09:37
Meleje

MELEJE

Şöhlesi öçen mähnet gün labyryny aşak atyp, ýere bakan eňip barýardy. Onuň ölügsi çylgymlary gök ýapraklaryň ýüzünde ýylpyldap, agaçlaryň aşagyna alebeder kölge salýardy.
Şol miweli bagyň içindäki ýoda bilen kiçijik bir göwre gyrmyldaş gelýärdi. Şojagaz göwre golaý geldigiçe ösýärdi. Şol gelýän Melejedi.
Melejäniň öz öňünden gelýän kölgesi ýaňyja naýçalan eriklere, üljelere dyrmaşýardy, horazyň kekeji ýaly gyzaran bägülleri gujaklaýardy, ýaldyrawuk ýapraklaryny ýazan üzümleriň üstünden aşýardy. Gülleriň burk urýan näzik ysy onuň burnuna urýardy. Dürli dilde saýraýan enaýyja guşlaryň jürrüldisi gulagyna ilýärdi. Emma şol görnüşleriň, şol saz-söhbetleriň hiç biri Melejäniň pikirini üýtgedip bilmeýärdi.
Meleje öz agasy Baýmyrat hakynda oýlanýardy. Baýmyrat bolsa frontdady...
Meleje mekdepden gelende, Baýmyrat onuň hat ýazyşyna, hasap çykaryşyna, alan belliklerine seredýärdi, kyn sapaklary- na kömekleşýärdi, bäşlik alan wagty, oňa owadanja galam ýa başga bir zat sylag alyp berýärdi. Ylaýta-da baýram günlerinde Melejäni baýrama laýykly geýindirýärdi. Ertir baýramdy...
Emma bir ýyldan bäri Baýmyrat onuň ýanynda ýokdy.
Ejesi oňa nähili mähriban bolsa-da, öýlerine baranda, doganynyň ýeri gädikdi.
Meleje şol ýatlamalar hem agyr oýlar bilen öýlerine ýetende, ejesi onuň öňünden çykdy:
— Hä, Mele jan, geldiňmi? — diýip sorady. Meleje ysgynsyz ses bilen:
— Hawa diýip, göwünsiz jogap gaýtardy-da, bukjasyny ýerinde goýdy.
Melejäniň ejesi onuň keşbinde bir gamgynlyk, sesinde bir ysgynsyzlyk syzdy-da:
— Mele jan, saňa näme boldy? — diýip sorady.
— Hi-iç zat.
— Näme ajykdyňmy?
— Ýo-ýok.
— Ýa mugallymyň käýedimi?
— Näme üçin käýesin?
— Onda näme ýüzüň beýle salyk?
Melejeejesine jogap gaýtarman, kynlykbilen ýuwdundy. Emma ejesi janygyp sorady:
— Melejan, saňa bir zat bolupdyr. Sen öňki Meleje däl. Ýa biri bilen uruşdyňmy? Melejäň sesi ynjyly çykdy:
— Näme urşubermeli bormy?
— Onda näm bolýa? Aýtsana, guzym! Meleje özüni gozgalaňa salýan zady ejesine aýdyp bilmedi. Onuň bogazy doldy, gözüniň ümezlänini ejesine görkezmezlik niýeti bilen, ýüzüni bir gapdalyna sowdy.
Oglunyň agyr halyny aňlan ejesi onuň boýnundan gujaklady, maňlaýyny sypalady, ogşady:
— Mele jan, sen özüňi ynjydýan syry ejeňden gizläp, kime aýtjak? Göwnüňi biynjalyk edýän zady gizleseň, ol seni horlar. Näme kemiň bolsa, aýt, balam, aýt!
Melejäniň näzijek gözlerinden goşa düwme ýaş togalandy. Ol özüni gozgalaňa salýan zady göni aýdyp bilmän, dürli bahana arady:
— Ertir baýram ahyry! — diýip sojady.
Ejesi onuň gaýgysyna düşünmän, Melejäni bagryna basdy:
— Wiý, balam, baýramda oýnamak, şatlanmak, gülmek ýerine, sen aglaýamyň? Utanaweri!
Ejesiniň gyjydy Melejäni şatlandyryp bilmedi. Ol naýynjar şumjaryp:
— Men nämäme şatlanaýyn? Meniň öz deň-duşlarym baýramda täze geýim geýýärler, a men... diýip, gözüniň ýaşyny süpürdi.
— Wiý, Mele jan, bar kemiň şol bolsa, ertirden aýdaýsaň bolmadymy! Men saňa hemmeje zady taýynlap goýdum ahyry! — diýip, ejesi onuň ýüzüni, gözüni süpürdi.
Ondan soňra sandygyndan çykaryp, keşdeli tahýa, täzeje atlaz köýnek, ak jalbar, akja jorap hem çalymtyk tufli çykardy:
— Ynha, balam, seret, seniň eşigiň kimiňkiden kem? Meleje özüne laýyk geýimleri alyp synlanda, ýüzi bir az açyl- dy, emma töweregine garanjaklanda, Baýmyrada gözi düşmän- den soň, ýene ujypsyz bahana tapdy:
— Hany munuň kemeri?
— Kemeri?.. Şon-a, hanym, unudypdyryn. Meleje nähili aýdanyny hem duýman galdy:
— Baýmyrat bolsa unutmazdy!..
Melejäniň ejesi ony ynjydan zadyň nämedigini Baýmyradyň adyny tutandan soň bilip galdy. Meleje içiniň joşgunyny dökdi:
— Baýmyrat bolmansoň, meniň sapagyma-da üns berýän ýok. Meniň üçlük alanym bilen bäşlik alanym hiç kimi gynandyryp-begendirenok. Baýmyratbarka, bäşlik alýan wagtym meni teatra äkidýärdi.
Baýmyradyň adynyň tutulmagy Melejäniň ejesini hem gozgalaňa saldy. Oglunyň boldumly göwresi, edermen sypaty, oýnaklap duran gözleri görejiniň öňüne geldi: bogazy dolup, gözleriniň öňi ümezledi. Eýsem-de Melejä öz ýagdaýyny duýdurmazlyk isläp, ownuk-uşak zada güýmenen kişi boldy-da, özüni bir az rastlady. Ondan soň bolsa Melejäni rahatlandyrmaga çalyşdy:
— Baýmyrat işallam, duşmany tar-mar edip, at gazanyp geler. Ondan soň ol saňa näme gerek bolsa alyp berer, okuwuňa-da kömek eder. Ýöne weli, Mele jan, sen unutma: uruş wagtynda hemme dokuzyňy dolduryp bolmaz. Sen indi, balam, ep-esli ýigit bolupsyň, ownuk-uşak ýetmez zatlary dillenip durmak aýyp bolar. Sen indi asyl oňat düşünmelisiň: ýagyny tiz ýeňmek üçin, Baýmyradyň atyna iým, tüpeňine tükeniksiz ok-däri gerek ahyry. Men-ä galla ýetişdirýän, pagta ekýän. Front üçin sen näme edýäsiň?
Ejesiniň gyjytly sözi Melejäniň ünsüni bütinleý üýtgetdi. Ol otlukly gözlerini balkyldadyp, ejesine çiňerildi:
— Hä, näme edemok! Döwük-ýenjik demirlerden akly-saryly bürünçlerden mekdebiň howlusyny küde eden kim? Metal ýygnamakda görelde görkezeni üçin, mekdebiň diwar gazetinde suraty çap edilen kim? Onuň ejesi:
— Berekella, guzym! — diýip, Melejäni gujaklanda, poçtalon ýigit hat getirip berdi.
Melejäň ejesi bukjaly hatyň eýlesini-beýlesini agdaryşdyryp, gaýyk möhrüň içindäki «frontdan» diýen haty dürtünip okandan soň:
— Mele jan, hany al, oka! - diýip, haty ogluna uzatdy:
Meleje bukjadan çykan dört eplem kagyzy alyp, okamaga durdy:
«Köpden-köp salam bolsun, kim men Baýmyradyň dilinden ejeme, Melejä hem ähli dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara. Biz munda gazap bilen uruş edýäs. Faşistleri çagba degen sypal ýaly ýatyrýas. Duşmanlar köp ýerlerde masgara bolup gaçýarlar, gaçmadyk ýerlerinde biz olary terne ýaly dograýas. Sowet obalaryny ýyrtyjy möjeklerden arassalaýarys. Zynjyrlanan eneleri, kapasa düşen çagalary azat edýäs. Pagtanyň köp ekilýänini, Melejäniň otliçno okaýanyny eşitsem, güýjümiň, duşmana bolan gazabymyň ýene bir näçe gezek artjagyna men sizi ynandyrýan. Sizi dabaraly maý baý- ramy bilen gutlaýan!
Baýmyrat»
Oglunyň saglygyndan, edermenliginden habar alan enäniň ýüzüne şatlyk nury çaýyldy:
— Hernä şeýle bolawersin-dä? — diýip begendi. Meleje elindäki haty şatlyk bilen galgatdy:
— Eje, aý eje! Meniň otliçno okaýanymy, metal ýygnaýanymy, samolýot modelini ýasanymy hem geljekde lýotçik bolmak isleýänimi mälim edip, Baýmyrada hat ýazjak. Aý, eje, seniň adyňdan näme ýazaýyn?
Enäniň gözleri uçganaklady:
—Mele jan, zähmet frontunyňhemuruşfronty bilendeňbar- ýanyny ýaz. Watan üçin janyny aýamaýan balama guwanýanymy ýaz. Baýmyrat jany men hiç wagtda unutmaýanymy ýaz, gijelerine düýşüme girýänini-de ýaz. Ony hemişe hemme zat bilen üpjün etjegimi ýaz. Duşmanyň tizden derbi-dagyn edilmegini isleýänimi, azat ülkämiziň gülzara aýlanmagyny arzuw edýänimi hem dabaraly duşuşyga sabyrsyz garaşýanymy ýaz. Janymyz sag, keýpimiz kök diýip ýaz!
Çyranyň ýagtysyna Melejäniň galamy ak kagyz ýüzüne çylşyrymly hat çyrmandan soň, ertirki dogjak günüň aladasy bilen uka gitdi.
Meleje düýşünde ýene metal ýygnady. Lýotçik bolup asmana galdy. Duşman ordasyna ot ýagdyrdy. Faşistik soldatlaryň ýaraglaryny taşlap, aljyraňňy ökje göterişlerine keýp etdi. Bedew atly Baýmyradyň faşistleri nähili tar-mar edýänine begendi. Onuň döşündäki edermenlik nyşanyna buýsandy. Ol süýji oýlar içinde, ertiriň tämiz howasynda oýandy. Duşman bilen urşanyny, Baýmyrat bilen görşenini ejesine şatlykly gürrüň berdi. Ejesi ony:
— Şeýle-de bolar, inşallam! Seni, Mele jan, şu günki baýram hem ýeňiş bilen gutlaýan! — diýip ogşady.
Meleje toý esbabyny geýindi. Ol dury asmanyň çetinden dury güngykgözibilengarap galanda, mekdep oglanlarynyň arasynda peýda boldy.
Boýunlary gyzyl ýaglykly, baýrama laýykly geýnen çagalar gözel baglaryň gülleri bilen bäsleşýärdi. Çagalaryň şowhuny mekdebiň diwarlarynda ýaňlanýardy.
Emma Baýmyradyň şol wagtda duşman bilen aýgytly söweş edýäninden, hatda ýeňiljek ýara düşüp, gospitala eltilenden Melejäniň habary ýokdy. Onuň göwnüne, Baýmyrat hem al atyň üstünde al baýdagy pasyrdadyp, baýram edýän ýaly duýulýardy.

1942.

Berdi KERBABAÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 46 | Добавил: Jeksparro | Теги: Berdi Kerbabaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: