10:47
Şübhe duýulmaýan ýerden hakykaty tapyp bilmersiñiz
ŞÜBHE DUÝULMAÝAN ÝERDEN HAKYKATY TAPYP BILMERSIÑIZ

Kowid-19-yñ gen shemasyndan mutasiýa geçirişine çenli...
PCR testleriniñ dogrudugyna-ýalñyşdygyna çenli...
Waksinalaryñ düzüminden döretjek täsirine çenli...
Adamlarda birgiden soraglar bar...
Emma... biziñ ýurdumyzda şübhe duýýany-sorag berýäni "dar agajyndan asýarlar!" “Ylym” diýip her orta oklanan zadyñ gürrüñsiz kabul edilmegine garaşylýar. (Medisina ylym däl!)
Adamlara öz pikirlerini kabul etdirmek ýa-da ony gorkuzyp, sem etdirmek üçin esasan şu metod ulanylýar:
- Bilgi, güýç, status-pozisiýa (wezipedir dereje) ýaly mümkinçilikleriñ üstünden meşhurlyk gazanan kişileriñ garaýyşlaryna ýüzlenmek!
Wolterden Russo çenli filosoflary täsirini astyna alan, liberalizmiñ düýbüni tutan Jon Lokk şeýle ýazypdy:

“Kimdir biri meniñ hormatlaýan we ýüzüne gelip bilmejek adamymyñ pikirini mejbury kabup etdirip bilmez. Has dogrusyny, has gowusyny bilmeýän bolmagym, başga biriniñ haklydygyny we onuñ bilen bir pikirde bolmagymyñ gerekdigini añlatmaýar.”

Birnäçe aýlap biri-biriniñ aýdanyny gaýtalap gelýän, amerikan bilim sistemasy bilen ýetişen “şan-şöhratly” akademik alymlar mediýanyñ çar tarapyny gurşap alypdyr. Gaýtalanyp leji çykan garaýyş, aslynda halkyñ añyndaky şübhe bulutlaryny dagadyp bilmeýär. (Bu çekişmä "medisina bilimiñ taryhyny"-medisinanyn şejeresini" ele alyp başlamak gerek: “Modern medisina” diýýänleri aslynda näme?)
Waksina meselesinde örän meşhur biriniñ eden işlerini ýazaýyn, göreliñ bakaly, aýdýanlarymy makullarsyñyzmyka?

MEŞHUR KENNEDI

ABŞ-ly Kennediler maşgalasyny bilýänsiñiz.
Ikisi-de ABŞ-nyñ janyna kast edilip öldürilen prezidenti Jon F.Kennediniñ inisi senator Robert F.Kennediniñ ogly Robert Frensis Kennedi Jr ABŞ-da alyp barýan köpugurly işleri bilen yzygiderli ünsden düşmeýän adamlaryñ biri...
Garward uniwersitetinde we "London School of Economics"-de okap bilim alan hukuk professory. Tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan işlere berýän goldawy bilen tanalýar. Kölleri goramak boýunça Waterkeeper Alliance toparynyñ başlygy. Tebigy baýlyklary goramak geñeşiniñ (NRDC) aklawjysy.
Azyk önümleriniñ galyndysyna garşy alyp barýan göreşi dokumental filmlere çelgi boldy.
Onuñ iñ gowur turzan işi waksinalar baradaky işidi.
Waksinalaryñ çagalarda ünssüzlige, giperaktiw bozuklyga, iýmit arkaly döreýän allergiýalara, autizme, düwnük we muña bagly autoimmun keselleriñ döremegine sebäp bolýandygyny aýdyp “Children's Health Defense” atly çaganyñ saglygyny goraýyş komitetini gurdy.
“Waksinalar. Hökümet we derman öndüriji uly şereketleriñ kirli puly” makalasy Amerikanyñ esasy uly mediýasy tarapyndan ret edilensoñ, makalany "USA Today" gazetinde tölegli mahabat hökmünde çap etdirdi. Makalada şuny ýazdy:

“Uly derman önümçilik şereketleri geçen ýyl lobbi ücin syýasy talaşgärlere 31 million dollar berip ýurduñ iñ uly syýasy hemaýatkärleriniñ arasyna girdi.
1998-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli 3 milliard dollary dolan beýleki sektorlardan has köp syýasy lobbi üçin çykdajy edildi. Bu harçlanan pullar nebitiñ we tebigy gazyñ pulunyñ iki essesi we goranmak bilen howa lobbiçileriniñ dört essesi…”


Kennedi Jr diñe makaladyr kitap ýazmady, aktýor Robert de Niro bilen metbugat ýygnaklaryny-da geçirdi.
Ýagny... Kennedi Jr dünýäde waksina boýunça çekişme guran meşhurlaryñ biri. Ýeri, “meşhurmyşyn” diýip, onuñ aýdanlaryny kabul etmelimişmi? Ýok.
Aýtjak bolýanym şu:

UZAK WAGTYÑ DOWAMYNDA ÝÜZE ÇYKANLAR

[i]“Gaýnym öz islegi bilen sanjym etdirdi, hiç zadam bolmady!”[/b]
Sanjymyñ goşmaça täsirleri meselesinde ýatdan çykarylan zat şu:
Waksinalar iññäniñ sanjylan ýerinde çiş, gyzarma, agyry ýaly lokal ýa-da gyzgynlyk, dökündi, angina mäzleriniñ ulalmagy ýaly sistematiki täsirleri döredip bilýär.
Gozgamakçy bolýan zadym bular däl...
Gozgamakçy bolyan meselelerimden biri - waksinalaryñ agyr täsirleriniñ şobada bildirmeýänligi. Ine, asyl ikirjiñlenmäni döredýänem, waksinanyñ uzak wagtyñ dowamynda ýüze çykýandygy aýdylýan goşmaça täsirleri.
Meselem, hroniki kesellere sebäp bolup bolmaýandygy ýaly...
Meselem, tutgaý (epilepsiýa), allergiýa, MS... ýaly kesellere sebäp bolup bolmaýandygy ýaly...
Meselem, demrew (psoriaz), seliakiýa, tiroid mäzi (щитови́дная железа) ýaly autoimmun kesellere sebäp bolup bolmaýandygy ýaly...́
Bular we muña meñzeşleri entek çaklamalardan, gipotezalardan ybarat, heniz gutarnykly subut edilen zat ýok. Ýöne bu çaklamalary delillendirip ýa-da püçege çykaryp biljek işler dowam edýär, makalalar ýazylýar.
Emma. Goşmaça täsirleriñ birnäçe ýyldan soñ ýüze çykmagy we şunça wagt sarp edilen ylmy-barlag işleriniñ geçirilmezligi waksina meselesinde endişeleri artdyrmasa azaldanok.

Şu taýsy hakykat: waksinanyñ tutuşlaýyn kabul edilmegi ýa-da tutuşlaýyn inkär edilmegi sowatsyzlykdan, bilgi pesliginden gelip çykýar. Üstesine, ýokardan garaýan çemeleşme-de waksinalar babatda şübhäniñ barha artmagyna sebäp bolýar. Waksinanyñ aragatnaşyk strategiýasynda döredýän bökdençligi bilgeşleýin görmezlige salynýar. “Bu bilimdir” diýilip “mähelle basyşyny” gurap, köpçüligi boýun egdireris öýdýärler!
“Ölümi görkezip ysytma razy etmek isleýärler” endişesini bular ýaly hondanbärsilik bilen, paýyş söz bilen ýok etmek mümkin däl…

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 17.12.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Medisina | Просмотров: 76 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: