10:48
Täze ýyl sowgady / hekaýa
TÄZE ÝYL SOWGADY

Täze ýyl sowgatlaryna ulularam biperwaý garaýan däldir welin, çagalaryň begenjini hiç zat bilen deňär ýaly däl. Olaryň barmak büküp, günlerini sanap, Aýazbabanyň getirjek sowgatlaryna garaşyşlaryny bir görsene!
Ine, şeýle günleriň birinde, has takygy, Täze ýyl baýramçylygyna laýyk iki hepde galanda, agşamara çaý başynda ýanýoldaşym bilen dilleşip, öz otaglarynda oýna güýmenip oturan çagalarymyzy ýanymyza çagyrdyk.
Çagalar, hany, kim aýtjak, biz haýsy baýramçylyga garaşýas? Olaryň hemmesi birden dillendi:
Täze ýyl baýramçylygyna!
Berekella! Hany, siz Täze ýyl baýramçylygyna öz sowgatlaryňyzy taýýarladyňyzmy?
Hawa, ýöne men size garaşylmadyk sowgat etmekçi. Şonuň üçinem, öz taýýarlaýan sowgadymyň nämedigini baýramçylyk gününe çenli aýtjak däl — diýip, çagalaryň ulujasy Şanazar syrlyja ýylgyrdy.
Bu pikiriň örän gowy, elbetde, garaşylmadyk sowgat biziň üçin hasam ýakymly bolar.
Onda, bizem aýtjak däl, biziňem garaşylmadyk sowgat edesimiz gelýä! — diýip, Şasenem bilen Ýunusam bökjekleşdiler.
Isleseňiz, sizem garaşylmadyk sowgat edip bilersiňiz. Birbada birnäçe garaşylmadyk sowgat almak, gör, nähili ýakymly bolar!
Hany, körpejeler, siz nähili pikirde, belki, siz bize nähili sowgat taýýarlaýandygyňyzy aýdarsyňyz? — diýip, men bäş ýaşlyja Ýakup bilen üç ýaşyndaky Aýseneme ýylgyryp bakdym.
Goşgy öwrendik, Täze ýyl arçasy hakynda — diýip,Ýakup jogap berdi.
Menem, menem goşgy aýtjak — diýip, Aýsenemjik bökjekläp pyrlandy.
Diýmek, hemmäňiz Täze ýyly sowgatly garşylamaga taýýar-da! Baýramçylyk diýseň şowhunly bolaýjak ýaly. Örän gowy. In; di bolsa heriýňiz Täze ýylda Aýazbabadan nähili sowgat alasyňyz gelýän bolsa, hata ýazyp, bukja salyň-da, bize getirip beriň. Biz ony Aýazbaba ýollarys. Baýramçylyga sanlyja gün galdy, şonuň üçinem, haty häzir ýazyp taýýarlaň, ertir irden işe gidenimde, men hatyňyzy Aýazbaba ýollaryn—diýip, çagalaryň kakasy olara ýüzlendi.
Hat ýazyp bilmeýänler näme etmeli? diýip, Şanazar ýene-de gözjagazlaryny mekirlik bilen oýnatdy.
Ýazyp bilýänler kömek edäýmeli. Hany, indem baryň, öz otagyňyza, hatyňyzy ýazmaga başlaň!
Çagalar şowhun turzup, ylgaşyp gitdiler. Bizem olaryň haýsy biriniň näme sowgat haýyş etjekdigi baradaky çaklamalarymyzy aýdyşyp, gök gülli hum çäýnegi öňümize aldyk. Az salymdan Şanazar eli bukjaly geldi-de, hälkisi ýaly ýeserje ýylgyryp:
Eje, kaka, Aýazbabaň salgysyny aýdaýyň-da, men bukjaň daşyna ýazaýyn — diýdi. Biz birbada aljyradyk. Biribirim iziň ýüzüm ize seredişip, bir pursatlyk dymyşanymyzdan soň:
Şanazardan Aýazbaba diýip ýazaýmaly. Şol ýeterlik, hemmelerem şeýdip ýazýarlar diýip, men onuň başyny sypadym-da:
Bar, oglum, indi jigileriňe-de hat ýazmaga kömek et — diýdim.
Çagalar süýji uka gidenlerinden soň, biz olaryň hatly bukjalarynyň mazmuny bilen tanyşmaga başladyk. Ilki bilen Şanazaryň hatyny okadyk. Onda: «Salam, Aýazbaba, maňa Täze ýyl baýramçylygyna hakyky suratkeşiň enjamlaryny sowgat etseňiz, men juda begenerdim. Çünki men ulalamda suratkeş bolmagy arzuw edýärin» — diýlip ýazylypdyr. Haty täzeden bukja salyp, «Ýunusdan Aýazbaba» diýlen bukjany açdyk. Onda: «Salam, Aýazbaba! Maňa Täze ýyl baýramçylygyna içi suratlardan doly ertekili kitap getirseň bolýa. Wiý, gapdaly bilen süýji-kökeli gutujygam beräý» diýlip ýazylypdyr. Haty okap, ikimizem ýylgyryşdyk-da, Şasenemden Aýazbaba» diýen üçünji bukjany açdyk. Onda: «Aýazbaba, meniň Täze ýyl baýramçylygyna Garpamygyňky ýaly owadan eşik sowgat alasym gelýä» diýen sözler ýazylypdyr. «Bu-da kyn mesele däl, söwda merkezlerinde bu wagt tapylmajak zat ýok, hany, beýleki bukjalaram göreli!» diýip, men galan bukjalary açmaga howlukdym. Elime ilen bukja iň körpejämiz Aýsenemiňki bolup çykdy. Onda: «Aýazbaba, maňa owadanja gurjak getiräýseň, men ony her agşam gujagyma alyp ýatardym» diýlip ýazylan ekeni. «Körpejäm, seniň özüňem gurjajyk ýaly enaýyja-da!» diýip, ýylgyrjaklap oturşyma, ýanýoldaşymyň:
«Haý, bezzatja diýsänim, seretsene,Ýakup janyň sargaýan sowgadyna! Muny näme etse bolar?» diýen sözlerine ör-gökden geldim. Meniň soragly nazaryma jogap edip, ol haty elime tutdurdy. Ak kagyzyň ýüzüne: «Aýazbaba, maňa güjüjek getiräý, ýöne oýnawaç däl, hakyky janlyja güjüjek bolsun» diýlip ýazylypdyr.
Biz dört bukjany bir gapdala, ýekejesinem beýleki gapdala goýup pikire çümdük. Näme etmeli?
Dynç güni bazara gidip, çagalarymyzyň garaşýan sowgatlarynyň ählijesini diýen ýaly taýýarlap, ýygnap goýduk. Elbetde, Ýakupjyk üçinem oýnawaçdyr süýji-kökeli sowgat taýýarladyk. Ýöne, ol Aýazbabanyň getirjek güjügine gara çyny bilen garaşýardy. Onuň güjüjek baradaky süýjüje arzuwlary bizi ünjä goýmanam duranokdy. Baýramçylyk güni onuňam öz sowgadyna begenmegini näler islesekde, edil şu dara-direde güjük tapaýmak biziň üçin kyn meseledi. Täze ýyl baýramçylygy bolsa barha golaýlap gelýärdi.
Ertir baýramçylyk diýlen güni iş wagtym tamamlanyp barýarka, el telefonyma jaň geldi. Telefonyň ýaşyl düwmejigine basyp, gulagyma tutanymdan aňyrdan gaýynatamyň sesi eşidildi:
Sag-aman oturanmysyňyz, gelin? Çagalaram gurgunçylykmy?
Men ýaşynýanlygym üçin onuň soraglaryna sesli jogap berip bilmedim, endigime görä başymy atdym. Ýagdaýa düşünen gaýynatam ýene dowam etdi:
Gurbanajaňaýladym welin,wagty bilen almady. Telefonyny goýup, bir ýaňa çykandyr-da diýip, saňa aýladym. Nesip bolsa, şu gün agşamara size barmakçy. Biz-ä şu ýyl enesi bilen Täze ýyly agtyjaklarymyz bilen bileje garşylaýsak diýýäs. Olar üçin ýörite sowgadam taýýarladyk. Özem üýtgeşik sowgat. Nämedigini baranymyzda görerler.
Men ýuwaşja pyşyrdap: «Baş üstüne! Geliň, geliň, biz garaşýas» diýip jogap berdim.
Gaýynlarymyň geljegine begenjimi söz bilen beýan eder ýaly däldi. Olar gum etegindäki obalaryň birinde ýaşaýardylar. Bize juda seýrek gelerdiler. Ömrüni çopançylykda geçiren gaýynatam üçin şäher durmuşy çylşyrymly görünýärdi. Olaryň myhmançylyga gelmeginiň özem biziň üçin uly baýramçylykdy.
Işden gelip, çaltlyk bilen nahar atardym.Myhman otagymyza saçagy giňden ýazyp, üstüni naz-nygmatdan doldurmak bilen başagaý bolup ýörkäm, ýanýoldaşymam işden geldi. Olam egin-eşiklerini çalşyp, maňa kömekleşmäge durdy. Çagalarymyzam şadyýanlyk bilen öýümiziň töründäki bezemen arçanyň daşynda güýmenýärdiler.
Ine-de, gapymyzda ulagyň gelip daýanan sesi eşidildi. Gaýynatamyň ulagynyň sesini tanap, derrew olary garşylamaga çykdyk. Ulagdan ilki düşen gaýynatam hem ogly bilen elleşip salamlaşyp durşuna, biz bilen saglyk-amanlyk alyşdy. Gaýynenem bilen mähirli gujaklaşyp görüşdik. Däp boýunça olam saglyk-amanlyk soraşandan soň, gaýynatam:
Hany, bu körpejeler görnenok-la, ýa olar biziň geljegimizden bihabarmy? — diýip, ogluna ýüzlendi.
Habarlydyrlar, ýöne şu wagt arça bezemek bilen başagaý bolup ýörendirler.
Meniň olar üçin üýtgeşik bir sowgadym bardy — diýip, gaýynatam ulagyň yzky gapysyny açdy-da, naşyja güjüjegi çykardy. Gözleriniň töweregi garaja tegmilli akja alabaý güjüjek daş-töweregine geňgalyjylyk bilen seredip, gaýynatama gysmyljyrady.
Biz bir-birimize seredip, bolup geçýän zatlara ynanyp bilmän aňalyp durdyk. Biziň bolşumyza geň galan gaýynatam keýpsiz dillendi:
Näme, güjük getirenimizi halamadyňyzmy? Eger halamasaňyz, ertir ony yzyna alyp gidibereris. Onuň üçin baýramçylyk keýpiňizi gaçyrmaň!
Gurban gyssanmaçlyk bilen olara ýagdaýy düşündirdi. Şundan soň gaýynatam hezil edip güldi-de:
Diýmek, onda, men bu gün Ýakup jan üçin Aýazbaba bolupdyryn-da! — diýdi. Gaýynenem:
Haý, garagol diýsänim, bular ýaly sowgat alasy gelse, Aýazbaba däl-de atasyna hat ýazmaly eken-dä — diýip ýylgyrdy.
Hawa, şeýlelik bilen,Täze ýyl baýramçylygymyz diýseň şowhunly geçdi. Öz garaşýan sowgatlaryny alan körpejelerimiziň şadyýanja sesleri öýmüze nurçaýdy.
Maksadyna ýeten Ýakupjyk häli-häzirlerem alabaýjygynyň ýanyndan aýrylanok. Çünki bu Täze ýyl baýramçylygy onuň üçin hem ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy.

Kümüş MÄTNIÝAZOWA,
TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 43 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kümüş Mätniýazowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: