08:54
Mährem enäniň ýazgylary -13/dowamy
MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY

Üçinji bölüm

II bap

Bilesigeljilik we gybat hakynda

Adatdan daşary bilesigelijilik bilen gybata bolan ägirt uly meýli birleşdirmek üçin zenan maşgala bol­mak besdir diýen pikir örän giň ýaýrandyr. Onsoňam özümize ynanylan syry saklamak biziň jynsymyz üçin duranja bir güzapdyr hem diýýärler. Dogrusyny dogry aýtmaly, beýle aýyp duş gelýän zenan bir ýa iki däldir, bu babatda erkekleriň arasynda-­da bize meňzeýänleriň tapylyşy ýaly, aýallaryň arasynda­da hiç haçan özüne degişli däl zady biljek bolup jan et­meýän, gybaty öler ýaly ýigrenýän, kesekiniň.syry­ny saklap bilýän zenanlara­da duş gelse bolýandyr. Gyzym, sen, ine, şeýle zenanlaryň hatarynda boljak bolgun, şeýtseň, sen durmuşdaky birentek ýakymsyz zatlardan halas bolarsyň. Bu aýyplaryň ikisi hem uly il bilen agzybir ýaşamagyň, hatda är-­aýallyk durmu­şynyň imisala bolmagynyň hem ganym duşmanydyr. Gybat söýýän bilesigeliji aýal hökman tanyşlary bi­len sögüşýändir. Hiç haçan äriniň doly ynamyna gir­ýän däldir. Käteler juda möhüm syrlar hem duş gelýändir, onsoň şeýle syrlary neneň edip içinde hiç zat saklap bilmeýän adama ynanjak? Är-­aýallykda bolsa, birek-­birege ynam kepilnamadyr.
Eger sen özüňden bir zat gizlenýändigini aňsaň, munuň şeýle bolmalydygyna şek­-şübhe ýokdur. Bi­lesigeliji bolmagyn, syry açjak bolup, kelläňe agram salmagyn we tagapyl etgin. Eger ol saňa degişli bol­sa, özi hem peýdaly çyksa, ony, barybir, saňa açarlar. Eger käbir adamlar seniň ýanyňda ýuwaşja gürleşýän bolsalar, olardan araňy saýlagyn, iliň gürrüňini diň­lemek ownukçyllygyň hem medeniýetsizligiň alama­ty hasap edilýändir. Eger saňa syr ynanýan bolsalar, sen ony, doga gaplan ýaly etgin. Özüňem ony ile jar etmeg­ä beýlede dursun, gaýtam ony bilýändigiňem aňdyrmagyn. Ataň öýündekäň, özüňem ýaşkaň biri saňa söýýänligini aýtsa, özem muny kakaňdan ýa­da geljekki adamyňdan ýaşyrmagy sargasa, sen hiç oňa gulak asma, sebäbi sen olardan ýekeje zady hem giz­lemeli dälsiň.
Gybatdan yhlas bilen gaça durgun we seresap bol­ gun. Gybat etmek diýmek bir öýde gören hem eşi­den zadyňy başga bir öýde çişirip gürrüň bermekdir; biri hakynda edilen gürrüňleriň gylyny gyrman, şol adama ýamanlamak diýmekdir, tanyşlaryň gybatyny etmek üçin olaryň bolşuny garawullap, olaryň gür­rüňini diňlemekdir. Ýüregiň päk halyna­da gybatkeş hem dürli dawa-­jenjelleriň, ýakymsyzlyklaryň se­bäpkäri bolup bilersiň. Toslanyp tapylýan gybatlar iň imi­sala, iň agzybir diýjek maşgalaň hem arasy­ny bozup, barypýatan betbagtçylygyň üstünden eltip bilýändir. Ýöne gybatkeş bolmazlyk entek ýeterlik däldir, gybatkeşlik gowy terbiýe alan zenanlaryň ara­synda seýrek duş gelýändir, ýöne gybata ynanmaly däldir, asylly zenan olara gulak asmalam däldir. Liza, sen barypýatan akylly bolaňsoň, näme işlemelidigi­ni gowy bileňsoň, hiç haçan gybata baş goşmarsyň, ýöne ömrüň dowamynda gybatçy erkeklerden, gy­batçy aýallardan gutulyp bilmersiň, şonuň üçinem olara sataşanyňda, olar hem dürli gybatlara ýatanla­rynda sen beýle gürrüňleri halamaýanlygyňy gös­-gö­ni bildirmelisiň. Seniň ýanyňda yzgytsyzlykdanam däl­de, edere iş tapmazlykdan ýakyn garyndaşlary­ňy ýazgaryp ugran halatlary hem bolar, şonda, Liza, sen olara ýeke söz aýtmaga­da ýol bermegin. Eger seniň ýanyňda tanyşlaryňy ýamanlap ugrasalar, se­nem bu gürrüňden gutulyp bilmejek bolsaň, hiç zada ynanmagyn we muny sypaýyçylyk bilen duýdurgyn, şeýtseň, saňa gaýdyp beýle täzelikleri habar berme­jeklerine kepil bolýaryn. Men gybat diňläp oňa ynan­maklygyň nähili hasratly netijeleriň üstünden eltýän­diginiň bir mysalyny bilýärin.
Biziň iň golaý goňşymyz bolan hanym D. meniň bilen bir ýylda durmuşa çykdy. Şonda onuň ýaşy on altydan köp däldi. Biziň ärlerimiziň mülkleri bir-­bi­rine juda ýakyn bolansoň, men oňa diýseň ýygy­-ýy­gydan duşýardym. Onda joralarymdan göwün edýän sypatlarym bolmasa­da, goňşy örän ýakymly aýaldy, sebäbi ol wäşidi we ummasyz alçakdy. Jenap D. ony jany-­teni bilen söýerdi, özi hem söýülerdi. Olar bi­len bile jenap D.­nyň ejesi, diýseň tapylgysyz, asylly garry hem ýaşardy.
Bu üç adam esli salymlap äbe­de jüýje ýaşadylar. Hanym D. mylaýym hem mährem bolansoň, terbiýe­siniň kemterlik edýäni duýlanokdy. Onuň bilen özü­mem köp­-köp ýakymly pursatlary başdan geçirdim. Bir betbagtçylyk, Anna Petrownanyň (hanym D.­nyň ady şeýledi) daýzasyny bulara alyp geldi. Anna Pet­rownanyň daýzasy köp wagtdan bäri durmuşa çyk­man oturan uly gyzdy, diýseň mylaýymdy, emma onçakly aýlawy ýokdy. Hiç hili bilim almansoň, hiç hili işi halamansoň, ol köplenç wagtyny gybat bilen geçirýärdi. Ýaş, bilesigeliji we ynanjaň Anna Pet­rownanyň bolsa el işine, kitap okamaga çigit ýaly hö­wesi ýokdy, şol sebäpli hem soňky wagtlarda özleri bilen ýaşaýan daýzasynyň her hili gürrüňlerini hezil edip diňleýärdi. Ynanjaň ýegençisiniň beýle häsiýeti­ni gören we öňem öz şum häsiýeti zerarly gör, näçe endişeleriň üstünden barsa­da, olary ýadyndan çyka­ran daýzasam basym Anna Petrowna daşky garyn­daşlary barada däl­de, goňşulary barada hem gürrüň berip başlady. Şeýle tejribe geçirip, oňa­da ynanyl­ýandygyna göz ýetiren daýzasy ýegençisine indi ga­ýyn enesi hakynda, iň soňunda hem jenap D.­nyň özi dogrusynda gürrüňler bermäge başlady. Anna Pet­rowna daýzasyna «besdir» diýmegiň deregine onuň gürrüňlerini hezil edip diňledi we oňa sorag üstüne sorag ýagdyrdy. Akylly-­başly hem alym adam bolan jenap D. aýalyna garanyňda ejesine köp ynanýardy. Çünki, ol Anna Petrownanyň bolşy ýaly, mähremlili­gi we diýen edijiligi derejesine juda sadadygyna hem diňe öýleneninden soň göz ýetiripdi. Ol ejesi bilen gürrüňdeşliklerde bu hakda ýygy­-ýygydan ökünýär­di, ýöne onuň hoşamaý, ukyply, ýaşdygy üçin özü­niň oňa wagty gelende bilim hem berip biljekdigine bil baglap, öýlenenine puşman etmeýärdi. Ejesi onuň diýeni bilen ylalaşyp, edil şonuňky ýaly umytdady. Ýeser daýza şeýle gürrüňleri telim gezek gizlinligi bilen diňläpdi, idili eşitmedik zatlaryny bolsa özün­den goşuşdyryp we soňra bularyň baryny, kä ýerine begenen, kä ýerine gynanan kişi bolup,öz ýegençisi­ne gürrüň beripdi. Ol günsaýyn diýen ýaly bir täzelik alyp gelýärdi, ynanjaň Anna Petrowna bolsa gün-­günden özüni betbagt saýýardy. Görgüli gelin özi barada adamsynyň we gaýyn enesiniň nähili pikirdedigini daşýany bilen bilensoň, olar bilen gatnaşygyny üýt­getmeli boldy. Öz derdini boýun almaga onuň bogny ysanokdy, asyl ony boýun alybam biljek däldi, sebäbi ol syry saklajagyna daýzasynyň öňünde ant içipdi. Ol hasam beter gaýyn enesine kejigýärdi, çünki daýza­sy, esasan, şonuň gybatyny edýärdi. Depseň yranmaz döwleti bolan kempiriň oglunyň ýanynda bolmagy­nyň ýeke­täk sebäbi perzende bolan enelik mähridi. Ýöne öňler alçak we sypaýy gelniniň özüni geň alyp barşyny göreninden soň, göwünli­-göwünsiz öz mül­küne göçüp bardy. Aýalynyň bolşuna dergazap bolan, mährem enesinden jyda düşenligine jany ýanan jenap D. özüniň bu zatlardan göwnüniň suw içmeýändigini ýaňzytdy. Anna Petrowna daýzasynyň maslahaty we nesihaty bilen derrew äriniň jogabyny berdi, onda­-da diýseň nagt berdi, dawa-­jenjeller başlandy, şeýdibem maşgala jenneti hasap edäýmeli öý dowzaha öwrüldi.
Jenap D. dawa-­jenjeliň başlanyşyny we sebäbini hernäçe gizlese­de, biz bu üýtgeşikligi bada-­bat aň­dyk, bu onuň aýaly bilen gürleşişinden, aýalynyň birsyhly ünjüli ýüzünden hem mese­mälim bildirip durdy. Biz olary ýaraşdyrjak bolduk, ýöne munuň üçin ilki şol sene­menäniň sebäbini bilmek gerekdi. Meniň adamymyň mizemez dostlugynyň öňünde ejiz gelen jenap D. oňa ähli zady bolşy­bolşy ýaly edip gürrüň beripdir. Onsoň menem öz tarapymdan An­na Petrownanyň ynamyna girmäge çalyşdym. Onuň gam-­gussadan ýaňa püre-­pür bolup duran ýüregi syry uzak wagtlap saklap bilmedi. Anna Petrowna ýarym­ ýaş bolup, maňa bolup geçen zatlaryň barjasyny gür­rüň berdi: «Men daýzamyň şol gürrüňi aýdan pursa­dyndan bäri özümi keç maňlaý hasaplaýaryn» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Öz açyşlarymyzy birek-­birege gürrüň bermek bilen, adamym ikimiz ähli betbagtçy­lygyň sebäbiniň gybatdygyny aňdyk. Biz olaryň iki­sine­de göwnümizdäkini aýtdyk. Anna Petrownanyň daýzasy göçmeli boldy. Düşünişildi. Är­-aýal ýaraş­dy, ýöne indi öňki äbede-­jüýjeligi gaýtaryp getirip bolýarmy näme? Aýalynyň ýeňilkelledigine göz ýe­tiren we ejesinden aýra düşen jenap D. Anna Petrow­nany öňkülerinden has az söýýär, gaýynenesi bolsa gelniniň göwne degmesini heniz-­henizlerem ýatdan çykaryp bilenok. Indi ol oglunyň ýanynda ýaşamak­ha beýlede dursun, eýsem Anna Petrowna sataşaýan halatlarynda hem juda sowuk görünýär. Şeýdip, gy­bat tutuş bir maşgalanyň aşyna awy gatdy. Gyzym, goý, bu saňa sapak bolsun! Gybaty özüň­ä bir ýaý­ratmagyn, eşidenleriňe­de hiç haçan gulak gabartma­gyn. Iliň işini bir ýana goýgun­da, öz işiň bilen bolgun. Her dürli myş-­myşlardan gaça duraýyn diýseň, hyzmatkärler bilen çylkasyz gürleşmegin, olar ähli zady ähli ýerde gürrüň bermäge öwrenişen adamlar­dyr, ýöne gürrüňiň hernäçe sypaýy bolsa­da, Anna Petrownanyň ýanynda öz tanyşlaryň barada gürrüň bermekden gaça durgun. Bu ýol arkaly sen birentek ýakymsyz zatlardan gutularsyň. Duşman gazanmar­syň we öýdäkiler, goňşular bilen imi­salalykda ýaşap, Anna Petrownanyň başyna düşen bela sataşmarsyň. Ol, barybir, adamsyndan hiç zat gizlemeli däl ekeni.

III bap

Tekepbirlik, dänjireme we görüplik hakynda.

Adatça, tekepbirligi hem biziň jynsymyza ýöňke­ýärler, bu bir tarapdan adalatlam, sebäbi ol birentek zenanyň kalbyny hem, oý-­pikirini hem gurşap alýar. Adam ogluna birsyhly kämillige ymtylmak islegini bermek bilen, Hudaýtagala oňa aň-­düşünje hem, sa­hawatlylykdyr ýakyn­-ýada mähirli bolmak arzuwyny hem eçilipdir. Dogry düşünen üçin ol sypat bize kämillige ýetmäge ýol açýandyr we ähli sahawatla­ryň başlangyjy bolup hyzmat edýändir. Ýöne ony ýa­manlyk üçin ulansaň, ol aýyba hem öwrülýändir we tekepbirlik diýlip atlandyrylýandyr. Tekepbirlik öz­ özüňi çakdan aşa gowy görmeklikdir we şonuň bilen birlikde öz-­özüňe aşa göwnüň ýetmeklikdir. Şondan soň biz öz sahawatlylyklarymyzy we derejelerimizi çişirmek bilen bolýandyrys we hakykatda özümiz­de bolmadyk sypatlary hem bar hasaplaýandyrys. Tekepbirlik zenan ýüreginde birentek aýyp döredip, köplenç onuň bagtynyň ýatmagyna sebäp bolýandyr. Ondan bagtlylygyň iň elhenç päsgelçilikleri bolan dänjiremek we göriplik döreýändir. Eger biz bagtyýar hem kämil zenanlara näçe az duş gelýän bolsak, mu­nuň sebäbi tekepbirlikdir. Ol biderek öwgüleri bagtyň esasy hasap edýändir, hyýalda pel­-pelläp ýören bu hy­ýaly goşgy durnuksyz gözellikler, bedeniň geldi-­ge­çer näzikligi, kaşaň lybaslaryň şowhuny bilen bina edýändir. Ýöne hallan atyp duran, çalamydar şeýle ymaraty gurduňam­da! Wagt­ha beýlede dursun, çala öwsen şemal hem ony wes­-weýran edip, her tikesini allowarralardan çykarar. Bagt köşgüni gurmagyň yn­sana ömründe bir gezek miýesser edýändigini bilme­ýän barmy näme? Akyldyr tejribeden şaýyň tutulýan wagt geleninde, Taňrynyň özi adamy guraldyr enjam­lar bilen üpjün edýändir. Eger ymaratyň esasy edilip takwalyk, sahawatlylyk, mylaýymlyk we asylly mer­tebe ýaly zatlar goýulsa, ol her hili tupandyr gaýlara garamazdan, köp wagtlap mizemän durýandyr. Ýöne onuň esasy gowşak hem paýhassyz goýulsa, onda ymarat çala bahana tapyldygy weýran bolmak bilen bolýandyr. Ymaratyň weýran bolýan ýagdaýy, adatça, gurluşyk üçin iň amatly pursat bolan ýaşaýyş säheri­niň eýýäm sowulyp, agşamyň düşmegine bolsa ep­es­li wagtyň bar halatynda bolup geçýändir... Onsoň öz günäsi bilen şeýle biweç ýagdaýa düşen adam haraba­çylyklaryň arasynda ýaşap, ajy­-ajy ýatlamalar kölüne batmaly bolýandyr. Eger birneme soňrak öwrenilen sahawatlylyklar Hudaýtagalanyň eradasy bilen oňa bagt köşgüni ýene bir gezek gurmaga ýol berilse, on­da ol munuň üçin, gör, näçe zähmet çekmeli boljak! Ýaşkaň ýeňil ýaly görünýän zähmet, garran çagyn­da müňde bir päsgelçilige duşýandyr, köplenç bolsa adam gurjak bolýan ymaratyny gurup gutarmanka ajal onuň ýakasyndan ebşitläp tutýandyr.
Ýöne tekepbirligiň bu ünjüli netijelerine gara­mazdan, ondan gutulyp bilýän zenan seýrek bolýan­dyr. Muny biziň kalbymyza erkekleriň özi salýandyr. Olaryň ähli öwgüleri biziň iň gowşak taraplarymyza gönükdirilýändir, olary has­da daşky gözellik bendi edýändir. Zenan maşgalalar bolsa, ejizliklerine ga­ramazdan, özlerine ýanýoldaş seçip almaga has paý­hasly çemeleşýärler. Olaryň erkek adamdan owadan­lyk talap edýäni az­-az bolýandyr, ýöne olaryň her biri akylly-­başly, sowatly ýar gözleýändirler. Ýaşy bir çene baran, görk-­görmeksiz adamlaryň diňe bir zenanlaryň göwünlerini awlamak­ha däl, eýsem olaryň söýgüleri­ne mynasyp bolýan halatlary hem köp duş gelýändir.
Erkek kişileri özlerine maýyl etmek üçin ýa­da dogabitdi sypatlaryna görä, biziň jynsymyz öz daş keşbini şeýle bir gowy görýändir welin, tekepbirlik hemmämiziň ýetmezimiz öýdäýmelidir. Ýöne welin ondan halas bolmak mümkindir, şonuň üçinem, me­niň Lizam, öz ýüreginde sahawatlylygyň çeşmesi bo­lan asylly mertebesine hyýanat etmez diýen umydym bardyr. Tekepbirlige şowly garşylyk görkezmek üçin pespäl we paýhasly bolmak ýeterlikdir. Eger ynsan ejizligi zerarly asylly mertebäň seni irde­giçde tekep­birligiň üstünden eltip, senem öz gözellikleriňe ýa­da beýleki mertebeleriňe buýsanyp ugrasaň, sen şol ýe­riň özünde gylyklaryňy iliň gylyk-­häsiýetleri bilen deňeşdirip görgün, ýöne sen pese däl­de, belende bak­gyn, şonda sen bu keseliňden bire­bir açylarsyň, se­bäbi dünýäde içgin deňeşdireniňde, özünden owadan, özünden ylymly, özünden mährem zenana duşmadyk ýekeje­de gözel, alym, hoşamaý zenan ýokdur.
Biz tekepbirligiň zenan ýüreginde ençeme aýyby döredýändigini eýýäm bilýäris. Olaryň iň esasylary hem dänjiremek we göriplikdir. Tekepbirlik erkek kişini käte şöhratyň üstünden eltýändir, olarda uly ile belli, meşhur adam bolmak arzuwyny oýarýandyr, onsoň olar şol maksada ýetmek üçin ellerinde baryny edýändir. Ýöne iki jynsyň wezipeleriniň dürli-­dürli bolanlygy üçin tekepbir erkeg­ä gahrymana, tekep­bir zenanam kelpeň maşgala öwrülýändir. Olaryň bi­rinjisi batyrlygy bilen belli bolsa, ikinjisi gelişgen­ligi bilen ýol aljak bolýandyr. Olaryň birinjisinden rüstem çykyp bolmasa, ikinjisinden ozduryp bolýan däldir. Olaryň birinjisiniň şalyklary bar bolsa, ikinji­siniň töwekgel ýüregi bolýandyr. Ýöne olar bir zatda meňzeşdirler. Doýar-­doldumlary bolmadyk olar aga­lyk edip, öz täsirlerini has giň ýaýratmak arzuwynda­dyrlar, şeýdibem diňe özleriniň däl, eýsem özgeleriň hem bagtlaryny ýatyrýandyrlar.
Ýöne gahrymana adatdan daşary ýagdaýlaryň, müňlerçe pursatlaryň, ummasyz batyrlygyň gerekligi üçin, olar telim ýüzýyllyklaryň içinde bir gezek dö­reýändirler. Kelpeň zenan barada aýdylanynda bolsa, dürli ýaşly, dürli emläkli bolan olar ähli ýurtlarda-­da şeýle bir köp welin, sanap aňrysyna çykar ýaly däldir. Men olaryň mukaddes borçlaryny unudyp, öz kel­peňlikleri bilen etmişiň üstünden barýanlary barada­-ha gürrüňem edemok. Men olar barada diňe eşitmiş. Öz gyzymyň hiç haçan beýle derejä ýetmejekdigini bilip duramsoň, beýle zatlara peromy hapalasym we özümem aýal bolamsoň, mysal baryny getirip ýüzü­mi gyzardyp oturasym gelenok.
Ýöne welin näzirgemekligiň gowy görünmek isle­gi diýilýän ýörite bir görnüşi bolýandyr, ony bolsa di­ňe ýol bermek däl, eýsem ýaş zenanlara maslahatam bermek gerekdir. Adyndan belli bolşy ýaly, ol parh goýmazdan, erkeklere, aýallara, garrylara, ýaşlara – hemme kişä gowy görünmek üçin jan etmekden, gepiň keltesi, ählumumy öwgä mynasyp bolmakdan, özi hem diňe daş keşbiň, geýim-­gejimiň bilen däl­de, eýsem sowatly paýhasyň, mährem ýüregiň bilenem gowy görünmekden ybaratdyr. Asylly mertebe oňa ýaşaýyş beripdir. Duýgurlyk, mylaýymlyk we pes­ pällik ony zehinler bilen baýlaşdyrypdyrlar. Näzenin­lik onuň terbiýesine terbiýe goşupdyr, tebigat bolsa biziň öz wezipämizi ýerine ýetirmegimiz üçin ony bize başbitin beripdir. Bu ýagdaýa düşünýän zenan göreni aňk etmegi başarýar. Kimiň gowy görnesi gel­se, onuň bu barada jan etmelidigi hakynda belli ha­kykat bar. Sahawatlylyk we bilim bize sylag-­hormat getirse­de, hemmeleriň söýmegini üpjün edip bilmez, munuň üçin biziň hemmeleri özümize imrikdirmegi­miz gerek. Gyzym, senem hemişe şu pikire gümra we hemmeler bilen salamatly bolgun. Sarpaly goja­lar, sylagly kempirler bilen sypaýy, erkekleriň ýanynda mylakatly bolgun. Ýöne hiç haçan şol mylakat­lylygyň çäginden çykmazlygyňy senden ýalbaryplar haýyş edýärin. Dogrusyny dogry aýtsaň, häzirki ze­nanlar erkekleriň edepsizliklerinden, käte bolsa hat­da sypaýyçylygy ýatlaryndan çykarýandyklaryndan zeýrenýärler. Biziň ejelerimiz we mamalarymyz öz döwürlerinde ýaşlaryň bu günki ýaşlardan düýpgöter üýtgeşik bolandyklaryny gürrüň berýärler, ýöne içgin pikir etseň, erkekleriň biz bilen hemişe sypaýy gür­leşmeýändikleriniň sebäpkäriniň belli bir derejede özümizdigini görmeýän ýokdur. Zenan maşgalalaryň birentegi özlerini sylatmak isleýärler­de, öz­-özlerini sylamagyň ebeteýini tapmaýarlar. Erkeklere myla­katly bolmazdan, olardan sypaýyçylygy berk sakla­magy talap edýärler. Biziň jynsymyz bolşuny üýtget­digi, näzirgemesini bes edip, diňe gowy görünmek isledigi erkekler hem şobada üýtgeýärler. Geregim, dünýewi adatlary zenan maşgalanyň özünde besleme­li hormat­-sylagy bilen utgaşdyrjak bolgun. Çakdana­şa talap edijilikden saklangyn we erkek adamlardan bize diňe eserdeňlik bilen hoşamaýlygyň gerekdigini hergiz ýatdan çykarmagyn. Eger sen erkek jynsyna özüňi sylatdyrjak bolsaň, olar babatda hiç haçan iň ujypsyzja kemsidilmegine hem ýol bermegin.
Ulalyp, has köp tejribe toplanyňda näzirgeme bilen gowy görünmek isleginiň arasyndaky tapa­wudyň juda uludygyny özüňem görersiň. Şonda bu ikisiniň tapawudyny bilmeýän zenanlaryň hem bardygyna haýranlar galarsyň. Gowy görünmek is­leýän zenan söýgä mynasypdyr. Onuň näçe tany­şy bar bolsa, şonça­da dosty ýa­da iň bolmanynda sulhy alýan adamlary bardyr. Ol bahyllyk döredýän däldir, sebäbi ony onuň özi hem duýýan däldir. Ma­habatlandyrylmagyny halaman, ähli erkekleriň öw­güsini paýhas bilen gazanjak bolýandyr, ýöne söýgä welin olaryň diňe birinden garaşýandyr. Şeýle zenan öz jynsynyň bezegidir. Ol hiç haçan hiç kimiň göw­nüne degýän däldir we daş keşbe garanyňda kalbyň gözelligi barada has köp aladalanmak bilen, hakyky ýaşyny aýtmakdan çekinýän we garrylykdan gork­ýan däldir. Akylly­-paýhasly adamlaryň äsgermeýän kelpeň aýallary bolsa diňe ýaşlaryň göwnünden tur­jak bolýandyrlar, olaryň birentek muşdaklary bol­ sa­da, içinde söýýäni ýokdur. Şonuň ýaly zenan ýürek­-bagryny mynçgap barýan bahyllyk birsyhly ynjalyk berýän däldir. Öz görk-­görmeginden, ge­ýim-­gejiminden we boş hem bihepbe öwgülerden başga zat bilmeýän kelpeň zenan özüniň söýüleni­ni isläbem durýan däldir, ol diňe özüne aňk etmäni we muşdak bolunmany halaýandyr. Hakyky duýga ukypsyz bolmak bilen, ol göwni giden ýigidiň ykbalyny aşyk oýnan ýaly oýnaýandyr. Onuň üçin iň ýakymly güýmenje özgäniň ýüregini gozgalaňa salmak, özi söýse-­söýmese, ýigitlerde yşk heserini oýarmakdan ybaratdyr. Ol hemişe oýlanman here­ket edýändir, hatda oýlanmaga­da gorkýandyr, öz etmişleri barada pikirem edýän däldir, diňe şu gü­ni bilen gümradyr. Onsoňam ol bütin bagtynyň ör­ki bolan gözelliginiň kemelmegine ýa­da ýitmegi­ne getirýän geljege näme üçin höwes bilen seretsin. Kelpeň zenanyň soňy diýseň gussaly tamamlanan elpe-­şelpe, şol bir wagtyň özünde-­de gamgyn dur­myşyny özümem gördüm.
Moskwada bolanymda Ýuliýa diýip atlandyrasym gelýän bir ýaş zenan bilen tanyş boldum. Onuň çaga­lykdan başlap eşidýän zady diňe öz jemalynyň tary­py bolupdyr. Bu bolsa onda tebigatyň beren peşgeşini mümkin boldugyça amatly ulanmak baradaky pikiri oýarypdyr. Alçak göwünli, emma paýhassyz enäniň tarypdyr öwgä gurşalan gyzy gowy görünmek isle­gi bilen kelpeňligiň haýsyny saýlap almalydygyny bilmän, «Daşky owadanlykdan arzyly zat ýok, ze­nan maşgala diňe erkekleriň söýgüsi we haýran­-se­rasyma kylmagy üçin ýaradylandyr» diýen ynam bi­len ösüp ­ulalypdyr. Belki, onuň takdyryna bagtyýar bolmak hem ýazylsa ýazylandyr, ýöne ol şol köşgüň binýady edip tekepbirligi saýlap alypdyr, basymam muny aňypdyr. Ýöne basym diňe daşky owadanlyk bilen alyp biljek galasynyň ýokdugyna göz ýetirip, ol paýtagtyň ilkinji mugallymlaryndan sapak alyp ug­rapdyr, ýöne bu babatda­-da ol şol öňki maksadyna laýyklykda hereket edipdir. Peýdaly kitaplary ol di­ňe waraklap çykypdyr. Biderek kitaplary bolsa köp okapdyr, şeýdibem kellesidir kalbyny bolgusyz zatlar bilen doldurypdyr. Ol eneden dilewar bolup dogul­sa­da, gürrüňiniň diňe başy gyzykly çykypdyr, soňra bolsa gitdigiçe suslanypdyr we bilimdir sowadynyň ýoklugy mesaňa­ mälim bolupdyr. Ol tansy diýseň gowy edýärdi, fortepiýanony birkemsiz çalýardy, aýdym aýdyşy hem hiç neneň däldi. Atly, emma on­çakly baý bolmadyk ata-­enäniň gyzy Ýuliýa deňsiz­-taýsyz gözelligi bilen uly ili aňk edip, köçä çykanyn­da, ýaşlar şobada onuň görküne maýyl bolupdyrlar. Basym muşdaklary onuň daşyny ary üýşen ýaly edip alypdyrlar. Erkek kişiler kelpeň aýallary halamaýan hem bolsalar, (yşga aňyny aldyrmadyk) ýeke ada­myň­da olardan ýanýoldaş saýlap almak meýli bol­masa­da, käte öz kärine çulum kelpeň zenan iň akyl­ly­-paýhasly diýjek adamyňy hem özüne bendi edýär goýaýýar. Erkekleriň arasyndan diňe özleri sylanyp, diňe özleri söýülýän hasap edýän ýeňilkelleler ýa­da özlerini hondan bärsi saýýan gopbamlar hem tapýar. Aslynda bolsa olaryň göz öňünde tutýan aýallary hemme kişä bir deň seredip, hemme kişä birmeňzeş duýgy bildirýärler.
Daş­-töweregi muşdaklardan doly Ýuliýa diňe bir öňki muşdaklaryny torunda saklamak üçin däl, eý­sem, birsyhly täzelerini hem tapmak üçin günüň­ gününe dürli­-dürli tärler öwrenipdir. Bu niýeti başa bardyrmak üçin diýseň uly sungat gerek bolupdyr. Tekepbirlikdir owadanlygyň bolsa­da, işiň şowuna düşjekdigi hökman gutulgysyz ýaly bolup görnüp­dir. Özüni gurşap alan muşdaklaryň birine­de göwün bermezden, ol her biri özüni seçilip alnan bagtyýar ýigitdirin hasap edýän oglanlaryň baryny barmagy­nyň daşynda aýlapdyr. Jögi mähremlik bilen alda­nan birnäçe ýeňilkelle ýigitler oňa lak atypdyrlar. Ol bolsa olaryň hemmesinden ýüz öwrüpdir, çünki oňa olaryň hiç haýsysy ýaramaýan ekeni. Üstesine­de, şol öýlenjek bolýan ýigitleriň hiç haýsysynyň kelpeň gyza zerur bolan baýlygy ýok ekeni. Şeýle zenan­lar bezemen geýimleri, ballary, teatrlary gowy gör­güç bolýandyrlar, munuň üçin bolsa depseň yranmaz gurp gerekdir. Birnäçe ýyllap şeýle elpe­-şelpelikde, emma howsalaly durmuşda ýaşanyndan soň, Ýuliýa ahyr kalbyny awlan adamyna duşupdyr. Olam gör­megeýligi, akyl­-paýhasy we beýleki bitentek gowy gylyklary özünde jemlän Anatoliý G. bolupdyr. Ana­toliniň bir kemi bar ekeni, olam maly-­döwleti çäklije ekeni. Ýuliýanyň diýseň owadan keşbi, onuň oturyp­ turşy, has hem beter jadyly gözleri ýaş ýigidi özüne maýyl edipdir. Ýöne ol akyly ýerindäki ýigit bolan­soň, ony aşaklyk bilen synlap ugrapdyr. Ol Ýuliýa­nyň galdyran täsirinden başy aýlanyp duranam bol­sa, onuň kelpeňligini aňypdyr. Ol köp wagtlap ätiýaç edip gezipdir, ýöne gözel gyz bilen bir üýşmeleňe baranynda, ol onuň beýlekilere garanyňda özi bilen has içgin gürleşýändigini görüpdir. Şondanam «gyz maňa parhsyz däl­ow» diýen netije çykaryp başlap­dyr. Günlerde bir gün onuň Ýuliýa bolan mähriniň sebäbine düşünmek islän kalby bu duýga we Ýuli­ýanyň kelpezligine delil tapyp oturyberipdir. «Ol bar kişä ýaraýar – diýip, ýaş ýigit içini gepledipdir. – Özem öz bolşundan lezzet alýar, öz muşdaklaryna isleýşi ýaly erk edýär, sebäbi ol şu çaka çenli olardan mynasybyny tapyp bilmedi. Meni bolsa: «Köňlüm seni küýseýär, eger goşumyzy birikdirsek, özgele­ri ýele ýanymdanam getirmerin, onsoň beýlekileriň çekjek pidalary maňa düýpden derkar bolmaz» diýip ynandyrýar». Anatoliý şeýle pikir edipdir, ähli zada ynanjaň ýürek hem bu arzuwlary makullapdyr. Bu bolsa onuň mertebesine gopberipdir, lezzet eçilipdir. Şondan soň ol Ýuliýadan ätiýaç etmesini goýupdyr. Kelpeň zenan bu özgerişligi şol pursadyň özünde du­ýupdyr. Azap edip ýeten ýeňişine guş bolup uçaýjak bolan zenan ýaş ýigidi toruna öňküdenem berk ço­laşdyrmak üçin hiç zatdan gaýtmandyr. Hiç zat barada oýlanmazlyga endik etmek bilen ol öz bolşunyň nämäniň üstünden eltip biljegini güman hem etmän, Anatolini her näçe söýse­de, onuň teklibini bir tüýsli howsalaly diňläpdir. Anatoliniň eli ýuka ekeni, Ýu­liýanyň şaý­sepi hem meňki bolsun diýer ýaly bol­mandyr. Şeýlelikde, gün­-güzeran ýykma-­ýykylma diýýänleri bolup, kaşaň eşiklerden, şäher durmuşyn­dan jyda düşüp, oba göçmek «howpy» döräpdir. Ýu­liýa içini gepledip, köp gezipdir, sebäbi ol Anatolini tüýs ýürekden söýýär ekeni. Ýöne welin basym oňa söýgülisinden jyda düşmek çagalygyndan bäri öwre­nişip gelýän we geljekde amatly durmuşa çykmagy üpjün edip biljek ýokary jemgyýetiň ýaldyr­-ýuldur­laryndan jyda düşmekden has aňsat görnüpdir. On­soňam ol: «Anatoliý her näçe ret edilse­de, söýgüsi öçmez, netijede, ýagdaýlar üýtgäberse ýa amatly zat tapylmasa, Anatolä durmuşa çykaýaryn» diýibem umyt edipdir. Şeýdibem ol Anatoliniň teklibini kabul etmändir we şeýdibem öz hasabynda erbet ýalňy­şypdyr. Anatoliý Ýuliýanyň bolşuna derrew düşü­nipdir we jögülik edip, duýgulary depeleýän, ýalan umyt eçilýän zenany jähennemä urup hem­de özüniň ýeňilkelleligine käýinip, Moskwadan çykyp gidipdir. Diňe ol gideninden soň Ýuliýa ony nähili güýçli sö­ýendigine düşünip galypdyr, emma gijigen ökünjiň peýdasy bolmandyr. Ol özüni şeýle hyjuw bilen söý­ýän adama gaýdyp duşmandyr. Birnäçe ýyl geçenin­den soň kelpeň zenan üçin elhenç zat bolan «garry gyz» sözünden gorkusyna duýgusam, ýaşam, baýlygam düşnüksiz dünýewi adamlaryň birine durmuşa çykypdyr. Ol özüniň är-­aýallyk durmuşynda bagtyň ýokundysynam tapmandyr. Indiden soň kelpeňlik et­mek oňa gelişjek däl ekeni, şol sebäplem onuň üçin durmuşyň ähli gyzygy gaçypdyr, şonuň bilen birlik­de ol sargaryp-­solubam, görk­-görmegini ýitiribem ugrapdyr. Ol kaşaň geýim-­gejimler, uzak ýerlerde syýahatlar bilenem derdini ýeňledip bilmändir, se­bäbi adamsynyň bergiden başga hiç zady bolman­dyr, kakasy bolsa onuň şaý-­sepinden diňe ujypsyzja göterimleri töläpdir. Şeýlelikde, Ýuliýanyň bagty­nyň çalamydar binýady gürpüldäp gaýdypdyr, kel­peňligiň netijesi köplenç şeýle hem bolýar. Durmuşa çykanyna iki ýyl bolanynda Anatoliý owadan aýaly bilen Moskwa geldi, muny gören Ýuliýa özüniň keçmaňlaýdygyna has hem güýçli düşündi. Anatoliý heniz-­henizlerem bagtyýar. Ýuliýa bolsa gam-­gussa­da ýaşap ýör. Ol birentek kemçiliklerinden saplanyp­dyr, ýöne özüniň azaşmasyna welin birsyhly puşman edýär. Onuň durmuşyna awy gatylypdy, dagy bol­manynda sulhlary almaýan, akyl­-paýhaslaryň çapraz gelýän är­-aýallykdan hem bagta garaşyp bolarmy? Gül ýaly ýaşlaryň barynyň diýen ýaly muşdakly­gyna öwrenişen Ýuliýa onçakly söýmeýän adamsy­nyň göwün bermesinden bagt tapmak kyndy. Ol öz mertebesini geldi­-geçer gözelliklere esaslandyrypdy, olar bolsa hä diýmän geçip, oňa galan zat bolmady. Indi ol hemmesine düşünýär we munuň üçin iki esse dert çekýär. Öz günäň bilen ýitirilen bagt has hem gymmatly bolup görünýär, munuň üstesine wyždan azaby hem bolansoň, ol has gynandyrýar. Ýöne we­lin Ýuliýany bozuk hasap edip bolmaz, ol diňe ýeňil­ kelledi, onuň göwni açykdy, ýöne tekepbirlik onuň gowy sypatlarynyň üstüni örtüpdi. Eziz Lizam, sen bu aýypdan häzirjek bolgun. Goý, öwgüler saňa er­bet täsir etmesin. Olara gulak gabartmaýan ýaş ze­nan ýokdur, ýöne käte näçe ynanasyň hem gelse, ola­ra güp ynanaýmaly däldir.
Tekepbirlikdir kelpeňlige baş urmasaň, diňe bir gaýgy­-gussa baryndan dynman, eýsem biziň jynsy­myzy masgaralaýan iňňän elhenç aýyplaryň birine, has dogrusy, göriplige sataşmarsyň. Zenanlaryň aşyna şondan beter awy gatýan, olaryň sahawatlylyklaryna şondan beter zeper ýetirýän zat ýokdur. Tekepbirligiň we kelpeňligiň hökmany netijesi bolan bahyllyk kal­byň iň gowy sypatlaryny öldürip, durmuşy iň gowy şatlyklardan mahrum edýändir. Görip adam diňe bir ýakyn hossaryny söýmek, iliň begenjine begenmek duýgularyndan mahrum bolmak däl, eýsem, özgäniň bagtly bolmagyna hem çydam edip bilýän däldir, bu onuň üçin duranja ejire öwrülýändir. Bahyl zenan ka­şaň geýimleri, görk­-görmegi bilen hemmelerden oz­ durmak isleýändir, ähli kişiň öwgüsine mynasyp bol­jak bolýandyr, eger päsgel bererler öýtse, ol iň gowy jorasyny, hatda öz uýasyny hem gözünde oky bolsa urmaga taýyndyr. Onuň üçin arkaýyn gün ýokdur, se­bäbi onuň öz nejis aýbyny gižželemäge bahana tap­maýan ýeke minuty dagysam bolýan däldir.
Eziz gyzym, men hiç haçan bahyllyk etmersiň di­ýip umyt edýärin, şeýle umyt meniň üçin örän ýakym­ly hem. Sen kelpeňem bolmarsyň, diňe uly ile gowy görnesiň geler. Kimde­-kim artykmaçlyk gazanmaga sahawatlylyk ýoly bilen jan edýän we öz kalbynda ha­kyky gowulyk duýýan bolsa, ol bäsdeşlerinden gaça durýan däldir, gaýtam, olar bilen duşuşsam diýýändir.

Terjime eden: Daňatar Berdiýew

"Dünýä edebiýaty" žurnaly  2/2011­
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 24 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Daňatar Berdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: