22:36
Dünýäniñ iñ garry adamy
DÜNÝÄNIÑ GARRY ADAMY TÜRKMENISTANDA ÝAŞAÝAR

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy Ajapsoltan Hajyýewa şu ýyl 120 ýaşady. 1900-njy ýylda doglan türkmen zenanynyň dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysydygy hakynda bellenilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Gazetdäki «120-ni arkalan...» atly makalada A.Hajyýewa barada şeýle maglumatlar bar:
Ajapsoltan Hajyýewa 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde dogulýar. Ol ir mahallar daýhançylyk edipdir, dokma darak kakypdyr, öý işleri bilen meşgullanyp, mal-garalara seredipdir. Oba hojalyk işlerine gatnaşyp, obadaşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanypdyr. Ýanýoldaşy Hajy aga ir gelen dert zerarly aradan çykypdyr. Uruş ýyllarynyň agyr günlerini gerdeninde çeken ene ýeke dikrary Atany hor-homsy durmuşda ýaşatmazlyk, ilbiri edip ýetişdirmek üçin hem eje, hem kaka ornunda durup zähmet çekipdir. Ata Hajyýew il içinde uly hormatdan peýdalanýan ogul bolup ýetişýär. Ata aga häzir 86 ýaşynyň içindebolsa-da, örän ýeňil gopýar. Ýanýoldaşy Täzegül eje bilen bagtly durmuşyň hözirini görüp, sag-gurgunlykda ýaşaýarlar.
Ajapsoltan ene 120 ýaşyndadygyna garamazdan, häzirem aýak üstünde. Ol melleginde ekin-dikin ýetişdirýän agtyk-çowluklaryna armaçy bolýar, maslahat berýär. Onuň ogly Ata agadyr gelni Täzegül ejeden ösüp-örňän 12 agtygy, 67 çowlugy, 32 ýuwlugy bar.

# turkmenportal.com
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 82 | Добавил: Mahymm | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Segonn   [Mowzuga geç]
Ginnese arza tabsyryp goraymeli ekenlerda ya bizinkilere bolanokmy

0
2 Segonn   [Mowzuga geç]
Tuweleme.hemmamize yetirsin

0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Ajapsoltan eje geçen ýyl ýöremekden galdy.Ýöne henizem akyl-huşy örän gowy we juda sagdyn.Belki ýagynda taýyp aýagyna şikes ýetmedik bolsa uzak ýyllar ýöremegini dowam ederdi.Ömri uzak bolsun mähriban enäñ.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: