun 2014 s.136).
[5] Ural Akbulut “Meteorologiýanyñ taryhy şumerlere we babyllylara çenli uzaýar”,
http://www.uralakbulut.com.tr .
[6] Özlem Sir Gawaz, “Hettlerden biziñ günlerimize çenli ýagmyr dogasy”, (Hett uniwersiteti, Çorum halkara simpoziumy, 28-30.04.2016, s. 576, 578).
[7] Gawaz, s. 577.
[8] Baýram Erdogan "Soraglar arkaly türk mifologiýasy", (Stambul-2007, s. 173-174); Baýram Polat “Türk medeniýetinde ýagmyr dogasy: Azatly obasynyñ mysalynda”, (Dini barlaglar", ýanwar, fewral, 2007, j.9, S. 27, s. 278, 279); Özlem Demren, “Ýagyş ýagdyrma ritualynyñ çäginde Ortaköý ýagmyr dogasy” (Türkbilig, 2006/12, s.83, 84).
[9] Demren, s 80-82
[10] Emel Esin "Türk Mifologiýasyna giriş" (Stambul-2001, s. 116).
[11] Ferit Deweliogly “İstiska”, "Osmanlyça-türkçe ensiklopedik sözlük", s. 463.
[12] Mustapa Baktyr, “İstiska”, TDV Yslam ensiklopediýasy, j.23, (Stambul-2001, s. 381-383).
[13] Gawaz, s. 580, 581.
[14] Demren, s. 84, 85.
[15] Polat, s. 279-282.
[16] Erginer, s. 211-213; Demren, s. 77-79; Polat, s. 282.

Sinan MEÝDAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 14.12.2020

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 97 | Добавил: Gökböri | Теги: Sinan Meýdan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 8
0
8 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Şu yagmyr-yagyş diyilse yada daşyny agzap geçmeseñ oñañok sen!
Burkut babanyñ yoluna çykylyp, galyberse-de Magtymgulynyñ ''Rehm eyleyip yagmyr yagdyr soltanym'' diyip aydyan, ya-da doga yollary bilen dilenilýän yagmyryñ kabul bolyandygyna güvälik beryärin, yöne yada daşy hakdaky maglumatlaryña ynanamokdyryn @Haweran!

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gadymy türkmenler we ýada daşy
http://kitapcy.com/news/2020-06-14-11073

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Oguljemal Çaryýewa "Ýagmyr ýagdyr, Soltanym"
http://kitapcy.com/news/2018-06-13-306

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
15-20 ýyllykda agalarymyñ biriniñ yagyş yagmadyk ýylynda Burkut babanyñ yoluna geçi hudayyoly aydyp, ony depäniñ ûstünde dañyp, uzak gün çekredip goyşy häzirem yadyma düşyär smile

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Türkmenleriñ Burkut babadan yagyş dileyandigi dogry bellenen.

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bu bal yaly maglumatlaryñ niresinde obýektiwlik yok?

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Obýektiw bolanda name bolyar? smile

0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Şu hususda obyektiw temalarym bardy. Pozulupdy...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: