16:52
Orta Aziýa syýahat -4/dowamy
ORTA AZIÝA SYÝAHAT

V bap

Hanjan namazyny tamamlap, ýerinden turdy. Ol görmegeý, syrdam, uzyn boýly, ýönekeý eginbaş­ly, sakgaly döşüni ýapyp duran, kyrk ýaşlaryndaky adam eken. Ol ýanyma geldi­de, garsa gujaklady. Gös-­göni adymy tutup salamlaşdy. Bilal hajydyr Saly hajy bilenem şeýle görüşdi. Kerweniň ähli haltalary kenara düşürilensoň, biz çadyrlara tarap ugradyk. Biziň gelenimiz hakyndaky habar ähli ýe­re ýaýrapdyr. Aýallar, çagalar, hatda itlerem baş­ly-­barat bolşup, çadyrlardan bosup çykdylar­da, golaýlaşyp gelýän zyýaratçylary görmek üçin bize tarap eňdiler. Hudaýyň buýrugyny berjaý edip, ol zyýaratçylara eliňi degirmegem parz diýip, molla­lar olary ynandyrypdyrlar.
Orta Aziýa durmuşynyň bu ilkinji kartinasy me­niň üçin şeýle bir geň­-taňdy welin, gara öýleriň täsin gurluşyna, ýüpek köýnekleri topugyna ýetip duran aýallaramy ýa­da olaryň bize tarap uzan el­lerinemi...haýsy birine has beter haýran galjagymy bilmedim. Geň zat! Jynsyna hem haýsy gatlaga-de­ gişlidigine parh goýmazdan, ýaş­u-­garry ählisi üst­ başlaryna Mekge, Medinäniň keramatly çaň-­toza­ny siňen hajylara ellerini degirmegiň arzuwyndady. Gözel zenanlar, hatda gyzlaram gujaklamak üçin topulanda meniň nähili geň galýandygymy özüňiz göz öňüne getiriberiň!
Dini hem myhmanparazlyk duýgulary garym­-ga­tym bu hormat­-sarpa bizi halys tapdan düşürdi. Ha­çan­da, hemmämiz esasy işanyň (ruhanynyň) öýüne ýygnananymyzda, bütin ömrümde synlamak miýes­ser eden zatlarymyň iň täsini başlandy.
Öý eýeleriniň arasynda myhmanlaryň haýsyny kimiňkä ýerleşdirmek barada jedel tutaşdy. Bu ga­ryp derwüşlerden kimiň näçesini myhman aljagy­nyň üstünde tutaşan geň hem çekeleşikli dawa meni juda haýran galdyrdy. Men, dogrusy, nomadlaryň (çarwalaryň) myhmansöýerdigi barada ozal eşide­nem bolsam, beýle derejededir öýdüp hiç wagt pi­kir etmändim.
Hanjan aýallaryň arasynda turan jedeli köşeşdi­rip, tertibi ýola goýdy. Her kime bir myhmandan paýlady. Bilal hajy bilen meni bolsa ähli goş­-kö­tellerimiz bilen özüne aldy. Biz onuň Kümüşdepäniň çetinde ýerleşen öýüne Gürgeniň iki kenarynda öýleri biri­-birine ýygjam oturan küren obanyň içinden geçip gitdik. Gün ýaşyberen uçurlarynda halys tapdan düşen halda ahyrsoňy onuň öýüne ýetdik. Bardygymyz, arkaýyn dynç alarys diýip pikir edenem bolsak, ol niýetimiz tersine boldy. Biziň täze jaýymyz bolan ýygnalýan çadyr kena­ryň iki ädim gyrasynda dur. Däp boýunça onuň daşyndan iki gezek aýlanyp, dört burçuna­da na­zar salyp, içerik ätlänimizem şoldy welin, birden ol adamlardan hyryn­-dykyn doldy. Olar gijäniň bir wagtyna çenli müňlerçe sorag ýagdyryp, halys aň­kamyzy aşyrdylar. Hatda Bilal hajynyň hem kem­-kemden sabyr käsesi doldy.
Agşam Hanjanyň on iki ýaşlaryndaky ogly Ba­bajan bize nahar äkeldi. Gaýnadylan balykdan hem turşy çaldan ybarat bu agşamlyk nahary ullakan agaç çanakda getirildi. Aýagy agyr gandally pars gulunyň getir diýlenine mähetdel äkelen nahary­ny Babajan onuň elinden aldy­da, biziň öňümize goýdy. Soňam beýleräkde kakasynyň gapdalynda ornaşansoň ataly­-ogul biziň nahary şeýle işdämen­lik bilen symyşlaýşymyzy lezzet alyp synladylar. Nahardan soň Bilal hajy töwir galdyrdy. «Bismi­lla, Allahy ekber» diýip elini göterende, hemmeler ellerini sakgallarynyň üstünden ýöredip, Hanjany myhmanlary bilen mübäreklediler.
13­-nji aprelde men ýomutlaryň «çatma», beý­leki taýpalaryň «oraça» atlandyrýan çadyrynda oýandym. Süýji uky hem ganymat jaý meniň keýpimi göterdi, süňňüm ýeňläp, göwnüm ga­natlanan ýaly boldy. Henize çenli görmedik zat­larymyň lezzeti meni haýrana goýup, begenjimiň çägi ýokdy. Bu ýagdaýym Bilal hajynyň nazaryn­dan sypmandyr. Ol meni özi bilen aýlaň­-çaýlaň etmäge çagyrdy. Çatmadan biraz ara açanymyz­dan soň ol maňa indi ependi häsiýetimi taşlap, janym-­tenim bilen derwüş bolmagymy masla­hat berdi. “Meniň hem beýleki ýoldaşlarymyň adamlara fatiha (pata) berip başlanymyzy siz gören bolsaňyz gerek – diýip, dostum düşündir­megini dowam etdirdi. – Rumda beýle zatlaryň edilmeýändiginden habarym bar. Ýöne bu ýeriň halky şony talap edýär hem gowy görýär. Sizem özüňizi derwüş atlandyryp, şolara mahsus zatla­ry ýerine ýetirmeseňiz, gaty geň görerler. Siz nä­dip pata berilýänini bilýäňiz. Çynlakaý görnüşe giriň­de, pata beriberiň. Mundan başga­da, eger sizi näsagyň ýanyna çagyrsalar, nepes (keramatly dem) berseňizem bolar. Şeýle ýagdaýda eliňi­zi öňe uzatmagy ýadyňyzdan çykarmaň. Sebäbi biz derwüşler üçin adamlaryň arasynda şu hili takwalyk örän zerurdyr’’.
Bilal hajynyň bu gürrüňleri meniň haýrymady, öwretjek bolýardy. Soň ol: «Belki, eşidensiň, bir syýahatçy ýekegöz milletiň ýurduna baranda, şo­lardan tapawutlanmazlyk üçin bir gözüni ýumup gezenmişin» diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Beren maslahatlary üçin men oňa ýürekden min­netdarlyk bildirdim. Ol maňa Hanjanyňam, beýleki köp sanly türkmenleriňem men barada özünden köp soraýanlaryny aýtdy. Meniň syýahatymyň hiç hili resmi häsiýetiniň ýokdugyny olara düşündirmegiň özüne ýeňil düşmeýändigini duýdurdy. Türkmen­ler, elbetde, soltan meni Hywa hem Buhara haýsy­dyr bir ruslara garşy tabşyryk bilen ýollandyr di­ýen pikire gol ýapýanmyşlar. Türkmenleriň türk soltanyna ägirt uly hormatynyň bardygy üçin Bilal hajy olaryň bu pikirini ýalana çykarjak bolup dur­mandyr. Bu zatlaryň barynyň netijesi bolsa meniň ýeke minudam derwüş häsiýetimi unutmazlygyma syrygýardy. Sebäbi bu halka syrlylyk hem köp ma­nylylyk ähli zatdan beter täsir edýärdi.
Bu söhbetden soň biz öýe dolandyk. Bize öý eýeleri hem onuň köpsanly dostlarydyr garyndaş­lary garaşýar eken. Ilki bilen hojaýyn öz aýalydyr garry ejesi bilen tanyşdyrdy. Olara penakärlik et­megimizi hem pata bermegimizi haýyş etdi. Soň­ra biz onuň maşgalasynyň beýleki ýakyn agzalary bilen tanyşdyk. Talap edilýän däp-­dessurlar soň­lanansoň, Hanjan bize türkmenlerde myhmana maşgalanyň iň mähriban agzasy hökmünde garal­ýandygyny düşündirdi. «Hiç hili garawsyz islän ýeriňize, diňe bu oba däl, beýleki ähli ýomutlaryň ýurtlaryna­da gidip bilersiňiz. Kelteler bolan bi­ziň myhmanlarymyza batyrynyp bilen adam bol­maz. Hywa gitjek kerwen ýol şaýyny tutýança, siz bu ýerde iki hepdeläp bolmaly bolarsyňyz. Dem­ dynç alyň­da, soň alysdaky obalary aýlanyp gö­rüň. Türkmenler derwüşleri boş goýbermez. Hal­talaryňyzy ol­-bi zatlardan doldursaňyz, size­de zyýan däl. Hywadyr Buhara ýetjek bolsaňyz, al­nyňyzda alys ýol ýatyr. Ol ýolda hiç ýerde kömek hantama bolmaň» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Erkana aýlanasym gelip, içim byjyklap dura­ny üçin bu sözleriň maňa neneňsi täsir edenini göz öňüne getirmek okyjylara kyn düşer öýde­mok. Meniň tä bu halkyň dilinde ganymat gürlemegi öwrenýänçäm, biraz wagt Kümüşdepede – olaryň arasynda bolasym gelýär. Ilkinji gün­lerde men Hanjan, onuň dogany ýa­da beýleki ýakyn adamlary bilen bile gezýärdim. Soňra pa­ta bermek üçin adamlaryň üstüne aýlanýan Bi­lal hajynyň ýa­da tebipçilik başarnygyny synag edýän Saly hajynyň gapdalynda boldum. Şeýle ýagdaýlarda ol­a derman berýärdi, men bolsa belent ses bilen doga okaýardym. Munuň üçin maňa kiçijik keçe, kakadylan balyk ýa­da şuňa meňzeş başga zatlar berýärdiler. Bularyň meniň hyzmatym üçinmi ýa­da türk hajysylygym üçin berilýänine teý düşünip bilmedim (olar meni rumly hajy diýip atlandyrýardylar).
Dostlarymy geň galdyrýan zat – Kümüşdepede bolan bäş günümiň içinde menden delalat isläp gelýän näsaglaryň ýa­da näsagsyraýanlaryň kö­pelmegidi. Men olara pata, «dem» ýa­da gysga­jyk doga ýazyp berýärdim. Olaram bu işim üçin azap hakymy ganymat töleýärdiler. Käte höt­jet syýasatçylara sataşýardym, olar her zat edip meniň derwüşligimi şübhe astyna alyp, syýasy jansyzlygymyň anygyna ýetjek bolýardylar. Bu, elbetde, meni az­-kem aljyratman durmaýardy. Ýöne mazaly özleşdiren nikabymy öňküsi ýaly üýtgewsiz saklaýardym. Meniň ýewropalydygym olaryň hiç biriniň kellesine­de gelenokdy. Ýew­ropalylara düýbünden diýen ýaly nätanyş ýerde hiç hili päsgelçiliksiz aýlanyp ýörmegiň maňa neneňsi hoş ýakýanyny özüňiz biliberiň!
Meniň tanyşlarymyň sany gün­-günden köpelýär­di. Tizden olaryň arasyndan iň ähmiýetlilerini hem täsiri güýçlülerini saýladym. Aýratynam, Gyzyl ahun bilen dostlaşmagy peýdaly hasap etdim. Onuň hakyky ady molla Myratdy. Meniň örän gowy gat­naşykda bolan ol adamym ajaýyp türkmen alymydy. Onuň tagallasy bilen maňa hiç ýerde garaw bolma­dy. Gyzyl ahun Buharada bolanda onuň eline türk dilinde Kuranyň aňlatmalarydyr nesihatlaryny dü­şündirýän bir kitap düşüpdir. Ýöne ol kitaba o diýen gowy düşünmeýän eken. Meniň bu babatda beren kömegime ol örän hoşal boldy. Ähli ýerde meniň ys­lam edebiýatyndan bilimlidigimi öwüp arşa çykardy.
Men diýseň ýokary sarpa goýulýan ruhany hem bilimli adam bolan Satlyk ahun bilenem aramy saz­ladym. Ilki gezek duşuşanymyzda, ol göz üçin di­niň arassa çeşmesi bolan Rumdan gelen musulman bilen ýüzbe­-ýüz bolanyna minnetdarlyk bildirdi. Töweregimdäkileriň biri meniň ýüz keşbimiň akýagyzdygyny aýdanda, ol munuň yslamyň hakyky reňkidigini, Hudaý tarapyn berlen bu nuranalyk üçin Günbataryň dindarlarynyň öwünmäge hakly­dyklaryny düşündirdi.
Men kazy ­kelan Durdy molla bilenem dostluk açmaga çalyşdym. Sebäbi men tizden bu wagşy halka diňe ulamalaryň täsiriniň güýçlüdigine göz ýetirdim. Ýewropalylaryň pikir edişiniň tersine, bu ýerde aksakgallaryň täsiri örän ujypsyz.
Türkmenleriň maňa bolan ynamlarynyň barha artmagy öz saýlap alan ýolumyň dogrudygyny su­but edýärdi. Haçanda Kümüşdepäniň adynyň gelip çykan ýeri bolan gadymy grek harabasynyň galyn­dylaryndan metjit salmak barada gürrüň çykanda, Gyzyl ahun iň bilimli hem tejribeli derwüş hökmün­de sadaka ýerini bellemegimi menden haýyş etdi.
Tutuş Kümüşdepede häzire çenli grekleriňki diý­lip hasap edilýän harabadan başga diwaryň ady­ so­ram ýok. Şonuň üçinem, ýomutlaryň merkezinde Hudaýa ybadat eder ýaly jaý salmak ideýasyny ösüşe tarap ädim diýip hasap etmek mümkin. Her bir dindar türkmen Aleksandryň gurduran berkit­mesinden goparyp, bellenilen ýere birnäçe ýüz ker­piji getirmegi öz borjy hasaplaýar.
Gurluşyk üçin material ýeterlik bolansoň, ol ýe­re türkmen binaçysyny çagyrdylar. Iş bilen Astra­handa­-da bolup gören ol adam bu babatda özüni tejribesi ýetik hasaplaýardy. Oňa bütin gurluşygy ýerine ýetirmegi tabşyrdylar. Men kompas boýun­ça Mekgäniň ýerleşýän tarapyny anyklap berem­soň, hiç hili binýatsyz diwarlary örmäge girişdiler. Binýadynyň unudylmagy bilen, gurluşygyň berklik derejesine kepil geçýän zat azdy. Belkem, ýene bi­raz wagt geçensoň ruslaryň bu zatlary öz berkitme­lerini gurmakda peýdalanmaklary­da mümkindi.
Bir hepde geçensoň özüme edilýän howandarlyk netijesinde, Kümüşdepedäki adamlaryň ählisi bilen tanyşdym. Indi mende olaryň jemgyýetçilik gat­naşyklarynyň syrlaryna aralaşmaga, bu taýpanyň bölünýän san-­sajaksyz nesil arkalarydyr uruglary­ny, mümkinçiligime görä, olaryň şeýle dürlülikleri, gapma-­garşylyklary hem özara baglanyşyklary ba­rada pikir ýöretmäge şert bardy.
Iş meniň çak edişimden çökder bolup çykdy. Olaryň adaty durmuşlary bilen gyzyklandy­gym, ol ýa­da beýleki meseleler barada käbir zat­lary soradygym olar: «Derwüşe bu pany dünýäniň işleri bilen gyzyklanmak nämä gerekkä? Hudaý­dyr din bilen gümra bolup geziberende bolmaýar­myka?» diýip geň galýardylar. Şonuň üçinem men gerek maglumatlarymy göni soragdan gaça durup, öwrümli ýollar bilen almaly bolýardym.
Bagtyma, türkmenler syýahat hakynda sagatlap gürrüň etmegi gowy görýärdiler. Men bolsa olaryň arasynda elim tesbili irkilip oturyşyma sesimi çy­karman, edilýän gürrüňlere diň salýardym. Olaryň taryhyny, Parsystana, Hywa hanyna hem beýleki çarwa milletlerine bolan gatnaşyklaryny öwren­ýärdim. Şol wagtyň dowamynda men Gyzyl ahun bilen bile gündogar tarapda ýaşaýan ýomut taýpa­sy bolan atabaýlaryň hem gökleň türkmenleriniň arasynda bolup gördüm. Ol gezelençler meniň üçin aňrybaş derejede gyzyklydy. Olar maňa Aleksan­dryň golaýdaky çölde ýaşaýan taýpalaryň aýylganç hüjümlerinden goranmak üçin saldyran diwarynyň köp bölegini görmäge mümkinçilik berdi.
Gyzyl ahunyň saparynyň maksady ol taýda bolan bir agyr iş barada maglumat ýygnamakdan ybaratdy. Şonuň bilen baglylykda biz birnäçe ýerde iki günde aýlanyp biljek ýerimize dört gün sarp etdik. Gündo­gara gidip barşymyza, gamyşlyk batgalyklaryndan hem olaryň içindäki ýüzlerçe ýekegapanlardan gaça durmak üçin häli-­şindi ýoldan sowulmaly bolýardyk.
Bu batgalyklar ýaz aýlarynda Gürgen derýasynyň suwunyň daşyp, ep-­esli aralyga ýaýramagy netije­sinde döreýär. Çaky, bu ýagdaý gadym wagtlarda­-da tizden­-tiz gaýtalanyp, goranmak üçin öňde ag­zap geçen diwarymyzyň salynmagyna sebäp bolan bolmagy mümkin. Derýanyň demirgazyk kenaryn­da dörtden alty iňlis mili aralygyndaky ol ullakan diwar düzlügiň belendräk ýerlerinde salnypdyr.
Diwaryň golaýyndan geçýän ýol häzirem ýylyň is­lendik wagtynda ýöremek üçin örän amatly. Hut şol sebäbe görä­de, ilatyň agramly bölegi şol ýoluň ug­runda ýaşaýar. Bir sagada­-da ýeter­-ýetmez wagtda ululy­-kiçili ilatly nokatlarynyň duşup durmagy­da, muny subut edýär.
Gadymy diwaryň demirgazyk bölegini görmänim üçin ol barada aýdylýan mahabatly gürrüňlere­de hiç hili ähmiýet bermedim. Gündogar çetde bolanymda men diwaryň Kümüşdepeden demirgazyk-­gündogar tarapa­da uzalýanyna göz ýetirdim. Şol ýerde, deňiz kenarynyň golaýynda gadymy harabalaryň köplügi­de diwaryň şol ýerden başlanandygyny subut edýär. Onuň beýleki çeti ýigrimi iňlis mili aralygynda Etrek derýasynyň günorta tarapyna uzalýar. Olam deň­ze ýakyn bolup, ugurlaryň ikisi biraz ýokarrakda, Altyn tokmagyň ýanynda birleşýär.
Kümüşdepäniň ýanynda başlanýan ugruň on ge­ografk mil aralygyny men günbatardan demirga­zyk­-gündogar tarapa iki günüň dowamynda synla­dym. Ony iki­-üç fut beýiklikdäki depeden ap-­aňsat saýgarmak mümkin. Ol diwar uzyn berkitmä meň­zeş bolup, olaryň arasynda müň ädim göwrümi ähli ýerde deň bolan gadymy diňleriň galyndylary so­malyşyp görünýär.
Şol diwarlaryň gapdalynda başga bir ullakan depeler seleňläp otyr. Olar barada kanagatlanarly düşündiriş berere ýa­da ygtybarly çaklamany orta atara çakym bolmany üçin, bu işi höwes bilen baş­galaryň paýyna goýýan. Olaryň käbirini türkmenler gazyp görüpdir. Aýdyşlaryna görä, olaryň ortasyn­dan dörtgyraň jaý, ägirt uly küýze, ýuka kagyz hem onuň üstünde gögümtil kül, birnäçe gyzyl puldur beýleki gymmat bahaly zatlar tapylypdyr. Şonuň netijesinde­-de, şol diwary durşuna «Gyzylly alaň» atlandyrýarlar. Gürrüňini edýän diwarymy türk­menleriň aýratyn hormat goýýan ildeşleriniň üstü­ne galdyrýan tümmekleri bilen garyşdyrmaly däl.
Alym ýoldaşym Gyzyl ahun näme üçin meni Aleksandryň diwarynyň (Seddi Isgender)¹ beýle gyzyklandyrýandygyna geň galdy.   [¹ Gündogarlylar beýik makedoniýalynyň taryhyny dini miflere näçe diýseň boýapdyrlar. Olaryň ýazyjylarynyň köpüsi öz köp sanly eserleriniň gahrymany bolan Isgender Zülkarneýni (iki şahly Isgenderi) Isgender Rumydan (Grekleriň Aleksandryndan) aýyrýarlar. Ýöne men ähli ýerde bu iki şahsyýete bir adam hökmünde garalýandygyna gabat geldim.] 
Gyzyl ahunyň pikiriçe, bu diwary kuwwatly hökümdar Aleksandr jynlara emr edip saldyrypdyr. «Aleksandr bize gö­rä has takwa musulman bolany üçin ýerasty ruh­laram onuň emrine tabyn eken» diýip, ol gürrüň berdi. Soň ol Aleksandryň tümlük şalygyna barşy baradaky hemmä belli hekaýata başlady. Birdenem meniň açyk gyzyl reňkli kerpiçleri biri­-birinden aýyrjak bolup duranymy görüp, sesini kesdi. Kerpiçler şeýle bir berk tutluşypdyrlar welin, olary aý­ranyňdan döweniň aňsatdy. Bu töwerek arheologlar üçin uly gyzyklanma döredip biljek. Bu ýerde diňe bir grek hökümdarlarynyň galyndylary däl, eýsem Eýran siwilizasiýasynyň ýadygärliklerem bar. Aşa­ky Gürgeniň ähmiýeti, Şähri Jurjanyň harabalykla­ry baradaky ýazgylar arap taryhçylarynyň işlerinde köp duşýar. Kümmetkowusyň harabalygyny özüm görmedik­de bolsam, gürrüňini kän eşitdim. Olam gyssanmaç geçip giden iňlis syýahatçysynyňkydan has uly üns berilmäge mynasyp bolsa gerek.
Alym hem garyp adamdyr öýden ýoldaşym Gy­zyl ahunyň dürli ýerlerde öýüniň, üç aýalydyr ça­galarynyň bolmagy meni uçursyz geň galdyrdy. Haçanda ol birnäçe ýerde meni öz täze aýallarydyr çagalary bilen tanyşdyranda, “bu gezelenjimiziň düýp maksady başgarak eken­ow” diýip, şübhele­nip ugradym. Onuň keseki öýlerde-­de kabul edilişi öz öýündäkiden az tapawutlanýardy. Ol sylag­-sar­pasy ýetik mollady. Mollalar türkmenlerde islen­dik ýerde özlerini edil öz öýlerinde ýaly arkaýyn duýýardylar. Hatda beýleki taýpalaryň adamlaram olara diňe bir hormat goýmak bilen çäklenmän, üstlerini dürli sowgat-­serpaýdan gömýärler. Onuň şägirdi bolan bolup ýören meni­de boş goýanok­dylar. Maňa namji (dyzyň aşagyna goýulýan zat), türkmen donuny, şol çarwalaryň esasy geýýän zat­lary bolan giň keçe telpek sowgat etdiler. Şo telpe­gi geýip daşyna selle oradym welin, hakyky türk­men mollasyna meňzäýdim!
Kümüşdepä öwrülip gelip, hajy dostlarym bilen duşanymda olar meniň gezelenjimi oňlamaýandykla­ryny, esli wagtlap aralarynda bolmanym üçin howsa­la düşendiklerini aňdym. Olaryň hemmesiniň saglyk ýagdaýlary bilen gyzyklandym. Saly hajynyň öňküsi ýaly üstünlik bilen näsaglary bejerýänini, Kary Mes­gut hajynyň bolsa metjitde zatlarynyň ogurlananyny bildim. Onuň özi metjit bolup hyzmat edýän çadyrda ýaşaýardy. Näçe gözlense­de, onuň zatlaryndan de­rek tapylmady. Onsoň bir işan eger ogry alan zatlary­ny getirmese, nälet okajakdygyny yglan etdi. Şondan ýigrimi dört sagat wagt geçmänkä wyždany ezýet berýän ogry diňe bir alan zatlaryny däl, eýsem ýara­şyk alamaty hökmünde, sowgadynam üstüne goşdy­da getiräýdi. Ogrularyň üstüni açmagyň şol usulyny häzirki dowam edýän gurluşa derek Londonda­-da ulanmagy maslahat beresim gelýär.
Şeýle hem maňa Hywa ugrajak kerwen hakyn­da habar berdiler. Dostlarymyň aýtmagyna görä, hekimler Hywa hanyna gäwmişiň süýdüni içmegi maslahat beripdirler. Han bolsa şol gäwmişleriň iki sanysyny alyp gelmek üçin öz kerwenbaşysy­ny Kümüşdepä ýörite ugradypdyr. Iberilen adam Astrabada gitdi. Dolanyp gelensoň, çöle beletlikde deňi­-taýy ýok ol adamyň baştutanlygynda syýaha­tyň şowly boljagyna doly bil baglap, ýola düşmäge taýynlyk görübermeli.
«Ýer urup, ýerde galan» diýilýänlerden bolan garyp ýoldaşlarymyň köpüsini türkmenleriň myh­mansöýerliginiň, özlerine edýän hezzet-­hormatla­rynyň irizip ugramagy meni geň galdyrdy.
Bu iki ýurduň aradaşlygy bary-­ýogy birnäçe mil bolsa­da, türkmenleriň däp-­dessurlarynyň, ahlakla­rynyň hem pikirlenişleriniň tapawudyna seredeniňde, göýä diýersiň, olar biri-­birinden müňläp mil uzaklyk­da ýaşaýan ýalydy. Diniň hem taryhy hekaýatlaryň adamzada täsirini ýetirişiniň geňligini diýsene!
Meniň özdiýenli hojaýynym birnäçe gezek ýeň­sämden itip, çadyrdan çykardy. Bu ýagdaý türk­menleriň: «Näçe südür görseň, şonça­da gadyr gö­rersiň» diýen düzgünine gabat gelýär eken.
Bu hili dabarada çakylyk eden adam öz öýüniň işiginde birnäçe keçe, eger barlyrak bolsa, haly ýaz­ýar. Olaryň üstünde adamlar bäşden­-altydan döwre gurap oturýarlar. Her üýşmekdäkileriň derejesine, adam sanyna hem ýaşlaryna laýyklykda, ullakan agaç çanakda nahar äberilýär. Her kim penjesini dolduryp, nahar iýmäge başlaýar. Ol naharlar köp babatda biziň duz­-tagam bilen iş salyşýan adamla­rymyzy­da gyzyklandyryp biljek. Gepiň gerdişine görä, şol şagalaňlarda düýe etleriniň esasy zatdy­gyny belläsim gelýär. Beýleki tagamlar, aýratynam, aw etleri barada ýazybam oturmaýyn. Barybir, ýa­lan sözleýändir öýdüp, ynanmazlar.
Meniň Hanjanyň öýünde bolan döwrümde ol og­luny öýlendirdi. On iki ýaşyndaky ogluna on ýaşly gyz alyp berdi. Bu wakanyň şanyna tutulan toýa bi­zem myhman hökmünde gatnaşdyk, hiç hili ýag­daýda boýun towlap bilmedik. Biz öýe girenimiz­de, gelin ýaglyga keşde çekip oturan eken. Ol göýä öýde başga adamlaryň oturanyndan bihabar ýaly, şol ýerde bolan iki sagat wagtymyzyň dowamyn­da biziň tarapymyza ýeke gezek ogrynça garady. Onuň üçin göýä diýersiň, biziň barymyz-­ýogumyz deň ýalydy. Meniň hatyrama bişirilen süýtli aşy iýip otyrkak, Hanjan: «Men bu toýy indiki güýzde etmekçidim. Muny tizleşdiren zat ― siziň gelme­giňiz boldy. Toýy siziň ýolbaşçylygyňyz hem pata bermegiňiz bilen geçiresim geldi» diýdi.
Islegimiň bütinleý tersine, meni Kümüşdepede üç hepdeläp saklan myhmansöýer Hanjan ahyrsoňy bi­ziň ugramagymyza kömek edermen boldy. Biz dü­ýeleri kireýiniň gaty kän çykdaja goýjagy üçin iki bolup birini almaly, oňa­da diňe suwdur unumyzy ýüklemeli diýen karara geldik. Eger Ylýas beg kö­mek etmedik bolanlygynda, bu meseläni çözmek bi­ze gaty kyn düşjekdi. Dogrusy, ol din diýip ýykylyp ýatan ýa­da bizi hajy bolanymyz üçin sylaýan adam däldi. Muňa garamazdan, ol myhmansöýerligiň ka­nunlaryny berk ýerine ýetirip, biziň göwnümizi tap­mak üçin ähli zada taýýardy. Ylýas hywaly türkmen­di. Ol her ýyl iş bilen, çöl söküp Kümüşdepä gelýär hem Hanjana penalanyp, işlerini düzedýär. Şeýtme­se, onuňam ýagdaýynyň beýleki kese ýerden gelen­leriňkiden idili bolmajagy bellidi.
Ol, adatça, ýigrimi, otuz düýeden ybarat kerwe­ni bilen güýz aýlarynda gelip, özüne hem il üçin alan harytlaryndan ýüklenip, ýazda yzyna ugraýar eken. Bu ýyl ol kerwene birnäçe düýäni artykmaç tirkäpdir, olara berlen goşmaça hak bolsa onuň üçin asla garaşylmadyk girdeji boldy duruberdi. «Ylýas, bular üçin kelläň bilen jogap berersiň» diýmesi Hanjanyň bize nähili belent hormat goýýanynyň alamatydy. Ylýas çarwalaryň şunuň ýaly ýagdaý­larda edişi ýaly, ýüzüni aşak saldy­da, dodaklaryny hereketlendirmän: «Sen, näme, meni tanaňokmy!» diýip, pessaý ses bilen mydyrdady.
Bu iki türkmeniň özara gürrüňi ýarym ýewro­paly häsiýetli bolan meniň gaharymy getirip ugra­dy. Men Bilal hajynyň hem beýleki ýoldaşlarymyň gymyldaman sessiz duranlaryna­da üns bermän, gaharyma birnäçe zatlary aýtdym. Tizdenem ol sözlerimiň jogapsyz galdyrylyp, ýele gideni üçin aýdanyma ökündim. Oňa ünsem bermediler. Gep­leşiklerimiziň netijesi boýunça, biz Hywa çenli her düýä iki dukat pul tölemeli. Suwdur unumyzy bol­sa, Ylýas mugt äkitmäge razy boldy.
Gedaý jindämiň dürli ýerlerinde ýygşyrylan az­ owlak pulum hem hajy hökmünde maňa türkmen­leriň eçilen sowgat­-serpaýlary göwnüme bolmasa, özbaşyma bir düýäni kireýine almaga ýetäýjek ýa­lydy. Ýöne Bilal hajy bilen Soltan Mahmyt meniň bu pikirimi unamadylar. «Aňryňda zadyň baram bolsa, näçe garyp görnüp bilseň, şonça gowy. Şon­da adamlaryň saňa rehimi inýär, üstesine­de, ol özüňi goramagyň iň gowy usuly. Barlylygyň sähel­çe alamatynyň açgözlük duýgusyny oýarmagy äh­timal. Baýlygyňa bolan şübhe iň gowy dostuňam duşmana öwrüp biler» diýdiler.
Olar ýanlarynda birneme zatlary baram bolsa, äti­ýaç üçin eginleri jindeli paý-­pyýada syýahat edip ýören hajylaryň birnäçesiniň atlaryny tutdular. Me­nem bu zerurlyga boýun bolup, beýlekiler ýaly, bir düýäni şärikli kireýine aldym. Ýöne ýadan mahalym kejebeden (düýä taýlanyp atylan sebetler) peýdalan­jagymy duýdurdym. Agsak aýagym bilen gije-­gün­diz ýol ýöräp, kyrk menzil aralygy geçmegiň ýa­da agaç eýerde beýlekiler bilen gyslyşyp oturmagyň özüme aňsat düşmejegini bilýärdim. Çöl ýagdaýynda kejebä münülse, düýä iki esse agram düşjegini aýdyp, Ylýas muňa razy bolmady. Özem onuň aýda­ny dogry eken. Şeýle­de bolsa, Hanjan ony razy etdi.
Indi maňa Hywa barýan ýolda wagtal-­wagtal uk­lap, dynjymy almaga mümkinçilik döräpdi. Ýigri­mi güne çekjek ol ýol barada beýlekileriň gürrüňini diňleseň, kalbyňa howsaladyr gorky aralaşýardy... Şu hili ýagdaýda ýüregime basalyk berýän zat ― sebetleriň birinde meniň bilen ýüzbe-ýüz oturmaly adamyň Bilal hajy bolmagydy.
Gepleşik gutaransoň, biz düzgün boýunça ber­meli kireýlerimizi öňünden töledik. Bilal hajy doga okady. Köse Ylýas hem ellerini eňeginden asylyp duran birnäçe bulaşyk gyllaryň üstünden ýöredip goýberdi. Indi bu ýerlik iş gutarany üçin mümkin boldugyça, tizräk ugratmaklaryny haýyş etdik. Ol bize hiç hili söz bermedi. Sebäbi ähli zady öz gäwmişleri bilen kerwenimiziň başyny çekip ugramaly esasy kerwenbaşy çözýärdi.
Birnäçe günden soň biz Etrek tarapa ýola düşmäge doly taýýar bolduk. Meniň Kümüşdepäni tizräk terk edesim gelip, içim byjyklaýardy. Munuňam sebäbi, birinjiden, biz bu ýerde wagtymyzy biderek geçir­ýärdik, üstesine­de, ýylyň yssy döwri barha golaý­lap gelýärdi. Biz çölde ýagyş suwuny tapyp bilmeris öýdüp gorkýardyk. Ikinjiden bolsa, men barada aý­dylýan gülkünç, geň gürrüňlerden ýaňa özümi oňaý­syz duýýardym. Adamlaryň köpüsi meniň takwa derwüşdigime ynanýardy. Beýleki birnäçeleri bolsa soltan tarapyndan Tährandaky türk ilçisiniň ýanyna iberilen hem öz ýanym bilen müň sany tüpeň getirip, Parsystandyr Russiýanyň garşysyna dildüwşük gu­ramagyň ugrunda gezip ýören adamdyr öýdýärdiler.
Eger bu gürrüň Aşyrada-da ruslaryň gulagyna ilä­ýen bolsa, olar, elbetde, gülerdiler, belki­de, meniň kimdigim bilen gyzyklanyp ugrardylar. Olar üçin geň derwüş bolup görünýän meniň hakyky ýüzümiň açylmagy netijesinde ömürlik bendi bolup galaýma­gym­da daş däldi. Şonuň üçinem, men Bilal hajyny Kümüşdepeden bahymrak garamyzy saýlamaga yr­jak bolýardym. Ýöne Ylýas aramyza goşulaly bäri onuň öňki gyssanmaçlygy biparhlyk bilen ornuny çalşan ýalydy. Meniň gyssamalaryma bolsa, ol bir­ syhly: «Näme, beýle çaga ýaly howlugýaň? Her za­dyň öz wagty bardyr. Howlugyp, alan galaň bolmaz. Kysmatyň saňa tä başga ýerden suw içmegi höküm edýänçä, sen Gürgeniň kenarynda bolmaly bolarsyň. Şol hökümiň haçan boljagyny bolsa hiç kim bile­nok» diýip, jogap gaýtarýardy. Howsalasy özüne ýe­tik aňa gündogarlynyň şu hili jogabynyň nähili täsir etjegini özüňiz biliberiň! Hiç hili çykalga görmänim üçin menem kysmatyma kaýyl bolmaly boldum.
Hanjan maňa ozalky alamançy Gulhan piriňkide myhman bolmagymy gaty berk tabşyrdy. Maňa ge­regem şoldy. Garran alamançynyň tutuk hem iniň söýmeýän ýüz keşbi bardy.
Meni myhman almagy tabşyranlarynda, onuň keş­binde begençden nam-­nyşan ýokdy. Ol ýüzüme esli wagtlap seredip, Hanjanyň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Onuň bolşy özgeleriň mende görmeýän, pikirlerine­de getirmeýän nämedir bir zadynyň üstüni açjak bol­ýana meňzeýärdi. Onuň ynamsyz garaýşynyň sebäbini men tizden anykladym. Gulhan ýaş wagtlary patyşanyň gullugynda durýan Hydyr han bilen günorta Russiýada bolup görüpdir. Köp wagtlap Tifisde ýaşap, biziň Ýewropa ýaşaýşymyzy öwrenipdir. Ol dürli halklaryň adamlaryny köp görenem bolsa, osmanla hiç wagt ga­bat gelmändigini, olaryňam türkmenleriň bir taýpasyn­dan gelip çykandyklaryny eşidendigini hem ähli babat­larda türkmene meňzeşdiklerini, ýöne meniň olara asla çalym etmeýändigimi aýtdy. Bilal hajy özüniňem bir­ näçe ýyl Rumda ýaşanam bolsa, maňa meňzeş adamy görmändigini aýdyp, onuň sözlerini tassyklady.
Soňra Gulhan bize ýene iki günden öz Etrekdä­ki obasyna barjakdygyny yglan etdi, syýahata ta­ýyn bolup durmagymyzy maslahat berdi. Etrege çenli aralyk on iki milden köp dälem bolsa, ol ýere Gulhansyz ýetip bilmejegimiz köre hasady. Ol bi­ze Gürgeniň kenaryny syryp, oglunyň tizden geljek ugruna tarap ýöremegi maslahat berdi. «Ol geläýse täsin zatlary synlap bilersiňiz» diýdi.
Edere işim bolmany üçin menem göwünjeňlik bi­len onuň aýdanyna eýerip, şol taýa ugran mähelläniň arasyna goşuldym. Ahyrsoňy garşydaky kenarda on­larça aty öňlerine salyp gelýän sekiz sany türkmen göründi. Men garaşyp duran mähelle olary şowhun­ şagalaň bilen garşylar öýtdüm. Ýöne olar özlerine golaýlaşýan atlylara seslerini çykarman, üns bilen seredip durdular. Atlylar özlerini derýa urup, bi­ze tarap ýüzüp ugradylar. Kenara çykyp, olar öz iň ýakyn adamlaryna agraslyk bilen ellerini uzatdylar. Ýaş gahrymanlar üst­başlaryna serenjam bermek bi­len meşguldy. Olar agyr silkme telpeklerini çykaryp, kelleleriniň, ýüzleriniň derini süpürdiler.
Men bu kelte üstki eşikli, laçyn garaýyşly, eginle­rine düşüp duran saçly, gowy ýaraglanan ýaş ýigitleri höwes bilen synladym. Olary hemmeler haýran ga­lyp synlaýardylar. Hatda Gulhanyň tutuk keşbine­de mylaýymlyk alamaty çaýylan ýalydy. Ol ogluny bi­ziň ýanymyza alyp geldi. Bilal hajy oňa pata beren­ soň, biz aýrylyşdyk. Ertesi bolsa biz Gulhan, onuň ogly bilen birlikde Kümüşdepeden Etrege ugradyk.­
­
(Dowamy bar).

Arminiý Wamberi

Ter­ji­me­ eden: Kakabaý Gurbanmyradow

­
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 69 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Arminiý Wamberi | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Pereñli ýesiriñ ýatlamasy"

0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]
@Jek, birki ýyl ozal Blokwiliň şol kitabyny kitaphanadan alyp okapdym, juda gyzykly kitap, kitap Blokwiliň alan bir topar suratlary hem bar eken.

0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Genri de Blokwiliñ ''Türkmenleriñ arasynda yesirlikde'' kitabynam tapsañyz yetireweriñ!

0
2 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Atajan Taganyň "Pereňli ýesiriň gözleginde" atly kitabyna diýýänsiňizdä?!. Eger şol bolsa paýlaşaryn

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: