00:33
Çagalygymyñ şäheri / hekaýa

ÇAGALYGYMYŇ ŞÄHERI

Alyslarda galan çagalyk ýyllaryň hakyndaky süýji ýatlamalara berlip, bir pursatlyk hem bolsa çagalygyň päkize dünýäsine dolanmak, özüňi kirşenli ýodajykda aýakýalaň ylgap ýören, gursagy ýüz müň hyýaldan doly körpejeligiňe göz öňüne getirmek kalbyňa üýtgeşik bir ýakymly duýgulary bagyş edýär. Şonda ynsan ömrüniň iň arassa, iň gözel döwrüniň şeýle gysgadygyna hem-de hiç haçan gaýtalanmajakdygyna tüýs ýüregiň bilen gynananyňy duýman galýarsyň.
Birsydyrgyn aýlanyp duran pelegiň çarhy bizi kem-kemden bu ajaýyp çagalyk dünýäsinden daşlaşdyrýar. Gowy zatlar senden uzaklaşdygyça, kalbyň oňa has-da ýakynlaşýar. Çünki ynsan özünde bolan ähli gowy zatlaryň gymmatyna köplenç ony ýitireninden soň düşünýär. Çagalygam, edil şonuň ýaly, biziň kalbymyzda süýjüje ýatlamalary bilen ömürlik orun tutan ajaýyplyklaryň biri. Şonuň üçinem, ol bizden daşlaşdygyça süýjeýär...
Her gün ir säherden işe diýip ugranymda, ýolum Garagum derýasynyň üstünden düşýär. Derýanyň iki tarapyny birikdirip duran ajaýyp köpriniň üstünden geçip barýarkam, ýolagçy ulagyň aýnasyndan aşakda towlanyp akyp ýatan mele suwy synlanymda, biygtyýar çagalyk ýyllarym ýadyma düşýär. Şol wagtlar Şabadyň köprüsiniň üstüne ýörite gelip, batly akýan suwuň köpriniň sütünlerine urulmagy bilen emele gelýän tolkunlary synlamak meniň iň eý görýän endigimdi. Kämahal ýanym bilen getiren kiçijek çöpjagazlarymy ýeke-ýekeden suwa oklardym. Olar suwuň batly akymynyň ugruna pyrlanyp baryşlaryna, barha menden arany açardylar. Öz ýanymdan bu çöpjagazlary alys ýola ýüzüşe ugran gämi hasaplap, yzlaryndan garap durşuma, eljagazlarymy galgadyp, olara ak ýol arzuwlardym...
Şabadyň kenary şol töwerekde ýaşaýan çagalaryň iň söýgüli mekanydy. Tomsuna, elimiz boşadygy, biz kenara üýşüp, suwuň gyrasyndaky toýunsow palçykdan «şäher» gurmaga başlardyk. Her kim başardygyndan «gurluşyk» ederdi, kim jaý gurar, kim mekdep, garaz, kenaryň tekizje ýerinde ullakan «gurluşyk meýdançasy» emele gelerdi. Sünnäläp ýasanja binalarymyzy pozmaga dözmän esli günläp saklaýan wagtymyzam bolardy.
Bir gezek şular ýaly «gurluşyk» bilen meşgullanyp otyrkak, men «gurluşykçylara» ýüzlenip şeýle diýdim:
— Näme üçin biz Şabadyň palçygyny ulanyp, her hili zatlary ýasaýas, ýöne onuň özüni ýasamzok? Birden ol bizden öýkeläýmesin...
Duýdansyz aýdan sözlerim çagalaryň hemmesiniň ünsüni oýundan sowup, pikirlenmäge mejbur etdi. Körpejeleriň biri gözlerini balkyldadyp:
— Näme, suwam öýkeläp bilýämi? — diýip sorady.
— Elbetde, hemmeleriň öýkeläp bilşi ýaly, olam öýkeläp biler. Biz haýdan-haý «kanal» çekmäge başladyk. Kiçijek piljagazlarymyz bilen uzyn zolak ýeri gazdyk. Zolagyň gutarýan ýerinde ep-esliräk tegelek aýmança edip, ony köl hasapladyk. Soňam Şabadyň suwundan bedrejiklerimizi dolduryp, gezekli-gezegine suw goýberdik. Suwuň akyşyna seredip şatlanyşymyzy bir göräýseň! Göwnümize bolmasa, Şabadam biziň şatlygymyza goşulýan ýaly, birenaýy towlanyp akyp ýatyr. Bir seretsek, goňşymyzyň paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdebinde bilim alýan talyp ogly ýanymyza gelip, biziň ýasan zatlarymyzy synlap dur. Ol esli wagtlap synlanyndan soň, biziň berekellamyzy ýetirdi-de:
— Tüweleme, siz-ä ökde gurluşykçylar ekeniňiz. Şabadyň özünem ýasaýypsyňyz, ýöne şunuň nämedigini bilýäňizmi? — diýip, «köle» tarap elini uzatdy.
— Sarygamyş köli! — diýip, men hemmelerden öňürti jogap berdim. Çünki men ugradýan «gämilerimiň» nirelere baryp ýetýändigini bilmek üçin uly doganlarymdan bu barada sorap öwrenipdim. Şonda talyp oglan bize ýüzlenip:
— Ýurdumyzyň geografiýasyny bilmegem — Watanyňy söýmekdir — diýdi-de öz ýoluna gitdi. Iň ekabyrjamyz ýaňy bir başlangyç synpda okap ýören çagalar bolan biz şol wagtlar geografiýanyň nämedigine-de düşünemzokdyk.
Wagtyň öz hökümini ýöretmegi bilen, biz kem-kemden öz ornumyzy beýleki çagalara berip, ulularyň dünýäsine garylyp gitdik. Palçykdan şäher gurup oýnan çagalaryň arasynda, hakykatdanam, gurluşykçy hünärine eýe bolanlaram boldy. Olar indi palçykdan ýasalan däl-de, ak mermerli binalar bilen şäherdir obalarymyzyň görküni artdyrýarlar. Ýöne esasy zat, kärine garamazdan olaryň hemmesi-de watansöýüji adamlar bolup ýetişdiler. Men olaryňam mahal-mahal hyýallarynda çagalygyň gamsyzja dünýäsine dolanýandygyna ikirjiňlenemok.
Mümkinçilik dörän pursatlary men çagalygymyň geçen ýerlerine syýahat edýärin. Aladasyz-ünjüsiz çagalyk ýyllarymyň geçen her bir garyş ýeri meniň üçin diýseň eziz. Kenarda durup, bu ýerde bileje oýnan oglan-gyzlarybir-birden göz öňüne getirmäge çalyşýaryn. Edil höwürtgeden uçan uçurym guşlar ýaly, durmuşyň akymy olaryň hersini bir ýerden çykardy. Ýöne men olaryň nirede bolsalar-da, mähriban Watanymyzyň goýnunda bagtyýar ýaşap ýörendiklerine ynanýaryn. Çünki Gahryman Arkadagly Diýarymyz arzuwlaryň hasyl bolýan ajaýyp ýurdy. Eziz Arkadagymyza, jana-jan Watanymyza guwanmaga, döwletli döwranymyza buýsanmaga her birimiz haklydyrys.

Kümüş MÄTNIÝAZOWA,,
TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.

# “Galkynyş” gazeti, 16.12.2020 ý.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 71 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kümüş Mätniýazowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: