21:06
Ýanýoldaşyñyz size ikilik edýärmi?
ÝANÝOLDAŞYÑYZ SIZE IKILIK EDÝÄRMI?
MESELE DÄL: BURNUNDAN IKLI GAN GETIRIP BILERSIÑIZ...

Adamyñ başyna gelip biljek iñ erbet zatlaryñ birem - ýanýoldaşyñ aýagyny gyşyk basmasy bolsa gerek. Aýal ýa erkek - tapawudy ýok, ýanýoldaşyña ikilik etmek - sözüñ doly manysynda haramzadalykdyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ýeri, siziñ ýanýoldaşyñyz nähilikä, bilesiñiz gelýärmi? Onda, şu aşakdaky testi jogaplañ:

1. Ýanýoldaşyñyza gijelerine ogryn-dogryn sms-ler gelýärmi we ol muña "Aý, işdenlaý, dostum (joram) we ş.m." diýýärmi?

✔ Hawa, her gün agşam gelýär.
✔ Kämahal şular ýaly sms gelýär.
✔ Aý, ýok, bular ýaly zat bolanok.

2. Partnýoryñyzy ýoldan barýarka owadan zenana (ýa gelşikli erkege) seredip durka gördüñizmi?

✔ Hawa, her günem görýärin.
✔ Seredibersin, hiç zadam bolmaz.
✔ Ýok, görmedim.

3. Ýanýoldaşyñyzyñ zol-zol "Selbilere köýnegini tikdirmäge" ýa-da "Myratlara top oýnamaga" gidýän wagty bolýarmy?

✔Hawa-la, her hepde şeýle.
✔Olam mahal-mahal tanyş-bilişleriniñ ýanyna gidip, wagtyny hoş geçirmeli ahyry.
✔ Ýo-ýok, meniñ ýeke-tägim hiçem beýdenok.

4. Size öñ şeýtmedik ýerinden birdenkä her dürli sowgatjyklar, gül desselerini almaga başladymy?

✔ Hawa, käwagt şeýle bolupdy.
✔ Meñ pikirimçe-hä, munda erbet zat ýok.
✔ Ýok, diñe belli-belli günlerde.

5). Saçagyñ başynda otyrsyñyz we ýoldaşyñyza jañ geldi...

✔ "Möhüm bir iş bardy" diýip beýleki otaga geçýär.
✔ Telefona jogap bermän, "men oña soñ özüm aýlaryn" diýip oñýar.
✔Ýanymda alyp, arkaýyn gürleşýär.

6. Ýanýoldaşyñyz iş saparyna gidende ýanynda owadan sekretarşasyny (ýa-da gelşikli kömekçisini, sürüjisini) alyp barýan bolsa...

✔Bu onuñ hemişe edýän zady.
✔Oña ýygy-ýygydan jañ edip, gürleşip durýaryn.
✔Bir ýere gidende köplenç meni-de äkidýär.

7. Partnýoryñyzyñ egin-eşiklerinde saçyñ tary tapylan wagty boldumy, ýa garşydaş jynsa degişli atyryñ ysy ýaly zatlar burnuñyza gelipmidi?

✔Hawa, köplenç duýýaryn.
✔Köpçülik bilen işleşýär. Bolaýjak zat.
✔Ýok, hiç gabat gelmedim.

8. Soñky wagtlarda size bolan gyzyklanmasy peseldimi?

✔ Hawa
✔ Belki-de, biraz ýeke bolasy gelýändir.
✔ Ýok, hemişe şeýle.

9. Aýdaly, ýanýoldaşyñyz öz dost-ýarlary (joralary) bilen daşary çykdy we siz oña jañ etdiñiz. Telefonyñ añyrsynda garşydaş jynsyñ sesi gelýärmiş...

✔ Bilmedim-dä, näme etsemkä...
✔ Dessine şo ýere giderin.
✔ Mesele däl. Men oña ynanýaryn.

10. Aýdaly, öýe ir geleniñizde, aýalyñyz sizi gaşy çytyk, äriñiz ýüzi açyk garşylaýar...

✔ Belki-de, erbet niýeti ýokdur.
✔ Şotaýdan derrew gaýdaryn.
✔ Dessine dogry düşündirerine garaşaryn.

11. Bir haýwany saýlañ

✔Keýik.
✔Ýyrtyjy delfin.
✔Angut guşy.

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Категория: Psihologiýa | Просмотров: 242 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Asensio   [Mowzuga geç]
gaty gowy

-1
3 Dunya   [Mowzuga geç]
ÝANÝOLDAŞYÑYZ SIZE IKILIK EDÝÄRMI?
MESELE DÄL: BURNUNDAN IKLI GAN GETIRIP BILERSIÑIZ...

Şu ýazgyny okap üýtgeşik birzat öwredäýermikä diýipdim welin tamam çykmady

-1
2 Dunya   [Mowzuga geç]
Ýanýoldaşyñyzyñ zol-zol "Selbilere köýnegini tikdirmäge" ýa-da "Myratlara top oýnamaga" gidýän wagty bolýarmy?

Öýli işikli adam top oýnarmaý? wacko
Iň soňky soraga hiiiç düşünibilmedim wink
10-njyda "şotaýdan derrew gaýdaryn" diýýäni gülkünç bolupdyr biggrin
Bu çyndanam psihologiýamy ýa degişme?

0
1 Jeylan   [Mowzuga geç]
cry detskiy gürrüñler yaly. Bi sayta gelşmändir bi biggrin

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]