06:22
Ynam
YNAM

Şekden doldurdylar göwün otagmy,
Duýgularym kirläp galdy täretsiz.
Okama sen maňa päklik nutugny,
Ynamsyz ýürege niçik kär etsin?!

Meniň bu bolşumy asla geňleme,
Hatda maňa agyrmasyn nebsiňem.
Başarsaň, sen ynamymy gaýdyp ber,
Belki, onsoň ýaralarym egsiler.

Bu göwnüm üýtgeşik goldaw islänok,
Isleseň, sen edýänlermi unama.
Bolşuň ýaly ýaşa. Onsoň, ynanyp,
Menem zeper ýetirmäýin ynama.

Batyr HOJAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Nurdan | Теги: Batyr Hojaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: