18:58
Orta Aziýa syýahat -5/dowamy
ORTA AZIÝA SYÝAHAT

VI bap

Ertesi günortan ýoldaşlarym hem Hanjan bilen Kü­müşdepeden ugradym. Hanjan çarwalarda hormatly myhmanlaryň ugradylyş däbine eýerip, biziň yzymyzdan bir mil çemesi aralygy pyýada ýöredi. Men oňa birnäçe gezek «Indi galaý» diýsemem, gulak as­man, gadymy türkmen myhmanparazlygyny kemini goýman berjaý etdi. Ol bizde islendik babatda köle­geli gürrüň edere delil bolmaz ýaly etjek bolýardy. Dogrymdan gelsem, diýseň sulhum alan bu adam bi­len iň soňky gezek gujaklaşyp hoşlaşan pursadymyz maňa juda agyr degdi. Ol şeýle açykgöwünlilik bilen diňe meni däl, başga­da bäş zyýaratçyny öýünde sak­lady. Munuň daşyndanam, maňa ähli zerur zatlary dü­şündirdi. Häzir ol göwnaçyk, ýürekdeş adamyň eden ýagşylyklaryny hiç zat bilen ýerine salmanyma, gaýta ygtyýarsyz bolanym üçin özümiň kimdigimi gizläp, aldamaly bolanyma haýpym gelýär.
Biziň ýolumyz deňiz kenaryndan barha daşlaşyp, demirgazyk-­günbatara — biri Köresuwy, beýlekisi bolsa Altyn Tokmak atlandyrylýan iki sany ullakan seňňere tarap uzalýardy. Bu seňňerlerden hem onda­ munda göze kaklyşýan öwlüýälerden beýleki ýerler tep-­tekizlikdi. Kümüşdepeden çärýek mil aralygy ge­çenimizde, otlary dyza ýetip duran ajaýyp öri meýda­ny gabat geldi. Kümüşdepäniň çarwa ilaty bu ýerdäki öleňlerdir meýdanlardan peýdalanmaýar eken. Bu bol suwly jülgede bir oba gaty gowy gününi görüp bil­jek. Häzirki adamsyz, gum­-guk ümsümlige derek bu ýerde gaýnap­ joşýan durmuş gurmaga şert bar. Biziň kiçijik kerwenimiz Ylýasyň düýelerinden hem biri­-bi­rine çatyk alty sany atdan ybaratdy. Atlaryň çatylma­gynyň sebäbini Gulhan bu töwerekde özüne tabyn däl alamançylaryň köpdügi, sähel mümkinçilik döredigi öz üstüne çozaýmaklarynyň ähtimaldygy bilen düşün­dirdi. Ylýas meniň Etrege çenli öz düýesinde däl­de, Gulhanyň ogurlyk atlarynyň birinde gitjegime begen­di. Biziň kerwenimize daklyşan garadepeli owgan Emir Muhammet pyýada bolup çykdy. Barýan ýerimiz agyn kölçelikdir batgalyk bolup ýatansoň, onuň bilen bir ata artlaşaýmasak, başga alaç galmady. Ol her ge­zek meniň geýmimden şeýle bir berk ýapyşýardy we­lin, atdan agarymdan gorkup, gara janym galanokdy.
Bu bolşumyz içinde süri­-süri ýekegapanlar ge­zişip ýören gamyşly çalpawlykdan barýarkak meni has­da kyn güne goýdy. Gulhan bilen Ylýas ol haý­wanlardan sowlup geçer ýaly, gapdal ýollary bilen öňden gidip barýardylar. Ýekegapanlaryň golaýda­dygy olaryň horkuldysyndanam, gamyşlaryň şy­gyrdysyndanam duýlup durdy. Olara diň salyp bar­şyma, birden atym özüni bir gapdala zyňdy. Onuň nämeden ürkenine seredip ýetişip-­ýetişmänkäm, menem, ýoldaşymam eýerden agdyk. Ýoldaşlarymyň çasly gülküleri başga bir geň ses bilen goşulyp eşidildi. Yzyma sereden mahalym iki sany ýeke­gapan çagasynyň üstünde ýatanymy gördüm. Aty­myzy ürküzen ene ýekegapan golaýymyzda, ga­myşlaryň arasynda dişlerini syrtardyp durdy. Eger Ylýasyň dogany Şirjan eli naýzaly aramyza düşme­dik bolsa, onuň üstümize topulaýmagy ähtimaldy.
Ýaş türkmeniň gaýduwsyzlygyndan gorkdumy ýa­da çagalarynyň sesini goýanyna rahatlandy­my ― gorkunç haýwan öz sürenine tarap çekildi. Bizem ol ýerden tizräk garamyzy saýlamaga how­lukdyk. Gulhanyň ogly bolsa biziň gaçmaga hyýal­lanan atymyzy tutup saklapdyr. Atymyzy gaýtaryp durka, ol maňa özümi bagtly hasap etmelidigimi, ýekegapanyň dişinden düşen ýaradan amanadyny tabşyran takwa musulmanyň nejis hasap edilip, ol nejisligi dowzah odunda ýüzlerçe ýyllap ýansa­da, aýryp bolmaýandygyny düşündirdi.
Batgalykdyr öleňleriň içi bilen öňki barýan ug­rumyza dört sagat çemesi wagt ýöränimizden soň, Kümüşdepeden demirgazyk tarapa ýaýylyp ýatan eňňit dag etegine gözümiz düşdi. Ol ýerde depeler kem-­kemden ýitip, giň aralyklarda diňe kowçum­ kowçum bolup oturan öýler hem olaryň töweregin­de otlaşyp ýören düýeler göze ilýär. Çar tarapyndaky gök öwsüp oturan meýdanlar gözüňe yssy görünýär. Özem muňa garamazdan, meniň Gyzyl ahun bilen bolup ýören gündogar tarapymda ilatyň ýerleşişi has gürräk. Bu ýerde Gürgen ýaly derýa bolmasa­da, adamlaryň içýän gowy suwy olaryň otluk örü­lerde agyp­ dönýän mallarynyň mazaly semreýän wagtyna çenli ýetýär. Şol sebäpdenem bu ýerlerde gara öýler diňe maý hem iýun aýlarynda dikilýär.
Şol öýleriň Gulhanyň garamagyndaky adamlar ýaşaýan bir topary bizi bir gije myhman almalydy. Etrege çenli alty mil¹ ― biziň agyr ýüklenen düýele­rimiz üçin tutuş bir günlük ýol öňdedi.   [¹Bu ýerde­de, kitabyň beýleki ýerlerinde­de muny nemes mili diýip düşünmeli]  Biz özümiziň ýetip barýanymyz barada olara habar berdik. Gowy agşam naharynyň alamaty bolan tüssäniň görünmegi aç syryljan ýoldaşlarymyň göwnüni göterdi. Kümüş­depe bu ýerden bary-­ýogy dört millikde bolsa­da, ol ýere ýetmek tas sekiz sagada golaý wagtymyzy aldy. Ol aralyk atlylaram, haýwanlaram mazaly ýadatdy.
Gulhanyň ýaş ýegeni öýüne on ädim aralykda öňümizden çykyp garşylady. Ylýas bilen owganly Gulhanyňkyda, men bolsa beýleki hajylar bilen Al­lanazaryň kiçijik öýünde ýerleşdik. Biziň hojaýy­nymyz bolan goja türkmen Allanyň özüne myhman ýollany üçin şatlygyndan ýaňa uçaýjak bolýardy. Onuň bu bolşy meniň aňymda hemişelik möhür bo­lup galar. «Gerek däl» diýenimize garaman, ol bize gowy hezzet­-hormat etmek üçin öz ýekeje geçisi­ni soýdy. Ertesi günortan naharyna çenli niredendir bir ýerden çöregem tapdy. Çörek ondan ozal bu öýe tutuş hepdeläp myhmanam bolmandyr. Etli nahary öňümize alanymyzda, ol biziň gabat garşymyzda çökdi­de, şatlygyndan ýaňa çyny bilen aglady.
Allanazaryň biziň hormatymyza soýan geçisiniň sähelçe böleginem alyp galasy gelenokdy. Geçiniň şahlarydyr toýnaklaryny ýakyp, külüni düýeleriň hamynyň sypjyrylan ýerine sepmek üçin Ylýasa berdi. Kelleçanagyndan bolsa maňa suw içer ýaly gap ýasamaga girişdi. Ony duz bilen mazaly süpü­rip, Güne guratdy­da, elime berdi.
Şol gün men ilkinji gezek düýä taýlanyp atylan sebede münüp gördüm. Bilal hajy bu gezeklikçe münmekden boýun towlany sebäpli, deň agramly­lyk üçin sebediň beýleki tarapyna birnäçe halta un basdylar. Biz entegem öňki ugrumyzy sypdyrman, demirgazyk taýa gidip barýardyk. Iki mil aralygam geçip-­geçmänkäk, gök otly meýdan gutardy­da, top­ragyndan duzuň ysy kükeýän tutuk çöle düşdük. Öň­de Kümüşdepeden sekiz mil demirgazykda ýerleşen Garaseňňer seleňläp görünýärdi. Oňa golaýlaşdygy­myzça, topragyňam çyglylygy artýardy. Onuň etegi bolsa hakyky batgalyk eken. Düýeleriň paşmagynyň häli­-şindi palçykda taýýany üçin biz kynlyk bilen gidip barýarys. Münüp barýan düýämiň ýöreýşi her ädimde meni sebetler bilen birlikde palçyga bulap urarlydy. Men düýeden düşdüm­de, sagat ýarym çe­mesi palçykdan ýöräp, ahyrsoňy Garaseňňere ýet­dim. Gulhanyň obasy ol ýerden daş däl eken.
Görüp otursam, Gulhanyň ähli aladasy oňa degişli eken. Tizden onuň özem peýda bolup, çaý äbermek­lerini haýyş etdi. Çaýlap bolanymyzdan soň, ol meni ýap-­ýaňy özüm üçin gurnalan öýe alyp bardy. Ol öz hereketlerini maňa garaşylmadyk sowgat edesiniň ge­lendigi bilen düşündirdi. Bu zatlara garamazdan, me­niň ony asla sulhum almady. Hanjan bilen onuň ara­syndaky tapawut bir zatda aýdyň ýüze çykdy: öýünde myhman bolan on günümiň içinde ol maňa çaýdan başga hiç hili hezzet­-hormat etmedi. Onuň, hakykat­danam, aňrybaş mekir meýilleriniň bardygyny men soňra bildim. Olary ýerine ýetirip bilmäniniň sebäbem ― öler ýaly gorkýan adamy bolan Gyzyl ahun oňa me­ni örän ýokary derejede hormatlamagy buýrupdyr.
Meniň on ýoldaşym bilen ýerleşen öýüm Gulha­nyňky däl­de, başga bir türkmeniňki eken. Ol öz garagalpak taýpasyndan bolan aýaly ― sözüň do­ly manysynda ― gyrnagy bilen Hywa çenli gitmek üçin bize goşuldy.
Biziň hatarymyza ýap-­ýaňy goşulan ýolagçylaryň arasynda Syddyh hajy atlandyrylýan bir derwüş bar­dy. Ýarym ýalaňaç gezip, düýelere seretmekde öz hyzmatyny teklip edip ýören ol kişi barypýatan iki­ ýüzlüdi. Buhara baranymyzdan soň biz onuň jindesi­niň gatlaryna altmyş dukat puluň tikilendigini bildik.
Hemmämiz öýlerde ýerleşip, basym han ker­wenbaşysy geler, bizem ýola düşeris diýen umytda garaşyp ýördük. Ugrajak wagtynyň yza çekilmegi hemmämiziň ýüregimize düşüpdi. Meni alada goý­ýan zat, unumyň azalmagydy. Şoňa görä­de, bokur­dagymdan kesip, günüň dowamynda harç edýän unumy iki goşawuja getirdim. Hatda çöregi közüň üstünde hamyrmaýasyz bişirmäge başladym. Petir şekilli çörek garnyňda köp saklanyp, esli wagtlap ajykdyrman saklaýardy. Gol gowşuryp oturman, bizem adamlaryň möhümini bitirmäge çalyşýar­dyk. Etrek türkmenleriniňem eli açyklygyndan na­lar ýaly däldi.
Bize goşulasy gelýän adamlaryň ählisi eýýäm ýol şaýyny tutanam bolsalar, kerwenbaşynyň haçan gel­jegi hakynda entek hiç hili gep-­gürrüň ýokdy. Biz birek­-birek bilen gümür­-ýamyr edip, täze tanyşlyk açýardyk. Tiz­-tizden ýol bilen baglanyşykly mesele orta atylyp, kerwenbaşynyň olaryň haýsyny saýla­jagy barada pikir alyşýardyk. Şol hili gürrüňler edip otyrkak, etreklileriň biri bize ýakymly habar getirdi. Maňa Etrekden Hywa gidýän üç dürli ýol bar diýip düşündirdiler, özem olary saýlamak kerwendäkile­riň sanyna baglymyşyn. Ine, şol ýollar:
1. Uly Balkanyň aňyrsynda, Hazaryň kenary bi­len uzalýan ýoldan demirgazyk tarapa iki günläp ýöremeli. Soň ýene on gün ýöräniňden soň Hywa­nyň ýerleşýän ugruna ― gündogar tarapa sowul­maly. Bu ýol diňe kiçi kerwen üçin amatly. Sebäbi ol ýolda suw az, üstesine­de, o diýen howply dälmi­şin. Bu ugurda kerweniň üstüne çozmak diňe adaty bolmadyk tolgunşyklar wagtynda, ýagny kaýsak­laryň (gyrgyzlaryň) ýa­da garagalpaklaryň ol ýere alamançy iberýän döwründe ýüze çykýarmyşyn.
2. Bu ýol Amyderýanyň tebigy, gadymy hanasy bilen demirgazyk tarapa uzalyp, soň Uly hem Kiçi Balkan daglarynyň arasyndan geçip, demirgazyk­ gündogara ― Hywa tarap öwrülýär.
3. Bu iň dogry hem ýakyn ýol. Sebäbi ýollaryň birinjisini geçmek üçin ýigrimi dört gün, ikinjisine ― ýigrimi, üçünjisine bolsa on dört gün wagt gerek. Ol Etrekden geçen ýerinden demirgazyk-­gündogar tarapa uzalyp, gökleňleriň hem teke türkmenleriň gapdalyndan geçip gidýär. Ýoluň her menzilinde içmek üçin süýji suw köp.
Bir gün agşamara biriniň kerwenbaşynyň ertir ir bilen ýola düşjegi barada getiren habary meni diý­seň begendirdi. Ol biz bilen Etregiň beýleki kena­rynda gabatlaşmakçymyşyn. Ol ýerdenem hemmä­miz bilelikde çölüň içi bilen ýola ugramaly. Ylýas bize mümkin boldugyndan, tizräk ýol şaýymyzy tutmagy buýurdy. Şol gün agşam ýol üçin çörek bi­şirdik, çarwalaryň biziň okan dogalarymyza eçilen düýe etleriniň uly-­uly böleklerini duzladyk. Ertesi Bilal hajy bilen jygyldawuk kejebede Etregiň ke­naryndan gidip barýarkak şatlygymyň çägi ýokdy.
Gulhan ätiýaç üçin bizi ugradarman boldy. On bäş, ýigrimi sany tüpeňimiz baram bolsa, bize garakçylaryň has ulurak toparynyň gabat geläýmegi ähtimaldy. Ana, şonda Gulhanyň aramyzda bolmagy diýseň zerurdy.
Etregiň suwunyň joşup döreden batgalyklaryn­dan sowlup, ýolumyz kä demirgazyk-­günbatara, käte bolsa çägeli düzlükde ýaýraw ýerleşen öýleriň gapdaly bilen demirgazyk-­gündogara aýlanýardy. Çölüň eteginde türkmenleriň kem taýpasynyň ýüz elli öýden ybarat topary otyrdy. Bu taýpanyň gadym eýýamlarda ýomut türkmenlerinden bölünip, çölüň eteginde mesgen tutandyklaryny öň aýdypdym.
Olaryň duşundan geçip, demirgazyk tarapa ýa­rym sagat çemesi ýöränimizden soň Etrek derýa­synyň kiçijik goluna gabat geldik. Suwunda eýýäm duzuň tagamy mesaňa ­mälim bildirýän bu goluň basym bütinleý gurap galjagy görnüp durdy. Onuň hem ondan-­da kiçi ýene bir goluň aralygyndaky şo­rumtyk toprakly ýeriň ajaýyp öleňleri, geň galaý­maly gür ösen şibitleri bardy. Biz olaryň içi bilen tutuş sagatlap ýöredik. Ol çuň gol garyma meňzeş bolup, kert hem palçyk kenaryndan geçjek bolsaň, itiň gününi görkezýärdi. Düýelerimiziň birnäçesi ähli ýüki bilen suwa ýykyldy. Suw çuň dälem bolsa ýükler öl boldy. Bizem gabat garşymyzda howala­nyp oturan Dälili Burun atlandyrylýan depä çykjak bolup, azar ýamanyny gördük. Irden ugranymyza garamazdan, iki sagadyň dowamynda bary­-ýogy dört mil ýol geçdik. Kerwenbaşy bilen duşuşyk Et­regiň beýleki kenarynda ertesi günortan bolmaly bolansoň, biz ol ýerde düşlemek kararyna geldik
Ýap-­ýaňy ýatlap geçen depäm buruna çalym­ daşdy. Onuň arka tarapyndan uzyn ulgam bolup demirgazyk-­gündogar taýa uzalýan baýyrlaryň diý­seň ajaýyp görnüşi bardy. Günbatar tarapda Hazar deňzi gök dilkaw bolup görünýärdi. Alysda pars daglary­da göze kaklyşýardy. Günorta tarapdaky çäklerine göz ýetmeýän, kä ýerlerinde alysdan syn­lanyňda körsyçanyň hinlerini ýadyňa salýan öýler ýaýrap oturan dag belentligi bizi hemmesinden be­ter gyzyklandyrýardy. Biziň öňümizde arasyny der­ýa böwsüp geçýän, alysdan nazar salanyňda birnä­çe köli ýatladýan tutuş Etrek ýaýylyp ýatyrdy.
Kemleriň ýaşaýan ýeriniň golaýyndakak, ara­myzda ýene bir gije galmak kararyna gelen Gulhan bize ägä bolmagy tabşyrdy. Agşamara biz ähli ýer­lerde garawul goýduk. Olar wagtal-­wagtal çalşyp, töwerekde bolup geçýän zatlaryň ählisine gözegçi­lik edýärdiler.
Häzir bolýan ýerimiziň Uly Çöl bilen aralykda­ky iň soňky düşlegdigini bilýänim üçin men bu sak­lawdan peýdalanyp, ýoldaşlarym uka gidensoň, bü­tin gijäni ýazyp geçirdim. Bellik etmek niýeti bilen guşagymda gizlän bölejik kagyzlarymdan başga­da, mende iki tagta arassa kagyz bardy. Olar boýnumdan asylgy kiçijik torbanyň içindäki Kuranyň arasynda­dy. Men şol kagyzlara hat ýazyp, birini Tährana ― Haýdar ependä, beýlekisini bolsa şol haty niýetlenen adama ugratmagyny haýyş edip, Hanjana ýazdym¹.  [ ¹Dolanyp gelenimden soň, men ol hatymyň türk ilçihanasyna gowuşa­nyny bildim. Hatda men çölüň içi bilen syýahata ugrajak wagtymyza çenli başymdan geçiren zatlarymy dostlaryma habar berýärdim. Men olara Kü­müşdepedenem şeýle mazmunly hat ýollapdym. Hoşniýetli dostum Hanjan olary uly alada galyp, barmaly ýerine gowşar ýaly edipdir.]  Ertesi irden dört sagat ýol ýöräp, Etregiň kena­ryna ýetdik. Köp wagtymyzy derýadan geçer ýaly adamly ýer gözlemäge sarp etdik. Bu ýeňil düşmedi. Adatça, giňligi on iki ýa­da on bäş metr bolan der­ýanyň suwy mesäp, kenaryndan agypdyr. Ýumşak palçyk ýer düýe janawarlara ejir baryny berdi. Türk­menleriň amatly ýer gözläp, kän wagt ýitirmeklerine ýeterlik sebäp bardy. Dogry, derýanyň akyşy o diýen batly däldi. Suw düýeleriň garnyna ýetýärdi.
Biz Etregiň bulanyk suwunyň ugry bilen äwmän iki ýana çaýkanjyrap barýan düýäniň üstünde, ke­jebede otyrdyk. Ol janawarlaryň ýekeje emelsiz ädimi bizi suwa agdaryp biljekdi. Şeýle güne uç­raýsak, ýüzüp, garşydaky kenara ýetmek biz üçin uly töwekgellik bilen baglydy. Bagtymyza, hemme zat şowuna boldy. Barmaly ýerimize ýetdigem we­lin, öňden garaşýan kerwenlerimize gözümiz düşdi. Olar ― iki sygyr, bir öküz hem kerwenbaşymyz­dan ybaratdy. Näsag Hywa hökümdarynyňam şol halasgär gäwmişlere garaşyşy meniň bu duşuşyga garaşyşymdan beter däl bolsa gerek.
Bilal hajynyň, Ýusubyň, birnäçe pyýadanyň hem meniň biziň derwüşler kerwenimiziň esasy topa­ryndan aýrylmaly bolandygymyz barada eýýäm aýdan bolsam gerek. Bu beýlekileriň tizara düýe­leri kireýine alyp bilmändikleri bilen baglydy. Et­rege giren mahalymyz olara gözümiz düşmäni üçin mundan beýläk ýollarymyz aýrylyşan bolaýmasyn diýip howsala düşdük.
Şonuň üçinem ýap­ýaňyja gelen kerwende olaryň bardygyny görüp, juda begendik. Biz uzak wagtlyk aýralykdan soň duşuşan doganlar ýaly, gu­jaklaşyp ogşaşdyk. Saly hajynyň, Soltan Mahmy­dyň hem ähli beýleki ýoldaşlarymyň ýene­de gap­dalymdadyklaryna begenjimiň çägi ýokdy. Sebäbi Bilal hajyny iň gowy dostum diýip hasaplaýanam bolsam, beýlekiler bilenem mazaly ysnyşypdym.
Etregiň biziň ýolumyzdaky iň soňky süýji suw­ly derýadygy, Amyderýa ýetmek üçin bolsa ýig­rimi gün ýol ýöremelidigi sebäpli men ýoldaşla­ryma mümkinçiligi elden bermän, çaýdan mazaly ganmagy maslahat berdim. Çaý­nandan keýpimizi kökledik. Duşuşygymyzyň şanyna guralan ol baý­ramçylykdaky bol­-telki iýip-­içenimizi soň­-soňla­ram ýatladyk ýördük.
Şol wagt biziň çöldäki penakärimiz hem howan­darymyz bolan kerwenbaşam geldi. Gowy şertlerde tanşasymyň gelýäni üçin men beýlekiler bilen bir­likde onuň bilen ilkinji duşuşyga ugradym. Saly ha­jy hem Mesgut meni oňa tanyşdyrdylar. Amandurdy diýlip ady tutulan garynlak türkmeniň ýoldaşlarym bilen mähirli gürleşip, maňa sowuk­sala garamagy­na ör-­gökden geldim. Bilal hajy her hili ýollar bilen gürrüňi meniň üstüme sowsa­da, kerwenbaşy öňki bolşundan üýtgemedi. «Men bu hajyny eýýäm tana­ýan» diýmek bilen çäklendi. Içki howsalama basalyk berip, gitmäge hyýallanan wagty Ylýasyň «belanyň körügi sende» diýýän ýaly, tirýeki Emir Muhamme­di gözi bilen iýäýjek bolup seredýänini gördüm.
Biz gitdik. Bolan ýagdaýy eşiden Bilal hajy gyky­lyklap ugrady: «Bu nälet siňen owganlynyň işidir. Ol Reşit hajynyň derwüş geýimine giren pereňlidigi ba­rada Etrekde ýaňran bolmaly (Şu sözlerden soň ol: «Hudaý jan, günämi öteweri» diýip, üç gezek gaý­ talady). Reşit hajy oňa Kurandan hem arap dilinden ders berip biljek adam. Hajyny biziň beýik soltanymyzyň ilçisiniň öz elinden alyp gaýdanymyz hem on­da halyfyň¹   [¹Muhammediň dikmesi, ýagny, Konstantinopolyň soltany.]  möhri basylan pasport bardygy hakynda aýdanlaryma ynanman, çyr-­çytyr öz şübhesini dogry etjek bolýar, ol eýýäm bu barada kerwenbaşa­da ça­wuş çakan bolmaly. Bu töhmetleri üçin ol Hywada kazydyr ulamalaryň öňünde jogap bermeli bolar. Din­dar musulmana kapyr diýip töhmet atýanyň nähili gü­ne duçar edilýänini onuň gözüne görkezeris!»
Men indi hemme zada göz ýetirip ugradym. Gan­dagarda doglan Emir Muhammet şäheri iňlisler eýe­länsoň, haýsydyr bir jenaýatda günäkärlenip, ilinden gaçyp gitmäge mejbur bolupdyr. Ol ýewropalylary kän görensoň ýüz keşbine syn edip, meniňem şolar­dandygymy tanapdyr. Şonuň netijesinde-­de, turuw­ başdan ol maňa gedaý jindämde hazyna gizläp, sy­ýahat edip ýören jansyz hökmünde garap ugrapdyr. Meni gorkuzyp, paş edip, şol baýlygy ele salmagy niýetine düwüpdir. Ol maňa gedaý ýoldaşlarym­dan aýrylyp, özi bilen bile gitmegimi birnäçe gezek maslahat berdi. Men oňa derwüş bilen söwdagäriň ähli babatda biri­-birine ters gelýäni üçin gowy ýol­daş bolup bilmejekdiklerini aýtdym. «Onsoňam sen tirýekkeş. Bu ýaramaz endigi taşlap, kalbyňy päkläp, din ýoluna düşmeseň, ikimiziň aramyzda dost­luk hakynda gürrüňem bolup bilmez» diýdim.
Meniň mejbury ýagdaýda ýüz uran bu hötjetli­gim onuň gaharyny getirýärdi. Şu zatlaryň netije­sinde, galyberse­de, öz ýaramaz endikdir häsiýet­leri sebäpli ol ähli hajylaryň ýigrenjine sezewar boldy. Men bolsa bu duşmançylyga özüm üçin bäh­bitli zat hökmünde garaýardym.
Şondan iki sagat geçensoň, ähli kerweniň ygty­ýaryny öz eline alan kerwenbaşy bize meşiklerimi­zi doldurmagy buýrup, indiki süýji suwa ýetýänçäk üç günläp ýöremeli boljagymyzy duýdurdy. Menem ýoldaşlarym bilen bilelikde çeşmä tarap ugradym. Teşnelik diýlen zady hiç wagt görmänim üçin men meşigimi doldurdym. Ýoldaşlarym maňa çölde her damja suwuň ömre barabardygyny, şonuň üçinem ony juda aýawly saklamalydygyny düşündirdiler.
Taýynlyklarymyzy bir ýüzli edip, ähli zatlary düýe­lere ýükledik. Kerwenbaşy sanap, düýeleriň segsen, ýo­lagçylaryň kyrk sanydygyny anyklady. Olaryň ýigrimi altysy ýaragsyz hajylardy, galanlary bolsa mazaly ýa­raglanan ýomut türkmenlerinden, bir özbek, bir owgan­dan ybaratdy. Gündogaryň däbi boýunça, biziň bu kerwenimiz kiçi diýip hasap edilýän bolmagy ähtimal.
Hemmämiz ýerli-­ýerimizde oturanymyzdan soň bizi çölüň başlanýan ýerine çenli ugradan türkmen goragçylarymyz bilen aýrylyşmak pursady gelip ýetdi. Biz tarapdan Bilal hajy, beýleki tarapdan bol­sa Gulhan hoşlaşyk dogasyny okadylar.
Doga tamamlanyp, ellerimizi sakgalymyzyň üstünden ýöredenimizden soň, olar bir ýana, biz bir ýana ugradyk. Etrekden aňryk geçip, bizi göz­den ýitiren öňki goragçylarymyz hoşlaşyk ala­maty hökmünde birnäçe gezek tüpeň atdylar. Ol ýerden biz demirgazyk taýa ugur aldyk. Türkmen­leriň syýasy hem jemgyýetçilik şertleri baradaky has jik-me­jik maglumatlar bu kitabyň ikinji bölü­minde ýerleşdirildi.

(Dowamy bar)

Arminiý Wamberi

Ter­ji­me­ eden: Kakabaý Gurbanmyradow
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 64 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Arminiý Wamberi | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Şirhan   [Mowzuga geç]
Kitaplarda Wamberiniň sözlerine salgylanmalara köp gabat gelip, şonuň kitaby dolulygyna ele salyp bolmazmyka diýip ýördüm. Ýetirýäniň üçin minnetdar @Dark_Wolf, dowamyna garaşýas!

0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
VI bölümine garaşyas...

0
2 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
ŞU 6njy bap. Indiki 7 nji bolar

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: