06:40 Täze ýyl goşgusy | |
Ýene-de bir ýyly taryha berdi Gyş howasy bilen dem alýan dünýä. Täze ösüşlere şaýat bolmaga Şowhuna beslenip täze ýyl gelýär! Göwünleň reňkine çalymdaş ak gar Ýagýar — topragyma mähir — nur berýär. Bu gün gamlanmaga hukuk ýok bizde, Şowhuna beslenip täze ýyl gelýär! Dogulýar sözlermiz şekere dönüp, Dideleň uçguny çarpaýa galýar. Behişti ýurduma bagt wada berip, Şowhuna beslenip täze ýyl gelýär! Arkadag nurundan nurlanan döwrüm, Bagtyýar zamanam arşa ýaň salýar. Joş, ýürek! Joş, kalbym! Joş, bagtly göwnüm! Şowhuna beslenip täze ýyl gelýär! Sapa Hommadow | |
|
Всего комментариев: 3 | ||||
| ||||